Ledi Jeýn 1 (Roman)

Jemison Sesiliýa WITS,
şotland ýazyjysy
I bölüm
Gök hokgar
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň gözel ýerleriniň biri bolan Tehasdan geçip barýan otlynyň wagonlarynyň birinde syýahatçylaryň arasynda iki sany ýolagçy bardy. Olaryň biri ýas baglap barýan ýaş gelindi. Ýanyndaky bäş ýaşlaryndaky gyzjagazyň onuň öz çagasydygy görnüp durdy. Gyzjagazyň egninde inli gara guşak bilen baglanan akja köýnegi, başynda-da sypaldan edilen ýaýbaň başgaby bardy. Uzyndan gara joraby onuň enaýyja aýaklaryna şaplaşyp durdy. Üsti baglyja ýalpyldaýan köwşi bolsa gözelligine gözellik goşýardy. Onuň üýtgeşik näzijek ýüzi, goýy gök gözleri, öňe çykyp duran uzyn, garaja kirpikleri bardy. Bişen çowdarynyň reňki ýaly altynsow galyň saçy tolkun atyp, egnine düşýärdi we arkasyna baglanan inli guşagynyň üstüni örtüp durdy.
Gyzjagazyň ejesi örän ýadaw hem näsag görünýärdi. Onuň aglap-aglap, gözleri çişip gidipdi, ýaňaklary gyzdyrmakdan ýaňa lowlaýardy, çepiksi ýüzünden ýaşlygyndan ejir göreni bildirýärdi, jöwzaly yssa dodagy gurap ýarylypdy.
Açyk penjiräniň öňünde duran körpeje gyzjagaz göýä surat eseri ýaly ajap görnüşi synlap barşyna, aram-aram ejesine garap: «Entegem kelläň agyrýarmy, eje?» diýip pyşyrdaýardy.
Ejesi balasynyň gürüje saçlaryny sypalap: «Birazrak» diýip jogap berýärdi.
Şondan soň gyzjagaz ýene açyk penjireden synlamagyny dowam ederdi, ejesi bolsa başyny aşak salyp, iki eliniň aýasy bilen ýüzüni gizlärdi.
Otly kiçiräjik duralga gelip sägindi. Bir ýolagçy wagona howlukmaçlyk bilen mündi-de, gyzjagaz bilen ejesiniň garşysyndaky boş ýere geçip oturdy. Ol on alty ýaşlaryndaky ýigdekçedi. Onuň güri gaşlarynyň astyndaky goňras gözleri begençden ýaňa ýanyp durdy. Göräýmäge göwnaçyk hem özbaşdak syýahat etmäge öwrenişen birine meňzeýärdi. Ýetginjegiň bir elinde ýolagçy torbasy, beýlekisinde bolsa depesine bir bölek ýüň mata daňlan inçeden uzyn sebet bardy. Ol goňşularyny synlap durşuna, sebedi ýanynda ýerleşdirip, barmagy bilen gapagyna ýuwaşja kakdy-da, eglip, guşuň sesi ýaly ses çykardy.
Sebetden «Gak, gak» diýen ses eşidildi.
Ýolagçy oglanyň gülküsi tutdy.
Wagonda nätanyş kişiniň peýda bolan pursadyndan bäri penjiräniň öňünden aýrylan altynsow saçly, ýaýbaň başgaply gyzjagazyň ýanyp duran gökje gözleri ýaşajyk ýoldaşyna garap durdy. Ol:
— Eje, sebediň içinde bir haýwanjyg-a bar. Onuň nämedigini şeýle bir bilesim gelýär… — diýip, pessaýja gürledi.
— Men nätanyş birine haýyş bilen ýüzlenip bilmerin ahyry. Onuň gahary gelmegi mümkin.
— Ýok, ýok, eje jan! Men oňa seredemde, ol maňa ýylgyrdy. Ondan görkezmegini sorap göräýeýin-dä, haýyş edýän, eje!
Gyzjagazyň ejesi ýaşajyk ýolagça gytaklap gözüni aýlanda, olaryň gözleri kaklyşdy. Oglanjyk hoşniýetli ýylgyryp, sebede ümledi.
— Göwnüme bolmasa, gyzjagazyň munuň içinde näme bardygyny bilesi gelýän ýaly? — diýip, ol sebediň ýüpüni çözmäge durdy.
— Şeýtseňiz-ä, örän oňat boljak. Gyzym maňa sebetde bir haýwanjygyň bardygyny aýdýar — diýip, gyzjagazyň ejesi mylaýym gürledi.
— Gyzyňyz – mamla. Munuň içinde, hakykatdanam, bir haýwanjyk bar. Ýöne ol janly bolansoň, sebediň gapagyny açmaga gorkýan-da — diýip, ýolagçy oglan jogap berdi.
Körpeje ýaýbaň başgabynyň astyndan oglana soragly nazary bilen seretdi.
Oglan ýylgyryp, sözüni dowam etdirdi.
— Siz şu wagta çenli mendäki haýwanjyk ýalysyna duş gelensiňiz öýdemok. Bu eldeki hemem örän şadyýanja guş. Ýöne ony uçup gitmez ýaly etmegimiz gerek. Wagonyň aýnasy açyk welin, garagoljyk gaçyp gidäýmesin. Näme edeli diýsene, men sebediň gapagyny açyp, elim bilen saklaýyn, siz bolsa içinde näme bardygyny görüň.
Yşdan sebediň içine sereden gyzjagazyň ýüzünde ýylgyryş peýda boldy. Sebediň içinde dyzyny epip oturan janly, uzyn çüňkli, tegelek gözli täsin guşa gözi düşenden:
— Gör, nähili ajaýyp! Bu nähili guşjagaz? Men henize çenli bular ýaly guşy görmändim. Onuň ady näme? — diýip sorady.
— Bu guş bu ýerlerde juda seýrek duş gelýän mawy hokgar.
— Ol mawy däl-ä, biräz gögümtilräk hemem örän gowuja. Ony sypalap görsem bolarmy?
— Elbetde. Eliňizi sebede salyp bilersiňiz, ol sizi çokmaz.
— Men ondan gorkamog-a — diýip, körpeje ýüň mata böleginiň aşagyndan elini geçirip, guşuň ýumşajyk ýeleklerini sypalamaga başlady.
— Wagonyň aýnasy ýapyk bolan bolsady, men ony ýere goýberibem bilerdim. Ol örän owadan ýöreýär. Onuň nähili akyllydygyny bir bilsediňiz. Ony çagyrdygym, derrew ylgap ýanyma gelýär.
— Siz oňa näme at goýduňyz?
— Men oňa «Toni» diýýän. Sebäbi ol kiçijekkä, diňe «Ton-ton, ton-ton» diýip seslenerdi.
— Toni diýdiňizmi? Onda bu kiçijek gyzjagaz bolmaly-da — diýip, körpeje ýylgyranda, onuň ýaňajyklarynda çukurjyk emele geldi.
— Siziň adyňyz näme? Aýyplaşmaweriň, ýöne men siziň adyňyzy juda bilesim gelýär-dä — diýip, ýetginjek gyzjagazdan sorady.
— Men ony size aýdyp bilerin. Meniň adym Ledi Jeýn.
— Ledi Jeýn? Gör, nähili üýtgeşik adyňyz bar — diýip, ýolagçy oglan onuň adyny gaýtalady.
— Kakam maňa Ledi Jeýn diýip at dakypdyr. Şondan bäri hem hemme kişi maňa şeý diýip ýüzlenýär.
Şol wagt gyzjagaza gamgyn seredip oturan ejesiniň gözýaşlary syrygyp gaýtdy.
— Belki, siziňem meniň kiçijek hokgarymy sypalap göresiňiz gelýändir? Ak hokgarlar adaty guşlar bolup biler, ýöne mawy hokgar bu ýerlerde örän seýrek duş gelýändir — diýip, ýetginjek gyzjagazyň ejesine sebedi uzatdy.
— Minnetdar. Bu, hakykatdanam, seýrek duş gelýän guş. Siziň muny özüňiz tutduňyzmy?
— Hawa. Özem örän garaşylmadyk ýagdaýda. Bir gezek ýaňky münen duralgamyň töwereginde aw awlap ýördüm. Bireýýäm garaňky gatlyşypdy. Batgalykdan çykyp, howlugyp barýarkam, birden aýagymyň astynda bir zat «Ton-ton-ton» diýip gygyrýar. Eglip seretsem, hokgar. Eýjejik guşjagaz heniz uçubam bilenokdy. Kellejigini galdyryp, tegelejik gözleri bilen maňa seretdi. Oňa dözmedim. Öýe alyp gaýtdym, eldekileşdirdim. Indi ol meni sesimden tanaýar.
Gyzjagaz eýjejik dolmuşja eljagazy bilen hokgary sypalap bolýança, sebedi saklap duran ýetginjek ony göterip ýerinde goýdy.
— Görýän welin, Jeýn hokgarymyň göwnüne ýarady öýdýän — diýip, ýigdekçe gyzjagazyň ejesine ýüzlendi.
— Hawa, ol haýwanjyklary, guşlary örän gowy görýär. Onuňam oňat görüp saklaýan haýwanjygy köp, ýöne biz olary öýümizde goýup gaýtmaly bolduk. Şonuň üçinem gyzym olary küýseýär.
— Onda maňa Tonini gyzyňyza sowgat bermäge rugsat ediň.
— Minnetdar. Ýöne sizi azara goýmaly.
Gyzjagazyň tolgunyp duranyny aňan ýigdekçe:
— Bu ýerde hiç hili azara galar ýaly zat ýok, ynanaýyň. Barybir, men şähere baranymda, hokgary kimdir birine bermeli bolýan. Tonini mekdebe-de salmazlar. Öýde-de oňa seretjek adam ýok. Şonuň üçinem guşy Ledi Jeýne bermegime rugsat ediň — diýip, ol tutanýerli gürledi.
— Eje jan, mähribanym, rugsat beräý-dä — diýip, Ledi Jeýn şaňňyja sesi bilen ejesine ýalbardy.
Ejesi biraz ikirjiňlenip dursa-da, ahyry boýun boldy.
Täze tanyş körpejä penjiräniň ýanyndan rahat oturar ýaly ýer ýasap berdi. Hokgar uçup gitmez ýaly, perdäni goýberip, sebedi ýerde goýdy. Içinden guşy çykaryp, Ledi Jeýniň dyzynda oturtdy-da, şeýle diýdi:
— Serediň, uzyn ýüp geçirip bolar ýaly, bir bölejik deriden bilezik ýasap, guşuň bir aýagyna dakdym. Bir ýere gideňizde, yzyňyzda garagolluk edip, sizi howsala salmaz ýaly, ony ýüp bilen öýüňizdäki bir kürsiniň ýa-da oturgyjyň aýagyna baglap bilersiňiz.
— Men ony hiç haçan ýeke goýmaryn. Nirä gitsem, ýanym bilen alyp giderin — diýip, körpeje gyzjagaz garşylyk bildirdi.
Ýolagçy oglan sözüni dowam etdi.
— Birden hokgar ýitäýende-de, ony nädip tanamalydygyny görkezeýin — diýip, ol guşuň bir ganatyny ýaýdy. — Şular ýaly garalanan goşmak guşuň iki ganatynda-da bar. Ganatlar ýygnanan mahaly, goşmaklar görünmeýär. Hokgar ösdügiçe, belliklerem ulalar. Eger birden uzak wagtlyk aýra bolsaňyz, ony şu üç sany gara goşmakdan tanap bilersiňiz.
— Onda men ony şu günden öz ýanyma alyp bilerin, şeýlemi?
— Elbetde, sebet ýeňiljek. Siziň ony özüňizem göterip bilersiňiz.
Gyzjagaz başyny kürsä ýaplap, irkilen ejesine garanjaklap:
— Näme diýseňizläň, güjüjegim Karlony, pişijegimi, guzujyklarymy juda göresim gelýär. Ýöne olary ejeme ýatlatmaga çekinýän. Sebäbi ol diňe aglaýar — diýip pyşyrdady.
Körpejäniň gönümelliginden hoşal bolan ýaşajyk ýolagçy oňa şeýle diýdi:
— Gör, siz nähili gowuja gyzjagaz. Ejeňiziňem aladasyny edýäňiz.
Ol sypaýyçylyk edip, gyzjagazdan maşgala ýagdaýy barada soramaga çekindi.
Ledi Jeýn pyşyrdap, sözüni dowam etdi.
— Ejemiň bu dünýäde menden başga hiç kimi ýok. Kakam bizi goýup gitdi. Ejem onuň asla dolanyp gelmejekdigini aýdýar. Biler bolsaňyz, ol dünýäden ötdi. Şonuň üçinem biz öýümizi taşlap gaýtmaly bolduk. Indem Nýu-Ýorka ýaşamaga barýarys.
Ýolagçy oglan özüne ýakymlyja gysmyljyraýan gyzjagazyň saryja saçlaryny mähir bilen sypalap durşuna:
— Ozal Nýu-Ýorkda bolup görüpmidiňiz? — diýip sorady.
— Ýok. Men öýden daşary hiç ýere çykyp görmändim. Biz sähralykda ýaşaýarys. Ol ýerde Karlo, pişijegim, guzujyklarym hemem Günebakar atly ponni atjagazym galdy. Ponnim altynsow bolansoň, şeýle diýip atlandyrdylar.
— Menem Täze Orleanda ýaşaýaryn. Ol ýerde meniňem söýgüli haýwanjyklarym bar — diýip, ýetginjek olary sanap çykdy.
Ledi Jeýn gam-gussasyny unudyp, ony üns bilen diňledi. Ýöne biraz wagtdan başyny aşak salyp, berk uka gitdi. Guşuň elinden alynmagyndan heder edip, mawy hokgary gysymlap oturan gyzjagazyň gülgüne ýaňajygy ýigdekçäniň egnine mäkäm gysyldy.
Agşamara wagon birden janlandy. Oýaly-ukuly, üst-başlaryny tozan baglan ýolagçylar eşiklerini tertipläp, ownuk-uşak goşlaryny ýygnamaga başladylar.
Goňşy oglan mawy hokgary elinden alyp, sebede salýança, Ledi Jeýn uklap ýatyrdy. Şol wagt hem ejesi körpejäniň ukudan oýanandygyny anyklamak üçin, onuň ýanyna baryp, eglip seretdi.
Ukusyndan açylan gyzjagaz:
— Eje jan, ýatyrkam, şeýle bir gowy düýş gördüm. Sähralykda öýümizdedim, mawy hokgar bolsa meniň bilen gezelenç edýärdi. Wah, arman ol düýş-dä — diýip, şadyýan gürledi.
— Seniň aladaňy edeni üçin, bu ýaş oglana oňatja edip sagbolsun aýt hany. Biz Täze Orleana ýetip barýarys. Tur ýeriňden, saçyňy düzedip, başgabyňy geýdireýin.
Guşy ýene sebede saldylar. Ýigdekçe mawy hokgarly sebedi Ledi Jeýne gowşurdy. Körpeje, begenjinden ýaňa, sowgady iki eli bilen aldy-da: «Gör, siz nähili oňat adam. Sizi asla unutmaryn. Tonidenem hiç aýrylmaryn» diýip, begençli gürledi.
Täze tanyş eýjejik gyzjagazyň şatlygyna goşulyp, biygtyýar ýylgyrdy.
— Bize şäheriň Jekson köçesine barmak gerekdi welin, ol şäheriň daşynda ýerleşýän-ä däldir? Irgözin barar ýaly, şäheriň şol künjegine golaý ýerde otly duralgasy barmyka? — diýip, gyzjagazyň ejesi ýigdekçeden sorady.
— Elbetde, bar. Siz Gretna otly duralgasynda düşüp bilersiňiz. Ol ýere edil bäş minutdan ýeteris. Gämi bilen derýadan aşaňyzsoň, göni Jekson köçesiniň başlanýan gämi duralgasyna bararsyňyz. Ol ýerde atly paýtun hemişe bolýar. Şeýtseňiz, wagtam utarsyňyz.
— Siz-ä meni begendiräýdiňiz. Bize garaşýan tanşymyz ýogam welin, Gün ýaşmanka barsak gowy boljak. Gämi duralgasy otly duralgasyndan daşmyka?
— Birnäçe metr uzaklykda, ýöne ony tapmak örän aňsat.
Ýaşajyk ýolagçy: «Ýörüň, men sizi ugradaýyn» diýip, sözüniň üstüni ýetirmekçi boldam welin, wagonyň gapysyny giňden açan ýolbelet: «Gretna! Gretna! Gretna barýan barmy?» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy.
Täze tanyş islegini aýdyp ýetişmänkä, ýas eginbaşly gelniň elinden goşuny alan ýolbelet ony gyzjagazy bilen bile öňe geçirip goýberdi-de, hä diýmän gözden gaýyp boldy. Otly platformada saklandy. Bireýýäm gözden zym-zyýat bolan eneli-gyz ýaşyp barýan Günüň ýagty şöhlesiniň astynda gumaşak ýol bilen alňasap baryşlaryna, biraz wagtdan täze tanyşlarynyň gözüne ildiler. Olar oglanjyga garap ýylgyrdylar hemem baş egdiler. Oglanjyk hem başgabyny çykaryp, elini galgadyp hoşlaşdy. Şondan soň gyzjagazyň ejesi ýas perdesini aýryp, birnäçe gezek oňa mähir bilen baş atdy. Gyzjagaz bolsa oňa eli bilen howa posasyny ýollady.
Parawoz ses edenden, otly haýaljakdan hereket edip başlady. Iki sany ajaýyp şekil — derýa inip barýan eneli-gyzyň keşbi bolsa ýigdekçäniň ýadynda ömürlik galdy.
— Gör, men nähili tagaşyksyz hem samsyk ekenim. Näme üçin olaryň familiýasyny ýa salgysyny soramadym. Olaryň nirä barýandyklarynam-a bilemok. Näme üçin olary ugratmadym diýsene. Ýany çagaly ýarawsyzy nätanyş şähere nädip goýberip bolar? Gyzjagazyň ejesi juda ejiz, aýaklaram zordan hereket edýär. Üstesine, goşlarynam götermeli boldy. Wah, olary ugradan bolsam, iň bolmanda, olaryň kimdigin-ä bilerdim. Olara sorag baryny berip, biynjalyk edip durmagam gelşiksiz-dä. Näme üçin olaryň ýany bilen gitmedimkäm?! — diýip, ol ýerine dolanyp gelýärkä, öz ýanyndan hüňürdedi.
Birdenem ol: «Waý, olar bir zadyn-a galdyrypdyr!» diýip, gyzjagaz bilen ejesiniň oturan kürsüsine okduryldy. Ol ýassygyň aşagyndan ruslaryň ýasaýan gyzyl deriden haşamlanyp ýasalan, «J.C.» harplary ýazylan kümüş ilgençekli kitaby tapdy. Ýolagçy oglan kitabyň gatyny açanda, baş sahypasynda erkek adamyň hatyna meňzeş iňlis dilinde ýazylan «Jane Çetwind» diýen ýazgy bardy.
«Jeýn Çetwind!» Ejesiniň adydyr. Bu kitap gyzjagazyňk-a däl bolsa gerek. Ol bäş ýaşdan gaty uly däldir. Ähä, ynha-da, maşgala bolup düşen suraty” diýip, ýigdekçe içini gepletdi.
Suratda gyzjagazyň, kakasynyň hem-de ejesiniň keşbi bardy. Kakasy görmegeý ýüzli, göwnaçyk, edermen adama meňzeýärdi. Ejesi bolsa beýle bir solgun ýüzli däldi, dideleri gözýaşsyz, tämiz, ýüzi gülüp duran, mylakatly hem bagtly görünýärdi. Üç ýaşlaryndaky gyzjagaz Ledi Jeýn başyny kakasynyň gerdenine ýaplap durdy. Ony tanamak kyn däldi. Onuň şol bir buýra-buýra saçy, gözleri hem şol bir ýylgyryşy bardy.
Bir görende özüne çeken çaganyň tanyş ýüzüni görenden, ýigdekçäniň kalby begençden ýaňa titräp gitdi. «Bu suraty özümde galdyryp bilsem, nähili oňat bolardy. Ýok, beýdip bilmerin. Ol iliňki ahyry. Ony gaýtaryp bermek gerek. Görgüli aýal bulary ýitirendigini biläýse-hä, gynanmak gynanar. Bu barada ertiriň özünde gazede çap etdirerin. Şeýtsem, olaryň salgysynam bilip bilerin» diýip oýlandy.
Ertesi irden Täze Orleanyň esasy gazetleriniň «Ýitirilen we tapylan» bölüminde:
“Ruslaryň gyzyl derisinden haşamlanyp ýasalan «J.G» harply kitap tapyldy.
Salgysy: Mawy hokgar. P.O. №1121” diýen täsin bildiriş peýda boldy.
Bir hepde çemesi mundan öň çap edilen bu bildirişe ne seslenen boldy, ne-de ýitiren zadyny almaga gelen.
II bölüm
HANYM JOZEN
Hanym Jozen daýawlygy hem çekinjeňligi bilen saýlanýardy. Onuň balkyldap duran mahmal ýaly gara gözleri, çüňklek burny we iki sany gyzylja çyzyk bolup görünýän örän inçe dodagy bardy. Ýüzüniň aşaky böleginiň gödekligine garamazdan, Jozeniň dileg etmegi halaýandygyny mälim edip, ýokary garaýan ullakan gözleri kämahal ony mähirli görkezýärdi.
Jozeniň iki sany gowşak tarapy, ýagny bezzat ogly Edrasta çäksiz hem kör söýgüsi we özüni hemmeleriň ýokary gatlakdan hasaplamaklaryna bolan hyjuwly islegi bardy. Ol özüni abraýly zenan hökmünde tanatmak üçin elinden gelenini edipdi. Geçmişi çendenaşa agyr bolupdy, şonuň üçinem köp synagdan geçip, aýratynam, durmuşa çykaýan wagtlary köp zada çydamaly bolupdy. Onuň adamsynyň göçgünli häsiýeti bardy. Bir gezek adamsy sähel salymlyk gaharyna ony basgançakdan iteklänligi üçin, aýagyny döwdürip, ömürlik maýyp bolup galypdy. Şondan biraz wagt geçip-geçmänkä, başga bir elhenç hasrat onuň başyna gelipdi. Adamsy agyr jenaýatda aýyplanyp, ömürlik tussaglyga höküm edilipdi. Biraz wagtdanam aradan çykyp, Jozen kiçijek ogly bilen örksüz galypdy.
Hanym Jozen ynjyk eşikleri tämizleýji bolup işleýärdi. Ol Täze Orleanyň Gretne şäherinde bary-ýogy iki otagdan we aşhana bolup hyzmat edýän aýratyn tamdan ybarat bolan bir gatly jaýda kireýne ýaşaýardy. Köçä bakyp duran gapysyndan içeri girmek üçin, ýaşyl reňke boýalan ikije basgançak galaýmak ýeterlikdi.
Aýdyşlaryna görä, hanym Jozen agşam eýwanda oturyp, goňşulary bilen söhbet edýärdi. Onuň girelgesi gämi duralgasyna barýan köçäniň bir çüňküne garap duransoň, hanym Jozen sekisinde oturyp, geçip barýan ýolagçylary synlamakdan uly lezzet alýardy.
Iýulyň dymyk howaly agşamlarynyň biridi. Nähilidir bir düşnüksiz ýadawlyk duýan hanym Jozeniň ruhy çökgündi. Goňşulary bireýýäm öýlerine ýygnanypdy. Onuň ýeke özi pallap oturyşyna, birden geçip barýan otlynyň sesi eşidildi. Ol elleri haltalardyr düwlen bukjaly geçelgä tarap howlugyp barýan kiçeňräk ýolagçy toparyny synlap durşuna: «Bu gün az gelipdir» diýip, öz ýanyndan samrady.
Biraz wagtdan onuň öýüniň töweregindäki hereketler kesilip, kem-kemden garaňky gatlyşyp başlady. Öýüne golaýlap gelýän ýany kiçijek gyzjagazly, ýas egin-başly gelne gözi düşen Jozen: «Bular kimkä, öz-ä ýolagça meňzeýär welin, näme üçin äwmän gelýärlerkä? Olar gämiden galaýmasalar… Ýetişmeseler gerek» diýip oýlandy.
Sähel salymdan günortadan ýaňy otludan düşen eneli gyz göründi. Bir eli sebetli gyzjagaz beýleki eli bilen ejesiniň köýneginden ýapyşyp gelýärdi. Olaryň daşyndan nätanyş, näbelli bir ýere düşüp, aljyraýandyklary mese-mälim görnüp durdy. Ejesi öwrüm etmekçi bolanda, gyzjagaz ony saklap: «Şu ýerde säginäýeli, eje. Dynjyňy alarsyň» diýip ýalbardy.
Ýas egin-başly gelin ýüzündäki örtgüsini aýranda, hanym Jozeniň röwşen gözleriniň mylaýymlyk bilen garap durandygyny gördi.
— Biraz dynjymyzy almaga rugsat ediň, halys ýaramok, essim aýylyp barýar…Bir käsejik suw haýyş etsem bolarmy? — diýip, ýaş gelin zordan gürledi.
— Häzir, häzir — diýip, Jozen çolak aýagyny unudyp, aladalanmaga başlady. Ol: «Geliň, meniň otagyma geçiň, hallan atýan kürsimde oturaýyň. Siz gämiden gijä galdyňyz» diýdi.
Halys tapdan düşen ýaş gelin höwes bilen içeri girdi. Otag ümsümlikdi, sergindi. Tämiz düşek düşelen birkemsiz ýatalga şeýle bir özüne çekýärdi. Gelin goşhaltasyny ýazdyryp, özüni kürsä oklady-da, başyny ýassyga goýdy. Gyzjagaz guşly sebedini golaýyndaky oturgyjyň üstünde ýerleşdirip, ilki eglip ejesine seretdi, soňra-da hederli nazary bilen nätanyş otagyň içine göz gezdirdi. Jozen bir bulgur suw hemem tor nagyşlaryny tämizlände ulanýan bir çüýşe naşatyrly spirtini alyp, keýtikläp otaga girdi. Ol çalasynlyk bilen syrkaw gelniň agyr ýas perdesini galdyryp, başgabyny çykardy-da, lowlap duran maňlaýyna, ellerine çyg süpürgiji ýapyp sowatdy hem-de spirt ysgatdy. Ejesiniň köýnegini mäkäm gysymlap duran gyzjagaz: «Eje jan, mähribanym, başyň agyrmasy aýryldymy?» diýip, pessaýja sesi bilen sorady.
Iki minut ýaly wagtdan soň ejesi oňa:
— Gowulaşýar, gowulaşýar, eýjejigim — diýip jogap berdi. Soňra Jozene garap:
— Men size örän minnetdar. Özüme gelen ýaly bolaýdym — diýip, gysga hem mylaýym gürledi.
Jozenem, mümkin boldugyndan, ýumşak gürlemäge çalyşdy:
— Siz uzakdan gelýäňizmi?
— San-Antoniadan. Ýöne bu ýere gelinçäm tapdan düşdüm — diýip, ýaş gelin ýene arkasyny kürsä berip, gözüni ýumdy.
Jozen bir görenden, bu gelmişeklerden bir düşewünt tapjakdygyny aňypdy.
— Hawa, aýratynam, syrkaw üçin ýola çykmak aňsat däl… Geçelgeden aňyrda garaşýanyňyz barmy? Belki, sizi gözläp, bu ýere gelerler? — diýip, ol bilesigelijilikli gürledi.
— Ýok-la, bize garaşýan adam ýok. Biz Nýu-Ýorka barýarys. Ol ýerde Jekson köçesinde biziň tanyşlarymyz bolmaly. Iki gün dynjymyzy alar ýaly, olara degip geçerin öýdüpdim. Bu duralgada biderejik düşüpdirin. Aşaky geçelgä çenli gidäýmeli ekenim. Aýaklarym halys diýenimi etmejek bolýar.
— Alada etmäň! Biraz ýatyp dynjyňyzy alyň, gämi dolanyp gelende, sizi turzup, duralga çenli özümjik ugradaryn. Ol beýle bir daşda-da däl. Onda şeýdeliň, men sizi ugradyp, gaýyga mündürerin, derýadan aňyrlygyna geçeniňizde bolsa, ýolagçy paýtuna duşarsyňyz.
— Minnetdar. Siz örän jomart ekeniňiz — diýip, ýaş gelin gözüni süzüp, ýene başyny kürsä goýdy.
Jozen bir pursat syrkaw gelni çyny bilen synlady. Soňundanam ýüzüni üýtgedip, mylaýym ýylgyrdy-da, gyzjagaza ýüzlendi:
— Gel ýanyma, mähribanym, başgabyňy aýryp, kelläňi serginledeýin. Senem yssylansyň.
— Hökman däl, minnetdar. Men ejemiň ýanynda boljak — diýip, körpeje jogap berdi.
— Bolýa, bolýa. Onda maňa adyňyzy aýdaýyň, eýjejigim.
— Meniň adym Ledi Jeýn — diýip, gyzjagaz agras gürledi.
— Ledi Jeýn! Adyňam özüňe gelşip dur. Iň bolmanda, oturyp dynjyňy alaý, ýadamadyňmy?
— Men ajygýan. Agşamlyk edinesim gelýä — diýip, gyzjagaz gönüsinden geldi.
Jozen aşhanasynyň boşdugyny ýadyna salyp, ýüzüni kürşertdi. Ol çagany güýmejek bolup, durman samahyllady. Birdenem golaýlap gelýän gäminiň sesi eşidildi. Syrkaw gelin haýdap başgabyny geýmäge durdy, gyzjagaz bolsa bir eline goşhaltasyny, beýleki eline sebedini alyp: «Haýdaly, eje, haýdaly. Bol, gideli» diýip, begençli gürledi.
— Size näme bolýar? Solup gidipsiňiz, çekiläýipsiňiz! Ol ýere äkitmäge meniňem haýrym degmez. Wah, Rasta-da öýde däl-dä. Ol şeýle bir güýçli welin, sizi gaýyga çenli göterip äkiderdi.
— Hany, özüm synanyşyp göreýin — diýip, ýarawsyz gelin aýak üstüne galandan, entirekläp, edil ýaprak ýaly, Jozeniň gujagyna doldy.
Öý bikesi birbada aljyran ýaly boldy, soňra ýaş gelni çalasynlyk bilen galdyryp, ýatalgada ýatyrdy-da, üst-başyny ýeňletdi. Jozen, çolaklygyna garamazdan, örän gujurly zenandy. Çärýek sagatdan syrkaw gelin eýýäm üsti ýukajyk ýorgançaly tämiz ýatalganyň üstünde ýatyrdy. Ejesiniň sowuk aýasyny ýassanan körpeje Jeýn dynman aglaýardy.
— Goý hany, aglama, eýjejigim. Gel, ejeň maňlaýyny süpürmäge ýardam et. Häzir özüni gowy duýup başlar. Oňa rahat ýatyp dynjyny almak gerek — diýip, Jozen ony köşeşdirmäge çalyşdy.
Gyzjagaz gözýaşyny süpürip, başgabyny çykardy, soňra-da, edil uly adam ýaly, agraslyk bilen goşhaltasyny dörüp: «Ynha, alyň, ysgalýan duz bilen atyr. Oňa ejemiň elýaglygyny batyryp, ysgadaýyň. Ejem şeýtseň gowy görýär» diýdi.
Çaganyň her bir hereketini üns bilen synlap oturan Jozeniň haltadaky birgiden kümüş zatlara hem-de içi doly gapjyga gözi ildi. Gyzjagazyň atyr sepilen elýaglyk bilen ejesiniň dodaklaryny süpürip oturyşyndan peýdalanyp, hilegärlik bilen haltadan birnäçe kümüş şaý-sepleridir gapjygy çykaryp, şkafyň tekjesinde goýdy-da, gapysyny gulplap, açaryny goltugynda gizledi. Ol: «Bu zatlary Rastadan gizlemek gerek. Ol kelesaňlygyny edip, kişiniň zadynyň ýoguna ýanar goýberer welin, soňundan hasaplaşmak iş bolar…» diýip oýlandy.
Jozen näsag myhmany uzak wagtlap iş edinip, özüne getirmäge çalyşdy. Körpeje Jeýn hem aýaga çolaşmazdan hereket edip, oňa, mümkin boldugyndan, yhlasly ýardam berdi. Ahyrsoňy ýaş gelin saňňyldap, iňňildäp, ýuwaşlyk bilen gözüni açdy. Onuň tutuksy nazaryndan heniz aňyna aýlanmandygyny bilmek bolýardy.
— Eje, eje jan, özüňi oňat duýýaňmy? — diýip, gyzjagaz zarynlap, ejesini ogşady-da, bagryna basdy.
— Görýäňmi, eýjejigim, ejeň gözlerini açan bolsa, özüni oňat duýýandyr, oňa dynç almak gerek. Ony bimaza etmeseň gowy bolar, bu oňa zyýan eder. Ümsümje oturyp, oňat ukusyny alar ýaly maý ber. Oňa çenli garbanar ýaly, men saňa ýyljak süýt bilen gaýnadylan tüwi getireýin. Iýip-içip bolanyňdan soň, haltadan çykaran gijeki geýýän eşigiňi geýdirip, ejeň ýanyndan ýer ýasap bererin. Ertire çenli ýatyp dynjyňyzy alsaňyz, özüňizi hasam gowy duýarsyňyz — diýip, Jozen mylakatly gürledi.
Ledi Jeýn öý bikesiniň aýdanlaryna gürlemän boýun bolsa-da, ýatalgada özünden gidip, butnaman ýatan ejesiniň ýanyndan aýrylmaga asla razy bolmady.
— Ejemiň ýanynda oturyp, ýatalgada agşamlyk edinsem bolmazmy, juda ajygýan — diýip, gyzjagaz sorady.
— Elbetde, mähribanym. Özüňize rahat ýerde oturyberiň, kiçijek oturgyjy ýatalga tarap süýşürip, süýt bilen tüwini şonuň üstünde goýaýaryn.
Jozen çalasynlyk bilen ähli zady körpejäniň isleýşi ýaly gurap, onuň işdämenlik bilen garbanyşyny iň ýakymly ýylgyryşyny edip synlady. Soňundanam tabagy hem oturgyjy aýryp, gyzjagazyň eşigini çalşyrdy. Uzyn galyň saçlaryny darap ördi-de, göterip, ejesiniň ýanynda ýerleşdirjek boldy. Birdenem Ledi Jeýn: «Waheý, edenim bar bolsun. Men Tonini ýatdan çykarypdyryn-a» diýip gygyrdy.
Sebetden gelen howsalaly şygyrdyny eşiden aýal:
— Ol ýerde näme bar? — diýip sorady.
— Guş. Mawy hokgar. Ony maňa wagonda bir oňat jenap sowgat berdi — diýip, gyzjagaz ýylgyrdy.
— Ol siziň tanşyňyzmy?
— Ýok. Biz ony birinji gezek görýäs. Dogrymy aýtsam, onuň familiýasynam bilemok. Gelşiksiz görüp, soramaga çekindim — diýip, Ledi Jeýn pessaýja kikirdedi.
— Dogry aýdýaň, ýöne uzynaýak hokgary näme etmekçi bolýaň?
Gyzjagaz sebediň daňysyny çözüp, guşy daşyna çykaryp oturyşyna:
— Bu mawy hokgar ahyry. Özem, örän seýrek duş gelýärmişin — diýip jogap berdi.
Ýatanyňda geýilýän uzyn halatly, eli mawy hokgarly aýakýalaňaç duran mähirlije çaga göýä bir surat eseri ýaly özüni söýdürýärdi. Ledi Jeýn:
— Ony gije boşatsam, gaçyp gider öýdüp gorkýan. Bulam aç bolsa gerek. Men näme etsemkäm? — diýip sorady.
— Gel, näme edeli diýsene, aşhanada öňki totuguşlarymyzyň ýaşan kapasasy bar. Şony getirip bereýin — diýip, Jozen nädibem bolsa çaganyň göwnünden turmaga çalyşdy.
— Size örän minnetdarlygymy bildirýän. Ejem özüne gelende, olam size minnetdarlygyny bildirer — diýip, sypaýyçylykly gürlemekçi bolsa-da, onuň sesi gurak çykdy.
Jozen çalasynlyk bilen hemme işi bitirdi. Kapasany getirip, içinde bir tabak tüwi bilen bir käse suw goýdy. Ledi Jeýn guşy kapasa salyp, gapysyny gulplady-da, ejesini oýarmazlyk üçin, öpmäge milt etmän, bir gyrajykda gyşardy.
Hanym Jozen syrkaw myhmanyna birden bir zat bolaýmasyn diýip, ýarym sagatdanam köp wagt bäri hallan atýan kürsüsinde butnaman otyrdy. Ol: «Eger ony myhman alyp, ideg etsem, oňatja tölese gerek. Meniň pikirimçe, şepagat uýasynyň wezipesini ýerine ýetirmek ynjyk aýallaryň tor nagyşlaryny tämizländen-ä gowudyr. Eger bu görgüli howply kesele uçran bolsa, ony öýde saklanyňdan gowusy bolmaz. Aýratynam, onuň şäherde garyndaşy ýa tanşy ýok bolsa. Gyzgyny galyp başlan bolsa, özüne gelmegi üçinem köp wagt gerek bolar. Eger onuň kimdigini soramankam dünýäden ötäýse, ähli çykdaýjyny onuň puly bilen ýapmagyma hiç zat päsgel berip bilmez. Gapjygynda näçe diýseň pul bar. Diňe seresap hereket etmek gerek. Bular ýaly jogapkärçilik egnimizdekä, lukmana ýüz tutmasak bolmaz. Gowusy şeýdeýin, ertir oňatlaşmasa, lukman Debro ýüz tutaýyn» diýip oýlandy.
Jozen ogluna garaşmak üçin ýene eýwana çykdy. Onuň kellesinde ýaramaz pikirler at salmaga başlady. Ol şeýdip ýolagçylardan pul alyp, öz haýryna ulanmaga meýil edýärdi. Goşhaltadaky kümüş şaý-seplerdir puldan doly gapjyk onda açgözlük duýgusyny oýarypdy. Asyl onuň bütin ömrüne öňünde goýan maksady puldy. Zähmet çekip gazanmak, aýratynam, göwnüýetmezçilik edýän adamlarynyň öňünde kiçelmek iň ýigrenýän zatlarynyň biridi. Hiç kime, hiç zada mätäç bolmazdan, kisäňde ýeterlik mukdarda puluň bolsa, gör, nähili uly bagt?! Rast, tüweleme! Oňa birazrak pul tapyp berseň, derrew girdeji getirjek.
Şol wagtam otagdan iňňildi eşidildi. Syrkaw gelin ýatan ýerinden ikiýana urundy, birdenem ümsümlik aralaşdy. Onuň sesini eşiden Jozeniň tüýleri tike-tike boldy. Kimdir biri onuň içki pikirini eşidýän ýaly bolup göründi. Birhaýukdan soň ol köşeşip, ýene özüçe pikir ýöretmegini dowam etdirdi: «Ýeri, bolýar, Rasta gizlin meýilnamam barada dil ýarmak gerekmi? Oňa käbir kümüş şaý-sepleridir pully gapjygy şkafda gizläp goýanymy aýtsam näderkä?».
Jozen gyzjagazyň goşhaltasyndan ýataňda geýilýän papagyny çykaranda, gapdalyndaky torbadan Nýu-Ýorka barýan otly peteginiň, iki sany goş üçin töleg kagyzynyň hem-de bölek puluň üstünden bardy. Olary Rasta görkezip boljakdy, emma pully gapjyk barada dil ýarmazlyk has gowusydy.
Şol wagt hem oglunyň aýak sesi eşidildi. Edrast şadyýan hiňlenip içeri girdi. Jozen onuň ýatanlary turuzmagyndan heder edip, ýerinden böküp turdy-da, keýtikläp garşylamaga çykdy.
Ýaşajyk Jozen uzyn boýly, giň gerdenli, çypar saçly, gyzyl ýüzli we hemişe gelşikli geýinmegi halaýan ýigitdi. Onuň daş keşbinden çen tutsaň, akylly, mekir hem juda synçy görünýärdi. Ejesine gelişmeýän howlukmaçlygy, onuň solgun ýüzüni we ynjalyksyzlygyny aňan Edrast şobada bir näsazlygyň bardygyny duýdy-da:
— Eje, saňa näme boldy? — diýip seslendi.
— Ýuwaş, gohlama, Rast. Sen ýokkaň, öýde geň zatlar bolup geçdi. Geç, otur hany şu basgançakda, men saňa gürrüň bereýin — diýip, ejesi garaşylmadyk ýagdaýda ýolagçylaryň peýda bolşy hem-de syrkaw gelin barada gysgaça aýdyp berdi.
Edrast ýogyn barmagyny otagyň gapysyna tarap uzadyp:
— Diýmek, olar öýde ýatyrlar-da?! Ajaýyp iş, diýip-aýdar ýaly däl. Bir syrkawa seretmäni boýnuma aldym, üstesine, çagasy bilen — diýdi.
— Men nädeýin?! Öljek bolup ýatan gelni gijäň içinde süýräp çykaryp bilmerin-ä.
— Onuň nähilidigini bir bilýäňmi? Belki, ol gedaý ýa dilegçidir? Ýanynda goşy barmy? Pulunyň bardygyny barlap gördüňmi? — diýip, ogly bilesigelijilikli sorady.
— Wah, Rast, oglum! Men olaň goşlaryny dörmerin-ä. Gyzam, özem oňat geýnüwli, ejesiniň goşarynda zynjyrly, gymmat bahaly sagady bar. Goş haltasyna göz aýlamda, birgiden kümüş zatlaryň üstünden bardym.
— Görsene muny! Diýmek, ol baý bolmaly. Ertir ýola ugramanka, saňa bäş dollaram berer! — diýip, Edrast begenjinden gykylyklady.
— Ertir ol ýola çykyp biler öýdemok. Onuň geleli bäri süýnüp ýatyşy. Eger ertir irdene çenli özüne gelmese, beýleki tarapa geçip, lukman Debrony çagyrmaly bolarsyň.
— Ol nämä gerek? Syrkawy nädip öýde saklajak, ony hassahana äkitmek gerek. Sen onuň adynam-a bileňok, nireden gelip, nirä barýanynam. Eger ol seniň eliňdekä dünýesini täzeläýse, näme diýjek?
— Ony bejerdenim bilenem, barybir öljek bolsa, onda ol meniň günäm däl. Şondan soň yhlasym hem azabym üçin, onuň emlägine eýe çykmaga doly mümkinçiligim bolar.
— Onuň zady ikimize ýetýämi beri? Wah, ejem jan, senem ýeser-äý. Men seniň içiňi bilýän — diýip, Edrast ýuwaşja sykylyklady.
— Seň näme diýjek bolýanyň-a düşünmedim, ýöne bir zady welin anyk bilýän. Eger men syrkawa ideg etsem, ýatagymy paýlaşsam, onda öz muzdumy almaga hakym bar. Ony hassahana äkitmäge ýüregim edenok. Onuň adynam, galmaga gelen garyndaşlarynyň familiýasynam bilemok. Onsoň men näme edeýin? — diýip, hanym Jozen janyýangynly gürledi.
— Akylyňa gelenini et, eje jan… Dogry, ýaş gelne-de ýüregim awaýar — diýip, Edrast soňky jümlesini gülümsiräp aýtdy.
Biraz wagtlyk pikire çümen ejesi yzyna jogap gaýtarjagam bolmady. Birdenem ol:
— Az-owlak pul gazanan-a dälsiň? Bütin gije syrkawyň başynda oturaýjak bolýan welin, agşamlyk ediner ýaly zat galmady. Derrewjik dükana gidip, çörek bilen peýnir getirip bilmezmiň?
— Puluň barmy diýip soraýaňammy? Dur entek. Seret näme getirdim — diýip, işýakmaz ýigit jübüsinden bir goşawuç kümüş çykardy.
Bir sagat geçip-geçmänkä, eneli-ogul aşhanada agşamlyk edinip, dostlukly söhbet edip otyrdylar. Syrkaw gelin bilen gyzjagaz bolsa özlerine berlen otagda berk uka gidipdiler.
Rusçadan terjime eden Züleýha GULOWA,
«Dünýä edebiýaty»
