Ledi Jeýn 2 (Roman)

Ledi Jeýn 2 (Roman)

Jemison Sesiliýa WITS,
şotland ýazyjysy

III bölüm

Gretnede soňky günler

Gün dogdy. Syrkawyň bolsa şol agyr halda, huşsuz ýatyşydy. Howpuň ýakynlaşýandygy äşgärdi. Hanym Jozen, lukman Debrony alyp geler ýaly, hä diýmän Edrasty derýanyň aňyrsyna ugratdy. Ýöne ondan ozal eneli-ogul ýolagçylaryň goşhaltasyny süýräp, aşhana bardylar-da, dörüşdirip başladylar. El ýüzünde ýorgan-düşek daşlary, her hili zenan geýimleri, goşlary ýerleşdirer ýaly töleg kagyzy, ýolagçy petegi bardy. Emma onuň içinden, hat-a beýlede dursun, gysgajyk ýazgydyr suratam, hasaplaşyk kagyzy-da çykmady. Diňe ähli zadyň bir adama degişlidigini aňladýan J.C. harplary bilen belgilenen ýorgan-düşek daşlarydyr kümüş zatlary görmek bolýardy.

Edrast:

— Goşlar üçin töleg kagyzyny ýanym bilen alyp gitsem, gowy bolarmyka diýýän. Eger syrkaw özüne gelse, oňa: «Çalşyrgyç gerek boldy, şonuň üçinem sandykdaky goşlaryňy alyp gelmäge mejbur bolduk» diýseňem bolar, şeýle dälmi? — diýdi-de, köp manyly ýylgyryp, eplenen kagyzlary gursakçasynyň jübüsinde gizledi.

Hanym Jozen jogap bermän, haltany baglady-da, ogluny howlukdyryp başlady.

— Tiz bol, lukmany alyp gel! Men görgüli gelne bir zat bolar öýdüp gorkýan. Gyzjagaz turanda, ejesiniň henizem şol bir ýagdaýdadygyny görse, aglap başlar.

Edrast derrew geýindi-de, geçelgä tarap howlukdy.

Bir ýarym sagat çemesi wagtdan soň lukman Debro bilen dolanyp geldi. Lukman syrkawy gözden geçirensoň, howply zadyň ýokdugyna ynandyrmaga çalyşdy:

— Gelniň güýçli gyzgyny bar. Oňa oňatja ideg etmek gerek. Beýdip ýatsa, basym ýagdaýy agyrlaşyp ugrar. Ony halas etmek üçin elimden gelenini ederin ‒‒ diýip hümürdedi.

Oýanan wagtyndan bäri ejesinden gözüni aýyrman oturan körpeje Jeýniň altynsow saçlaryny sypalap durşuna, derman-däri ýazyp, syrkawa ideg eder ýaly görkezmeleri berdi.

Lukman giden badyna, iki sany sandykly araba gapa gelip saklandy. Işçileriň ýardamy bilen Edrast agyr goşlary ýatylýan otagyň gapdalyndaky otaga daşady. Araba giden badyna, bu dünýäden tamasyny üzen biçäre zenandyr onuň gyzjagazynyň soňkuja yzlaryny-da ýitirim etmäge howlugýan ýaly, ýaşyl gapy bat bilen ýapyldy.

Hassa seretmegini dowam eden lukman Debro gitdigiçe howsala düşýärdi. Ol syrkawa umyt baglap oturmakdan peýda ýokdugyny bilip, körpeje gyzjagaza ýüregi awaýardy. Uzakly gün ýatalgada ejesiniň ýanyndan aýrylman oturan akýagyz, gürlemezek gyzjagazyň ýüzünde agyr gam-gussa görünýärdi.

Jozen gyzjagaza ejesiniň dynç almagynyň gerekdigini ýatlatmagyň ugruny tapmagy başardy, sebäbi körpejäniň zordan özüne erk edip oturyşyny görmek gözgynydy. Onuň esli wagt bäri ejesiniň elinden tutup, gymyldaman oturyşydy.

Hanym Jozeniň myhmanlara hyzmatyndan kem tapar ýaly däldi. Syrkawdyr bäbejigiň aladasy bilen başagaý bolup ýörşüne, ol gaýratlylygyna öz ýanyndan buýsanýardy.

— Menden başga kim bir hassanyň derdini çekip, üstesine, çagasynyň göwnüni tapyp biler?! Men olary öz ýakynym ýaly görýän. Hossarsyz, biçäre görgüliler meni pena tutundylar ahyryn. Olar bütinleý meniňki, özümiňki — diýip, ol ogluna öwran-öwran gaýtalaýardy.

Şeýle sözler bilen göwnüni aldaýan hanym Žozen şu zatlary hiç bir bähbit aramazdan edýändigine öz-özüni ynandyrjak bolýardy.

Eneli-gyzyň gelenine on iki gün çemesi geçensoň, ýük daşalýan geçelgäniň ýanyndaky Gretnanyň darajyk köçesinden ujypsyzja gölegçi geçip gitdi. Gabat gelenler ýol berip, tabyt äkidip barýan ýeke-täk paýtunyň açyk arabasynyň üstünde lukman Debronyň ýanynda oturan iňňeden çykma egin-başly Edrast Jozene aňkaryp seredýärdiler. «Bu ýat ýerden gelen hanym Jozeniň garyndaşymyş. Ol gyzy bilen ýaňy-ýakynda Tehasdan gelip, düýnem aradan çykypdyr. Hanym Jozeniň görünmeýändiginiň sebäbi düýn agşamdan bäri gyzjagazyň özünden gidip ýatanlygymyş. Olaryň öýüne barmak howplumyş. Garry lukman keseliň ýokançdygyny aýdýar» diýip, mähelle öz arasynda gürrüň edýärdi.

Edrast merhumy depin edip, öýe dolananda, ýatalgada özüni bilmän ýatan Ledi Jeýni gördi. Gyzjagazyň buýra-buýra saçlary ýassyga ýaýylyp ýatyrdy. Gözleriniň astyndaky gök halkadyr gyzaryp duran gyzgyn ýaňajyklary ejesinden keseliň ýokuşandygyny aňladýardy.

Iň oňat görýän gara köýnegini geýnen hanym Jozeniň ertirden bäri gözüni gyrpman oturyşydy. Ol, ogly gelen badyna, okdurylyp, onuň ýanyna bardy-da:

— Eý, gadyrdanym, biz heläk bolýarys! Bagtymyz ýatdy! Ýagşylyk edip aljak paýymyzam şumy?! Tanamaýan, üstesine, keselli birini öýüme salyp, ýakynymyza ideg eden ýaly ideg edip, öz adymyza degişli mazarlykda jaýladyk, indem gyzy ýaraman ýatyr. Lukman Debro munuň ölüm howply gyzdyrma keselidigini, bize-de ýokuşyp biljekdigini aýtdy. Ine-dä, ýagşylyk etseň — diýip, ses edip aglamaga başlady.

— Wah, eje jan, bu bir boş gürrüň ahyry. Bu durmuşda bar zada gara çekip ýörmeli däl. Goja Debronyň ýalňyşan bolmagam mümkin. Belki, bu beýle bir ýokanç keselem däldir. Hemme aýdylany göwnüňe getirmäniňden gowusy ýok, ýöne welin, gorkýandyklary üçin, bärik hiç kim gelmez. Men biraz wagtlyk şäherde bolmakçy, bu kesel seni birahat etmesin. Birnäçe günden soň gyzjagaza näme bolýandygyny görübiris. Şondan soň başga ýere göçeris…

— Bolýar, oglum! Ýöne maňa: “Merhumyň öňündäki borjuňy ýerine ýetirmediň” diýmäge hiç kim milt edip bilmez. Indem gyzjagaz üçin elimden gelenini ederin. Bular ýaly yssy howada tenha oturmak aňsadam däl welin, bir tarapdan, ýetim görgüliniň huşsuz ýatanyny kemem göremok. Onuň ejesini göç edendäki bolşuny göremde, tas ýüregim ýarylypdy…

IV bölüm

Göýdüjek Pepsi

Pepsi bilen ejesini Täze Orleandaky Hoşniýetli çagalar köçesinde tanamaýan ýokdy. Pepsi dogabitdi maýypdy. Çagalaryň «Süýjüje badam maňzy» diýip atlandyrýany – Pepsiniň ejesi Madelon bolsa goňşularynyň arasynda sylag-hormata mynasyp görülýänleriň biridi. Eneli-gyz köçäniň bir burçunda, dermanhana bilen temmäki dükanynyň aralygyndaky kiçiräjik öýde ýaşaýardylar. Köçä bakyp duran ýaşyl reňkli gapynyň golaýyndaky ýalňyz penjire çoýundan owadan edilip germewlenendi. Giň penjiräniň daşyndan otagyň içi gowy görünýärdi. Üsti gyzyl baldyrly, daşlary tor nagyşlanan ýassykly, aýaklary beýik agaç ýatalga otagyň tutuş bir burçuny eýeläp durdy. Ýatalganyň garşysynda kiçijek kömür peç bardy. Pejiň üstündäki tekjede sagat, içi gülgüne kagyzdan ýasalan gülli iki sany güldan, gök küýze bilen gipsden edilen totuguş bardy.

Myhman otagyň ýa-da ýatylýan otagyň aňyrsynda Madelonyň maňyz gowrup, süýjüje içlekli bişirýän we öýde ejesi bolmadyk wagty, käbir zerur ýagdaýlarda hanym Pepsä hyzmat edýän ýetginjek garaýagyz gyzyň — Kiçijek Mişkanyň her gün irden ýuwup-arassalap, biş-düş edýän aşhanasy bilen haýat aýlanan howlujyk bardy. Madelon dürli-dümen süýji nygmatlary satýardy. Burbonow köçesindäki Fransuz opera zalynyň binasynyň gapdalynda onuň gowrulan maňyzly, bürünjiň aýratyn görnüşinden taýýarlanan, içleklidir maňyz garylan gantly, özüne çekiji edilip ýerleşdirilen kiçiräjik göçme dükany hem bardy.

Madelon her gün irden içi ýaňyja taýýarlanan süýji nygmatly ullakan sebedini alyp, ol ýere giderdi, agşama çenli hem ählijesini satyp gutarardy. Onuň öýde ýok wagty Pepsi, adatça, özi üçin ýörite ýasalan tigirçekli oturgyjynda, penjiräniň öňünde oturardy. Göýdüjek Pepsini tanamaýan ýokdy. Hemmeler uzak wagtlap penjiräniň öňünde onuň akýagyz ýüzüni, ýanyp duran gara gözlerini, ýylgyranda giň açylýan agzyndaky ýalpyldap gidýän ap-ak dişlerini görmäge öwrenişipdi. Pepsiniň aşa ullakan kellesi ýokary galyp duran gelşiksiz eginlerine gysylyp galan ýalydy. Bilinden başlap, dyzyna çenli, bütin göwresini stol ýapyp durdy. Şol stoluň üstünde-de ol hoz döwüp, maňyzlaryň gabygyny aýryp oturardy.

Penjiräniň ýanynda eli atagzyly oturan Pepsi çalasynlyk bilen hozuň gabygyny arassalardy. Bu işi oňa ýoldan geçip barýanlary synlamaga päsgel bermezdi. Onuň hüşgär gözlerinden ýekeje ötegçem sypmazdy, olaryň birine baş atsa, beýlekisine güler ýüz berip, kimdir biri penjiräniň deňinde säginäýse dagy, hökman gürrüňe başlardy. Garaz, onuň penjiresiniň öňüniň adamsyz wagty gaty seýrek bolardy. Görgüli göýdük gyzjagaz hemişe şadyýan hem-de göwnaçykdy. Şonuň üçinem ony hemmeler halaýardy, çagalar bolsa hasam gowy görýärdi. Munuň şeýledigi onuň maňyzly gant hödür edýänligindedir öýdüp pikir etmegiňiz mümkin. Ýok. Pepsi işini ähli zatdan öňde goýýardy, maňyzly gant bolsa pula durýardy. Onuň on sanysy üçin Pepsiniň ejesine bir dollaryň sekizden bir bölegini töleýärdiler. Elbetde, bu gazanç bilen tüçjar baý boljak gümanyň-a ýok welin, çagalary, esasan, işiň gidişi özüne melul ederdi. Olar Pepsiniň bir tümmek badam maňzyny we beýleki maňyzlary arassalaýşyna hem-de öňünde goýlan aýna tabakdaky gaýnan şerbede usullyk bilen atyşyna tomaşa etmegi halaýardylar. Lezzetli süýjüler şobada emele gelýärdi. Ol süýjüleri bir sime düzüp, gatar ýaly, ak kagyzyň üstünde serip goýýardy. Pepsi muny şeýle bir çalasynlyk bilen edýärdi welin, inçejik akja barmaklary bir tümmek maňyzdan şerbetdir kagyz aralykda uçýan ýaly bolup görünýärdi. Bir sagadyň dowamynda üýşüp gidýän agyz suwardyjy süýjülikleri göreniňde, Pepsini husyt hasaplabam boljakdy. Göräýmäge, gözjagazlaryny tegeleşip, emenişip duran çagajyklara, iň bolmanda, ýekeje süýji uzatmaz ýalam däldir, emma bu onuň üçin mümkin zat däldi. Garaňky düşüberende, Kiçijek Syçanjyk şerbediň käsesini almak üçin otaga kürsäp girdi. Hozdur maňyzly süýjülikleri emaý bilen sanap bolan Pepsi olaryň jemini kiçijek kitapça belledi. Şunuň bilen ol kiçijek garaýagyz gyzjagazyň süýji nygmatdan iýmäge bolan meýliniň öňüne böwet bolýardy. Ýöne oňa esasy zady — näçe süýjiniň satyljakdygyny bilmek zerurdy.

Bir işini dynandan soň, Pepsi gutynyň içinden, täze iş bilen birlikde, hökman oýnalýan kart hem çykarar. Ol tikinçiligiň hem ussatlyk bilen hötdesinden gelýärdi. Tikin tikip ýadansoň hem-de özüne gündizki berlen ýumşy dynansoň, işi bir gyra süýşürip, eline kart alardy. Gran pasýans oýny maýyp gyzjagaz üçin hakyky lezzet çeşmesidi.

Şeýdip, Pepsi gününi iş hem-de oňat endiklere sarp edip geçirýärdi. Ol hemişe bagtly hem şadyýandy. Gyzjagazyň on iki ýaşyny doldurandygyna garamazdan, ejesi henizem oňa kiçijek çaga sereden ýaly seredýärdi. Her gün irden Burbonow köçesindäki dükanjygyna gitmezinden öň, Madelon ony suwa düşürip, egin-eşigini, köwşüni geýdirerdi-de, seresaplylyk bilen göterip, tigirçekli oturgyjynda oturdardy. Madelon, çagasynyň hiç zada zar bolmazlygy hem ähli zada artygy bilen eýe bolmagy üçin, elinden gelenini edýärdi. Ertirden agşama deňeç ýagyş ýagsa-da, ol öz dükanjygyndan aýrylman, süýji nygmatlaryny satardy, soňra öýüne baryp, gijäniň ýaryna çenli içlekli bişirip, günortanlykdyr agşamlyk taýýarlap, sypynsa, müşderileriniň sargydy boýunça tikin-çatyn bilen meşgullanardy. Pepsä nämedir bir zadyň ýetmeýändigini duýmak oňa agyr degýärdi.

Bir gezek Pepsi ejesine obada ýaşasynyň gelýändigini aýtdy. Ol oba durmuşy barada kitaplardan hem-de bir wagtlar şäheriň daşynda ýaşan ejesiniň gürrüňlerinden bilýärdi. Tozanly hem petik köçeden ýadan göýdüjek gyzjagaz arasynda gözlerini ýumup, özüni towlanyp ýatan çeşmeli ýaşyl sähralykda ýaly duýmaga çalşardy. Bir tarapynda göge diräp duran göm-gök daglary, beýleki tarapynda uzalyp ýatan altynsow çowdaryly ekinleri, tokaýy, bag-bakjalyklary, aýagynyň astynda bolsa gür otlardyr güller düşelen çemenzarlygy göz öňüne getirerdi. Gyzjagazyň bu ýeke-täk arzuwyny ejesi, juda gynansa-da, ýerine ýetirip biljek däldi.

V bölüm

Täze goňşular

Hoşniýetli çagalar köçesiniň beýleki tarapynda, Madelonyň öýüniň gabat garşysynda, bir gatlydygyna garamazdan, örän beýik hem-de töweregindäki beýleki öýlerden juda täsin görünýän bir öý bardy. Daşky gapysy adatdakylardan örän beýik hem gabaralydy. Gapynyň her tarapyndaky giň, äpet penjireler ýekeje adam sygar ýaly edip ýasalan kindiwanja eýwan bilen bezelendi. Germewaçlary diwara ýelmenen kiçiräjik şekiller göterip durdy. Pepsiniň juda haýpy gelse-de, bu öýde uzak wagt bäri ýaşalmaýardy. Öýüň gulply gapysydyr penjirelerini synlamakdan halys bolan gyzjagaz oňa eýe çykylmagyny her gün arzuw edýärdi. Ahyrsoňy, awgustyň ajaýyp säher çagynda ony begendirip, Pepsiniň penjiresiniň öňünde birtopar nätanyş ýüz — bir aýagy agsak, eli hasaly, orta ýaşlaryndaky aýal, gymmat bahaly, şar gara eginbaşly erkek kişi bilen eýjejik gyzjagaz peýda boldy. Olar boş öýi uzak wagtlap dykgat bilen synlap duransoňlar, daşky basgançak bilen ýokary galyp, gapyny açagada, içeri girdiler.

Gyzjagaz Pepsini şobada gyzyklandyrdy. Bu gyzjagaz köçäniň ugrunda ýaşaýan beýleki çagalardan örän tapawutlydy. Onuň akja nah köýnegi, ýüpekden garaja bilguşagy hem-de ýaýbaň başgaby örän kaşaň görünýärdi. Göýdüjek gyzjagazyň ünsüni diňe bir onuň owadanlygy we kaşaň egin-başy däl-de, eýsem, agyr keseli başdan geçirendigi görnüp duran solgun ýüzündäki gam-gussadyr çendenaşa arryklygy hem özüne çekipdi. Gara köýnekli aýal onuň elinden tutup barýardy. Ýetim gyzjagaz assaja ýöräp barşyna, yzlaryndan gelýän giň gerdenli, gara gözli, çypar saçly, kaşaň geýnen adamyň göterip gelýän sebede meňzeş zadyna garanjaklaýardy.

Pepsi gyzjagazy ýene bir gezek teşnelik bilen synlasy gelip, öýden gözüni aýryp bilmän seredip durdy. Pepsi, olar öýi gözden geçirip, derrew çykyp giderler öýdüpdi. Emma ýaş ýigit edil öz öýüne gelen ýaly, gapylardyr penjireleri giňden açyp çykdy. Zenan öz perdeli başgabynam, çaganyň ýaýbaň başgabynam aýryp, golaýyndaky penjiräniň diwaryna kakylan ilgençekden asdy. Gyzjagaz bäş minut çemesi wagtdan soň eline nämedir bir zatlary alyp, arka tarapky açyk eýwana çykdy. Pepsi hernäçe boýnuny uzadyp, agyryly oňurgasynydyr aýaklaryny unudyp, tigirçekli kürsüsinden galsa-da, çaganyň elindäkiniň nämedigini görüp bilmedi. Öz ýanyndan: «Pişik çagasymyka?! Ýok, güjüjek ýaly-la. Aý, ýok, güjügem däl. Ganatyny kakýar welin, guş bolmaly. Guş eken, özem ullakan guş! Görnüşinden çen tutsaň, üýtgeşik guş. Haýsy guşka?» diýip, görgüli gyzjagaz tolgunmakdan ýaňa gyzaryp, juda bilesigelijilik bilen oýa batdy.

Nätanyş gyzjagaz açyk eýwanyň sekisinde oturdy-da, guşy emaý bilen bagryna basyp, ganatlaryny sypalamaga başlady.

— Diýmek, öý olaryňky bolmaly, ýogsa penjireleri açyp, zatlaryny ýerleşdirmezdiler. Bu, hakykatdanam, şeýle bolsa, gör, men nähili bagtly… — diýip, Pepsi içini gepletdi.

Şol wagt hem köpri tarapdan tigirleriň sesi eşidilip, boýdan-başa sandyklar, öý goşlarydyr ýol haltalar bilen doldurylan äpet ýük ulagy dazlap gelip, gapynyň agzynda durdy.

Pepsi galagoplyk bilen ýükleriň daşalyşyny synlaýardy. Birdenem Mişka otaga tüweleý ýaly kürsäp girdi. Onuň buýra-buýra örülen gysgajyk saçlary her tarapa hüžžerip çykyşyp durdy, otuz ikisini görkezip, syrtaryp durşuna, gözleri begençden balkyldaýardy. Ol öýüň öňündäki oturgyçda otyrka, gelenleri gören badyna, öz kiçijek dostuna adaty bolmadyk täzeligi habar bermäge howlukdy.

— Hanym Pip, hanym Pip! Kimdir biri garşymyzdaky öýi kireýne alypdyr. Häzirem ol ýere göçüp geldiler. Men gara eginbaşly aýalyň, bir erkek adamyň hemem kiçijek gyzjagazyň gelenini gördüm. Onuň saryja saçlary, elinde-de uzynaýak gazy bar. Gör, ol onuň bilen nähili oýnaýar, ony örän gowy görýän bolsa gerek.

Kiçijek garaýagyz gyzyň samahyllysyny diňländen, köçedäki tomaşa melul bolan Pepsi:

— Bes et, Mişka! Bar, işiň bilen bol! Sen aýtmaňda-da, görmän duramok. Bar, gowusy, aşhanany arassala, ejem hä diýmänkäň geler — diýip gygyrdy.

— Men eýýäm ýygnap boldum, ähli zady ýygnaşdyrdym, hanym Pip. Dynç almak üçin öýüň öňündäki oturgyçda oturmaga çykanymam şoldy welin, ol şeýle bir hapalanypdyr. Maňa ony arassalamaga rugsat ediň, hanym Pip. Men göz açyp-ýumasy salymda ýerine ýetirerin.

Pepsi ýüregi ýukalyk edip:

— Meniň oturgyjymdan başlamagyňy haýyş edýän, ýöne ejem gelende, aşhananyň ýerbe-ýer bolmalydygynam unutma — diýip ýylgyrdy.

Täze ýaşaýjylaryň peýda bolmagy Hoşniýetli çagalar köçesiniň ýaşaýjylary üçin uly täzelik boldy. Pepsi Mişkanyň öýüň öňündäki oturgyçlary ýuwmak baradaky pikiriniň arassa hilegärlikdigine örän oňat düşünýärdi. Onuň täze goňşularyny synlasy gelýärdi.

Ahyrsoňy öý goşlarydyr beýleki zatlar hem öýe ýerleşdirildi. Diňe gapydan zordan süýräp salyp bolaýjak iki sany ullakan sandyk galypdy. Ýük ulagy boşadylyp, ýola düşenden soň, gapy ýapylan badyna, içinden gulplandy. «Tomaşaçylaryň» bary dargasa-da, Pepsi öýe gelenleriň hereketini esewanlyk bilen yzarlamagyny dowam edýärdi. Ol Edrastyň eli sebetli howla çykanyny görüp, bazarlamaga barýandyr diýip çaklady. Gara eginbaşly aýalyň penjireleriň birine tor nagyşly perde asanyny görüp, şobada göçüp gelenler myhman otagyny tertibe salýandyr diýip pikir etdi. Perdeleriň biri giç agşama çenli açyklygyna dursa, beýlekisi ýapykdy.

Garaňky gatlyşdy. Pepsi süýji nygmatlary taýýarlamagy unutsa-da, ejesi oňa käýinmedi, Mişkadanam gaharyny çykarmady. Madelon gyzjagazlaryň täze goňşularyna bolan biygtyýar gyzyklanmalaryna düşünýärdi.

Ertesi irden Pepsi adatdakysyndan has ir oýandy-da, her günki oturýanja ýerine howlukdy, ejesi ony geýindirmek üçin zordan wagt tapdy. Ol penjireden daşaryny synlanda, goňşularynyň gapysynyňam, penjire gabsalarynyňam heniz gulply durandygyny gördi.

Ynha-da, sag penjiredäki perde galdyryldy. Penjiräniň aýnasynyň ortarasynda gülkünç bildiriş asylgy durdy. Çarçuwa ýerleşdirilen, sowatsyzlyk bilen ýazylan ak, gaty kagyz böleginde: «Bu ýerde ökde kir ýuwulýar we islendik görnüşdäki sargytlar kabul edilýär» diýip ýazylgydy.

Bildirişi okap bolan Pepsi otagyň içinde stollaryň üstündäki birgiden mata gyýkyndylaryny, gaty kagyzlary, birtopar owadanja çaga köýnejikleri, öňlüjekleri, zenan köýnekleriniň ýakalaryny, ýeňlerini we elýaglyklaryny görüp ýetişdi. Penjirä golaý ýerleşdirilen uzyn stoluň üstünde tikin maşyny üçin niýetlenen sapak saralan kagyz tigirler, dürli ululykdaky ilikler, jähekler, saralgy ýüň sapaklar, dolanan talaslar, zenan geýimleri üçin gerekli bolup biläýjek owadanja ownuk-uşak ätiýaçlyk önümleri tertipli ýerleşdirilendi.

Ähli zatlary tertipleşdiren gara, çuw ak kelte köýnekli aýal, has-da kaşaň görkezmek üçin, şatlyk bilen otagyň içine göz gezdirdi. Indi oňa hä diýmän peýda boljak müşderilere garaşaýmak galýardy.

Ýaş hem dul gelniň ölüminden soň, hanym Jozen ýaňy bir arkaýyn dem alyp, aýaklarynyň üstünde ynamly durandygyny duýmaga başlapdy. Hemme zat Edrastyň aýdyşy ýaly hem boldy. Ýaş gelin mazarystanda jaýlandy, gyzjagaz bolsa maşgalasy barada maglumat bererden juda kiçidi, ol, hatda, ene-atasynyň adyny, familiýasyny-da bilmeýärdi. Onuň ýadyna güýçli täsir eden garahassalykdan soň, ozalky durmuşy barada bir zadam aýdyp biljek däldi. Gyzjagaz şeýle bir ejizje hem göwnüçökgündi welin, ony hiç wagt ýeke galdyrmajak mawy hokgaryndan başga hiç zat gyzyklandyrmaýardy. Hanym Jozen onuň gorkunç ýitgä sezewar bolandygyny aňyp-aňmaýandygyny, ejesiniň ýoklugyna gamlanyp-gamlanmaýandygyny anyklap bilmeýärdi. Gyzjagaz saglygyna gowşan ilkinji günlerinde ejesini gözläp, durman aglapdy. Jozen onuň gaýtadan hassalamagyndan heder edip, gyzjagaza ejesiniň ony Polina daýzasyna goýup, gaýdyp gelýänçä, akyllyja bolmagyny, daýzasyny oňat görmegini we diýenini etmegini tabşyrandygyny aýdyp, uzak wagtlap bir ýerlere gidendigine ynandyryp, hoşamaýlyk bilen köşeşdirmäge synanyşypdy.

Ledi Jeýn ýuwaşlyk bilen yza çekilip, ýylgyryp duran öý bikesiniň ýüzüne agras halda, sesini çykarman çiňerilip durupdy. Gyzjagaz, Jozeniň göz öňünde tutuşy ýaly, geçmişini unutmandy hemem onuň aýdan sözüniň hiç birine ynanmaýardy, emma özüniňem nämeleri başdan geçirýändiginden bihabardy. Onuň bu hala düşmegine ýalan gürrüňe şübhelenýändiginiň sebäp bolanlygynam ýa gussa zerarlygydygynam bilýän ýokdy. Onuň asudalygyny saklamakdan we boýun bolmakdan başga çäresi galmandy. Ol gülmegi unudypdy, käteler aglaýardy. Öýdäkileriň hiç birine päsgel bermeýärdi, töweregindäki bolup geçýän zatlaryň hiç biri gözüne ilmeýärdi. Ozallar juda akyllyja we şadyýanja gyzjagaz, gam-gussadan hem-de ýaňy-ýakynda başyndan geçen hassalykdan ýaňa, ýaňadan dünýä inen ýaly, sussupes birine öwrülipdi.

VI bölüm

Ledi Jeýniň dost tapynyşy

Ilkibaşda hanym Jozen merhum gelniň zatlaryna, bolmanda birnäçe hepde el degirmeli däldigini aýdyp, öz diýenini gögertdi.

— Biraz tagapyl etmegimiz gerek. Kim bilýär, birden biri gyzyklanyp, ony gözläp başlar. Eger syrkawyň bizdekä merhum bolandygynyň üsti açylaýsa, bizi jogapkärçilige çekerler. Talaňçylykda aýyplarlar. Sandyklaryny ellemesek, onuň zatlaryna eýe çykmakda bizi hiç kim günäkärläp bilmez. Onuň garahassalykdan syrkawlandygyna lukman Debroda şaýat. Ötegçileri kabul edip, ýetime hossar çykanym üçinem, her kim dogry hereket edendigimi aýdar. Bularyň bary makullanansoň, azabym hem çykdajym üçin meni, elbetde, gowuja sylaglarlar… — diýip, ol juda howlukmaç hem göçgünli ogly Edrasty köşeşdirdi.

Ejesiniň bu degerli delilleri Edrasta güýçli täsir etdi. Kakasynyň ykbaly ýadynda galan ýaş ýigit adalatyň penjesine düşmekden öler ýaly gorkýardy.

Eger eneli-ogul ýerli gazetde «Mawy hokgar» diýen sözbaşy bilen çap edilen täsin bildirişe üns beren bolsadylar, olar özlerini beýle bir arkaýyn duýubam bilmezdiler. Ýöne olar gazetlere käwagt göz gezdirýärdiler.

Alty hepde geçdi. Jozenler: «Howp aradan aýryldy» diýen netijä geldiler. Olar şäheriň iň çetki bölegine, Hoşniýetli çagalar köçesindäki amatly öýe ýerleşmekden başladylar. Hanym Jozen işini taşlap, dynç almak we hanymlar ýaly ýaşamak pikirine maýyl bolupdy. Emma onuň şübhe döretjekdiginem bilýärdi. Islese-islemese, her kim onuň nädip baýandygyny bilmäge çalyşjakdy. Şonuň üçinem ol, owalkysy ýaly, tor nagyşlary tämizlemegini dowam edip, kiçiräjik dükanda tikinçilige gerek bolan ownuk-uşak zatlary satmaly diýen netijä geldi. Şeýtse, kisesi az-owlak galňap, şol bir wagtyň özünde-de, asylly kärinden sylagy artjakdy.

Merhumyň goşlarynyň arasynda hanym Jozeniň oglundan gizläp goýan içi iki ýüz dollarly gapjyk hem bardy. Ol Edrastyň goş torbada gören pullaryna merhumy jaýlamaga gerek bolan ähli çykdaýjyny ýapyp, lukmana töläp, galanynam ätiýaçlyk üçin aýryp goýupdy. Torbada her dürli zatlar, tor nagyşlar, el işleri, gowy içki geýimler, köýnekler we başga-da zenan bezegleri bardy. Çemedanlaryň birinde iňlis dilinde ýazylan, hatdan dykylyp doldurylan sandyjak hem bardy. Hanym Jozen merhum gelin hem gyzy baradaky zerur maglumatlary bu hatlardan hem bilip bilerdi welin, ol hat okamakdan, onda-da, başga dilde ýazylan zady okamakdan başy çykmaýardy. Olary başga birine görkezmäge-de gorkup, gözden geçirmek niýetini soňa goýupdy. Bir agşam ol haty okatmak üçin howludan daşyna-da çykdy. Onuň jana-jan ogly bolsa olary, aýtman-etmän, ýanyp duran peje oklapdy. Jozen muny peçdäki kagyz küllerini görende bilip galdy. Ol: «Indi näme etsemkäm. Belki, bu gowulygadyr, belki-de, tersine» diýip oýlanýardy.

«Eger ýetim gyzjagaza ideg etmek meniň egnime düşen bolsa, başgalaryň edişi ýaly, ony ýetimler öýüne bermek bolmaz. Ýok, ony edil öz çagam ýaly goraryn, mähir, terbiýe bererin, aladasyny ederin» diýip, ol öz-özüni köşeşdirmäge çalyşýardy.

Şu sebäpdenem hanym Jozen ýetim gyzjagaza hem-de ejesine degişli zatlary tizräk ulanyp başlamak isleýärdi. Mekir aýal merhumyň hossarlaryny, garyndaşlaryny gözlemek, olaryň kimdigini bilmek üçin arrygynam gynamady. Ol Ledi Jeýn üçin iň sada köýnekleri we gündelik geýer ýaly berk joraplary saýlap aldy. Tor nagyşly, elde bejerilen we talasly köýnekleri, maýy gelse, galarak bahadan satmak üçin, bir gyra aýryp goýdy. Özi üçin bolsa köýnekleriň arasyndan iliň gözüne ilmez ýalysyny saýlap aldy.

Hernäçe yzgytsyz hem bolsa, dükanynda iliň sandygyndaky zatlary asyşdyryp ýerleşdirende, Jozen özüni biynjalyk duýdy. Ol: «Bu köýneklerdir akyr-ukurlaryň ejesiniňkidigini bilse, Ledi Jeýn näme diýer?» diýip oýlandy. Hanym Jozen ertesi irden gyzjagazyň döwrebap tertipleşdirilen dükanjygy görmeginden heder edip, biynjalyk bolýardy.

Ahyrsoňy jahan ýagtyldy. Ýaňy ukudan oýanan Ledi Jeýniň solgun ýüzi, çişip duran gözleri, harsal üst-başy, bolşuna görä daralan saçy hakyky idegsiz çaganyň gynançly sudurydy. Gyzjagaz söýgüli hokgaryny elinde göterip barşyna, goňşy otaga äňetmezden, ekine çykýan gapdal gapa tarap ýöräp ugrady. Bosagada köpden bäri oňa garaşyp duran Jozen hasabynda ýalňyş goýberenine gaharlanyp, howlukmaçlyk bilen Ledi Jeýne ýüzlendi:

— Gel meniň ýanyma, balajygym! Köýnejigiňi ildirip bereýin. Saçyňy dagy daramansyňam. Munyň-a gelşiksiz. Sen eýýäm ullakan gyz ahyry, özüň geýnip, özüň saçyňy darap bilmel-ä. Muny hökman öwrenmeli bolarsyň. Muny her gezek men edip bermeli däl. Senden başga-da aladam ýetik.

Soňra Jozen sesini gowşadyp, ýetim gyzjagazyň altynsow saçyny emaý bilen daramaga başlady. Stoluň üstündäki geýimlere, tor nagyşlardyr dürli zenan bezeglerine ýüzleý göz gezdiren Ledi Jeýn:

— Bu ejemiň sandyjagy ahyry! Oňa el degirmäge nädip het etdiňiz! — diýip gykylyklap başlady.

Gyzjagaz stoluň üstündäki sandyjagy garbap aldy-da, ylgap öz otagyna bardy. Jozen gyzjagazyň bolşuna üns bermezlige çalşyp, elinden zadyny aljagam bolmady. Ledi Jeýn sandyjagy günuzyn ýanyndan goýmady. Diňe gije uky gurşap alanda, Jozen sandyjagy gyzjagazyň gysymyndan boşadyp, başga ýerde gizläp goýdy.

— Men muny uzak wagtlap görkezmän saklaryn. Bu oňa zyýan berýär. Ol häzir juda aljyraňňy ýagdaýda. Men tä onuň ejesiniň zatlaryndan dynýançam, rahat oturyp bilmerin — diýip, Jozen içini gepletdi.

***

Nätanyş maşgalanyň göçüp geleninden birnäçe gün geçensoň, Pepsi:

— Şu günüň dowamynda hanym Jozeniň dükanyna eýýäm bäşinji müşderi geldi. Eli boş çykýan ýok welin, söwdasy oňuna bolýar öýdýän — diýip, Mişka söz gatdy.

— Olaryň gapysynyň agzynda üýşüp duran çagalara bir serediň! — diýip, Mişka janyýangyn gürledi. — Hüm, olar zat satyn aljaga meňzänok. Olary eli gazly gyzjagaz özüne çekýär. Hanha, görgülijik açyk eýwanda guşuny sypalap otyr. Haý, betbagt çaga! Uzakly gün ýalňyz oturmakdan içi gysýan bolsa gerek — diýip, garaýagyz gyzjagaz stoluň üstüni arassalap durşuna, uludan demini aldy.

— Mişka, Mişka! Açyk penjiräniň öňünde şeýdip zowladyp gybat edip durmak bolarmy?! — diýip, Pepsi ýaňra Mişkanyň ýüzüni alyp goýberdi. — Meniň gyzjagazy golaýdan synlasym gelýär, aýratynam, guşunyň nähili guşdugyny bilesim gelýär. Goňşularyň haýatynyň ýanyna bar-da: «Maňyzly süýji berjek» diýip, gyzjagazy bärik çagyrsana.

Mişka köçä çykyp, Ledi Jeýni uzak wagt synlap durandan soň, Pepsi gygyryp, ony yzyna çagyrdy. Mişkanyň ýeke özi geldi.

— Azara galmaň, ol gelmez. Gözüni baýguşuň gözi ýaly edip, sesini çykarman, uzyn aýakly gazyny şol sypalap otyr. Men size azara galmaň, ol gelmez diýip aýtdym-a. Özem ol kecjal bolsa gerek, hanym Pip. «Maňyzly süýjiňiz gerek däl» diýdi. Göz öňüňize getiriň. Wah, akýagyz çagalar diýsänim! Ynjyk diý-de goýaý — diýip, Mişka özdiýenli akýagyz gyzjagazlar barada burnunyň aşagyndan hüňürdäp, aşhana tarap ötägitdi.

Pepsi, körpeje pikirini üýtgedip, özi bilen tanyşlyk açmaga geler öýdüp, günuzyn hüşgärligi elden bermän oturdy. Emma gynansak-da, umydy ýerine düşmedi.

Duşuşyk bellär wagtdan geçip, hanym Jozeniň dükanyna müşderileriň gelmesi kesilip, iňrik garalyberende, Pepsi güýmenmek üçin gowy görýän oýnuny — gran pasýansy oýnamak üçin kartlaryny düzmäge başlady. Edil şol wagt hem garaşylmadyk ýagdaýda penjiräniň astynda bir şygyrdy eşidildi. Pepsi başyny galdyranda, gaşyna çenli köneje ýaglyk bilen başy daňlan, buýr-bulaşyk altynsow saçlary egnine düşüp duran gyzjagaz öňünde durdy. Onuň ýüzi juda solgun hem gamgyn görünse-de, agzynyň gapdalynda kiçijek çukanajyk döredýän mylaýymja ýylgyryşy hem-de ýaldyrap duran agras gözleri bardy.

Öýüň gyrasyndaky sekiniň üstünde duran Ledi Jeýn mawy hokgaryny iki eli bilen ýokary galdyryp, penjiräniň germewiniň öňünde oturtmaga synanyşdy. Birdenem aňk bolup duran Pepsä gözi düşüp: «Tonini görmek islediňizmi? Ony getirdim, ynha, ol» diýip, sypaýyçylyk bilen gürledi.

Şeýdip, Ledi Jeýn bilen Pepsiniň tanyşlygy başlandy.

VII bölüm

Pepsilere ilkinji gezelenç

— Men siz gelmersiňiz öýdüpdim, Mişka maňa siziň gelmek islemeýändigiňizi aýtdy. Men uzakly gün sizi garawullap gezdim — diýip, Pepsi aýtdy.

Ledi Jeýn ýylgyryp durşuna:

— Men bolsa ýatar wagtym bolmanka, size Tonini görkezeýin diýip geldim. Ony saklap durkam synlaberiň — diýip, aýagy joraply körpeje guşuny germewiň öňünde ýerleşdirmegini dowam etdi.

— Howlukmaň, biraz tagapyl ediň. Men Mişka: «Gapyny aç» diýeýin. Içeri girmek isläňizokmy?

Ähli gürrüňleri diňläp duran Mişka aşhananyň gapysyndan boýnuny uzatdy-da, iteläp-çekeläp, Ledi Jeýni Pepsiniň oturan kiçijek otagyna alyp geldi.

— Eý-ho! Bu ýer, gör, nähili ajaýyp! — diýip, gyzjagaz uludan demini aldy-da, sözüni dowam etdi. — Meni çagyranyňyza örän şat. Ýöne siziň pişigiňiz ýokdur-da hernä?

Gyzjagaz bilen guşa biygtyýar mähri giden Pepsi:

— Pişik? Siz kiçijek pişik barada aýdýaňyzmy? Ýok, gynansak-da, meniň pişijegim ýok — diýip jogap berdi.

Ledi Jeýn hokgaryny ýere goýberip, guşuň aýagyndaky baglanan ýüpden tutdy-da, hassa gyzjagazyň gödeňsi ýagyrnysyna hem-de eginlerine ýüregi awap, seredip durdy. Şol wagt Pepsi bilen Mişka ýerden nämedir bir zatlary çokjalap, tagaşyksyz bökjekleýän mawy hokgardan gözlerini aýryp bilmän durdular. Garaýagyz gyzjagaz begenjini daşyna çykaryp:

— Hanym Pip! Bu ýabany guşa bir serediň!.. Bu gazyň çagasy-ha däldir?! Edil hanym Mariniň başgabyndaky ýelek ýaly, gör, nähili owadan guýrugy bar.

— Bilýäňizmi näme, Toni näme diýsem düşünýär. Ony çagyramda, ylgap gelşini görmek isleýäňizmi? — diýip, balkyldap duran gözleri bilen Pepsä garap duran Ledi Jeýn oňa ýüzlendi. Soňra pessaýja, guşuň sesi ýaly gagyldady-da: «Toni! Toni!» diýip, guşuny çagyrdy.

Guş tegelek gözleri bilen eýesine garap, ganatlaryny pasyrdadyp, onuň ýanyna bardy.

— Görsene muny! Eşidenden ylgady. Bular ýaly guşy ömrümde görmändim! Eýse, ol ýabany dälmi näme?

— Ýok-la, bütinleý eldeki. Ýogsa uçup gider-dä. Bu mawy hokgar. Bular ýaly guş bärde hiç kimde ýok — diýip, Ledi Jeýn kesgitli jogap berdi.

— Mawy hokgar diýsene. Bular ýaly guşuň adyny ozal eşitmändim.

— Guşumyň göwnüňize ýarandygyna örän şat!

— Menem siz bilen tanşanyma diýseň begenýän! Siziň geleriňize şeýle bir garaşdym. Haýyş etsem, hanym Jozeniň size kim bolýandygyny aýdarmysyňyz? Ol siziň eneňizmi ýa daýzaňyz?

— Ýok-la, ol ýöne Polina daýza, bar bolany! — diýip, körpeje juda biperwaý jogap berdi.

— Siz ony gowy görýän bolsaňyz gerek? — diýip, Pepsi parasatly gürlemäge çalyşdy.

Emma Ledi Jeýn:

— Men ony asla gowy göremok — diýip, çürt-kesik jogap berdi.

— Aý, ýog-a? Näme üçin? Ol size gödek daraşýan-a däldir?

Körpeje jogap bermese-de, Pepsä ol barada mälim etmek islemeýän manyda seretdi.

— Gowusy, onuň gürrüňini etmäliň. Siziň ejeňizi göresiňiz gelýän ýaly-la? Ol sizi goýup gitdimi?

Pepsi içgin sorag berýändigini aňyp, sesini haýalladyp, mümkin boldugyndan, mylakatly gürlemäge çalyşdy. Ol bu soragy berende, bilesigelijilikden däl-de, gyzjagaza duýgudaşlyk bildirmek isläpdi.

Gyzjagaz sesini çykarmady.

— Siziň ejeňiz bir ýere gitdimi? — diýip, Pepsi soragyny gaýtalady.

Gyzjagaz, adatdakysy ýaly, gamgyn hala geçip:

— Polina daýza ejemiň bir ýere gidendigini hemem bahym dolanyp geljekdigini aýdýar. Ýöne oňa ynanamok — diýip, çürt-kesik jogap berdi. — Wah, ol näme üçin meni ýany bilen alyp gitmedikä?

— Siziň adyňyz Ledi Jeýnmi? Gör, nähili owadan at — diýende, Pepsi gözýaşyny saklamaga çalyşdy. — Meniň eýjejik guşjagazym, gaýgylanmagyň geregi ýok. Sen näme üçin guşuň bilen uzakly gün açyk eýwanda oturýaň? Daýzaň müşderiler bilen meşgullanýarka, Toninem alyp, meniň ýanyma geläýgin. Men size maňyzlary arassalap, şeker bilen gowruşymy görkezerin, kitap okap bererin. Hany, maňa aýt, sen guşy nireden aldyň? Ony kim berdi?

— Otluda gelýärkäk, bir ýagşy niýetli ýaş ýigit sowgat berdi. Ejem oňa guşy sowgat bermegine rugsat edipdi. Şol wagt ejemiň kellagyrysam gowşapdy, gürläbem bilýärdi. Şondan soň bolsa hiç zat gürlemedi…

Pepsi körpejäniň ýene gussaly ýatlamalara dolanandygyny aňyp, onuň sözüni böldi:

— Seň gurjagyň-a ýokdur?

— Sähralykdaky öýümizde gurjagym kän. Ýöne ýekejesinem alyp gaýtmadyk. Polina daýza maňa satyn alyp berjegine söz beripdi, ýöne henizem alyp berenok.

— Gynanma, men saňa owadanja gurjak ýasap bererin. Meniňem kiçijek ýegenjiklerim bar. Olaryň familiýasy Peşu. Men şu ýylyň dowamynda olara on sany gurjak sowgat etdim. Sen Peşularyň kimler bolýandygyny bilýäňmi? Ol meniň daýym, aýaly bolsa daýzam. Men oňa «Modýa daýza» diýýän. Olaryň birgiden çagasy bar. Peşu daýym fermada işläp, süýt satýar. Olar şäheriň daşyndaky Fransuzlar köçesinde ýaşaýar. Olaryň ullakan, giň öýi bar. Olaryňky ýaly öý biziň köçämizdäkileriň hiç birinde ýok. Öýleriniň öňünde injir, şetdaly, nar ösüp oturan ir-iýmişli bakja-da bar. Mariniň ideg edýän gülhanasy bolsa bägülden, jasminden doly… Ol ýer juda owadan, şeýle bir gözel! Men olarda birnäçe ýyl mundan öň myhmançylykda bolupdym. Ol wagtlar meniň arkamam agyranokdy.

— Häzir arkaňyz gaty agyrýarmy? — diýip, Ledi Jeýn onuň sözüni bölende, mähirlije ýüzjagazy birden tukatlandy.

— Hawa, wagtal-wagtal agyrýar. Arkamdaky büküre bir seretsene. Ýaňy-ýakynda peýda boldy. Meni yralasalar ýa-da itseler, arkam agyrýar. Şonuň üçinem hiç ýere çykyp bilemok. Üstesine, aýaklarymam diýen edenok. Ýöne hemme zatdan beter arkam agyrýar — diýip, Pepsi, hamala lezzet alýan ýaly, derdini bir-birden sanap çykdy.

Körpeje Ledi Jeýn:

— Arkaňyza näme boldy? — diýip, rehimdarlyk bilen sorady.

— Oňurgamda bir kemçilik bar, lukmanlar ony asla bejerip bolmajakdygyny aýdýarlar. Bular ýaly hassalyga öwrenişip bilmeýänleriň dat gününe, men bolsa bireýýäm öwrenişdim — diýip, göýdüjek gyzjagaz sadyklyk bilen gülümsiredi-de, sözüni dowam etdi.

— Kakam dirikä, gowy ýaşaýardyk. Bilýäňizmi näme, kakam ýangyn söndüriji bolup işleýärdi hem-de bir ýangyn heläkçiliginde tarpa-taýyn aradan çykdy. Ol wagtlar juda kiçijek bolsamam, kakamyň meni göterişi, Modýa daýzamyň üsti açyk arabasynda olara bileje gezmäge gidişim ýadymda. Diýseň gowuja arabajykdy. Gyzyl reňkli, iki sany beýik tigri bardy, geçileriň mündürilýän ýerinde-de seniň boýuň ýaly iki sany ullakan golça durardy. Şolar ýaly araba münüp, batly sürüp aýlanmagyň nähili hezil bolýandygyny sen bir bilsediň! Ýüzüňe sowujak şemalyň çalşyny diýsene!.. Men ony şu wagtam duýýan.

Göýdüjek gyz başyny kürsüsine ýaplap, begenmekden ýaňa gözlerini ýumup:

— Süýdüni diýsene, tagamy agzymdan gidenok! Suwsan wagtym Modýa daýzam maňa golçadan bir käse süýt guýup bererdi. Şeýle bir hoşboý ysly, buz ýalyjak süýtdi…

Pepsiniň joşgunly gürrüňi körpeje Jeýniň hyýalynda dogduk mekany bolan sähralykdaky durmuşy bilen bagly unudylmadyk ýatlamalary oýardy. Onuň birdenkä ýüzi ýagtylyp, gözleri uçganaklap gitdi.

— Biler bolsaňyz, men öýümizdekäm, arabaly däl-de, Günebakar atly kiçijek ponide aýlanardym, ol altynsow reňkdedi. Kakam wagtal-wagtal meni ata mündürerdi, ejem bolsa, men ýykylar öýdüp käýinerdi — diýip, gyzjagaz söhbede başlady.

Birden hanym Jozeniň çirkin sesini eşiden gyzjagazyň ýüzi gyzaryp gitdi.

Jozen:

— Ledi, Ledi! Öýe gaýt, çagajygym! Garaňky gatlyşdy, ýatar wagtyň boldy! — diýip seslendi.

Ledi Jeýn kürsiniň astynda bir aýagyna galyp duran hokgaryny alyp, posa bermek üçin Pepsiniň ýanyna bardy-da, ýuwaşlyk bilen: «Hoş gal!» diýdi.

— Ertir irden bize ýene gelersiň-ä? Maňa ertir hökman geljegiňe söz ber — diýip, Pepsi gyzjagazy bagryna basdy.

— Gelerin! — diýip, Ledi Jeýn pessaýja jogap berdi.

VIII bölüm

Täze dostlar

Etim galan körpeje gyzjagazyň Hoşniýetli çagalaryň ümsüm köçesindäki täze durmuşy göwnejaý şertlerde başlandy. Görgüli Pepsiniň öz ýanyndan özüni çaganyň penakäri saýan pursadyndan bäri, Ledi Jeýniň eýdip-beýdip söýgüsini bildirmek isleýän birgiden dosty peýda boldy duruberdi. Göwnaçyk Madelon hem oňa ysnyşdy. Ol ýetimje gyzjagazyň öňünde gutap, praline (şokoladyň içine salynýan şepbik) goýmazdan, ýa bolmasa goňşy dükandan tapan-tupan naşyja oýnawajy alyp bermezden işe gitmezdi.

Ledi Jeýniň peýda bolan gününden bäri, eneli-gyzyň özara gürrüňem diňe körpeje hakyndady. Madellonyň harytlaryny tizräk ýerläp, öýe adatdakysyndan ir gelýän günleri ol gyzynyň ýanynda Ledi Jeýni görerdi. Hoşniýetli aýal körpejäniň begençli garşylaşyndan onuň düýbünden nätanyş birinden enelik aladasyny duýandygyny aýdyň görýärdi.

Ledi Jeýniň goňşular bilen içgin tanyşlygy hanym Jozeniň göwnüne ýaramady. Bir gezek ol çagalaryň «Süýjüje badam maňzy» diýip atlandyrýan goňşusy Madelonyň gyzy bilen «ýegeniniň» dostlaşmagyny islemeýändigini açyk aýtdy.

Poli daýzasynyň iňirdisine garamazdan, Ledi Jeýn irdenden agşama çenli goňşularda oturyp geçirýärdi. Ol Pepsi bilen günortanlyk edinip, oňa ýarym sagadyň içinde işlerini dynmaga kömek edip, galan wagtyny kiçijek dostuna (özüne) sarp eder ýaly çalasynlyk bilen atagzyda maňyz çakyp, arassalamagy öwrendi. Pepsiniň tämiz enelik duýgusy ýaly duýgy bilen körpejäni gurşap oturyşyny görmek juda ýürek awundyryjydy. Ol gyzjagazy ýuwundyryp, ýüpek ýaly saçlaryny darardy, köýnegindäki epinlerini düzederdi. Nädeňde hakyky fransuz modistiniň (zenan başgaplaryny tikýän tikinçi) döredýän kaşaň sungatyny edip bolýandygyny bilýän Pepsi gyzjagazyň ýüpek bil guşagyny hem hut özi baglap bererdi. Ol Ledi Jeýniň gülgüneje dyrnajyklarynyňdyr hünji ýaly akja dişleriniň tämizliginem her gün üns bilen gözden geçirerdi. Hepdede bir gezek bolsa irginsizlik bilen çaganyň joraplaryny ýamap, egin-eşiginiň iliklerini, bagjygyny tikip bererdi.

Ledi Jeýniň günde akja, tämiz köýnek geýmek endigi ahyry hanym Jozeniň degnasyna degdi. Ol artykmaç goh-galmagal hem çykdaýjy bolmaz ýaly onuň ak köýnegini dürli reňkli köýnekler bilen çalşyrjakdygyny duýdurdy. Ökde kir ýuwujy ady bilen tanalýan Mişka Jozeniň bu niýetine gaty gaharlanyp, fransuz dilini özboluşly ýoýup, ýetim gyzjagazyň akja köýnegini tämizlemäge, krahmallamaga we ütüklemäge rugsat bermegini haýyş etdi.

Şeýlelik bilen, Ledi Jeýn her gün diýseň bezemen geýinerdi. «Hoşniýetli çagalar» köçesiniň ýaşaýjylary gam-gussadan doly ýüzjagazy kem-kem üýtgäp, tegelenmäge, ýaňajyklary gyzarmaga başlan eli mawy hokgarly eýjejik çagany görenlerinde mähirli ýylgyryp, mylakatly salamlaşyp, oňa degişli ähli zat bilen içgin gyzyklanardylar.

Madelonyň öýüniň gapdalyndaky gök önüm bazarjygynyň eýesi arryjak ýaşuly Jerar ümsüm köçede Ledi Jeýniň naşyja ýüzüni görmese gününiň geçmeýändigini aýdardy. Garry ýaşuly her gün irden bazaryň öňünde: «Ertiriňiz haýyr, jenap Jerar! Polina daýzam sogan berip goýbermegiňizi haýyş etdi» diýen çaga sesini eşidenden, ýalt edip aýaga galardy. Soňra gyzjagazyň aýdan sözüni ýere gaçyrman ýerine ýetirerdi, üstesine, bir gysym hoz, bişenje pyrtykal, ýa bolmasa kemput ýaly adatça berilýän zatlary hödürläp, gyzjagazyň maýyl ediji ýylgyryş bilen kabul edişini synlardy.

(Dowamy bar)

Ruscadan terjime eden Züleýha GULOWA,
«Dünýä edebiýaty»

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle