Ledi Jeýn 5 (Roman)

Jemison
Sesiliýa WITS,
amerikan ýazyjysy
(Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).
XIX bölüm
Kiçijik köçe aýdymçysy
Baýramçylygyň edil öňüsyrasydy. Hanym Lanýe seýilgähiň içi bilen gelýänçä, bireýýäm garaňky gatlyşypdy. Onuň oturan paýtunynda çagalar, dost-ýarlary we tanyşlary üçin sowgatlar bardy. Birdenkä köçäniň burçunda duran kiçijik çaga göwresi onuň gözüne ildi. Hanym Lanýe kirlän, ak köýnegi ýygyrt-ýygyrt bolan, uzyn gara joraply, deşim-deşim bolan gysga gonçly ädijekli alty ýaşlaryndaky gyzjagazyň suduryny çala görüp ýetişdi. Ol reňki solup giden galyň ýaglyga çolanypdyr. Örülip, arkasyna atylan altynsow saçy gözgynydy. Onuň inçemik akja ýüzündäki gam-gussany görüp, duýgudaşlyk bildirmezlik asla mümkin däldi. Çaganyň naşyja ýüz keşbi hanym Lanýeniň ünsüni özüne çekdi. Paýtun doly öwrüm edýänçä, ol gyzjagyzy dykgat bilen synlady. «Görgüli çagajyk! Paýtunçyny saklap, onuň kimdigini anyklamandygyma ökünýän» diýip, ol içini gepletdi.
Ol gyzjagaz Ledi Jeýndi. Ýöne onuň şoldugyny kim bilsin?!
Hanym Jozeniň ýaňy bir uka giden körpejäni gödeklik bilen oýaryp, häziriň özünde gitmelidiklerini aýdyp, ýerinden turzup, geýinmäge mejbur eden şol sütemli gijesinden soň Ledi Jeýn bütinleý özüni ýitiripdi. Ilkibaşda ol Pepsini, Diananydyr jenap Jerary kömege çagyryp, gitmekden boýun towlapdy. Emma bary biderek boldy. Jozen ony ýenjip, şeýle bir gözüniň oduny alypdy welin, görgüli gyzjagaz hemme zada kaýyl bolupdy. Şol gijeki elhenç apy-tupan, iki sany ýük arabaçysynyň garaýagyz ýüz keşbidir Jozeniň käýinji gyzjagazy şeýle bir hopukdyrypdy welin, ol gorkusyndan ýaňa ýüzi ak tam bolup, dilini ýuwudan ýaly bolupdy. Ine, şeýdibem, dört aýyň içinde Ledi Jeýniň täleýi üýtgedi duruberdi. Ozal dostlarynyň ünsi, söýgüsi hem-de aladasy bilen läliksiredilip ýörülen biçäre gyzjagaz indi ýetim galypdy.
Jozen bolsa gaçha-gaçlykda güýçli sowuklama uçrapdy. Aýagyny guragyry alansoň, bütin gün ýerinden galyp bilenokdy. Pulam juda azalyp, gitdigiçe gutaryp barýardy. Açlyk golaýlapdy. Sowukdan ýaňa sandyraýan syrkaw kempiriň odun almaga-da ýagdaýy galmandy. Ýaşaýan ýeriniň salgysyny gizlemeli bolansoň, ýarawsyz hem halys tapdan düşen halda bütinleý ýalňyz galypdy. Garaýagyz Pitiň kömegi bilen oňa abat galan goş-golamlaryny satmak başardypdy. Bir gezegem ol Ledi Jeýni dilegçilige ugradyp, haýsydyr bir italýana ikije dollara mawy hokgaram satypdy. Agşamara tünegine dolanyp gelen Ledi Jeýn Toniniň ýokdugyny görende, ör-gökden gelip, nätjegini bilmändi.
Hokgar gyzjagazyň ýalňyz göwün açary, bagtly ýatlamalarynyň ýeke-täk janly şaýadydy. Şol günden bäri gyzjagaz eziz hokgaryny gözläp, ertirden agşama çenli goňşy köçelerde aýlandy ýördi. Jozen ony ilkinji gezek aýdym aýdyp, gazanç etmek üçin köçä iberende, Ledi Jeýn garşylyk görkezmezden, oňa boýun bolupdy. Ol kempire ýaranjaňlyk etmegi bireýýäm endik edinipdi. Hoşniýetli Çagalar köçesinden gaýdanlary bäri Jozen gyzjagaza düýbünden ideg etmegini goýupdy. Oňa bolan ýigrenç duýgusy oýanypdy. Kempir oňa başyna düşen ähli bela-beterleriň sebäpkäri hökmünde garaýardy. Ol gyzjagazy köçä goýbermezinden öň: «Hoşniýetli Çagalar köçesinde ýaşandygymyzy hiç kime aýdaýmagyn. Madelony, Pepsini, Peşularyň maşgalasyny, goja Žerary tanaýandygyňy, umuman, tanyş-bilişleriň hakynda dil ýaraýmagyn. Nätanyş adamlar bilen gürleşme, öz adyňy, birem häzirki ýaşaýan ýerimiziň salgysyny aýdaýma. Ötegçilere eliňi serip, diňe aýdym aýt, aýdym aýt! Diňe içiň gysan wagty aglap bilersiň, ýöne gülseň gaty görme!» diýen ýaly tabşyryklary berýärdi.
Gyzjagaz köpçülikde aglamakdan başga ähli aýdylanlary birkemsiz ýerine ýetirýärdi. Kalbyndaky gussa näçe agyr hem bolsa, asla daşyna çykarmazdy. Kämahalam jübüsi dykylyp doldurylan gapjykly öýüne dolanardy. Onuň mylaýym, mähirli, gussaly keşbine gelşip duran şirin owazy hem pikire çümen gözjagazlary iň biperwaý adamyň-da didelerini çygjardýardy. Eger Jozen husytlygyny edip, mawy hokgary satmadyk bolanlygynda, ol günde diýen ýaly oňatja gazanyp biljekdi. Ýöne Ledi Jeýniň söwer dostundan mahrum bolany bäri, köçä çykyp aýdym aýdarlyk ýagdaýy galmandy. Ötegçiler üçin ondan aýdym aýdyp bermegini haýyş edenlerinde, gyzjagazyň aglamakdan başga alajy galmaýardy.
Ledi Jeýn mawy hokgaryny gözläp, köçe-köçe aýlanyp çykypdy. Agşama golaý gapjygy boşaberende, gyzjagaz gorkusyndan ýaňa galpyldamaga başlardy. Öýe seresaplylyk bilen girip, uzak wagtlap kempiriň gözüne görünmezlik üçin, nirededir bir ýerde gizlenmäge çalşardy.
Şatlama sowuk howaly günleriň birinde ir bilen Ledi Jeýn, hemişekisi ýaly, gazanç etmek üçin köçä ugrady. Şol gün gyzjagaz özüni erbet duýýardy. Jozen oňa günortanlyk edinmäge gelende, eli boş gelmezligini berk tabşyrdy. Jeýn sowuk howada aýdym aýdyp bilmejegini, aýratynam, düýnki «Köçämizde garaň görnäýmesin!» diýip haýbat atyp, palçyk zyňan garagol oglanjyklardan gorkýandygyny aýdyp, öýde galmagyny sorap, ajy gözýaş dökdi.
Bular ýaly äsgermezçilige garaşmadyk Jozen gazap atyna atlandy. Ol gyzjagazyň golundan tutup, bar güýji bilen silkeledi-de, bat bilen ýüzüne şarpyk çaldy. Gyzjagazyň gulagy şaňlap gitdi. Zabun kempir:
– Häziriň özünde gümüňi çek! Artygy bilen pul gazanýançaňam, gaýdyp geläýme! – diýip azgyryldy.
Ledi Jeýniň ömründe ilkinji gezek ýüzüne şarpyk çalypdylar. Ol şobada aglamagyny goýup, gözýaşyny süpürdi. Geň galyjylygy bilen gahary garyşyp, zalym kempire dykgat bilen seredip durdy-da, otagdan ümsüm çykyp gitdi. Kemsidilen gyzjagaz basgançakdan düşüp barşyna, buz ýaly elini lowlap duran çekgesine goýup, köşeşmäge çalyşdy. Biraz dynjyny alansoň, çaga mahsus bolmadyk güýç bilen özüne erk edip, Jozeniň öýünden yzyna seretmän ökjäni göterdi.
Elhenç köçeden ep-esli arany açansoň, özüni yzarlaýan bezzat oglanjyklardanam dynandygyny bilip, Ledi Jeýn nätanyş köçä tarap öwrüldi.
Ýiti şemala garamazdan, Güneş nuruny saçyp durdy. Kellesine köne ýaglyk oralan Ledi Jeýn şäheriň içi bilen haýaljak ädimläp barýardy. «Eger hemme köçä aýlanyp çyksam, gürrüňsiz, Hoşniýetli Çagalar köçesiniň üstünden bararyn. Öňümden çykan kişiden Pepsiniň ýa-da hanym Diananyň ýaşaýan ýerini soraryn. Ylgap baryp, olaryň meni öz ýanlaryna almaklaryny haýyş ederin, sebäbi men gaýdyp Polina daýzaň ýanyna barmaryn» diýip, gyzjagaz içini gepletdi.
Ledi Jeýn kem-kemden surnugyp başlady. Ol sähel salymyň içinde iki gapdaly üstüne abanyp duran äpet, howlusyny bag-bakjaly jaýlar eýeleýän giň ýanýodaly seýilgähe ýetenini duýman galdy. Jeýn seýilgähdäki oturgyçlaryň birinde oturyp, biygtyýar Pepsini ýatlady. «Ine, tüýs onuň gezim edäýjek ýeri. Bu ýer juda ýakymly!.. Mähribanym, penjiresinden gapysyna paýtunly gelýänimi görse dagy gaty begenerdi…» diýip oýlandy. Şeýdip, arzuw kölüne batyp oturan mahaly, güýçli ýel turdy, gyzjagaz üşemekden ýaňa saňňyldamaga başlady. Ol güneşli ýere tarap ylgap, haýsydyr bir öýüň girelgesini pena edindi. Buza dönen aýaklaryny biri-birine gysyp, betnyşanja köýneginiň etegi bilen ýygşyrmaga çalyşdy. Wah, kimdir biri oňa Hoşniýetli Çagalar köçesini salgy bersedi! Ýöne tanamaýanyňa sowal bermegem howpludy. Polina daýzasam oňa nätanyşlar bilen gürleşmezligi öwran-öwran tabşyrýardy ahyryn.
«Bolsa-da, men indi bezzat oglanjyklaryň ýaşaýan elhenç köçesinden-ä uzakda. Olardan gorkup oturmagyň hajaty ýok. Belkem, häzir köne dostlarymyň biri sataşaga-da, meni Pepsilere alyp gider. Meselem, jenap Žerar. Baýramçylyk ýörişinde azaşamda, ol meni tapypdy ahyry. Häzir bolsa men dominoda-da däl, ýüzümem – açyk. Ol ýene meni gözläp tapar-da, ýany bilen alyp gider. Üstesine, ol derrew Toniniňem gözlegine çykyp, ertiriň özünde Pepsilere alyp geler. Şonda men juda bagtly bolardym…» diýip, gyzjagaz öz göwnüne teselli berdi. Ertekilerdäki ýaly şeýle arzuwlar görgüli gyzjagazy birneme rahatlandyrýardy.
Ýene biraz wagt geçensoň, bir aýal maşgala girelgäniň öňüne gelip durdy. Ol bir elinde içi iýmitli sebedi göterip durşuna, bir zatlar gäwüşeýärdi. Ol çagajygyň özüne gözüni dikip duranyny görüp, açdygyny aňdy.
– Garbanasyň gelýärmi, eýjejigim? – diýip, aýal gyzjagazdan sorady.
– Onda-da nähili!– diýip, Ledi Jeýn çekinjeňlik bilen jogap berdi.
Göwnaçyk aýal oňa ýumşajyk çörek bilen gyzyl alma berip, ýylgyrdy-da ötägitdi. Ledi Jeýn haýdap gaçybatalgasyna bardy-da, işdämenlik bilen çörekdir almadan garbanmaga durdy. Çärýek sagat geçensoň, süýt daşaýan araba deňinden geçip gitdi-de, goňşy öýe tarap öwrüldi. Gyzjagaz oňa Modýa daýzadyr öýdüp, begenjinden ýaňa tolgundy. Emma bu ol däldi. Gyzjagaz oturyp, almasyny iýmegini dowam etdirdi. Mazaly garnyny doýrup, ýakyn wagtda tanyş süýtçüsiniňem geçäýmeginiň ähtimaldygy baradaky pikire köşeşen Ledi Jeýn garnynyň doklugyndan göwnühoş bolup hem-de bahym eziz Pepsisiniň ýanyna ýetjegine ynanyp, oturan ýerine rahat ornaşdy.
Gün jaýlaryň üçekleriniň arkasynda gizlenip, iňrik garalyp başlady, köçäni çal ümür gurşap aldy. Körpeje, uzak wagtlap şol bir ýerde oturany üçin, öz-özüni ýazgaryp, indi näme etmelidigi hakynda oýlanmaga başlady. Hanym Jozeniň ýanyna dolanyp barmag-a akylyna-da gelmedi, baraýyn diýeni bilenem, yzyny tapjak däldi. Ýene-de Hoşniýetli Çagalar köçesini gözläninden gowusy ýokdy.
Ledi Jeýniň ömründe ilkinji gezek köçede gijäniň içinde galyp görşüdi. Onuň gorkudan ýaňa tutuş süňňi sandyraýardy. Bir ullakan it hyňranyp, onuň üstüne topuljak bolanda, gyzjagaz janhowluna ýakyndaky jaýyň esasy gapysynyň aňyrsynda gizlenmäge çalyşdy, emma gödek gapy sakçysy ony rehimsizlik bilen kowup goýberdi. Gyzjagaz pikirlerine gümra bolup gidip barşyna, ýygy-ýygydan jaýlaryň penjireleriniň öňünde säginip, öýleriň içini synlaýardy. Bir öýjagaz onuň hasam göwnüne ýarady. Onuň ýap-ýagty otaglary bardy. Diwarlarynda çekilen suratlar asylgy durdy, perdesi galdyrylan penjireleriň öňünde gülli güldanlar bardy. Öýüň içinden uly adamlaryň hümürdisi, çaga gülküleri, sazyň sesi bilen körpeje Jeýne ýakyn dostunyň – hanym Diananyň sesini ýatladyp, bir zenanyň şirin owazy eşidilýärdi. Gyzjagaz kynlyk bilen uludan demini aldy. Soňra-da bir gatly öýüň öňüne gelendigini aňdy. Tor nagyşly perdeleri hasam beýige galdyrylan otagyň yşyklary ýalkym saçýardy. Roýalyň başynda hanym Lanýe saz çalyp otyrdy. Onuň iki sany akja köýnekli, gyzylja bilguşakly, kiçijik, naşyja gyzjagazlary bolsa ejeleriniň öňünde tans edýärdiler. Ledi Jeýn çoýun germewe gysmyljyrap, balkyldap duran gözleri bilen gyzjagazlara seredip durdy. Zalyň ugrundan gyzjagaza tanyş bolan balet sazynyň sesi gelýärdi. Şol pursat eýjejik gyzjagazlaryň ýerine ýetirýän ädimlerini oňa jenap Žerar öwredipdi. Goja Žerar okuwçysyna sapak geçýän mahaly, mydama şol sazy sykylyklardy. Gyzjagaz bir pursat ähli zady unudyp, köneje ýaglygyny aýryp, bir aýakda doly aýlaw etdi-de, çalaja gapdala böküp, iki eli bilen könelip giden betnyşanja köýneginden tutup, birgeňsi tans etmäge başlady. Buýraja saçlaryny galgadyp, ýaňajyklaryny gyzardyp, körpeje gyzjagaz köçäniň ýagtysyna perwana ýaly pyr-pyr pyrlanýardy.
Ine, sazyň sesem kesildi. Yşyklar söndürilip, perdelerem ýapyldy. Ledi Jeýniň gözedürtme garaňkylykda bir özüdi. Ol ýaglygyny ýerden galdyryp, kellesine orady-da, ýüzüniň ugruna gidiberdi. Ýene sowuk aralaşdy. Tansyň çalasyn hereketleri ony birneme ýyladanam bolsa, tizara aýaklary sowukdan ýaňa sorkuldamaga başlady. Uky basmarlap, birki gezek dagy büdräp, aýaklary epilmäge başlan hem bolsa, kimdir biriniň özüne tarap golaýlap gelýänini görende, göwni göterilip, daýandy-da, öňe ädimledi. Her niçigem bolsa, oňa Hoşniýetli Çagalar köçesine barmak gerekdi. Onuň häzir golaýlan bolmagam ähtimaldy. Ledi Jeýniň indi Madelona duşjagyna, ýa bolmasa, Pepsiniň öýüne ýetjegine diýseň ynamy artyp, töweregine garaman gidip barýardy…
XX bölüm
Ledi Jeýniň gaçybatalga tapyşy
Ledi Jeýniň sowukdan hem ýadawlykdan ýaňa essi aýylypdy. Ol zordan diýen ýaly iki köçäniň çatrygyna ýetdi. Köçeleriň biriniň burçunda yşyklary ýanyp duran äpet bina bardy. Ledi Jeýn onuň golaýyna baranda, jaýyň depesinde äpet ýazgyly lowurdap duran mermer tagtany gördi. Körpeje gyzjagaz buza dönen eljagazlary bilen jaýyň öň tarapyna aýlanan çoýun germewden ýapyşyp, daraklygyna galdy-da, «Ýetimler öýi» diýen ýazgyny okady.
– Ýetimler öýi! Bu näme diýmek bolýarka? Ol ýer, gör, nähili ýyljak hem ýagty! – diýip, penjiresinden içerini synlap, biraz pikirlenip duransoň, girelgäniň jaňyny kakdy.
Ýanyp duran şemden doly zalyň ugrunda çagalar kowalaşyp, bökjekleşip oýnaýardy. Muny görüp, aňkaryp galan Ledi Jeýniň jaňa basyp duranam ýadyndan çykypdy. Sowukdan doňup galan ýaly bolup, elini germewden aýyrman, şol penjireden garap durşudy. Birdenem esasy girelgäniň gapysy açyldy. Bosagada duran orta ýaşlaryndaky aýal başy açyk, harsal geýnüwli çagajygy görüp, elinden tutdy-da, içerik saldy.
Ol:
– Wah, eýjejigim, sen bu ýere nädip düşüp ýörsüň, balajygym?! Şular ýaly şatlama howada egniňem ýukajyk! Öýüňe näme üçin gitmediň? – diýip sorady.
Ýadaw hem süňňünden sowuk geçen gyzjagazyň birbada geplemäge dili aýlanmady. Diňe tenine degip duran eliň näzikligini duýup, göýä ejesiniň gujagyna düşen ýaly boldy. Ýöne: «Bu ýere nädip düşdüň?» diýen soňky soragly jümle onuň inini tikenekletdi.
Görgüli gyzjagaz:
– Meni kowmaň-da! Meni kowmaň, yzyma – Polina daýzaň ýanyna ugratmaň-da! Men ondan gorkýan. Ol meni şu günem ýençdi, ýüzüme şarpyk çaldy, menem ondan gaçyp gaýtdym — diýip elewredi.
Margarita (ýetimler öýüniň müdiri bolan bu zenany şeýle atlandyrýardylar) gyzjagazyň elini sypdyrman durşuna:
– Polina daýzaň nirede ýaşaýar? – diýip sorady-da, çiňerilip, çagajygy dykgat bilen synlady.
– Bilemok. Bu ýerden has uzakda bolaýmasa.
– Haýsy köçede ýaşaýanyň ýadyňa düşenokmy?
– Ol köçe däl-de, hapa palçykly darajyk geçelge. Ol ýerde tagtalaň üstünde ýöremeli.
– Daýzaň doly adyny bilýäňmi?
– Bilýän. Onuň ady Polina daýza bolmaly.
– Onda hakyky ady näme?
– Ony bilemok. Men-ä oňa hemişe-de Polina daýza diýýän. Meni onuň ýanyna äkitmäweriň, haýyş edýän! Men ol ýere barmakdan gorkýan. Ol maňa agşama çenli gazanç edip gelmegi, pulsuz günortanlyk edinmäge barmazlygy tabşyrdy. Ol meni köçede aýdym aýdyp gazanç etmäge mejbur edýär, ýöne men bu gün aýdym aýdyp bilmedim, sadaka soramaga-da dilim barmady…
Gyzjagaz uzak saklanyp bilmän, ajy gözýaş dökmäge başlady. Ýetimler öýüniň müdiri çagalaryň durmuşynda bolup geçýän gamly wakalara şaýat bolmaga öwrenişiklidi. Ol Ledi Jeýnden: «Eneň-ataň nirede?» diýip sorady.
– Kakam dünýäden ötdi. Ejem barada bolsa, Polina onuň bir ýerlere gidendigini aýtdy. Ýöne ejemem aradan çykan bolaýmasa.
Margaritanyň gözleri ýaşdan doldy. Ol üşemekden ýaňa titir-titir edýän ýetim çagajygy berk bagryna basyp, içki otaga alyp gitdi.
– Sen gijäňi bärde geçirmek isleýärmiň, janym? Bu ýerde gaty köp gyzjagaz bar, biziň terbiýeçilerimiz bolsa olary juda gowy görýärler hemem aladasyny edýärler.
Muny eşiden Ledi Jeýniň solgun ýüzjagazy ýagtylan ýaly boldy.
– Diýmek, men bu ýerde galsam bolýar-da, şeýlemi? Siz maňa çagalar bilen oýnamaga-da rugsat berýäňizmi? – diýip, gyzjagaz ýylgyrdy.
– Elbetde, balajygym. Ertir irden bolsa senem sowgatlardan öz paýyňy alarsyň.
***
Ledi Jeýniň ýetimler öýüne geleni bäri, eýýäm birnäçe hepde geçipdi. Onuň yzyndan hiç kim gelmänsoň, ýetimler öýüniň ýolbaşçysy ony kiçi topara ýerleşdirmeli diýen karara geldi. Gyzjagaz az salymyň içinde diňe bir Margaritanyň däl, eýsem, terbiýeçileriňem, çagalaryňam ünsüni özüne çekdi. Onuň sesi açylyp hem gurplanyp, şirin owazy hemmeleriň göwnüni awlady.
Körpejä sowgatdyr süýji lezzetler ýagdyrýardylar. Emma hiç kim ony ýygy-ýygydan ýetimler öýüne gelip gidýän hanym Lanýe ýaly läliksiretmeýärdi. Ol Ledi Jeýniň ýanyna asla eli boş gelmezdi. Margaritanyň «Ledi» sözüni aýryp, ýeke adyny tutup gürlemegiň has ýerlikli boljakdygyny aýdanda, terbiýeçiler onuň teklibini biragyzdan makulladylar.
Bir gezek ol kömekçisi Agnessa garap şeýle diýdi:
– Göwnüme bolmasa, hanym Lanýe Jeýni özüne gyzlyk edip alaýjak ýaly. Çagalary bolmadyk bolsa dagy, ol gyzjagazy häziriň özünde ýetimler öýünden alyp gitjek.
– Hanym Lanýe käwagt maňa çagajyk bilen bagly geň-enaýy soraglar berýär. Jeýn aýdym aýdyp başladygy, hanym Lanýe üns bilen diňläp, ondan gözüni aýyrman seredip oturýar – diýip, Agnessa oňa jogap gaýtardy.
– Hawa, menem hanym Lanýeniň diňe Jeýn barada sorag berýänini öňräkden aňdym. Gyzjagazyň näbelli garyndaşynyň – Polina daýzasynyň eline nädip düşendigi, ol barada kän zat bilesiniň gelýändigi görnüp dur.
Jeýn lapykeçlige düşende, dilinden sypdyrýan käbir zatlary gürrüň bermek bilen çäklenip, dymmagyny dowam etdirýärdi. Ol ýene Hoşniýetli Çagalar köçesini ýatlamagy düýbünden gadagan eden zalym Jozeniň penjesine düşmekden gorkýardy. Şeýle-de bolsa, terbiýeçilerine Pepsi, Diýana, jenap Žerar hem-de Peşularyň maşgalasy barada aýdyp beresi gelýärdi… Şeýle mähriban, wepadar dostlary hakyndaky ýatlamalar onuň jigerini daglaýardy. Her gezek aýdym sapagynda bolsa pikirleri ony biygtyýar hanym Diananyň bag-bakjasy gülden doly öýüne sary äkidip, göýä özüni onuň bilen bile aýdym aýdýan ýaly duýýardy.
Aýlar geçdi, emma Jeýniň dostlary henizem onuň ykbalyndan bihabardy. Gyzjagaz bireýýäm sekiz ýaşyny doldurypdy. Görgüli Diana agyr kynçylygy başyndan geçiripdi. Agyr syrkawlan ejesiniň sagalmagyna umyt galmandy. Kempir awgustyň ortalaryna dünýäden ötüpdi. Şeýdibem, mylakatly, sabyrly Diana gülleri, agaçlary hem guşlary bilen sadaja öýünde ýalňyz galypdy. Ejesini jaýlap geleninden soň, ol özüni şeýle bir ýalňyz duýýardy. Ol öz ýanyndan: «Wah, käşgä ähli zatdan gymmatly bolan gyzjagazym ýanymda bolan bolsady. Ol maňa ullakan teselli bolardy, ruhumy galdyrardy» diýip ah çekýärdi.
Bir gezek ir bilen Peşularyň maşgalasy ertirlik edinip otyrka, gazet geldi. Jenap Peşu onuň ilkinji sahypasyny agdaryp, şeýle bir gygyrdy welin, aýaly tas kofeli çäýnegi elinden gaçyrypdy.
Ol zähresi ýarylan ýaly bolup:
– Näme bar? Näme boldy? – diýip sorady.
Adamsy oňa jogap edip gazetdäki bildirişi okady:
«Garamaýaklaryň hassahanasynda aradan çykan beržeronly hanym Polina Jozen şepagat uýalary tarapyndan jaýlanyldy».
XXI bölüm
Modýa daýzanyň Ledi Jeýni tapyşy
Peşu hanym Jozeniň ölümi baradaky bildirişi okap, hassahananyň hasabyna jaýlanandygyny bilende, örän howsalaly ýagdaýa düşdi.
– Kempir şäherden çykyp, Tehasa gitmändir eken. Ol diňe şäheriň daşyndaky etraplaryň birinde bizden gizlenmäge çalşypdyr. Her niçigem bolsa, men Ledi Jeýni hökman tapmaly – diýip, ol aýalyna ýüzlendi.
– Elbetde! Ony tap-da, göni meniň ýanym getir. Ýedi çagamyz bar bolsa-da, onuň üçinem ýer tapylar. Men ony edil öz çagam ýaly eý görýän ahyryn – diýip, päk ýürekli daýhan aýal jogap berdi.
Peşu şobada ýitirilen gyzjagazyň gözlegine çykdy. Ol gözlegiň başyny pukaralara niýetlenen hassahanadan başlady. Ol ýerde oňa hanym Jozeniň şäheriň daşyndaky taňkyrap galan külbeleriň birinden ýeke özüniň açlykdan hem üşemekden ýaňa soňky deminde ýük arabaly getirilendigini habar berdiler. Onuň ýanynda çaganyň ýokdugynam aýtdylar. Onuň ýeke özüni ýatyrypdylar, birnäçe sagadyň içinde özüne gelenden soňam, ol gyzjagaz barada hiç zat aýtmandyr. Soňra Peşu onuň goňşularyndan hassahana äkiden arabaçy barada maglumat almaga çalyşdy, emma hiç kim ol barada hiç zat aýdyp bilmedi. Jozeniň goňşularyna onuň nireden peýda bolandygam näbellidi. Olar diňe Jozeniň ujypsyzja emläginiň bardygy we göçüp gelen gününden bäri düşeginden galman ýatandygy barada aýtdylar. Ol agyr syrkawlanda bolsa, biçäre halda ölüp gitmezligi üçin, pukaralaryň hassahanasyna äkiderleri ýaly, arabaça ýüz tutandyklaryny hem aýtdylar. Hassahana eltilensoňam, ol aradan çykypdyr. Haýsydyr bir garry hünni adam onuň käbir paty-putusyny öýüne taşlap gidende, onuň belgisini alyp galmak goňşularynyň kellesine-de gelmändir. Jozeniň kireýne ýaşan külbesiniň eýesi hem Jozeni şol hünni adamyň tapyp getirendigini habar berse-de, hiç kim onuň adyny bilmeýärdi. Peşunyň gözläp, bar tapany şundan ybaratdy. Ol mundan artyk zat bilip bilmedi. Hamala, Jozen Ledi Jeýniň nirä ýitrim bolandygyny bilgeşleýin gizlän ýalydy.
Agşamara ýadawlykdan ýaňa essi aýylan hem gussaly halda öýüne dolanyp gelen Peşu:
– Görşüň ýaly, boş gitdim, boşam geldim. Barybir, men muny beýdip goýmaryn. Gyzjagazyň nirä gürüm-jürüm bolandygyny hökman bilerin. Bu sorag hakynda oýlandygymça, Jozeniň asla Tehasa gitmändigine hemem biziň gyzjagazymyzyň, şübhesiz, şäheriň bir ýerindedigine hasam ynamym artýar. Mende bir pikir bar. Ertir ir bilen ähli ýetimler öýüne aýlanyp çykaýsam diýýän – diýip, aýaly bilen geňeşdi.
– Bolýar, onda menem ýanyň bilen gideýin. Ýetimler öýünden bileje gözlesek, hasam ynjalsam gerek. Eger Jozen Ledi Jeýni nirädir bir ýere ýollamadyk bolsa, onda, gürrüňsiz, gyzjagazy olaryň haýsam bolsa birinden taparys. Men hemişe-de, häzirem Jozeniň gyzjagazy ogurlandygyny aýdýan. Şonuň üçinem ol çagany gaty seresaplylyk bilen gizledi, indem onuň nirededigini bir Hudaý bilýär. Hoşniýetli Çagalar köçesine gelen aýal ýadyňa düşýärmi? Olam hanym Jozeni gözläp ýören bolmaly. Wah, bu ýerde bir syr bar diýip aýdýan-a saňa! Bu düwni diňe ikimiz çözüp bileris. Ertir daň bilen turup, ony nireden gözläp başlamalydygy barada maslahatlaşaly – diýip, Modýa janykdy.
Birnäçe gün geçdi. Jeýn synp otagynda sapak diňläp otyrdy. Birden Margarita ýany adamly synp otaglaryna girdi. Bu sapakda oturan çagalar üçinem, gyzjagaz üçinem adaty zat bolansoň, olaryň hiç biri kellesini galdyryp, gelen myhmanlary görjegem bolmadylar.
– Bu kiçi ýaşly çagalaryň topary. Çagalary synlasaňyz, belki-de, gözleýän gyzjagazyňyzy taparsyňyz – diýip, Margarita ýogyn sesi bilen gürledi.
Bu sözleri eşiden Ledi Jeýn başyny galdyryp, otaga giren erkek adam bilen aýal maşgala seretdi. Şol pursat hem gülümsiräp duran aýalyň tegelek ýüzi begençden ýaňa ýagtylyp gitdi.
– Hawa! Bu – şol! – diýip, gelen myhmanlar birlikde seslendi.
Olar bilen bile gyzjagazyň hem şadyýan sesi ýaňlandy.
– Modýa daýza! Ah, Modýa daýza! – diýip, gyzjagaz sözüni aýdyp-aýtmanka, hanym Peşu ony iki eli bilen bagryna basyp, ýüz-gözünden ogşady. Ak ýürekli aýal ony berk gujaklap, ogşamakdan doýmady. Jenap Peşu bolsa begenjinden ýaňa gözüni ýaşdan dolduryp, başgabyny dartyp durşuna, aýalyny hem gyzjagazy mähir bilen synlady.
Myhmanlary kabulhana ugradan müdir aýal:
– Jeýn, sen biz bilen aşak düşüp bilmezmiň! – diýip, gyzjagaza ýüzlendi.
Ol ýerde är-aýal bilen müdiriň arasynda gyzykly hem gyzgalaňly gürrüň başlandy. Jeýn Modýanyň dyzlarynyň üstünde özi bilen bagly edilýän gürrüňleri üns bilen diňläp oturan hem bolsa, köp zada düşünmeýärdi. Onuň gözüniň alnynda hanym Jozen, Hoşniýetli Çagalar köçesindäkiler, haýsydyr bir göwher gaşly sagat, şonuň ýalam eşiklere altynsow sapak bilen ýazylan harplardyr hanym Jozeniň gaçyp gidişi barada gürrüň edilýärdi. Ýene-de Tehas barada, Jozeniň gyzjagaz bilen ýerleşen külbesi barada, gyzjagaza zulum edilişi hakynda gürrüň edilýärdi. Margarita ähli bolup geçen wakalary uly gyzyklanma hem haýran galmak bilen diňleýärdi. Ol hem Ledi Jeýne baýramçylygyň öňüsyrasynda ýetimler öýüniň bosagasynda gabat gelşi barada, ýetimler öýüne kabul edişi, gyzjagazdan nädip gelendigini, nirede ýaşandygyny we aslynyň nirelidigini bilmäge çalşyşy barada gürrüň berdi. Jeýniň bu soraglara asla jogap bermändiginem aýtdy.
– Näme sebäpden Margarita daýzaň soraglaryna jogap bermediň, gadyrdanym? – diýip, Modýa gyzjagazdan mylakatlylyk bilen sorady.
Gyzjagaz biraz geplemän duransoň:
– Sebäbi gorkdum… – diýip jogap berdi.
– Kimden gorkduň, eýjejigim? – diýip, Peşu sorady.
Gyzjagaz Margarita garanjaklap:
– Polina daýza bu barada hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. Ýöne indi bu barada aýtsam bolarmyka? – diýdi.
Müdir aýal oňa:
– Elbetde, bolar. Sen bize özüň bilen bagly hemem bilýän zatlaryň ählijesini aýdyp bilersiň – diýip, çyny bilen jogap berdi.
– Polina daýza maňa hiç kim bilen gürleşmezligi, Hoşniýetli Çagalar köçesinde ýaşandygymyz barada aýtmazlygy, aýratynam, tanyşlarymyň adyny tutmazlygy, özümiň kimdigimi aýtmazlygy berk tabşyrdy.
Bu sözlerden soň, Margarita Peşularyň maşgalasyna ýüzlenip şeýle diýdi:
— Görgüli çagajyk! Eger kempir Jozen şeýle berk tabşyryk beren bolsa, bu ýerde bir syr bolmaly. Bize biraz maý berseňiz, soň işe başlasagam bolar. Jeýn ady belli lukmanyň aýaly hanym Lanýe bilen dostlaşdy. Ol az wagtlyk Waşingtona gitdi. Men oňa günümi sanap garaşýan, sebäbi onsuz bu işiň başyna baryp bilmezmikäm diýýän. Ýöne, ynha, siz welin, jenap Peşu, gözlegleriňizi dowam edip bilersiňiz.
– Iki-üç hepdeden ýetimler öýüňizden ýene bir çaga kemelse gerek – diýip, Peşu degişdi.
Ýetimler öýüniň müdiri bilen jenap Peşu zerur meseleleri ara alyp maslahatlaşýançalar, Modýa bilen Ledi Jeýn hem durman özara gepleşdiler. Gyzjagaz hanym Diananyň ejesiniň merhum bolandygyny eşidip, görgüli Dianasynyň ýetim galandygyna gynanyp gözýaş dökdi.
– Pepsi, Madelon, jenap Žerar, Mişka dagy meni ýatlaýarmyka? Meni göresleri gelýärmikä? Ah, men ýene olara duşsam, özümi, gör, nähili bagtly duýardym! — diýip, gyzjagaz ah çekdi.
Modýa Ledi Jeýniň ogrynça äkidilen şol gorkunç gijesi baradaky gürrüňlerini diňläp, gözýaşlaryna boguldy. Görgüli gyzjagaz batgalykda, sowukda, aç-suwsuz köne külbede Jozen bilen ýaşajak bolup, gör, nämelere döz gelmeli bolupdyr. Ol köçä kowlup, dilegçilik etmäge mejbur edilipdir. Kempir ondan pul talap edip, suwa salma ýenjip, ahyrynda-da ýüzüne şarpyk çalypdyr.
– Bar zatdan beter, ol meniň hokgarymam satdy. Pikirlenip görüň, Modýa daýza! Men gadyrdan Tonim gaýdyp gelmez öýdüp gorkýan – diýip, Jeýn gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdi.
– Tapylar, hökman tapylar, janym! Biz ilki seni tapdyk, indi guşuňam taparys! Gynanma, gaýga batma! – diýip, Modýa daýza ony köşeşdirmäge çalyşdy.
Margartita Ledi Jeýne ertir irden Hoşniýetli Çagalar köçesine alyp gitjegine söz berensoň, är-aýal gyzjagaz bilen hoşlaşyp hem maksatlarynyň amala aşanlygyndan göwünleri hoş bolup, öýlerine tarap ýola düşdüler. Modýa Pepsini, Dianany hem-de jenap Žerary görmezden hemem olara eýjejik gyzjagazyň janynyň sagdygyny, ýetimler öýünde galýandygyny habar bermezden, mülküne dolanmaga milt edip bilmedi. Bu şatlykdan hemmeleriň paýy bardy. Bu habary eşiden dostlaryň ýüzüne nur çaýylan ýaly boldy. Hanym Diana hemmelerden has beter tolgunýardy. Onuň habary eşiden gijesi gözüne uky gelmän, öýüniň gül bilen bezelen künjeginde ençe sagatlap Ledi Jeýn bilen ertirki duşuşyk gününi hyýalyna getirip oturdy.
Ertesi irden Ledi Jeýniň paýtuny Hoşniýetli Çagalar köçesindäki tanyş öýüň gapysynda sägindi. Jeýn Pepsiniň otagyna kürsäp girdi-de, eziz dostunyň boýnuna bökdi.
– Seniň şol bir bolşuň! Şol bir owadanja gözleriň, enaýyja ýüzüň! – diýip, Pepsi Ledi Jeýni synlap durşuna, gözýaşlaryny saklap bilmedi.
Hanym Diana-da bir pursat dünýäniň ähli aladasyny unudyp, eýjejik gyzjagazy bagryna basdy. Emma az salymdan, saklanyp bilmän, ýetimler öýüniň müdirinden:
– Ledi Jeýn indi ýetimler öýünde galmaly bolarmyka? – diýip sorady.
– Uzak galmazmyka diýýän. Biz tiz wagtdan Jeýn bilen hoşlaşmaly bolaýmasak – diýip, Margarita oňa jogap berdi.
Şondan soň hanym Diana Ledi Jeýniň geljegini gowulaşdyrmak barada Margarita bilen uzak wagtlap söhbetdeş boldy.
– Eger garyndaşlary razylyk berse, men tutuş ömrümi gyzjagaza bagyş etmäge taýyn. Men oňa oňat terbiýe bererin, oňa yhlas bilen aýdym-saz öwrederin. Bu meniňem juda göwnümi götererdi – diýip, Diana janygyp gürledi.
– Bu barada biraz oýlanyp göreýin. Ýöne gyzjagaz entek ýetimler öýünde galsa gowy boljak. Men uly höwes bilen oňa, dost-ýarlary bilen didarlaşar ýaly, birnäçe günlük rugsat bererin.
Şol wagt bolsa tutanýerli Peşu bäş ýyl mundan ozal «J.C.» harplary bilen haşamlanan zenan sagadyny ýasan ussany gözläp, Nýu-Ýorkdaky zergärlik ussahanalarynyň biri bilen hat alyşmaga başlady.
XXII bölüm
Gizlin syryň üsti açylýar
Hanym Lanýe baýramçylyga birnäçe gün galanda Waşingtondan gaýdyp geldi. Syýahatdan ýadaw gelip, tutuş bir gününi dynç alyp geçirdi. Iki gyzjagazyny bolsa, kakasy bilen teatra ugratdy. Şol wagt hem oňa kimdir biriniň görme-görşe gelendigini habar berdiler.
Ol:
— Artur Menar? Çagyryň, derrew çagyryň!… Wah, gadyrdanym! Onuň baýramçylykda bize gelmegi meni gaty begendirdi — diýdi.
Salym geçip-geçmänkä, ýaş ýigit salyhatlylyk bilen içeri girdi. Hanym Lanýe oňa gol gowşuryp garaşyp durdy.
Ýigdekçe ap-ak dişlerini ýalpyldadyp, gülümsiräp gelşine:
— Görşüňiz ýaly, men sözümde tapylýandyryn! — diýip, uzak aralykdan dillendi.
— Görýän, görýän, gadyrdanym Arçi! Sen bizi hiç haçan aldamandyň. Seniň şol bir göwnaçyk, şadyýanlygyň-da! Geç, ýanymda otur, söhbet edeli. Çagalar-a kakasy bilen teatra gitdi. Menem şeýle bir ýadapdyryn welin, olar bilen gitmäge mejalym bolmady. Bilýäňmi näme, biziň Waşingtondan şu gün irdenjik gelip durşumyz.
— Aý, goýa! Bilen bolsam bular ýaly wagt bimaza etmezdim. Ýadaw wagtyň myhman kabul etmegiň oňaýsyz bolýandygyna düşünýän — diýip, Artur aýak üstüne galyp, gitmekçi boldy.
— Munyň-a gelşiksiz bolýar, Arçi! Otursana. Men elmydama seni görmäge şatdyryn!
Hanym Lanýe maşgala ýagdaýy barada jikme-jik gürrüň berýänçä, ýetginjek uçganaklap duran gözleri bilen tutuş otaga göz gezdirip ýetişdi. Stoluň üstünde her hili foto suratlar ýerleşdirilen portretler bardy. Birdenem gök mahmaldan çarçuwalanan portret Arturyň gözüne ildi. Suratda bir erkek kişi, ýaş gelin hemem çagajyk bardy.
Artur:
— Hanym Lanýe, bu kimiň suraty? Bu hanym kim bolýar? — diýip sorady.
— Bu meniň iň eý görýän çagalyk dostlarymyň biri. Sen ony näme sebäpden soradyň? Näme, ony tanaýaňmy?
— Elbetde, tanaýan! Üstesine, mende-de edil şolar ýaly surat bar… Geň galaýmaly! Men size nämäniň nämedigini soň aýdyp bererin, ýöne öňinçä sizden bir zat soramakçy…
— Arçi, görýän welin, sen bu hanym bilen içgin gyzyklanýan ýaly-la? Bu meniň iň ýakyn joram Jeýn Çetwind. Men onuň bilen Nýu-Ýorkdaky ýatyp okalýan mekdepleriň birinde okapdym. Onuň kakasyna jenap Çetwind diýýärler. Sen onuň tütjar baý adamlygy barada-ha eşiden bolsaň gerek? — diýip, hanym Lanýe gülümsiredi.
— Elbetde, eşidipdim! Yzyny gürrüň berseňizläň…
— Diýmek, seni meniň gadyrdan joram Jeýniň ykbaly gyzyklandyrýar-da?
— Dagy näme! Maňa ol barada ähli zady aýdyp berseňizläň! Maňa ony bilmek şeýle bir zerur.
— Diňle onda! Bu görmegeý adam Jeýniň ýanýoldaşy. Onuň familiýasy Çerçil, asly angliýaly. Bu gyzjagaz bolsa olaryň ýekeje balasy ledi Jeýn. Şu minutdan başlap, hakyky roman başlanýar, men bolsa güýjümde baryny edip, mähriban joram Jeýn Çetwind bilen bagly gizlin syryň üstüni açmaga çalşaýyn.
— Haýyş edýän, dowam ediň! Belkäm, bu syry açmaga meniňem kömegim deger — diýip, Arçi galpyldap başlady.
— Onda maňa bu maşgala barada bilýän ähli zadymy gürrüň bermäge rugsat et. Jeýn Çetwind garry baýyň ýalňyz gyzydy. Ol heniz gyzjagazka ejesi dünýeden ötüpdi. Kakasy ony Amerikadaky belli demir ýol gurluşykçysy millioner Binderwille gelin edip bermekçi boldy. Ýöne Jeýn kakasyndan birugsat onuň edarasynda işleýän iňlis ýigidine durmuşa çykdy. Ol örän sowatly, işjanly adamdy, ýöne baý däldi. Olaryň nikalaşmagyna garşy bolan goja Çetwind gahardan ýaňa gazap atyna atlanyp, şobada gyzyndan ýüz öwürdi hem-de mirasyndanam mahrum edip, öýünden kowup goýberipdi. Ony ýatlamagy hatda ýakyn garyndaşlaryna-da gadagan etdi. Jeýniň ýoldaşy Tehasda bir mülk ýeri kireýine alyp, daýhançylyk bilen meşgullanmaga başlady… Şol sähralykda-da olaryň gyzjagazy dünýä indi. Aýalynyň hatyrasyna gyzjagazyň adyna Jeýn diýip goýanam bolsa, olaryň atlaryny garyşdyrmazlyk üçin gyzyna Ledi Jeýn diýip ýüzlenerdi.
Hanym Çerçil bilen mydama hat alşardyk. Ýaş çatynjalaryň bagtly, gaýgy-aladasyz hallary meni diýseň begendirýärdi. Är-aýal gyzjagazlary bilen bagly iň ownujak zada çenli jikme-jik ýazyp ýollaýardylar.
Körpeje üç ýaşyny dolduranda meniň wepaly dostum Jeýn maşgala bolup düşen suratyny maňa sowgat hökmünde ugratdy. Şondan soň iki ýyl yzygider onuň bilen dostlukly hat alşyp durduk. Birdenem, ol hat ýollamasyny kesdi. Şol wagtam men ýoldaşym bilen tutuş bir ýyl Ýewropa gitmeli boldum. Öýe gaýdyp gelenimde Çerçilleriň salgysyna ýollan käbir hatlarymy «Yzyna gaýtaryldy» diýen bellikli yzyna getirip berdiler. Ýoldaşym biziň Tehasa ýollan hatlarymyzyň yzyna gaýtarylmagynyň sebäbini poçta bölüminden soranda, oňa jenap Çerçiliň iki ýyl mundan ozal epidemiýa gyzdyrmasyndan tarpa-taýyn aradan çykandygyny, hanym Çerçiliň bolsa tizara sähralykdan gaýdyp, gyzjagazy bilen Nýu-Ýorka gidendigini, şondan soňam Tehasdan olar barada hiç hili maglumat alynmandygyny aýdypdyrlar. Üstesine, ýerli poçtanyň müdiri hanym Çerçiliň Nýu-Ýorka baryp, nirä ugradylmalydygyny habar berýänçä, ähli öý goşunyň stansiýada saklanmagyny haýyş edip, poçta ýüz tutandygyna özüniňem haýran galandygyny aýdypdyr. Ol: «Eýýäm iki ýyl boldy. Goş-golamlar henizem bizde dur» diýip habaram ýollady.
Şondan soň bu meseläniň üstünde işlemegi ýüregime düwüp, Nýu-Ýorkdaky ýakyn tanyşlarymyň birine goja Çetwindiň hem onuň gyzynyň nirededigini sorap-ideşdirmegini haýyş edip hat ýolladym. Olam maňa: «Ýerli gazetleriň birinden jenap Çetwindiň birnäçe ýyl mundan ozal Ýewropa gidendigini bildim, gyzy Jeýn barada bolsa hiç hili habar-hatyr ýok» diýip jogap berdi.
Jeýniň näme sebäpden henizem maňa hat ýazmaýandygyna asla düşünip bilemok. Özgeler üçin manysyz bolmagam mümkin, ýöne meni bükgüldide goýýan ýene bir zat bar. Biz heniz internatda okap ýören gyzjagazkak Jeýniň doglan gününe ýüzüne «Anýutanyň gözjagazy» diýip atlandyrylýan benewşeden bir bogdak çemen, gapagynyň ýüzüne-de «syçangulak» diýilýän güli nepisje edip, owadanja sandyjak sargyt edipdim. Gapagynyň içine bolsa Jeýniň adyny haşamladyp, öz düzen gutlag goşgymy ýazdyrypdym. Geçen ýyl hemişeki başgap satyn alýan ýerime baryp, üýtgeşik zatlary saýlap ýörkäm, birdenkä otly köýnek geýen ýaly boldum. Men nepisje zady elime alyp: «Bu sandyjak size nireden düşdi?» diýip soradym. Olam: «Gyssagly satyp bermegimi haýyş edip tanyşlarymyň biri getirdi. Familiýasy Jozen, Hoşniýetli Çagalar köçesinde ýaşaýar. Men ol sandyjak üçin 25 dollar-a sorardym» diýip jogap berdi. Men derrew nyrhyny töläp, sandyjagy aldym-da, Jozeniň salgysyny belläp, öýe gaýtdym. Soňra Hoşniýetli Çagalar köçesine baryp, «Jozenler niredekä?» diýip, soraşdyrdym. «Gijä galdyňyz, hanym. Dogry, Jozen bärde ýaşapdy, ýöne bar paty-putysyny alyp göçüp gitdi, nirä gidenem belli däl» diýip, maňa temmäki dükanyndaky ispan adam salyhatlylyk bilen jogap berdi. Hakykatdanam, edil ýeriň teýine giren ýaly, ony her näçe gözleselerem tapyp bilmediler. Sandyjagyň Tehasda ýa-da Nýu-Ýorkda ogurlanyp, bu ýere getirilen bolmagy gaty ähtimal. Jeýniň sandyjagynyň tötänden meniň elime düşendigine gaty begendim.
Hanym Lanýe tä jorasy hakynda gürrüň berip bolýança ondan gözüni aýyrman diňläp oturan Artur Menaryň juda tolgunýandygy daşyndan görnüp durdy. Hanym Lanýe sözüni böler öýdüp söhbetdeşine soragly nazaryny aýlasa-da, ýigit sesini çykarmady.
— Men saňa ähli bilýänjelerimi gürrüň berdim, Arçi. Indi seň gezegiň — diýip, ol sözüni jemledi.
— Gör, men nähili samsyk bolupdyryn! Siz kän gyzykly zatlary gürrüň berdiňiz, ýöne bu gizlin syry bilýän diňe bir siz dälmikäňiz diýýän. Men bu mesele babatda ýene käbir zatlary öwrenen ýaly boldum.
— O nähili, Arçi? Sen bu barada näme bilýäň? Ýalbarýan, ähli bilýäniňi jikme-jik gürrüň ber. Jeýn Çerçiliň ykbaly bilen bagly täze habarlara nähili uly tolgunma bilen garaşýandygymy sen göz öňüňe getiribem bilmersiň.
— Wah, men beýle kemakyl, paňkelle, eşek bolmadyk bolsadym, biraz beýnim işleýän bolsady, birwagt hanym Çerçil bilen gyzjagazyny size myhman getirjeg-ä. Men näme etdim?! Men eneli-gyzyň öňüne düşenden geçen, garaňkynyň içinde gelniň syrkaw halyna Gretna tarap ugradyp goýberdim. Wah, edenim bar bolsun…
Howsala düşen hanym Lanýe:
— Arçi, Arçi! Bu wakanyň anyk bolan wagtyny aýtsana! Jeýn Çerçil gyzyny alyp nirä barýardy? — diýip sorady.
— Bilmedim-dä. Menem edil siz ýaly özümi ýitirdim. Ýöne size bar zady bolşy ýaly hökman aýdyp bereýin…
Artur hanym Çerçil bilen gyzjagazyna otluda duşuşy, gyzjagaza mawy hokgaryny sowgat berşi, Gretnadaky duralgada olar bilen hoşlaşyşy, özüniň bolsa Nýu-Ýorka tarap ýoluny dowam etdirişi barada jikme-jik gürrüň bermäge başlady.
— Wah, Arçi! Gretnada olara ýoldaş bolup, gämä mündürip bize ýollamagyň kelläňe gelmeýşini diýsene! Jeýniň bu ýerde menden başga tanşy ýok ahyryn. Gijäň içinde, syrkaw halyna, nätanyş şähere düşüp näme etdikä? Sen ony şobada bize çagyraýmal-a!
— Hanym Çerçil siz barada bir gezegem agzamady-da. Siziň beýle ýakyn dostlardygyňyzy, onuňam size barýandygyny men nireden bileýin? Nätanyş zenana-da ylgap hyzmat etmegi birhiliräk gördüm-dä.
— Onda ol ertesi gün näme sebäpden bize gelmedikä?
— Maňa soňuna çenli gürrüň bermäge rugsat berseňiz, bu sowalyň jogabyny bilelikde çözüp bilerdik. Hanym Çerçili gyzjagazy bilen ugradamsoň, wagonyň agzynda uzak wagtlap seredip durdum. Olar maňa mähirli ýylgyryp, uzakdan gol bulaýlap duranlaryndan soň, gämi duralgasyna tarap ýola düşdüler. Şol wagtam otly ugrady. Men ýerime geçip, oýa batyp otyrkam, birden gyzjagazyň oturan ýerinde kümüş gulpluja, gyzyl reňkli, rus derisinden daş tutulan, ýüzünede «J.C» harplary haşamlanan kitaba gözüm düşdi. Bu kitap şol syrkaw gelniňki eken. Kitabyň ýany bilen salgy ýazylýan suratly kartoçkada tapdym.
— Hawa, dogry! Ol meniň joram Jeýniň kitaby bolmaly. Ýöne näme üçin ol şu wagta çenli meni görmäge gelmedikä? Ol nirä ýitirim bolduka?
— Şunluk bilenem matalymyz soňlanýar… Onuň ýagdaýy beterleşip, töwerekdäki myhmanhanalaryň birine ýerleşen bolmagy gaty ähtimal. Bu bir ýöne çaklama. Onuň ýarawsyzlygy bilen bagly has çynlakaý meseläniň ýüze çykan bolmagam ahmal. Şol günüň ertesi men familiýa bellikli kitap tapandygym, üstesine, ýüz tutup bilerleri ýaly salgyma çenli belläp, ýerli gazetleriň birinde bildirişem çap etdirdim. Bary biderek boldy. Ondan bäri iki ýyl geçdi, men ne ejesine duşdum, ne-de gyzyna — diýip, Artur jogap berdi.
— Geň galaýmaly! Haýran galaýmaly! Jeýn näme sebäpden pikirini üýtgetdikä? Eger ol bize myhmançylyga gelýän bolsa, näme üçin şu çaka çenli gelmedikä? — diýip, hanym Lanýe darykdy.
— Eger ol Gretnede galan däldir diýip pikir etsek, onda ol şol gije garaşylmadyk ýagdaýda nirädir bir ýere gitmeli bolan bolsa gerek, ýogsam bu ýerde haýsydyr bir myhmanhanada galan bolsa, men ony derrew tapardym. Ol şol gije şäherden giden bolaýmasa.
Hanym Lanýe owasyny ýaşdan dolduryp:
— Gadyrdan Arçi, gowusy, göniňden gel-de, «Jeýn ýogalandyr» diýsene! Näbellilik – iň erbet zat — diýdi.
— Pylan diýib-ä biljek däl, ýöne siziň azajygam bolsa umydyňyz bar. Siz öz beren sandyjagyňyzy tapdyňyz, men bolsa Ledi Jeýne sowgat eden mawy hokgarymy tapdym. Ony nädip tapandygymy siz bir bilseňiz. Şu gün irden guş saklamagy halaýan bir tanşymyň ýanyna bardym. Barsam mawy hokgara gözüm düşmezmi, ol bu ýerlerde örän seýrek duş gelýär ahyry. Ondan: «Bu size nireden düşdi?» diýip soradym. Olam: «Aý, bir gün öň bir italiýaly adam getirip gitdi. Çaltrak dynmak isleýäni görnüp durdy, arzan satdy» diýdi. Men: «Toni, Tini!» diýip, guşy ýanyma çagyrmaga synanyşdym. Ol: «Ton, Ton!» edip, ganatlaryny ýaýyp, ylgap ýanyma geldi. «Bu meniň guşummyka beri» diýip pikirlenip durdum… Görüp otursam, hakykatdanam, meniňki eken.
— Geň galaýmaly, sen ony nädip tanadyň?
— Görýäňizmi, guşumyň ganatlarynda öz elim bilen bellik eden üç sany gara goşmak nyşanym bar.
— Sen satyjydan bu guşy nähili ýol bilen ele salandygyny soradyňmy? Edil meniň sandyjagymyň ogurlanyşy ýaly, gyzjagaz hokgary ýa-ha ýitirendir ýa-da ogurladandyr. Bu zatlar nädip birden beýle bolduka?
Artur:
— Bular hanym Çerçiliň bu ýerden hiç ýaňa gitmändiginiň ygtybarly subutnamasy — diýdi.
— Aý, goý-a! Bu ýerde gürrüňsiz bir gorkunç syr-a bar! Yzyny dowam etsene… — diýip, hanym Lanýe janykdy.
— Hokgaryň nyrhyny tölämsoň, ony elterleri ýaly satyja öz salgymy berdim. Birdenem, bir ýerden daşyndan örän geň galdyryjy sypatda bir goja peýda boldy. Ol Toniniň böküp diýen ýaly ýanyna bardy-da, başyny sypalap, gülümsiräp, fransuzça bir zatlar hümürdedi. Ilki men ol bir aklyndan azaşandyr öýdüp, mawy hokgaryň meňkidigini hemem hiç kime bermekçi däldigimi aýdyp, fransuzça düşündirjek boldum. Goja bolsa onuň Hoşniýetli Çagalar köçesinde ýaşan bir kiçijik gyzjagazyňkydygyny ynandyrmaga çalyşdy.
Hanym Lanýe gözüni giňden açyp:
— O nähili? Hoşniýetli Çagalar köçesindemi? Haýran galaýmaly! — diýip, allaniçigsi boldy.
— Fransuz dostum aljyraňňy uludan demini alyp, aýaklaryny tarpyldadyp, dyzyny epip, öňümde oturdy-da: «Jenap, mawy hokgary gyzjagaza eltip bermek üçin men eýýäm iki gün bäri gözläp ýörün» diýdi. Ondan kiçijik gyzjagazyň daşky keşbini suratlandyrmagyny haýyş edenimde bolsa, ynanmarsyňyz, ol edil siziň suratyňyzdaky hemem mendäki kartoçkadaky ýaly edip aýdyp berdi.
— Arçi, ol meniň gadyrdanym Jeýniň gyzjagazy bolaýmasyn? Ejesi ýogalan bolsa, gyzjagazy niredekä? Men ony hökman biläýmeli. Ertir irden Hoşniýetli Çagalar köçesine ýola düşeli.
— Ýöne gyzjagazy ol ýerden tapmarysmykak diýýän. Fransuz goja maňa gyzjagazy ýany bilen süýräp ýören, ýaşaýan ýerindenem gaçyp giden haýsydyr bir hanym Jozen barada-da bulam-bujar wakany gürrüň berdi.
— Hanym Jozenmi? Meniň sandyjagymy satan aýalmy?
— Onuň şoldugy belli, ýöne olam ýaňy-ýakynda aradan çykypdyr. Muny maňa şol goja aýdyp berdi. Ondan gyzjagazyň ýetimler öýüne düşendiginem bildim. Ertiriň özünde-de onuň ýanyna gitmekçidim.
— Ah, indi ähli zadyň üstüni açdym! Gizlin syryň üsti açyldy! Ýetim gyzjagaz, meniň mähriban dostum merhum Jeýniň gyzjagazy ýetimler öýünde! Men körpejäni gören badyma tanapdyryn ahyry. Edil ejesiniňki ýaly şol bir gözler, şol bir ses, şol bir ýylgyryş. Aýtsana, Arçi, sen ony tanarsyňmy?
— Elbetde, tanaryn. Men ony iki ýyl mundan öň alty ýaşyndaka görüpdim. Ol iki ýylyň içinde gaty bir üýtgän däl bolsa gerek. Onuň meni tanajagyna ynanýan.
— Örän gowy! Onda ertir irden sagat 11-lere göni bize gel. Şol wagtyň içinde gyzjagazy ýetimler öýünden getirerler diýip umyt edýän. Görgülijik, ejesi pahyry diýsene! Men oňa nämeleriň bolandygynyň anygyna ýetýänçäm köşeşip bilmerin…
XXIII bölüm
Täze eje
Ertesi irden hanym Lanýeniň haýyşy boýunça Margarita kiçijik Jeýni alyp geldi. Gyzjagazy ýokarky gatda oňa haçandan bäri garaşyp duran, öý bikesiniň gyzlary Etel bilen Meýiň bolýan otagyna ugratdylar, ýetimler öýüniň abraýly müdirini bolsa hanym Lanýeniň iş otagyna ýolladylar.
Olaryň ýetim gyzjagaz baradaky gürrüňdeşligi uzaga çekdi. Aýratynam, Margaritanyň kempir Jozeniň hemem onuň bihepbe oglunyň eden ähli galplyklaryny paş etmek üçin hoşniýetli Peşunyň azap edişi baradaky gürrüňi has gyzykly boldy.
— Jenap Peşu ýardam etmedik bolsa, diňe bir Amerikadan däl, eýsem Ýewropadanam gerekli maglumatlary toplap bilmezdik. Peşu beýle bir barjamly adam dälem bolsa, az çykdajy etmedi.
— Gyzjagazyň Jeýn Çerçiliň gyzydygy subut edilýänçä menem, ýoldaşymam elimizden geleni gaýgyrmarys. Häzirlikçe bolsa, mähriban Margarita, gyzjagazy bize goýup gitmegiňizi sizden haýyş edýärin.
Margarita hanym Lanýeniň islegini uly höwes bilen berjaý etdi. Şol wagt hem özi ýaly gyzjagazlar bilen oýnap ýören Jeýni ýanlaryna çagyrdylar. Egnindäki ýetimler öýünde geýdirilen tagaşyksyz, ýönekeýje köýnege garamazdan, gyzjagaz örän görmegeýjedi. Onuň balkyldap duranja gözleri, çukanakly ýaňajygy hemmeleriň göwnüne ýaraýardy.
— Gel ýanyma, gadyrdanym! Saňa «Ledi Jeýn» diýip ýüzlensek gowumy ýa-da ýöne Jeýn diýmelimi? — diýip, hanym Lanýe Jeýni özüne çekdi.
Gyzjagaz Margarita garanjaklap, biraz oýlanyp durandan soň, ýylgyrdy-da:
— Men-ä Ledi Jeýn diýip ýüzlenseler halaýan, hanym Margarita bolsa diňe Jeýn diýip ýüzlenmegi halaýar.
Şol wagt hanym Lanýe haşamlanan sandyjagy açdy-da, içinden jorasynyň maşgala suratyny çykaryp:
— Hany, seret, balajygym, portretdäkiler kimler? — diýip sorady.
Surata gözi düşenden ýüzi ak tam bolan gyzjagaz:
— Bu meniň kakam bilen ejem ahyry! Bu meniň mähriban ejem bolmaly! — diýip, tolgunmakdan ýaňa batly gürledi hem-de Margaritanyň boýnuna özüni oklap gözýaş dökdi.
— Indi onuň Jeýn Çerçiliň gyzjagazydygyna hiç kim şübhelenip bilmez. Margarita, gyzjagazy mende galdyrmagyňyzy sizden haýyş edýän. Men şu pursatdan başlap, ony öz gyzym hasap edýän.
Margarita gyzjagazy çagalar otagyna eltip, egnindäki ýetimler öýünde geýdirilen köýnegi çykaryp, täzeden geýindirmegi tabşyryp, gyzjagazy öpdi-de, ötägitdi.
Ondan soň iki sagat çemesi wagt geçdi. Hanym Lanýe öz otagynda haýdap nämedir bir zatlar ýazyp otyrdy. Artur Maner otaga kürsäp girdi. Ol hanym Lanýeni görüp ýylgyrdy.
Hanym Lanýe:
— Menden hiç zat sorama. Birazajyk garaş, bar zady aýdyp berjek… — diýdi.
Ýokarky gatdaky çagalar otagyndan gülki sesleri eşidilýärdi. Yz ýanam akja köýnekli, gülgüneje ýüpek bilguşakly üç sany gyzjagaz basgançakdan düşüp, ylgap otaga girdiler.
Hanym Lanýeniň gyzjagazlary tanyş myhmana gözleri düşenden oňa tarap okduryldylar, Ledi Jeýn bolsa göýä dikilen gazyk ýaly butnaman durdy. Onuň ýüzünde ýylgyryş hem geň galyjylyk alamaty görünýärdi. Hanym Lanýe ony dykgat bilen synlap otyrdy.
Gyzjagaz:
— Soramaga rugsat ediň. Maňa mawy hokgary sowgat eden oglan siz-ä dälsiňiz?
Artur oňa haýran galdy. Ol gyzjagazy bagryna basyp:
— Hawa, Ledi Jeýn, men şol mawy hokgary sowgat beren oglan! Diýmek, siz meni ýadyňyzdan çykarmansyňyz-da? Men bolsa bireýýäm unudansyňyz öýdüpdirin — diýip jogap berdi.
— Wah, ýok-la! Heý, sizem ýatdan çykaryp bolarmy?! Ýöne siz… meni tanamadyňyz öýdýän…
— Ýok, ýok, eýjejigim! Şobada tanadym, ýöne öňinçä siziň meni tanap tanamandygyňyzy anyklamak üçin ýanyňyza barmaýyn diýdim.
— Men bolsa siziň eýýäm ikinji gezek meni tanamandygyňyzy tekrarlaýan.
— Ikinji gezek? Mümkin däl! Siz meni ozal nirede, haçan gördüňiz?
Ledi Jeýn degişgenlik bilen:
— Gördüm-dä! Sişenbe güni gyş baýramçylygynda. Siz meni tanamadyňyz… sebäbi ýüzümde nikap bardy — diýip kikirdedi. — Ýöne men size: «Bu men! Ledi Jeýn!» diýibem seslendim. Siz welin kelläňizi öwrüp, çiňerilip maňa seretseňizem, jogap bermediňiz. Bolmanam, ýüzüm nikaplyka nädip tanajak?!
— Hawa, indi ýadyma düşdi. Geň görer ýaly zadam däl. Bolmanam ýygyrt-ýygyrt, ýyrtym-ýyrtym dominonyň içinde ledi Jeýniň bardygy aklyňa geljek zat däl. Siz näme üçin maňa ikilenç seslenmediňiz?
— Dogrusyny aýtsam, siz meni bireýýäm unudansyňyz öýdüp pikir etdim.
Artur gyzjagaza dykgat bilen seredip durşuna:
— Onda Toni nirede? Siz ony birine beren-ä dälsiňiz? — diýip gülümsiredi.
— Ýok, men öz mähriban hokgarymy hiç kime bermändim, men ony ezizläp, gorap saklaýardym… ýöne ol birden ýitirim boldy. Meni aýdym aýdyp gazanç etmäge köçä ugradýardylar. Sowuk günlerde men ony otagymda ýüpjagaz bilen daňyp goýýardym. Ýöne ol ýüpüni üzüp, gaçyp gidipdir. Polina daýza maňa Toniniň okdurylyp köçä çykandygyny, aýagy agyrýanlygy sebäplem ony tutup bilmändigini aýdypdy… Men gözüm ýaşly Tonini kän gözledim. Ony çagyryp gözlemekden ýaňa, aýdym aýtmaga mejalym galmandy — diýip, ledi Jeýn biraz wagt dymyp durdy.
— Görgüli, eýjejik gyzjagaz! Ol asla üýtgemändir, şol bir bolşy — diýip, Artur Jeýniň tolkun atyp duran saçlaryny sypalap durşuna hanym Lanýe ýüzlendi.
— Onda otluda size hokgary sowgat beren günüm ýadyňyzdamy?
— Elbetde, ýadymda!
— Siziň ýanyňyzda ejeňizem bardy öýdýän. Häzir ol nirede?
— Bilemok. Ilkibaşda men ol sähralyga dolanandyr, soň menem ýany bilen alyp gider öýdüpdim. Ýöne indi umydymy kesdim. Sebäbi onuň kakamyň ýanyna gidendigine hemem gaýdyp dolanyp gelmejegine düşündim — diýip, gyzjagaz agras jogap berdi.
Hanym Lanýe:
— Ejeňiziň anyk haçan gidenlig-ä ýadyňyza düşýän däldir, eýjejigim? — diýip sorady.
— Bilşiňiz ýaly, men uzak wagtlap ýaraman ýatdym, şonuň üçinem hiç zat ýadyma düşenok. Özüme gelen wagtym Polina daýza maňa ejemiň wagtlaýynça öýe dolanandygyny, tiz wagtdan gaýdyp geljekdigini aýtdy.
— Ejeňiz ýogalanda Hoşniýetli Çagalar köçesindediňizmi?
— Ýok, ejem ondan öň ýogalypdy. Ol wagt biz derýadan aňyrda bolýardyk. Polina daýza, ogly Edrast, men hemem Toni daň bilen ullakan gaýyga münüp, bir ýerlere ýüzüp gitdik. Kenarda düşemizsoňam, Hoşniýetli Çagalar köçesinde kireýine öý tutundyk.
— Gördüňmi, Arçi, Jeýn Gretnadan gitmändir eken — diýip, hanym Lanýe tekrarlady.
Artur gyzjagazdan:
— Häzir Polina daýzaň nirede? — diýip sorady.
— Bilmedim. Men ondan gaçyp gaýtdym. Şondan bärem göremok.
— Näme üçin ondan gaçyp gaýtdyňyz? Ol näme, şeýle erbetmi?
— Boldy, bes ediň, sizden haýyş edýän, ol hakynda ýatlasymam gelenok! — diýip, Jeýn howsalaly gürledi.
Hanym Lanýe gyzjagazy dyzynda oturdyp:
— Ony öz gününe goýaly, Arçi! Ol şeýle-de kän zada döz gelmeli bolupdyr… Köşeş, ýigrenji Polina daýzanam ýadyňdan çykar, eýjejigim. Sen ony gaýdyp hiç wagt görmeli bolmarsyň. Sen indi biz bilen ýaşarsyň. Ertir irden bolsa, ikimiz bileje Hoşniýetli Çagalar köçesine gideris. Ol ýerdäki ähli dostlaryňa sowgat paýlarsyň — diýdi.
— Aglamaň, mähriban Ledi Jeýn! Menem size garaşylmadyk sowgat taýýarlamakçy — diýip, Arturam göwünlik berdi.
Ertesi irden hanym Lanýe ledi Jeýn bilen Hoşniýetli Çagalar köçesine tarap ýola düşdi. Paýtun hanym Diana de Otrewiň ýaşyl haýatly öýüniň öňünde saklandy. Ledi Jeýn biraz çekinjeňlik etse-de, ýylgyryp roždestwo sowgady hökmünde oňa köýneklik mata sowgat berdi. Şol bir wagtda ýatalga, araba hem kürsi bolup bilýän, üstesine, özi hereket edýän üýtgeşik ýygnalýan oturgyç sowgat berlende, Pepsiniňem begenjini aýdyp diýer ýaly bolmady. Onuň ejesi Madelonada ýyljajyk possun sowgat berildi. Başgap ýasaýan zenan üsti gyrmyzy ýelekli owadan başgap salnan gutyny Mişka uzadanda, begenjinden ýaňa garaýagyz gyzjagazyň depesi göge diräpdi. Şol gün goja Žerarada kaşaň penjekli jalbar sowgat ýollanypdy. Ledi Jeýn Peşular maşgalasyna-da sowgatdyr süýji nygmatlar ýagdyrdy.
***
Baýramçylyk dynç alşy hem ýetip geldi. Myhmansöýer Lanýeleriň öýüniň közi alawlaýardy. Öýde üç sany tanyş gyzjagazdan başga 12 sany myhman çaga-da bardy. Olaryň ählisi şadyýan hem göwünleri hoş halda myhman otagyna jemlenişipdiler.
Çagalar bir burçdan beýleki burça ylgaşyp, daşy dolangy sowgatlary synlaýardylar. Söhbetdeşlikler, şatlyk-gülküler myhman otagy gurşap alypdy. Çagalary näbelli ýerden gelen sebet hasam gyzyklandyrýardy.
Körpeje Etel Lanýe:
— Bu kimiň sebedi, kaka? — diýip, örän seresaplylyk bilen syrly sowgady çözjek bolup durşuna, kakasyndan sorady.
— Biraz salymdan belli bolar — diýip, jenap Lanýe bagtlylykdan şöhle saçyp, bezelen oýunjaklara güýmenip oturan Ledi Jeýne manyly nazary bilen esetdi.
Artur Manerem ondan gözüni aýryp bilmän otyrdy. Jenap Lanýe çagalary gaty özüne çeken uzyn gamyş sebedi çözjek bolup kän eglenenden soň, batly sesi bilen: «Artur Manerden Ledi Jeýne sowgat!» diýip, sebede dakylan petekdäki ýazgyny okady, soňam gapagyny galdyrdy.
— Aýtdym-a size! Men size näme diýdim! Bu Ledi Jeýniň sowgady. Örän ajaýyp sowgat! — diýip, körpeje Etel batly gürledi.
Şol wagt hem onuň kakasy ýapyk sebedi dabaraly ýagdaýda Artura geçirdi. Ol ýylgyryp durşuna sebedi Ledi Jeýniň öňünde goýdy.
— Sowgadyma göwnüňiz ýeter diýip umyt edýän! — diýip, ol mawy hokgary halyň üstüne goýberdi.
— Wah, bu Toni, meniň mähribanym Toni! — diýip, gyzjagaz şadyýan seslendi. Ol guşy tutup, ýüz-gözünden ogşady.
— Guşuň sizi tananyna ynamyňyz barmy, çagalar? — diýip, jenap Lanýe sorady.
— Wah, dagy näme! Toni meni asla ýadyndan çykarmaz. Men ony gizlenip çagyrsam-da, ol meni derrew gözläp tapar.
— Jeýn, bol ony çagyrsana! Çagyraý-da! — diýşip, gyzjagazlar ondan haýyş etdiler.
Jenap Lanýe guşy eline alyp, myhman otagynyň aňrybaşyndaky giňiş kürsüniň arkasynda goýdy. Ledi Jeýn bolsa sesiniň ýetdiginden gagyldap: «Toni! Toni! Toni!» diýip gygyrdy. Mawy hokgaryň ganatlaryny biraz gerip, myhman otagyň içinde ylgaşlap, aýlanyp Ledi Jeýni gözleýşini bir görsediňiz! Şobada goh-galmagaldyr gülki sesleri otagy gurşap aldy. Çagalar guşy gujaklap, sypalap, uzak wagtlap öz erkine goýmadylar.
Olar ertiriň özünde tutanýerlilik bilen Ledi Jeýniň syrly başdan geçirmeleriniň üstüni açjak delilleriň gözlegine çykdylar. Görlüp oturylsa, ýany çagaly ötegçi gelne Jozeniň öýünde bejergi beren lukman Debro şäherde ýaşaýan eken. Lukman olaryň ýüzüni oňat belläpdir, hatda mawy hokgaram ýadyndan çykarmandyr. Galyberse-de, tötänden Ledi Jeýniň ejesiniň jaýlanyşyna şaýat bolan hemem onuň depin edilen ýerini bilýän kişilerem tapyldy. Merhumyň ýany bilen äkelen goş-golamlary bolsa, yzsyz-tozsuz zym-zyýat bolupdy. Diňe Peşunyň aýap saklan sagady abat galypdy.
Ledi Jeýn Lanýeleriň maşgalasynda terbiýelenmäge galdy. Esasanam, onuň ajaýyp sesiniň kämilleşmegine aýratyn üns berilýärdi. Aýdymçy gyzjagazyň ady sähel wagtyň içinde tutuş şähere doldy. Onuň ýakyn dostlary bolan Peşular, Pepsidir onuň ejesi, Diana hem-de goja Žerar ýetim gyzjagazyň aladasyny edip, bilelikde terbiýeleýärdiler. Olaryň arasynda mawy hokgar örän abraýly orny eýeleýärdi. Baýramçylyk günlerinde çagalar alagoh bolşup hezil edip oýnaýarkalar, garaýagyzja Mişkanyň aýagy bişen towuk ýaly otagdan-otaga ylgaşlap ýören mahaly, mawy hokgar olaryň töwereginde gezmelärdi, arasynda bolsa, göýä, mermerden ýasalan ýaly bir aýagyny galdyrardy-da, butnaman durardy…
Rusçadan terjime eden Züleýha GULOWA,
«Dünýä edebiýaty»
