Ledi Jeýn 3 (Roman)

Jemison Sesiliýa WITS,
şotland ýazyjysy
(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).
Çendenaşa ýygra hem sypaýy goja jenap Jerar müşderiler bilen seýrek söhbet ederdi. Ol çagalar bilen asla oňuşmazdy, sebäbi käbir goňşularynyň garagol çagalary hemişe onuň üstünden gülerdiler. Gojanyň daş keşbini göreniňde, gülmez ýaly hem däldi. Onuň sakgalsyz, gasyn-gasyn ýüzi bişen almany ýada salýardy. Ol ujy alkymynyň aşagynda gaýmalaýan gyzyl elýaglygyny takyr kellesine daňmazdan, köçä çykmazdy. Onuň egin-eşigi holpuldap duran jalbardan, güpbüdir ýere degjek bolup duran ak öňlükden ybaratdy.
Goja uzakly gününi pyrtykallaryň, almalaryň, badatdyr soganlaryň, kelemleriň hem yslyja sarymsaklaryň aýry-aýry ýerleşdirilen dükanjygynyň ardynda, agaç oturgyjynda oturyp geçirerdi. Jenap Jerar boş wagtlaram gol gowşuryp oturman, bir zatlary bejerip, ýelimläp, ýamar ýörerdi. Kir ýuwuja pul bermezden, eşiklerini özi ýuwup, köýnekleridir joraplaryny özi ýamardy. Zenanlara mahsus işlerem özi edip ýörkä, üstünden geläýseler birjigem utanmazdy. Kim gelse-de sowukganlylyk bilen jorabyny, iňňesini bir gapdala aýryp, isleg bildirilen harydy alyp bererdi.
Bir gün irden dükançy possunyny oňarýança, pyrtykal iýip, dükanyna göz-gulak bolmaga çagyrmagy Ledi Jeýni geň galdyrdy. Gyzjagaz ähli zady Pepsi bilen paýlaşýandygyny aýdyp, pyrtykaly ýeke özi iýmekden boýun gaçyrsa-da, dükana seretmäge höwes bilen razylaşdy. Kiçijik myhman hokgaryny gök önüm dogralan sebediň öňünde goýup, oturgyja dyrmaşagada, golaýyndaky içi käşirli çelege aýajyklaryny diräp, gysga köýnejigini gowulaşdyryp, iki elini çekgesine goýup, başagaý bolup oturan gojany üns bilen synlamaga durdy. Ahyram onuň bilesigelijiligi erkinden üstün çykyp, biraz sakynsa-da, juda mylakatlylyk bilen: «Jenap Jerar, siz erkek kişimi ýa-da zenan maşgala, aýdaýyň-da?» diýip sorady.
Goja birbada aljyrady. Birdenem başyny belent tutup, uly sesi bilen gülmäge başlady. Bular ýaly hadysa eýýäm ençe ýyl bäri bolmandy.
— Sen-ä muny gaty oňardyň! Wah, kiçijik hanym, men muny özümem bilemok, sebäbi erkegiňem, zenanyňam işini özüm etmeli bolýan. Ýöne, ynha, siziň näme üçin beýle täsin sorag bereniňize düşünemok.
— Sebäp diýseň, jenap Jerar, men bu barada kän pikir etdim. Erkekler hiç haçan tikin tikmeýär hemem öňlük dakynmaýar. Zenanlar bolsa bular ýaly giň jalbar geýenok. Şonuň üçinem siziň kimdigiňize düşünemok — diýip, gyzjagaz agras gürledi.
— Örän gowy! — diýip, goja gülüp hezil etdi.
— Nämä gülkiňiziň tutýanyna hiç düşünýän däldirin — diýip, jenap Jerar öz üstünden gülýändir öýdüp, Ledi Jeýn öýkeleýän ýaly, oturan ýerinden dikeldi. — Meniň pikirimçe, eger siz erkek kişi bolsaňyz, onda köýnegiňizi oňarmak ýa jorabyňyzy ýamamak size juda kyn düşýän bolmaly.
— Ah, meniň hoşniýetli körpejäm! Meniň ýekeligimi, hiç kimiň men hakda aladalanmaýandygyny bilýärsiň ahyry.
— Men siziň aladaňyzy ederin! Indi men siziň erkek kişidigiňize göz ýetirdim. Pepsi maňa tikmegi öwredensoň, men siziň köýnegiňizi oňaryp bererin — diýip, Ledi Jeýn begençli ýylgyrdy.
Bular ýaly rehimdarlygyň öňünde ejizlän goja:
— Meniň eýjejigim! Meň adymdan ýene bir pyrtykaly kabul et — diýdi.
Ledi Jeýn onuň elini sowup:
— Ýok, ýok, minnetdar! Men sizden diňe birje zat satyn aldym, şonuň üçinem ýekeje hödür almaga mümkinçiligim bar. Ýene birini alsam adalatsyzlyk bolar. Indi bolsa meniň gider wagtym boldy — diýdi.
Ol oturgyçdan böküp düşdi-de, dogralan kelemden göwnüni hoşlan hokgaryny eline alyp, goja dükançy bilen mylakatly hoşlaşyp, köçä tarap okduryldy.
Çaga gidensoň goja eli çokaýly oýa batyp oturdy. Ahyram agyrlyk bilen demini alyp, işini bir gyra aýyrdy-da:
— Wah, Mari ýaşap ýören bolsady, ähli zat başgaça bolardy — diýip, ýüregindäkini daşyna çykardy.
IX bölüm
Ýaýla gezelenç
Oktýabr aýynyň salkyn säher çagydy. Pepsi bilen Ledi Jeýn haýdap hoz arassalap otyrdy. Birdenkä köçeden araba tigirleriniň dükürdisi, gap-gaçlaryň şakyrdysy eşidildi. Bu Modýa daýzanyň gyzyl reňkli, üsti tämiz süýt golçaly arabasynyň sesidi. Owadan at esbaplary bilen bezelen kiçijik, dogumlyja gatyr loňkuldap geldi-de, Madelonyň gapysynyň agzynda dikilen gazyk ýaly bolup durdy. Modýa daýza çalasynlyk bilen arabadan böküp düşdi-de, gatyryň jylawyny haýada baglap, misli bahar ýaly şadyýanlyk bilen otaga kürsäp girdi.
Modýa daýza bilen Madelon biri-birine juda meňzeş ekiz uýalardy. Ikisiniňem al ýaňagy, giň ýüzi, öňi ýylmanyp, ýeňsesi örülip boglan, birmeňzeş ýogyndan gara saçy bardy. Modýa daýzanyň egninde açyk reňkli krahmallanan çit köýnegi, boýnunda-da ullakan edip baglanan ýukajyk boýun ýaglygy bardy.
Myhmany görenden, Pepsi begenjinden ýaňa gyzaryp, gujagyny giňden açdy-da:
— Waý, Modýa daýza, sizi görenime örän şat! Ähtimal, ejem Ledi Jeýni alyp gitmegiňi haýyş eden bolsa gerek.
Modýa daýza ýegenini mähir bilen ogşap, edil Madelonyň edişi ýaly edip, Ledi Jeýni hem mähir bilen bagryna basdy.
— Madelon maňa mawy hokgarly gyzjagaz barada gürrüň berdi. Menem hä diýmän, körpejäni ogşamaga hem ony öýümize myhmançylyga alyp gitmäge geldim. Dogry, biraz gijä galdym, ýöne etjek alajym ýok, işim başymdan agdyk-da.
Modýa daýza sözüni soňlap-soňlamanka, Pepsi derrew oňa sorag bilen ýüzlendi:
— O nähili iş, daýza?
— Wah, eýjejigim, ýegeniň Mari Lediniň keşbini oýnamagy ýüregine düweni bäri, öýümizde nämeleriň bolup geçýändigini bir bilsediň — diýip, Modýa daýza ýüzüni kürşertdi. — Ol tutuş jaýy çepbe çöwürdi, kakasam onuň sözünden çykyp bilenok. Meselem, maňa içerimiziň öňki durşy has gowy ýaraýar, ol bolsa diwarlaryň bezegini, halylary üýtgetjekmişin. Haly nire, biziň öýümiz nire diýsene! Ol: «Maňa gözellik salonyny döredip beriň» diýýär.
Muny eşiden Pepsi begenjinden ýaňa ellerini çarpyp:
— Gör, nähili ajaýyp! Men onuň gözellik salonyny şeýle bir göresim gelýär — diýdi.
— Nesip bolsa, görersiň, janjagazym! Seni ýatyryp alyp gitmelem bolsa… Bizde toý bolanda… — diýip, Modýa daýza indi kän garaşmaly bolmaz diýen manyda gözüni gyrpdy-da, sözüni dowam etdi. — Seni eýdip-beýdip alyp giderin, rahat oturar ýaly ýerem taýynlaryn. Birazajyk sabyr et, eýjejigim, seni hökman äkiderin!
— Waý, Modýa daýzam jan, gör, siz nähili hoşniýetli aýal! — diýip, Pepsi tolgunyp gürledi.
— Seni bolsa, mähribanym, edil şu wagt alyp gitmekçi! Seni hökman gezdirmek gerek — diýip, päk göwünli aýal Pepsiniň begenjine goşulyp duran Ledi Jeýne ýüzlendi.
— Ýöne mundan Polina daýzaň habary ýok. Öýe gidip ondan rugsat alaýyn — diýip, Ledi Jeýn agras gürledi.
Ýakyn dostuna uly hezillik garaşýanlygyndan göwnühoş bolup oturan Pepsi onuň aladasyny edip:
— Men Mişkany ugradaryn — diýdi. Soňra aşhananyň gapysyndan boýnuny uzadyp duran garaýagyz gyzjagaza ýüzlendi: — Diňle, Mişka, bar, derrew Lediniň hanym Peşunyň arabasynda gezelenç etmegi üçin hanym Jozenden rugsat alyp gaýt hemem onuň arassaja köýnegini, başgabyny, bilguşagyny getirip ber.
Mişka köçä okduryldy. Onýança Pepsi gyzjagazyň buýraja aksowult saçyny yhlas bilen daramaga başlady. Ol gyzjagazyň saçy altyn ýaly lowurdaýança ak ýürekden darardy.
Hanym Jozen üsti açyk araba bilen ýapyk paýtunyň parhyny bilse-de, garşy bolup durmady. Ledi Jeýn welin heniz ýaşy kiçi bolansoň, bu işde hiç hili gelşiksizlik görmedi.
Pepsi gyzjagazy söýgi bilen bezäp bolýança, Modýa daýza bilen Mişka arabadaky fermadan getirilen azyklary çalasynlyk bilen otaga daşadylar. Olaryň arasynda täzeje mesge ýagy, öý peýniri, şöhlat, bir bölek doňuz eti we ýaglyja hindi towugy bardy. Modýa daýza hiç wagt eli boş gelmän, oba nygmatlaryndan getirerdi.
Ýola düşmek üçin ähli zat taýýardy, ýöne Ledi Jeýn, näme üçindir, juda tolgunýardy. Ol hokgaryny ýanyna aljagynam, almajagynam bilmedi.
— Äkitsek äkideli welin, çagaly öýümiň bardygyny ýatdan çykarma. Olar görgüli guşjagazy süýräp, lütüni çykaraýmasalar biri.
— Men ony ýanym bilen äkitmeli däldigime düşünýän. Goý, ol öýde galaýsyn — diýip, Ledi Jeýn gamgyn gürledi. Soňra guşuna ýüzlenip: — Mensiz özüňi akyllyja alyp bargyn, bolýamy, eýjejigim. Ertir saňa kän kelem gurçuk bererin — diýdi.
Hoşlaşyk wagty ýetip geldi. Pepsi bilen Mişka emaý bilen Ledi Jeýni ogşanlarynda, Modýa daýza oba gijä galmaz ýaly, olary gyssamaga başlady. Ol howlukmaç ýola çykdy-da, arabanyň üstki bölegini galdyryp, gyzjagazy göterip, ýassykly beýik oturgyjyň üstünde oturtdy. Soňra ussatlyk bilen paýtuna mündi-de, jylawy silkip goýberdi welin, semiz gatyr loňkuldap, dagyň etegi bilen ýola rowana boldy. Onuň düwmeleriniň şyňňyrdysy arabanyň yzyndan barýan köçe çagalarynyňdyr köpekleriň göwnüni göterýärdi.
Ledi Jeýn tekiz, göni ýolda okdurylyp barýan paýtunly gezelençden uly lezzet alýardy. Ýarym sagat ýaly wagtdan olar derýanyň kenary bilen uzalyp gidýän ajaýyp saýaly bagýodasy bilen Fransuzow köçesine tarap öwrüldiler. Araba bagy-bossanlyga çümüp oturan iki gatly öýüň öňünde saklandy.
On dört ýaşlaryndaky al ýaňakly, ýüzi nurana ýetginjek olary garşy almak üçin öňlerinden çykdy. Ol derwezäni açandan, arabanyň tigirleri daş düşelen howluda takyr-takyr edip, girelgäniň agzyna bardy.
Ogly bilen keýpihon hal-ahwal soraşan ene:
— Tibursiý! Derrew gatyry boşat-da, äkit! — diýdi.
Gatyr onuň diline düşünýän ýaly, uzyn gulaklaryny galgadyp, «bolýar» diýýän manyda başyny atdy.
Peşu daýy myhmany beýik oturgyçdan düşürdi-de, pugta bagryna basdy. Bäş minut çemesi wagtdan birtopar çaga Ledi Jeýne tarap eňdi. Ilkibaşda olaryň sanyny görüp, goh-galmagallaryny eşidip gorksa-da, olaryň hakyky söýgüsi hem-de dostlarça garşylamasy derrew onuň göwnüni göterip, şatlyga gurşady.
Ol gün Ledi Jeýn üçin ýakymly günleriň biri boldy. Kiçijik myhmany ilki towuk ketegine, yzyndanam güjükler, pişijekler, gölejiklerdir taýçanaklar bilen tanyşdyrmak üçin saraýa eltdiler. Soňra oňa tämiz agylda sagyma garaşyp duran owadanja sygyrlaryň ýatagyny görkezdiler.
Çemenzarlykda ertirlik nahary iýlenden soň, çagalar Pepsä sowgat hökmünde bir sebet bägül berdiler, Madelona bolsa bir gapyrjak öý kökesini ugratdylar. Çagalar öýüň öňündäki çemenzarlykda agşama çenli kowalaşyp oýnadylar. Äpet golçalar agşamky täzeje süýtden doldurylandan soň, gatyry ýene araba goşup, Ledi Jeýni Modýa daýzanyň ýanynda oturdyp, süýji nygmatlardyr posalar hem-de oňat arzuwlar bilen hoşlaşdylar. Gyzjagaz ýadan hem bolsa, özüni çendenaşa oňat duýýardy.
Şähere golaýlaberenlerinde Ledi Jeýniň sesi kesilen ýaly boldy. Modýa daýza, ol uklap galandyr öýdüp, başgabynyň astyndan seredende, ullakan mawy gözlerini giňden açyp oturan körpejäniň gülüp duran ýüzüniň reňki öçüp, eti çekilen ýalydy.
— Eýjejigim, görýän welin, sen ýadan ýaly-la? — diýip, Modýa daýza mylakatlylyk bilen ondan sorady.
— Aý, ýok-la. Men öz ponim, sähralyk hakynda, kakam hem ejem barada pikirlenýän… — diýip, Ledi Jeýn jogap berdi.
Modýa daýza sesini çykarmasa-da, ýetim gyzjagazyň düşnüksiz hem täsin ykbaly barada oýa batdy.
Hanym Jozeniň merhum ýaş ene hem-de onuň ýetim galan gyzy barada ýaýradan myş-myşlary hakykata laýyk gelmeýärdi. Munda nähilidir bir syryň bardygy aýdyň görünýärdi we Modýa daýza eýdip-beýdip meseläniň änigine-şänigine ýetjekdigine öz-özüne söz berdi. Haçan-da, bu hoşniýetli, dogumly zenan haýsydyr bir düwni çözmegi ýüregine düwse, hemişe üstünlik gazanardy.
X bölüm
Modýa daýzanyň çaklamasy
— Peşu! Men tutuş gije näme hakda pikir edendir öýdýäň? — diýip, gündeki işlerini bitirip, ýerine geçen Modýa adamsyna ýüzlendi.
— Kyn sorag. Men seniň pikire çümüp, wagtyňy biderek geçireniňe gabat gelmändim — diýip, Peşu gülümsiredi.
Özüni kemsidilen ýaly duýan Modýa:
— Ýöne beýle ýagdaý mende seýrek bolýar. Dogrymy aýtsam, bu pikir meniň kelläme çüýlenen ýaly boldy. Hanym Jozeniň howandarlyga alan çagasy meni gaty gyzyklandyrýar. Onuň durmuşynda nähilidir bir şübhe bar. Çaganyň Jozenler maşgalasyndan däldigine kelläm bilen güwä geçýärin. Düýn men Mari üçin talas almaga Jozeniň dükanyna bardym. Ondan beýle gowuja körpejäniň nireden gelendigini soradym. Olam onuň Jozenler tarapdan garyndaşydygyny aýdyp, sowuk-sala jogap berdi-de, derrew gürrüňi üýtgetdi. Bu gün bolsa men Pepsiniň gyzjagaza etekligine «J. C.» harplar tikilen tämiz köýnek geýdirip durandygyny hut öz gözlerim bilen gördüm. «J. C.» harplary ýadyňda galsyn. Geçen hepdäniň ahyrynda ýene Jozeniň dükanyna bardym. Seretsem, garry aýal Mariniň toýunyň haçandygyny sorap, daşymda pyr-pyr aýlanyp ýör. Soňam maňa görkezmek isleýän gaty üýtgeşik zadynyň bardygyny mälim etdi. Yzyndanam şkafyň içinden ullakan kagyz guty çykardy-da, birgiden zenan geýimlerini görkezip: «Siziň uly gyzyňyz durmuşa çykýar ahyry, siz onuň bukjasyna hökman oňat zatlar alyp bermeli. Geýimlerden satyn almak islemeýäňizmi? Size arzanjak bererin» diýdi. Menem: «Gyzymyň ýuka matalar bilen arasy ýok» diýip, garşylyk bildirdim-de, iň oňat geýimleri saýladym. Eşikleriň iň kiçijigine çenli ählisinde gyzjagazyň eşigindäki ýaly «J. C.» harplary bar, düşünýäňmi! Azgyn kişiler bilen sypaýyçylyk etmek bolmaz, şonuň üçinem: «Bu zatlar siziň eliňize nädip düşdi?» diýip, göni patladyp soradym. Jozen hondan bärsisiräp: «Bular Jeýniň merhum ejesiniňki. Gyzjagazyň heniz ýaşy kiçi, ulalýança-da eşikler çüýrejek. Kömek pullar ony terbiýelemek üçin sarp edilse gowy boljak» diýen boldy. Men bar pikirimi iki harpa gönükdirip hemem garryň nähili jogap berjegine garaşyp: «Bu baş harplary näme etmekçi? Hemme eşikdäki «J. C.» harplary söküp çykmakçy bolýaňyzmy?» diýdim. Onuň nähili mekirdigini sen bir bilsediň. «Waý, hanym Peşu, siz düşünmediňizmi, bu «J. C.» harplary biziň garyndaşymyz Jozen Kamillanyň adynyň baş harplary ahyryn. Harplar juda aýlawly ýazylany üçin, söker ýaly däl. Hakykatdanam, köýnekleri satyn almakçy bolsaňyz, oňşup bererin» diýen bolýar. Men: «Ýok, satyn aljak däl. Bu biziň gyzymyz geýerden has ýuka» diýdim. Içimdenem: «Men näme üçin Mariniň ogurlyk zat geýmegine rugsat edeýin?» diýip pikir etdim.
— Ýuwaşrak, ýuwaşrak, Modýa! Seni töhmet atmakda aýyplap, kazyýete çekäýmesinler — diýip, ýanýoldaşy ony köşeşdirmäge çalyşdy.
— Ýok, men ony kazyýete çekerin. Şeýtsem, adalatly bolar. Goý, ol körpejäniň ejesiniň haçan we nädip aradan çykandygyny subut etsin. Onuň ölümine şaýat bolanyň kimdigini aýtsyn?! Gyzjagazyň gürrüňlerini diňleseň, senem biygtyýar oýa batarsyň. Arada obadan öýlerine gidip barýarkak, ol sähralykdaky durmuşyny, ähli zady ýadyna saldy, kakasy, ejesi barada aýdyp berdi… Göwnüme bolmasa, Jozenler çagany ogurlan ýaly bolup dur…
— Besdir, Modýa, özüňi ele al! Dogry, onuň ogly deýýus, ýöne Jozen daýza erbet aýal däl. Edrast kakasynyň agynjak özi. Men, hatda onuň ýaramaz işde tutulyp, göz astyna alnandygynam eşitdim. Bärde onuň ejesiniň hiç hili dahyly ýok — diýip, asudalygyň tarapdary bolan Peşu aýtdy.
— Ýeri, bolýar! Entek görübereris! Meniň elimde bir ynamly delil bar, olam eşiklerdäki harplar. Ol «C. J.» däl-de «J. C.» diýip bellik edilen hemem munuň nädogrudygyna kelläm bilen güwä geçýärin — diýip, Modýa köşeşer ýerde köşeşmedi.
Biraz salymdan Peşu:
— Näme edeli diýsene! Gyzjagazy gözden salmaly. Bardy-geldi, bir zadyň üsti açylaýsa, men şol pursat onuň arkasynda duraryn. Näme etmelidigimi biler ýaly, uýaň bir zatdan şübhelendigi, derrew maňa duýdursyn — diýdi.
— Indi men arkaýyn. Eger Peşu bir meseläniň ugruna çykan bolsa, onda adalatyň ugruna çykýandygyny tutuş şäher bilýär — diýip, Modýa ýoldaşynyň göwnüni göterdi.
Hanym Jozen özi barada aýdylan bu ýaramaz sözleri eşitse, özüni juda erbet duýardy. Dogrusyny dogry aýtmaly, ol şonsuzam wyždan azabyndan ejir çekýärdi. Ol özüni, yzarlanýan ýaly, bir zatda müýnürgeýän ýaly, geň alyp barýardy. Müşderilerine hem goňşularyna hernäçe sypaýy, hoşamaý görünmäge çalyşsa-da, bu meselede barybir şowsuzdy. Dükany adamly, söwdasy gyzgalaňly bolsa-da, müşderiler oňa sowuk daraýardylar, göwünli-göwünsiz gürleşip, dükanda uzak eglenmeýärdiler.
Onuň bar buýsanýany ogludy. Haçan görseň jalaý geýnip, saçyny oňaryp, ellerini gymmat bahaly ýüzükden dolduryp, uzakly gün kofehanada, myhmanhana restoranlarynda, seýilgählerde ýa-da köp adamly köçelerde gözüňi gamaşdyryjy tikilen eşikleri bilen, aýratynam, ejesi ýaly, özlerine degişli gymmat bahaly zatdygyny aýdyp, «J. C.» harplary oýulyp ýazylan sagady bilen hemmeleriň ünsüni özüne çeker ýörerdi.
Hanym Jozen diňe bir Edrasta däl, eýsem, goňşularynyň açyk gapy bilen garşylaýany Ledi Jeýne hem guwanýardy. Jozeniň dükanyna diňe bir owadanja gyzjagazy synlamaga gelýän müşderilerem seýrek däldi. Bu bolsa Jozeniň mertebesini däl-de, şöhratparazlygyny joşdurýardy. Ol Ledi Jeýniň özünden — Polina daýzasyndan beter, Pepsi, Madelon, hatda garryja Jerar bilen has ysnyşykly gatnaşýandygyna düşünýärdi. Gyzjagaz oňşukly hem sylaşykly bolsa-da, oňa asla mähir bererli däldi. Bir gezek körpeje dosty Pepsilere barşyny penjireden synlap duran Jozen:
— Goýnumda ýylan çagasyny saklaýan. Syrkaw wagty ideg edip, gör, men oňa nämeler etdim. Ol maňa näme etdi? Meniň ideg-aladamy näme bilen sylaglady?.. Gopbam diýsänim! Ol meni abraýdanam düşürjek, maýyny tapdygy, üstüňe hapa çyrşajak. Ýagşylygy hemişe şeýdip gaýtarýarlar. Şol gije eneli-gyz ikisini köçä kowan bolsam, gadyrymy şonda has gowy bilerdiler. Belki, bulary tanamadyk bolsam, has gowy bolardy… — diýip içini gepletdi.
XI bölüm
Syrly öý
Jeraryň gök önüm dükanynyň gapdalynda, ýanýodanyň bir burçunda haçan görseň gabsasy pugta ýapyk, iki penjireli, köçä bakyp duran kiçijek öý bardy. Öýüň açyk duran wagtyny hiç kim görmändi. Jaýyň daşyna gök maýsalykdyr gül-gunçalar görnüp duran ýaşyl, beýik diwar aýlanandy.
Howanyň ýagdaýyna garamazdan, Ledi Jeýn her gün diýen ýaly dosty jenap Jerary soramaga baryp, soňra açyk gülgüne, gyrmyzy hem-de ak bägüllerden lezzet almak üçin, hökman säginip geçýän ýeri bolan ýaşyl haýatly öýe çenli gezelenjini dowam etdirerdi. Gyzjagaz kimdir biriniň ajaýyp güllerden biraz ýygyp bermegini, ýa bolmasa, göze görünmeýän ýaşaýjylaryň derwezäni açyp, mellegini synlamaga rugsat bermegini arzuw ederdi. Bu diňe bir Ledi Jeýniň däl, «Hoşniýetli çagalar» köçesindäki ýaşaýjylaryň ählisiniň arzuwydy. Syrly öýe her kim girmek isleýärdi. Çagalaryň käbirine süýtçiniň ýa-da çörekçiniň enaýyja öýjagaza eli harytly gelenini görmek başardypdy. Bir kakylanda, derweze açylyp, ýüzi perdeli aýal çykardy-da, çörek ýa-da bir golça süýt alardy. Şol pursat hem bilesigeliji çagalar ýaşyl haýadyň aňyrsyndaky ýaýylyp ýatan gülzarlygy hem-de kiçiräjik miweli bag-bakjalygy görüp galardylar. Gündizlerine öýüň töwereginde gezmeleýän Ledi Jeýn jaýyň içinden gelýän sary bilbilleriň şadyýan owazyny we gadymy operalardan hem-de ariýalardan pessaýja, emma juda täsirli hiňlenýän zenan sesiniň astynda klawişe saz guralyndan çykýan ýumşak owazy kän gezek eşidipdi. Adatdan daşary tebigy duýgy we ajaýyp ses berlen gyzjagaz derwezäniň öňünde nätanyş aýdymçynyň sesinden uzak wagtlap lezzet alyp durardy.
Şu wagta çenli hiç kim Ledi Jeýniň ýakymly sesiniň bardygyny güman etmändi. Diňe Pepsi, ikiçäk oturanlarynda, körpejäniň ejesiniň öwreden hüwdülerine pessaýja hiňlenişini diňläp bilerdi. Görgüli göýdüjek gyzyň näzijek sesine imrinip, gözüni ýumup, teşneligini gandyryp oturyşy göreniň inini tikenekletjekdi.
Aý görünýär bulutdan,
Parahatja ýat, balam!
Agyl doldy ýyldyzdan,
Huwwa, balam, ýat, balam!
Ledi Jeýn aýdyma hiňlenende, ýanynda başgalaryň bolmagyna rugsat etmezdi. Mişka otaga görünmän giräýse-de, gyzjagaz şobada sesini keserdi.
Bir gezek goja Jerar ir säherde arassa howadan dem almak üçin dükanyndan çykyp, gapysynyň agzyndaky oturgyçda otyrka, syrly öýjagazyň gabsasy ýapyk penjireleriniň öňünde duran Ledi Jeýni görüp, juda geň galdy. Görüp otursa, şaňňy, emma ýakymly sesli biri Jeraryň juwan wagty diňlän köne fransuz operasyndan ariýa hiňlenýärdi. Ledi Jeýniň bar zady unudyp, başyny biraz galdyryp, agzyny çalaja açyp, şol bir ariýany dürs hem dury sesde gaýtalaýşyny gören goja özüni ýitiren ýaly boldy. Ol oňat eşidiler ýaly, assyrynlyk bilen öňe süýşdi. Gyzjagaz haýran galdyryjy dürslük bilen aýdymyň ähli tilsimlerini ýerine ýetirip, sesini beýgeldip hem haýalladyp, üns bilen saza eýerýärdi. Jerar tolgunmakdan ýaňa gözýaşlaryny gizlemek üçin, derrew dükanyna ýygnandy. Bu aýdym onuň ýatlamalaryna örän güýçli täsir etdi.
«Beýle ajaýyp ses ýitip gitmeli däl. Hanym de Otrewiň tekepbirligine gynanýan. Onuň bilen gürleşsem, körpejä sapak bermäge razylaşardy» diýip, goja içini gepletdi. Birsalymdan Ledi Jeýn eline hokgaryny alyp, dükana geldi. Ol goja sypaýylyk bilen salam berip, oturgyçda oturdy. Gyzjagaz çendenaşa agras hem gaýgyly görünýärdi.
— Size bir zat aýdaýynmy, jenap Jerar? Men gulply öýjagaza girip, kimiň aýdym aýdýandygyny bilesim gelýär — diýip, ol pessaýja gürledi.
— Men size onuň kimdigini aýdyp bilerin, kiçijek hanym. Siziň kimiň aýdym aýdýandygyny bilesiňiz gelýämi? Oňa hanym Diýana diýýärler.
— Diýana kim bolýar?
— Diýana hanym de Otrewiň gyzy. Olar iki bolup şol kiçijik öýjagazda ýaşaýarlar. Olaryň näme bilen meşgullanýandyklaryndan welin habarym ýok.
— Olar näme, tüçjar baýmy? — diýip, Ledi Jeýn sorady.
— Ýok, ýok. Olar örän, örän pukara ýaşaýarlar. Diýananyň atasy bilen kakasy birwagt aradan çykdy. Indem ol ejesi bilen hemişe ýapyk duran şol öýjagazda ýaşaýar. Olaryň bu ýere haçan gelendikleri hiç kimiň ýadyna-da düşenok. Men on ýyl bäri «Hoşniýetli çagalar» köçesinde ýaşaýan, ýöne kimdir biriniň derwezeden girip-çykanyny göremok. Hanym Diýananyň gijara öýleriniň öňündäki oturgyçlaryny arassalaýan bolmagy mümkin, bolmasa onuň haçan tämizleýändigini bilýän ýok. Näçe garawullasamam, onuň bu işi haçan edýändigine hiç gabat gelmedim. Wagtal-wagtal ol ir bilen ejesi üçin birki sany pyrtykal almaga dükanyma gelýär — diýip, Jerar jogap berdi.
— Eger men ir bilenjik turup, uzakly gün garaşsam, Diýanany görüp bilerin öýdýäňizmi?
— Belki, görersiň ýa-da görmezligiňem mümkin. Kiçijik hanym, men Diýana hanymyň aýda bir gezek boýdan-başa gara geýnip, galyň perde ýapynyp, eli gara karton gutuly şähere gidýändigin-ä bilýän. Ol öýden çykanda, gutusynyň içi doly, gaýdyp gelende bolsa boş.
— Ol karton guta salyp näme äkidýärkä, jenap Jerar? — diýip, Ledi Jeýn syrly waka bilen içgin gyzyklandy.
— Bilmedim-dä, kiçijik hanym, bu onuň gizlin syry. Hanym Diýana şeýle bir syrly adam welin, ol barada hiç kim hiç zat bilenok. Onuň haçan bazara gidýändigini, näme iýip-içýändigini bilýänem, oňa düşünýänem ýok. Men diňe olaryň öýüne çörek bilen süýdüň getirilýändigini bilýän — diýip, goja çyny bilen jogap berdi.
— Ýöne onuň gülleri bilen guşlar-a kän. Ol her gün fortepianoda saz çalyp, aýdym aýdýar. Belki, ol ajygýanam däldir, kän zat iýesi gelýänem däldir? — diýip, Ledi Jeýn aýdymdan gürrüň açdy.
— Bolup biler, kiçijik hanym. Bu meniň kelläme-de gelmändir, siz — mamla — diýip, Jerar gülümsiredi.
Birdenem Ledi Jeýn gökden düşen ýaly bolup:
— Wah-eý, jenap Jerar! Tas ýadymdan çykan eken, Pepsi maňa bir tokga kelem sargapdy — diýdi.
Goja iň täze kelemi saýlap berip, şirelije pyrtykaldan hödür edensoň, gyzjagaz öýüne dolandy.
XII bölüm
Täze tanyşlyk
Bir gezek ir säherde Ledi Jeýn sabyrlylyk bilen garaşan zadynyň üstünden bardy. Endigine görä, ýanýoda bilen ýaşyl haýada çenli gezmeläp ýörkä, birdenkä derwezäniň gulpunyň şarkyldap, gapysynyň açylandygyny eşitdi. Ýaşy gartaşan, uzyn boýly, hortap, solgun ýüzli aýal bosagada durup, goluny bulap, gyzjagazy çagyrdy.
Ilkibaşda Ledi Jeýn utanyp, nätanyş aýalyň öýüniň töwereginde yzygiderli gezmeleýändigi üçin käýiner öýdüp, birki ädim yza çekildi. Barybir, çekinjeňliginiň hötdesinden gelip, ýylgyragada, derwezä golaý bardy.
— Içeri girip, gülleri synlasyňyz gelýärmi, eýjejigim? — diýip, aýal haýadyň gapysyny açyp, gyzjagaza ýol berdi.
— Eger rugsat berseňiz, Toninem ýanyma alsam bolarmyka? — diýip, Ledi Jeýn begenjinden ýaňa zordan gürledi.
Aýal bir elini çaganyň omzuna goýup:
— Elbetde! Meňem bu guşy ýakyndan synlasym gelýär. Sizi görenime örän şat! Men sizi köp wagt bäri synlaýan — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
— Synlaýaňyzmy? Nädip? Nireden? — diýip, gyzjagaz begençli sorady.
— Haýadymyzdaky yşdan, ondan köp ýeri, hatda, pikir edişiňdenem kän zady görüp bolýar — diýip, ol sözüni gülümsiremek bilen soňlady.
— Diýmek, siz meniň bu ýere gatnaýanymam, garaşyp durýanymam görüpsiňiz-dä? Wah, siz meni näme üçin ozal çagyrmadyňyz? Meň şeýle bir size gelesim gelýärdi. Size goşulyp, aýdym aýdyşymam eşitdiňizmi?
— Ýok, eşitmedim.
— Siziň adyňyz hanym Diýanamy?
— Edil özi. Siziň adyňyz näme?
— Meňkimi? Ledi Jeýn.
— Ledi Jeýn? Ledi diýsene?! Bular ýaly dereje diňe ýokary gatlakdan gelip çykan adamlara berilýär.
— Bilmedim-dä. Ýöne kakam maňa hemişe Ledi Jeýn diýip ýüzlenerdi.
Ledi Jeýn bilen Diýana içeri girdi. Uly bolmadyk aýna galareýa haýran galmaly päkizelikde ýatylýan otaga eltýärdi. Ýüpek perde bilen ýarym örtülen beýik ýatalganyň ýanynda tapdan düşen garryja aýalyň oturan ýumşak kürsüsi bardy. Ol aýal şeýle bir garryjady welin, Ledi Jeýn ozal bular ýaly ýaşdaky adama gabat gelmändi. Onuň ak gar ýaly tozgalap duran saçlary we ýygyrt atan inçejik ýüzi bardy.
— Eje! Ynha, şol size köp gürrüň berýän eli hokgarly körpejäm. Ledi Jeýn, bu bolsa meniň ejem! — diýip, Diýana gyzjagazy öňe süýşürdi.
Garry aýal elini körpejä uzadyp, emaý bilen saçyny sypalady-da, sesini sandyradyp:
— Wah, balajygym, sen juda ejizje ahyry, ullakan hokgar agyr dälmi? — diýdi.
— Toniniň aýaklary uzyn bolsa-da, özi agyr däl. Göterip göresiňiz gelýärmi? — diýip, Ledi Jeýn begençli gürledi-de, guşy uzatdy.
— Ýok, ýok. Hökman däl. Ony elläp görmek däl-de, ýöreýşini synlamak isleýän. Bu durna-ha däldir?
— Bu mawy hokgar. Seýrek duş gelýär diýýärler — diýip, Ledi Jeýn guşuny ýere goýberdi.
Guşy dykgat bilen synlan Diýana:
— Dogry, bu durna däl — diýdi.
Hokgar, endigine görä, bir aýagyny ýygryp, tagaşyksyzlyk bilen beýleki aýagyna bökdi. Bu hereketi oňa asla gelişmeýärdi.
— Gördüňizmi, ol nädip bilýär. Onuň ganatyny görkezmegini isledigim, derrew aýagyny ýygryp, doňňaradaş ýaly bolup duruberer.
Diýana:
— Şonda-da ol özüne çekiji hem üýtgeşik. Men onuň heýkelini ýasamak isleýän — diýip, garryja ejesine soragly nazary bilen garanjaklady.
— Aý, näbileýin-dä, saňa onuň galybyny almak başardaýarmyka? Aýaklarynyň inçejikdigini göreňokmy, muňa sürgüç çydar öýdemok, sähel zada ýyrtylar durar — diýip, kempir şaňňy sesi bilen garşylyk bildirdi.
Guşuň bir aýagyny üns bilen synlan Diýana:
— Aýaklaryny simden ýasap, sürgüç bilen gaplamaga çalşaryn. Görýäňmi, eje, bir hatarjyk sim gerek, gaty köpem däl — diýdi.
— Bilýän, janym. Ýöne onuň tüýem bar-a, onuň tüýüni ýelekleriniň reňkine görä saýlamak gerek.
— Hanym Žurdan maňa nesýe ýüň ugratmaga söz beripdi.
— Wah, Diýana, Diýana! Töwekgelçilik edýäň-dä! Sen-ä ähli ýüňi ulansaň, işiňem başa barmasa, näme etjek? Ördeklerdir sary bilbilleriň bilen bolubersene, şolaryň edil janly ýaly çykýar-a.
— Ýöne ördeklerdir sary bilbiller ýüregime düşdi, eje. Täze, özboluşly zady oýlap tapmak gerek.
— Örän gowy, özüňe göwnüň ýetýän bolsa, garşylygym ýok. Ýöne gaýtalap aýdýan, täze nusga başlap, ördek ýasamak üçin niýetlän ýüňümizi hiç kimiň bilmeýän işine sarp etmek uly töwekgelçilikmikä diýýän. Ýüňüň puja çykmazlygy üçin gowuja pikirlen!
Eneli-gyz öz aralarynda jedelleşýänçä, körpejäniň ýiti gözleri çalasynlyk bilen ähli otagy synlap çykdy. Ýatylýan otag kindiwanjady. Öýüň halysyz düşegi ýöne boýalandy. Diwarda-da hiç hili bezeg ýokdy. Pejiň çykgydynyň üstünde hanym Diýananyň el işleriniň nusgalary bardy. Olar simden ýasalyp, dürli öwüşginli ýüň oralan emeli bagjagazlardy. Oýunjak baglaryň şahalaryna ak hemem sary ýüňden edilen guşjagazlar juda emelleşdirilip berkidilendi. Burunlary bilen penjeleri sürgüçden, tegelek garaja gözleri monjukdan edilen sary bilbiller edil janly ýalydy. Ledi Jeýn bu hazynany elläp görmäge rugsat beriljek pursadyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.
— Gör, nähili ajaýyp! — diýip, ol uludan demini aldy. — Olar nähili ýumşajyk, mymyjak! Bular edil janly ýaly! Meniň Tonimden has owadan. Dogry, Toni bökjekläbem bilýär, çagyrsam, ýanyma-da gelýär, bular bolsa jansyz.
Hanym de Otrew bilen gyzy körpejäniň begenişini uly lezzet alyp synlaýardylar.
— Görýäňmi, janym. Hatda çaga-da seniň tebigatdan alýan uçursyz zehiniňe baha berip bilýär. Men seniň guşjagazlaryň edil janly ýaly haýran galdyryjydygyny hemişe aýdýan. Çagalar aldamaýar, olar öwenlerinde, ak ýürekden öwýärler. Bir zadyň oňat edilendigini şobada aňýarlar. Ördeklerem görkez, janym, hökman görkez! Meniň üçin-ä olar sary bilbillerdenem has janly görünýärler.
Penjiräniň öňündäki stoluň üstünde açyk reňkli flanelleriň, sürgüç taýajyklarynyňdyr bir üýşmek tüýdülen sary ýüňüň arasynda goýlan saryja sütükli oýunjak ördejikleri gören Ledi Jeýn haýran galmakdan ýaňa bökjekläp, ellerini çarpanda, Diýananyň hemişe gamgyn, agras ýüzi ýagtylanan ýaly boldy. Ol birki sany ördejigi saýlap aldy-da:
— Eliňize alyp göresiňiz gelýärmi? — diýip sorady.
Gyzjagaz geplemän, gülgüne aýasyny uzadyp, ördejikleri barmaklary bilen gysymlady-da, sypalap, öpmäge başlady.
— Bulaň gowujadygyny!
— Hawa, ýaman däl. Bulary näme üçin ýasaýanymy bilýäňmi? — diýip, Diýana gürledi.
Gyzjagaz «ýok» diýen terzde başyny ýaýkady.
— Hat ýazylýan stol üçin. Ýeleklerini süpürer ýaly, men bulary dürli reňkli mawutdan taýýarlanan düşeklere tikip goýjak.
Goňşularynyň ýokary gatlakdan hasaplaýan Diýanasy, ownuk işden özüne hem ejesine çörek puly bolar ýaly, hanym Jurdanyň oýunjak dükany üçin ýüňden sary bilbillerdir oýunjak ördejikleri taýýarlaýardy.
Bu gün bolsa düýpgöter garaşylmadyk ýerden Ledi Jeýn täze hoşniýetli dostlaryň eýesi boldy…
XIII bölüm
Aýdym we saz sapaklary
Ledi Jeýn hanym de Otrew bilen ilkinji gezek duşuşanda, Diýananyň nepis işleri bilen juda gyzyklananam bolsa, owadanja öýjagazyň beýleki bir otagyny bezäp duran fortepiano bilen güllere asla üns bermändi. Ýöne Ledi Jeýn söýgüli mawy hokgary bilen täze dostlaryna ikinji gezek gelende, köne saz guralyna örän tankydy nazar bilen garap, ony hemmetaraplaýyn gözden geçirip, çekinjeňlik bilen Diýana sorag berdi:
— Aýtsaňyzlaň, bu fortepianomy?
Şol pursat sürgüçden hokgaryň uzyn aýaklarynyň şekilini ýasap oturan Diýana oňa başyny galdyrman jogap berdi:
— Hawa, janym, bu fortepiano. Sen ozal muny görüpmidiň?
— Onda-da nähilisini! Hatda öýümizde ony çalýardymam. Ejem öwredipdi. Ýöne biziňki siziňkä garanda, has uludy. Oňa roýal diýilýär, özem, ol siziň fortepianoňyzdan üýtgeşik.
Diýana ejesine garanjaklap:
— Siz nirede ýaşaýardyňyz, eýjejigim? — diýip sorady.
— Sähralykda.
— Ol nirede ýerleşýär? Haýsy sähralyk?
— Bilmedim. Bu ýerden has uzakda, ýaýylyp ýatan meýdan bilen çemenzarlykda, ýabylaryň hem owlak-guzularyň kän ýerinde. Ol ýerde meniňem kiçijik guzujyklarym bardy — diýip, gyzjagaz jogap berdi.
— Diýmek, ýanyňda ýaşaýan hanym seniň ejeň däl-dä? — diýip, Diýana ýene sorag berdi.
— Ol ýöne Polina daýza. Meniň ejem bir ýere gidipdir, ýöne hökman gelmeli. Meniň pikirimçe, indi az wagt galdy.
Bu sözleri aýdanda, gyzjagazyň ýüzüne şatlyk nury çaýylan ýaly boldy.
Gürrüňi başga ýana sowmaly bolandygyny aňan Diýana:
— Siz sazy halaýaňyzmy? — diýip sorady.
— Siz näme, penjiräňiziň öňünde durup, aýdym aýdyşymy eşitmediňizmi? Sesimi eşidip, myhmançylyga çagyraryňyz ýaly, men bilgeşleýin sesimiň ýetdiginden gygyrdym — diýip, Ledi Jeýn ýeserlik bilen ýylgyrdy.
— Wah, eýjejigim, mähribanym! — diýip, Diýana gyzjagazy gujaklady.
Soňra ejesine garap, fransuzça:
— Elim degse, oňa saz çalmagy öwretmek isleýän — diýdi.
Ledi Jeýn eneli-gyzy üns bilen synlap durşuna:
— Men fransuzça geplemegem öwrenýän. Pepsi öwredýär. Tiz wagtdan meniň bilen fransuzça gürleşip bilersiňiz. Men eýýäm köp jümläni ýatdan bilýän — diýdi.
Diýananyň gülküsi tutdy.
— Onda ejeme saňa saz öwretmek isleýändigimi aýdanymda düşünensiň. Sen razymy?
— O nähili? Siz maňa fortepianoda saz çalmagy öwretmek isleýäňizmi? — diýip, gyzjagaz tolgundy.
— Saz çalmagy hem aýdym aýtmagy. Ikisinem öwrederin.
Tolgunmakdan ýaňa ýüzjagazy gyzaran Ledi Jeýn:
— Men edil şu wagt aýdym aýdyp bereýinmi? — diýdi.
— Bolýar, aýdyp ber-äý. Men bolsa hokgaryň aýaklaryny ýasap bolaýyn. Soň bolsa özüm aýdym aýdyp bereýin.
Arkan gaýşyp aýdyma başlan Ledi Jeýniň kükreginden şeýle bir owadan owaz syzylyp çykdy welin, Diýana haýran galmakdan ýaňa elini çarpyp goýberdi. Onuň ýüň, hokgaryň aýaklary, hatda durman owradylmaly sürgüji — bar zat ýadyndan çykypdy. Ol jadylanan ýaly ümsüm oturyp, aýdym diňleýärdi. Garryja ejesi gözüni ýumup, hüwdiniň birsydyrgyn näzik owazyna yranyp otyrdy.
Ledi Jeýn aýdym aýdyp bolansoň, tolgunyp duran Diýana:
— Seniň ajaýyp sesiň bar! Sen hökman aýdym aýtmany öwrenmeli! Men saňa öwrederin. Şeýle täsin sesi kämilleşdirmezligiň özi günädir — diýdi.
Eneli-gyz gyzjagaza aýdymdan sapak bermek hakynda maslahatlaşdylar. Şol wagt Ledi Jeýn baga seýle çykyp, anbar ysly gülleriň arasynda uly lezzet bilen gezim edýärdi.
Diýana uzak wagtlap baga seýle çykmady. Ol Ledi Jeýn bilen aýda näçe gezek aýdym-saz sapagyny geçmelidigi hakynda ejesi bilen örän çynlakaý gürrüň etdi. Ahyry hem aýdym-saza hepdede iki sagady sarp etmeli diýen netijä geldiler. Eger daýzasy göwnese, her şenbe güni birki sagat sapak geçmäge mümkinçiliginiň bardygyny Ledi Jeýne aýtmak üçin Diýana alňasap baga bardy.
— Men size aýdym-sazdan sapak berip bilerin, sapakdan soň bolsa, isleseňiz, bagda oturyp bilersiňiz.
Ledi Jeýn begençli habary buşlamak üçin Pepsiniň ýanyna okduryldy. Hemişe şadyýan hem parasatly Pepsiniň maňyz gabyklaryndan doly stola ýüzüni goýup, gözýaş dökmegi ony gaty geň galdyrdy.
Göýdüjek gyzjagazyň çynlakaý tutgaýynyň tutanyny görüp, zähresi ýarylan Ledi Jeýn:
— Pepsi! Mähriban Pepsi! Size näme bolýar? Näme sebäpden aglaýanyňyzy aýdaýyň-da? — diýip, çirkin gygyrdy.
Hokgaryny özünden uzaklaşdyryp, ol hem aglamaga başlady.
— Men… Men seni gysganýan. Munuň samsyklykdygynam bilýän, ýöne nädeýin. Men seniň olara gatnamagyňa garşy… — diýip, elýaglygy bilen gözýaşlaryny sylyp oturyşyna, horkuldap aglady.
— Goýsaňyzlaň, Pepsi! Aglamaň! Men sizi Diaýanadan has gowy görýän ahyry. Meň ýöne aýdym-saz öwrenesim gelýär-dä. Pepsi, mähribanym, maňa aýdym-saz öwrenmäge rugsat beräýiň! Oňat saz çalyp bilmek üçin yhlas ederin, ýöne size bolan söýgimem hiç haçan, hiç wagt öçmez! — diýip, Ledi Jeýn ony köşeşdirmäge çalyşdy.
— Men seniň menden sowamagyňy islämok. Kimdir biriniň saňa menden has ýakyn bolanyny islämok! — diýip, gahardan ýaňa çym gyzyl bolan Pepsi oturan ýerinde gozgandy.
— Siz maňa näme üçin gaharlanýaňyz, Pepsi? Gaharlanmaň, haýyş edýän! Men aýdym-saz öwrenmerin. Gadyrdan Pepsi, men size hokgarymy sowgat bereýinmi, isleýäňizmi? — diýip, körpeje Pepsini gujaklamaga synanyşdy.
Ledi Jeýniň bu sözleri göýdük gyzjagaza şeýle bir täsir etdi welin, onuň gahary el bilen syrylan ýaly, zym-zyýat bolaýdy.
— Meniň eýjejigim! Sen nähili mylakatly. Men welin gaharjaň, rehimsiziň biri. Diýana saňa peýdaly zat etmek isleýär, men bolsa — tersine. Men seniň söýgiňe mynasyp däl, janym. Seniň bagtyňa böwet bolmak meniň üçin haýynlykdyr — diýip, Pepsi gyzjagazy bagryna basyp, ýüz-gözünden ogşady.
Şol pursat Mişka otaga kürsäp girdi. Ýarym-ýaş bolan Pepsini görenden elewräp, gazap atyna atlandy.
— Hanym Ledi! Siz meniň hanymyma näme etdiňiz? Näme üçin ol beýle aglaýar? Bu bolşuna onuň syrkawlaýmagam daş däl. Ol şeýle-de ýarawsyz ahyry. Onuň ejesi, maňa hiç zat bolmaz ýaly, göz-gulak bolmagy tabşyrdy, siz bolsa biziň gyzjagazymyzyň göwnüne degip, gör, nähili aglatdyňyz?! Bu näme boldugy!
— Çüş, Mişka! Seň Jeýni ýazgarmaga hakyň ýok, ähli zada meniň özüm günäkär. Men ony Diýanadan gysgandym. Ondan saz öwrenmegini islemedim — diýip, Pepsi onuň sözüni kesdi.
Mişkanyň duýdansyz gaharlanmagynyň sebäbine düşünmedik Ledi Jeýn özüni çyny bilen aklamaga başlady:
— Men onuň göwnüne degemok, Mişka! Ol men özünden geçendir öýdüp aglaýar. Diýana bilen ejesi hondanbärsi fransuz zenanlar. Pepsi, olara gatnap başlasam, menem şolar ýaly ulumsy bolar öýdýär. Ine, näme üçin aglaýar.
— Gulak asyň, gadyrdanlar! Diýana özüne göwni ýetýän fransuz zenany diýýäňizmi? Hany, maňa aýdyň! Çepiksije, ýüzi ak esgä dönen zenan nireden hondanbärsi fransuz bolýamyş?! Ol, hakynatutma işçi ýaly, daň atyp-atmanka daşaryk çykýar-da, basgançagyň öňündäki oturgyjy gyrdap ugraýar. Edil gyrnak ýaly, oturgyjy kerpiç bilenem sürtüp çykýar.
— Eger ol öz oturgyjyny özi arassalaýan bolsa, onda olar juda pukara ýaşaýan bolmaly. Eger şeýle bolsa, onda olar hondanbärsem däldir — diýip, Pepsi parasatly gürledi.
Ledi Jeýn Diýanadan saz öwrenmäge hanym Jozenden rugsat soranda, ol uly höwes bilen razylyk berdi. Bu onuň üçin garaşylmadyk sowgat boldy. Onuň üçin «ýegeniniň» hanym de Otrewiň okuwçysy bolýandygy ynanar ýaly däldi. Goňşularynyň ýanynda abraýy artjakdy. Iru-giç özüniň hem gizlin öýe ýanaşmaga ygtyýarynyň boljakdygy gümansyzdy.
Emma Ledi Jeýniň üstünligine dostlarynyň arasynda goja Jerar ýaly begeneni bolmady. Ol habary eşidenden, kiçijek, inçejik ellerini süpürip durşuna:
— Örän oňat, gaty gowy, kiçijek hanym! Işiň ugruna! Diýip-aýdar ýaly däl! Diýana de Otrew ýaly ýokary bilimli mugallymyň elinde tälim almak uly bagt! Ol siziň sesiňizi örän oňat kämilleşdirer. Adamlar garry Jerar hiç zat bilmeýändir öýdýärler, ýöne ýalňyşýarlar. Ýaş wagtym nähili bolandygym olaryň kellesine-de gelýän däldir. Jeraryň diňläp görmedik sazy ýokdur. Fransuz operasynda işleýärkäm, köpleriň ýadyna-oýuna düşmejek zatlary görüp, diňläp keýpden çykandyryn — diýdi.
Bagtlylykdan ýaňa gözleri balkyldap duran Ledi Jeýn:
— Siz fransuz operasyna-da gatnaşyp gördüňizmi? — diýip, onuň sözüni böldi. — Pepsi, wagty gelende, meniňem opera gatnaşyp, elimde gül göterjegimi aýdýar… Men akja atlaz köýnek geýip, ak atly araba-da münerin…
Kel kellesini gyşardyp, üns bilen diňleýän guşjagaz ýaly, uly buýsanç bilen körpejäni synlap duran goja Jerar:
— Dagy näme! Men muňa birjigem geňirgenmerin. Men saňa daşy endiredýän ajaýyp sesiň bardygyny aýdýaryn — diýip, joşgunly gürledi.
— Waý, jenap Jerar, siz haçan meniň aýdym aýdyşymy diňläp gördüňiz? Men diňe Pepsi bilen Diýananyň öňünde aýdym aýdypdym. Siz nirede diňlediňiz? — diýip, Ledi Jeýn geň galdy.
— Men sizi diňledim, kiçijik hanym. Säher çagy Diýana öýünde aýdym aýdýarka, sizem derwezäniň öňünde onuň yzyndan gaýtalaýardyňyz. Siz edil guşjagaz ýaly şeýle bir saýraýardyňyz welin, meniň diňläp duranymy görenem dälsiňiz — diýip, goja degişgenlik bilen gözüni gypyp goýberdi.
— Aý, ýog-a! Meni diňläniňize örän şat! Size-de bir gün «Huwwa, balam, ýat, balam!» diýen hüwdini aýdyp bermegimi isleýäňizmi? — diýip, gyzjagaz mylaýym ýylgyrdy.
— Uly höwes bilen! Men aýdym-sazy örän gowy görýän. Oňat aýdym diňlemedigime esli wagt bolandyr. Ol wagtlar meni bir gören bolsadyňyz, gözüňize ynanmazdyňyz, kiçijik hanym!
— Siz şol wagtlaram gulagyňyzy ýalyk bilen ýapýadyňyzmy, jenap Jerar?
— Eger-eger. Häzir welin gulagym agyrýanlygy üçin daňýaryn.
Gojanyň näderejede üýtgändigini bilip, juda gyzyklanan Ledi Jeýn:
— Onda ozalam öňlük dakynýadyňyzmy? Jorabyňyzy ýamaýadyňyzmy? — diýip sorady.
— Öňlük dakyndyňmy diýýäňmi? — diýip, jenap Jerar loh-loh güldi. — Elbetde, ýok. Men towlanyp gidýän şar gara saçly, görmegeý ýigit diýilýänlerdendim. Ynansaň, gara ýüpek jalbarly, ýalpyldap duran bagjykly köwüş geýerdim.
Ýüzüne şatlyk nury çaýylan Ledi Jeýn:
— Goýsaňyzlaň, jenap Jerar, çynyňyzmy? Siziň nähili gelşiklidigiňizi göz öňüme getirýän. Onda siziň ol wagtlar gök önüm dükanjygyňyzam bolan däldir? — diýip sorady.
— Elbetde, ýok, men ol wagtlar başga iş bilen meşgullanýardym. Men size görmegeý, sypaýy geýnüwli jentlmen diýilýänlerden bolandygymy aýtdym ahyryn.
— Siz näme bilen meşgullanýardyňyz, jenap Jerar?
— Men ylym-bilim bilen meşgullanýardym, kiçijek hanym. Men professordym.
— Professor? Bu näme diýmek bolýar? Men beýle sözi öň eşitmändim.
— Professor diýip, ylymdan sapak berýän jenaba aýdylýar.
— Diýmek, sizem sazdan sapak beripsiňiz-dä? Wah, şeýledirem öýtdüm-le!
Jenap Jerar ýeserlik bilen ýylgyrdy-da, başyny ýaýkady.
— Ýok, bilmediňiz, gadyrdan Ledi! Men aýdym-saz mugallymy bolup bilmedim.
— Wah-eý, gynanaýdym! — diýip, Ledi Jeýn lapykeç boldy.
— Ýöne men tans mugallymy boldum. Men — Fransuz operasynyň tanymal baletmeýsteri — diýip, jenap Jerar döşüni gaýşardyp, buýsançly gürledi.
Ledi Jeýn haýran galmakdan ýaňa gözlerini giňden açdy.
— Ynanar ýaly däl — diýip, ol gojanyň daşyndan aýlandy.
— Hawa, eýjejik hanym, bu şeýle. Ertirden başlap men size owadan tans hereketlerini öwredip başlaryn. Siz ajaýyp tans etmegi öwrenmek isleýäňizmi?
Ledi Jeýn begenjinden ýaňa elini çarpyp:
— Bu örän gyzykly bolsa gerek! Meň edil şu wagt tans öwrenip başlasym gelýär — diýdi.
Goja barmagyny agzyna tutup, ümsümlik yşarat etdi-de:
— Çüş, ýöne hiç kime bildiräýmäň! Bu gizlin bolmaly, körpeje Ledi Jeýn! — diýdi.
Ledi Jeýn tans sapagy baradaky syry ýakyn dosty Pepsiden başga hiç kime aýtman, pugta saklajakdygy barada goja wada etdi.
(Dowamy bar).
Rusçadan terjime eden Züleýha GULOWA,
«Dünýä edebiýaty»
