Ledi Jeýn 4 (Roman)

Ledi Jeýn 4 (Roman)

Jemison Sesiliýa WITS,
amerikan ýazyjysy

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

XIV bölüm

Ledi Jeýniň başdan geçirenleri

Baýramçylyk günlerem ýetip geldi. Kiçijek Ledi Jeýn, heniz çagalygyna garamazdan, kalbynda basyrylgy ýatan arzuw-umytlaryny, hasabatyny baýramçylygyň ahyrky gününe çenli gizlemegi başardy we hemmeler bilen şadyýan, mylakatly hem ünsli bolmaga çalyşdy. Emma söwer dostuny eserdeňlik bilen synlap oturan Pepsi gyzjagazyň birdenkä hiç zat ýok ýerden çuň oýa batyp oturmagyna hem-de gözlerinde ajy gam-gussanyň peýda bolşuna kän gezek gabat geldi.

Ledi Jeýniňem näzikligiň we ünsüň delili bolan baýramçylyk sowgatlary az bolmady. Gyzjagazyň oýanan badyna ilki gözüne ilen zat hanym Jozeniň ýatakhanasyndaky kömür peçden asylgy, içi dykyp doldurylan gara jorap boldy. Ledi Jeýn jorabyň içindäkileri görmäge howlukdy. Bolanjasyny ýele sowrup, haçan görseň puldan kösenip ýören Edrastam körpejäni ýadyndan çykarmandy. Ol gyzjagaza kaşaň geýnüwli gurjak, gymmat bahaly toka bilen bezelen bilguşak sowgat etdi. Bilguşak gurjak üçin däl-de, hut Ledi Jeýn üçin niýetlenipdi. Gurjagyň bilguşagynda bolsa ullakan harplar bilen: «Edrast Jozen baýramçylyk bilen gutlaýar» diýen ýazgy öňe çykyp durdy. Şeýle-de, stoluň üstünde jenap Jeraryň: ýollan bir sebet miwesi bardy. Ledi Jeýn gök-sökleriň arasynda gizlenen owadanja saryja ördejigi tapyp, ony Diananyň ýollandygyny derrew bildi.

Bular gyzjagaz üçin öýde alan ilkinji garaşylmadyk sowgatlary boldy. Pepsilerde-de onuň üçin täze hezillikler garaşýardy. Elbetde, ol hem, gürrüňsiz, kiçijek dostunyň şatlygyna şaýat bolmak isleýärdi. Pepsi iş stolunyň gapdalynda ondan biraz pesräk stoluň goýulmagyny tabşyrdy. Onuň üstünde Peşular maşgalasynyň ýollan ähli sowgatlary ýerleşdirildi. Madelon bilen Pepsi-de öz sowgatlaryny olara goşup, saçaklyk bilen stoluň üstüni örtdüler.

Ledi Jeýn otaga girenden, saçagy galdyranlarynda, birgiden gurjak, oýnawaçlar, suratly kitapdyr şoňa meňzeş zatlar onuň gözüne ildi. Sowgatlaryň arasyndan Pepsiniň kümüş oýmagy, Diananyň ördejigi we Madelonyň beren saz eserleri ýazylan depderi Ledi Jeýn üçin has gymmatlydy.

Hezilligiň ilkinji günki joşguny ýatyşansoň, Ledi Jeýn dostlary bilen günortanlyk edinip, adatdakysy ýaly, bütin gününi olarda geçirdi.

Pepsi Ledi Jeýn bilen ikiçäk galanda:

— Men baýramçylyklary örän gowy görýän. Modýa daýzam hemme çagasyny alyp bize gelýär. Ol bize obadan süýjüdir birgiden sowgat getirýär. Köçede ertirden agşama çenli gaýda-gaýmalaşyk bolýar, adamlar bezenişip gezelenje çykýarlar, agşam bolsa raketalary goýberip, rim uçgunjyklaryny ýakýarlar. Şeýle bir hezil bolýar, hemmeler birek-biregi täze ýyl bilen gutlaýar. Bu örän ajaýyp! — diýip gürrüň berdi.

Şol wagtam Mişka otaga girdi. Ol agzyny giňden açyp ýylgyranda, dişleri şeýle bir ýaldyrardy welin, garaýagyz keşbi ýagtylanan ýaly bolýardy. Ol göräýmäge bir syr saklaýan ýaly bolup, Pepsi bilen Ledi Jeýniň ýanyna bardy.

— Hanymlar, men sizi baýramçylyk bilen gutlamandyryn. Bu gün sowgat berilýändigi kelläme-de gelmändir. Gurjakdyr oýnawaç satyn alar ýaly pulum bolmansoň, men size sowgat hökmünde şirinnan getirdim. Ol örän tagamly diýdiler. Noş bolsun! — diýip, Mişka iňlisçäni ýoýup gürledi.

Bu sözlerden soň garaýagyz gyzjagaz ullakan sary kagyzyň gatyny açyp, gara undan edilen galyň şirinnany stoluň üstüne agdardy.

Hakykatdan hem, Pepsiniň aýdyşy ýaly, baýramçylyk örän hezil geçdi. Peşularyň çagalaram geldi. Olar, söz berişleri ýaly, birgiden sowgatdyr süýjülikler hem getirdiler. Günortanlyk saçagy barada-ha aýdyp-diýer ýaly däldi. Ol Ledi Jeýniň uzak wagtlap ýadyndan çykmady. Modýa daýza, baýramçylyk güni ýoldaşyny ýeke goýmazlyk üçin, säher bilen oba dolandy, çagalaryna bolsa agşama çenli myhmançylykda galmaklaryna rugsat etdi.

Myhmanlar gaýdyp, Pepsiniň sadaja otagyna adaty dymyşlyk aralaşanda, Ledi Jeýn baýramçylygyň juda gyzykly geçendigini bilip galdy.

— Dur entek! Şagalaň güni gelende, hezilligiň nähili bolýandygyny şonda görersiň! – diýip, Pepsi syrly ýylgyrdy.

Pepsiniň bu sözleri Ledi Jeýnde bilesigelijilik duýgusyny oýardy. Ol şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Gündelik sapaklarydyr türgenleşiklerine güýmenensoň, wagt onuň deňinden duýdansyz geçýärdi. Pepsi oňa okamagy, ýazmagy hem tikin tikmegi öwretdi. Irginsiz türgenleşeni bilen gyzjagazyň heniz barmaklaryny «döwüp bilerden» ýaş gelýändigini bilýän kempiriň hernäçe haýpy gelse-de, Diana ony her gün gammany gaýtalamaga mejbur etdi.

Aýdym-saz sapagynyň yzyndan hemişe diýen ýaly Pepsi bilen Mişka üçin iň uly güýmenje bolan tans türgenleşigi gelýärdi. Pepsi haýran galyp oturan tomaşaçy, Mişka bolsa tans edýän gyzjagazyň öňünde durup, elini çarpýan Jenap Jerara öýkünmäge çalyşýardy. Iň gülkünç ýerem — ýaşajyk hojaýynyna öýkünmäge çalyşýan mawy hokgaryň janly çykyşydy. Onuň uzyn aýaklaryny dabara bilen basyp ýöreýşi, duran ýerinde tagaşyksyz bökjekläp, agyr ganatlaryny kakyp, burçdan-burça uçup ýörmesi goja Jeraryň owadan hereketleriniň golaýyndanam baranokdy.

Bir gezek goja Jeraryň gök önüm dükanjygynyň golaýyndan geçmeli bolan Mişka tötänden ozalky baletmeýsterden tälim alýan Ledi Jeýniň tans sapagynyň gidişine şaýat boldy. Şondan soňam mekirje garaýagyz gyzjagaz kiçijek tans mugallymy görende, kikirdemän durup bilmedi.

Ol hanymyň ýanyna ylgap bardy-da, demi-demine ýetmän gülüp durşuna:

— Waý, hanym Pip! Jenap Jeraryň iki aýagyny her tarapa bakdyryp, giň jalbarynyňam epinini galdyryp, tans oýnaýşyny bir görseňiz! Gülüp hezil edersiňiz — diýdi.

Mişka şobada jenap Jeraryňky ýaly durup, birgeňsi hereketlerini etmäge çalyşdy. Pepsi ony synlap durşuna, gülmekden ýaňa gözleri ýaşardy.

— Biziň hanym Ledi Jeýnimiz bolsa mugallymynyň garşysynda durup, ähli hereketini bolşy ýaly gaýtalaýar. Ýöne onuň hereketlerini gözüňi aýyrman synlap durasyň gelýär. Kelte köýneginiň eteginden iki eli bilen tutup, gojanyň daşynda şeýle bir aýlanýar, edil kebelegiň bar-da! — diýip, garaýagyz gyzjagaz durman ýaňrady.

Pepsi gülmekden ýaňa ýaşaran gözlerini süpürip durşuna, Mişkanyň sözüni böldi:

— Kes sesiňi, ýaňra diýsänim! Jenap Jerar ýaly hormata mynasyp gojanyň üstünden gülmäge het edeniň üçin, gowy edip almytyňy almalymykan diýýän.

Hanymyň çyny bilen gaharynyň gelendigini aňan kiçijek garaýagyz gyzjagaz öz ýanyndan öýkeläp, aşhana tarap ýöneldi-de:

— Men näme, üstünden gülýänmi diýsene?! Men öz gözüm bilen gören zatlarymy gürrüň berdim, bar bolany. Gojanyň edil çekirtge ýaly gülkünç towsuşyna men günäkär däl-ä — diýip hüňürdedi.

Şüweleňiň öňüsyrasynda ir bilen Pepsilere gelen Ledi Jeýn gözlerine ynanmady. Stoluň üstünde hoz, maňyzdyr gyzgyn şerbediň deregine, Pepsi öňüne mata bölejiklerini üýşürip, garabaşagaý bolup, bir zatlar tikip otyrdy.

Gyzjagaz onuň ýanyna ylgap bardy-da:

— Näme etjek bolýaňyz, Pepsi? — diýip sorady.

— Domino tikjek bolýan — diýip, agzy bilen iňňebagjyk saklap duran Pepsi üzlem-saplam gürledi.

— Domino? Ol näme bolýar? Men ozal bu barada eşitmändim — diýip, Ledi Jeýn geňirgendi.

— Geň galar ýaly zat däl, sen öň perdeli şüweleňde bolup görmäňsoň bileňok — diýip, Pepsi iňňeleri aýryp, taýýar bolan dominony ( Baýram günleri geýiýän egin-eşikler.) düzetdi.

— Perdeli şüweleňemi? Men-ä hiç zada düşünýän däldirin — diýip, Ledi Jeýn Pepsiniň özüni syrly alyp barşyna biraz öýkeli gürledi.

— Aý, hawa, men bu dominony sişenbä çenli birine ýetişdirip bermeli — diýip, Pepsi edil biri bilen dildüwşen ýaly gürledi.

— Gadyrdan Pepsi, mümkin bolsa, kim üçindigini aýdaýyň-da? Eger bu syr bolsa, men ony hiç kime aýtmaryn.

— Men muny tanyş gyzjagazlarymyň birine tikip bermekçi — diýip, Pepsi gaýçysyny manyly şarkyldadyp, syrly ýylgyrdy.

Kiçijek gollary bilen dostunyň boýnundan gujaklamakçy bolan Ledi Jeýn birdenkä gussa batyp, gyra çekildi-de, oturgyja dyrmaşyp, Pepsiniň ökdeläp giden çalasyn ellerini dykgat bilen synlap oturdy. Pepsi bolsa kikirdäp, mata böleklerini kesişdirip, gasynlary tikmegi hem baglary ýerleşdirmegi dowam etdi.

Ol işläp oturyşyna, başyny galdyrman:

— Muny kim üçin tikýändigimi çyndanam bilip bilmediňmi, Ledi? — diýip sorady.

— Sofi Peşu üçin, bildimmi? — diýip, Ledi Jeýn çekinjeňlik bilen gürledi.

— Düýbünden ýalňyş, bu gyzjagaz meniň has ýakynym.

— Men başgalary tanamog-a. Maňa ýardam ediň, Pepsi!

— Wah, sen akmajyk jüýje diýsänim! — diýip, Pepsi gülümsiredi.

Ledi Jeýn gözlerini giňden açyp, biraz wagt pikirlendi-de, begenjinden ýaňa gyzaryp:

— Bu maňamy? Bu maňa! Çyndanam, bu meňkimi? Mahribanym, gadyrdanym Pepsi! Näme üçin muny maňa şobada aýtmadyňyz? — diýip, gykylyklap, oturan ýerinden böküp turdy-da, dostuny ogşamaga okduryldy.

Pepsi Modýa daýzasynyň daň bilen gelip, süýt daşaýan arabasynda çagalary bilen Kanal köçesinde geçiriljek şüweleňli ýörişe tomaşa etmäge çagyrandygyny aýtdy. Galaýy golçalaryny çykaryp, kiçi çagalar oturar ýaly oturgyç goýjagynam aýtdy. Eý görýän dosty ertirlik edinýänçä, Pepsi oňa Modýa daýzasynyň ertirki meýilnamasy barada jikme-jik gürrüň berdi. Çagalar dabaraly ýörişe özleri bilen Ledi Jeýniňem gatnaşmagyny ejesinden haýyş edipdirler.

Gara daňdandan Pepsiniň otagyna gelen Modýa daýza ýylgyryp:

— Nätjek-dä?! Maňa bir käýinäýme, eýjejigim. Meniň çagalarymyň «Şatlananyňa görä, hezil edip şatlanmaly» diýen düzgüni bar. Arabada baýramçylygy synlap oturmak ýa-da dälizdäki oturgyçlarda ornaşmak olar üçin manysyz. Olar märekäniň içinde, köpçüligiň arasynda lezzet alaslary gelýär. Näme etjegimi bilmän, şunça kelle döwüp, ahyry olara domino geýdirip, märekä goşmaly diýen netijä geldim — diýdi.

— Men körpejämizi gaýgy edýän. Ol köpçülige öwrenişmänsoň, özüni ýitirip, aljyrar, azaşar öýdýän — diýip, Pepsi närazylygyny bildirdi.

— Gorkup oturma! Men uly oglum Tibursiýa kiçilere göz-gulak bolmagy, Ledi Jeýniňem elini goýbermezligi berk tabşyrdym. Sen onuň ýany bilen Mişkanam iber. Mende onuň köne dominosam bar. Ol bujagaz garaja jürjenjige laýyk bolar. Sen ýöne oňa Ledi Jeýniň bir elinden tutmagy tabşyr. Şeýtsek, gyzjagazy gaýgy etmegem gerek bolmaz.

Şeýdip, Ledi Jeýniň baýramçylyk gezelenjine gatnaşmagy hakynda bir karara gelindi.

Ertesi irden tanyş araba Madelonyň bosagasyna gelip durdy. Gülgüne domino bürenen, ýüzjagazy gülgüne, nikaplyja Ledi Jeýniň elinden tutup, Modýa daýzanyň «jüýje sürüsiniň» arasynda oturtdylar. Pepsi ýarym-ýaş bolup hem ýylgyryp, eý görýän dostuna baş atyp, yzyndan garap galdy. Mawy hokgar bolsa, göýä töwereginde bolup geçýän başagaýlyga pisint etmeýän ýaly, bir aýagyna galyp durdy. Nikabyň göz diliginiň astyndan Ledi Jeýniň uçganaklap duran mawy gözleri görünýärdi. Körpeje Peşular ony ogşamakdan ýaňa tas demikdiripdiler, ony arkaýyn oturar ýaly etjek bolup jan etdiler.

Arabada Mişka ýer galmansoň, ýarganatyňky ýaly gara ganatly gyzyl dominoly gyzjagaz Modýa daýzanyň jemlenmeli diýen ýerine tarap okduryldy. Araba Bagçylyk köçesinden geçen badyna, çagalar Mişkanyň syýa ganatlaryny kakyp, şüweleňe ýetişjek bolup, ýanýodadan ylgap barşyny görenlerinde, gülmän saklanyp bilmediler.

Ahyrsoňy araba saklandy. Çagalar paýtundan düşdüler. Demi-demine ýetmän, gara der bolan Mişka edil wagtynda gelip ýetişdi. Modýa daýza kiçijek toparyny dykgat bilen gözden geçirip:

— Diňle meni, Tibursiý! Sen bulaň ulusy bolanyň üçin, hemmesini saňa tabşyrýan, aýratynam, Ledi Jeýni. Onuň elini goýberäýmegin. Aýdanlarymy ýadyňdan çykaryp, çagany ýitiräýmegin! Mişka, senem gyzjagazyň beýleki elinden berkje tut! Sofi, sen bolsa beýleki iki kiçini al-da, doganyň öňüne düş! Iki ortaky, siz bolsa yzyndan gidiň. Aýry ýöremäň, edebiňizi saklaň, başga köçä gitjek bolaýmaň! Ýöriş tamamlandygy, derrew öýe gaýdyň. Ýadarsyňyz, ajygarsyňyz. Araba oba dolanmaga taýýar bolup durar. Mişka, saňa-da hanymyň gören ýeriňe burnuňy sokup ýörmezligi tabşyrandyr. Eger Ledi Jeýne bir zat bolaýsa, onuň gözüne-de görünme! — diýip, Modýa buýruk beriji terzde gürledi.

Mişka syýa ganatlaryny gerip, ähli tabşyryklary ýerine ýetirjegine, Ledi Jeýni ýitirmezlik üçin, özüni suwa urmaga-da taýyndygyna ynandyrmaga çalyşdy.

Modýa daýza araba münüp-münmänkä, jüýjeleri derrew onuň ýanyndan daşlaşyp, begenişip, ýol bilen esasy meýdança tarap ylgadylar.

Her hili egin-eşik geýnen märekäniň goh-galmagalyndan gulagy gapylan ýaly bolan Ledi Jeýn ilkibada çekindi. Soňra Tibursiý bilen Mişkanyň elinden tutup, şatlanyp, olar bilen ylgamaga başlady. Dürli nikap geýnen adamlaryň ala-mula akymy olary özleri bilen alyp gitdi.

Ilkibaşda Mişka özüni birkemsiz alyp barýardy. Ol Ledi Jeýniň elinden tutup, özüni sypaýy alyp barmaga çalyşsa-da, her gezek Peşularyň göçgünli gülküsine sebäp bolup, erkinlige çykmaga howlugýan ýaly, käwagt bir ganatyny kakýardy. Asyl-ha, Mişka ganaty gyrlan hyýaly bir guşa meňzeýärdi. Birdenkä bu jogapkärçilik Mişkany ýuwaş-ýuwaşdan gysmaga başlady we ahyrsoňy ol beren wadalarynyň ählijesini unudyp, Ledi Jeýniň elini goýberdi-de, iki ganatynam ýaýyp, märekäniň arasyna siňip gitdi. Şondan soňam ony gören bolmady.

Ýöriş dabarasy barha golaýlaşýardy. Märekäniň sany has-da artypdy. Çagalary itekläp, her tarapdan gysmaga başladylar. Tibursiý özüni ýitirmezden, ýumrugyny, tirsegini ulanyp, bar güýji bilen itekleşdirip, topbagyny märekäniň içi bilen ýanýoda alyp çykdy. Bolup geçýän hadysany oňat synlap biler ýaly, Ledi Jeýni penjiräniň öňünde oturtdy. Sofiniň öňbaşçylygyndaky ownuk-uşak çagalar bolsa ýanýodada durdular. Şunluk bilen, Ledi Jeýn dabaraly ýörişi aýdyň synlap bildi.

Ýöriş tamamlanansoň, märeke selçeňläp başlady. Ähli zat bolmalysy ýalydy. Tibursiý jogapkärçilikli wezipesini abraý bilen alyp barýardy. Emma gynansak-da, bu uzaga çekmedi. «Hatda, güýçli adam hem özüne maýyl ediji zadyň öňünde ejiz gelýär» diýilýäni boldy. Şeýle pursat Tibursiniňem başyna geldi.

Tomaşadan uly lezzet alan çagalar Modýa daýzanyň ýanyna barýarkalar, birden öýleriň biriniň girelgesinde üýşüp duran mähellä gabat geldiler. Ýokardaky açyk dälizden, şüweleň edýän jalaý, bezemen geýnen ýetginjekler aşakda duran mähellä ownuk pul oklaýardylar. Ýaşulusy-ýaşkiçisi puly biri-birinden öň gapjak bolýardylar. Onlarça adamyň goly howada gaýmalap, goh-galmagal çendenaşa artypdy.

Ilkibada Tibursiý mähelläniň arasyndan geçip gitmekçi boldy, arman ýanýodanyň gyrasyna ýaňyja oklanan kümüş teňňe ýalpyldap gitdi. Oňa ýetmek üçin birki ädim ätmek gerekdi. Oglanjyk özüne erk edip bilmän, Ledi Jeýniň elini goýberip, teňňäni almaga howlukdy. Ledi Jeýn nämäniň-nämedigine düşünip ýetişmänkä, ýeke galdy, ylgaşlap barýan mähelle ony körpe Peşulardan uzaklaşdyryp, özleri bilen alyp gitdi. Gyzjagaz nirä barýandygyny bilmezden, uzak wagtlap ylgady. Ahyry azaşandygyny bildi-de: «Tibursiý! Sofi! Ninetta!» diýip, çirkin sesi bilen gygyryp, tanyşlaryna meňzeş gören domino geýnüwli adamlardan asylyşyp, ikiýana urundy.

Ahyram mundan artyk ylgap bilmejegini bildi. Halys güýçden gaçyp, garader bolan gyzjagaz golaýdaky jaýyň girelgesinde özüni lampa ýere goýberdi.

XV bölüm
Garaşylmadyk halasgär

Gyzjagaz gymyldaman, mähelläni synlap otyrdy. Ol bolýan zatlara geň galmakdan ýaňa näme etjegini bilenokdy. Ilkibaşda Tibursiniň tiz wagtdan tapjagyny umyt edip, kän bir gorkmady. Ýadawlykdan ýaňa onuň aýaklary agyryp, ukusy tutmaga başlady. Wagtyň geçip barýandygyny, hiç kimiň yzyndan gelmeýändigini aňanda bolsa, agysy tutdy. Birdenkä gözýaş dökmekden peýda bolmajakdygyny bilip, özüni saklady. Agzy gurap, çendenaşa ajykmakdan ýaňa başy agyrdy, Tibursiý bolsa henizem gara berenokdy. Ony bütinleý ýatdan çykaran bolsalar nätjek?! Gorkunç pikirler gyzjagazy bir ýerde oturtmady. Ol ýadawlygyny unudyp, dostlarynyň gözlegine çykdy. Köçeler tanyş däldi, belet bolaýanda-da, tapjagy näbellidi. Aýaklaryňdyr adamlaryň sesi onuň gulagyny gapyp, kellesini bulaşdyrýardy. Şol wagt hem başga bir ýakymsyzlyk başlandy. Ýüzi nikaply betniýet biri ony juda yza beriji şekilde bir gapdala itekläp goýberdi, ýene biri onuň başgabyndan çekdi. Ledi Jeýn towşan ýaly gorkup, golaýdaky girelgeleriň birine özüni atdy hem-de janyny ýakjaklar gidýänçä gizlenip durdy.

Ýarym sagat ýaly gizlenensoň, Ledi Jeýn gizlenen ýerinden çykdy. Tanyş ýere gelenine begenip, gyzjagaz basgançakda oturmaga howlukdy. Onuň aýaklary halys diýen etmän başlapdy. Gyzaryp giden ýüzünden nikabyny aýrasy gelse-de, nikaplyka has howpsuz boljagyna düşünip, aýryp bilmedi.

Näme etmelidigi barada oýlanyp otyrka, gapdalyndaky öýe araba gelip durdy. Üç sany erkek kişi — iki uly ýaşly, birem ýetginjek arabadan düşdi. Ýetginjek gyzjagaza tarap ýüzüni öwrende, ol begenjinden ýaňa silkinip, aýak üstüne galdy-da, iki elini ýetginjege uzadyp:

— Bu — men, Ledi Jeýn! — diýip gygyrdy.

Onuň gykylygyna geň galan ýetginjek oňa tarap öwrüldi. Bir sözüne düşünmese-de, gyzjagazyň zaryn sesine onuň ýüregi awady. Ol egni buýr-bulaşyk dominoly kiçijek göwrä çiňerilip seredip durdy. Öz ýanyndan: «Bu bir köçe çagasy bolsa gerek» diýip pikir etdi-de, gyzjagaza üns bermezden, ýoldaşlary bilen girelgä tarap ýöneldi.

Elbetde, ol ýüzi nikaply Ledi Jeýni tanamady, emma gyzjagaz welin ony tanapdy. Bu şol mawy hokgary sowgat beren ýaş ýigitdi. Ol onuň gapdalyndan geçip gitse-de, ony tanamady. Gyzjagaz jan edip gygyran hem bolsa, ol ony eşitmedi. Bu eýýäm öte geçmek bolup, görgüli çaganyň sabyr käsesi dolupdy. Ledi Jeýn basgançagyň üstüne özüni oklap, gözýaş döküp aglady. Aglamakdan ýaňa ähli külpetlerini unudyp, biraz wagt uka gitdi.

Ol kimdir biriniň köýneginden çekip, özüne oýanmagy we öýe gaýtmagy buýurýan zorruk sesine ukudan açyldy. Gözlerini açanda, onuň öňünde uzyn boýly erkek kişi durdy. Gyzjagaz onuň ýüzüne seretmese-de, penjeginiň ýalpyldawuk ilikleriniň, elinde bolsa taýagynyň bardygyny gördi. Ol ýerinden turanda, erkek kişi, kiçijik çagalaryň sütüni süýnensoň, köçede ýatyp galýandygyny aýdyp, öz ýanyndan hüňürdäp, ýoluny dowam etdi. Şol pursat Ledi Jeýn özüne pena hökmünde saýlan ýeriniň howply bolmagynyň ähtimaldygy barada oýlandy. Eli taýakly adam yzyna dolanyp, onuň bu ýerde oturanyny görse, taýagy bilen urmagyndan heder etdi. Wagt ýitirmezden ýola düşüp, öýüne ýetmäge howlukdy.

— Hä diýmän garaňky gatlyşar. Iňrik garalansoň näme işläýin? Wah, tanyşlarymyň biri, Modýa daýza, Tibursiý, Madelon, iň bolmanda, Polina daýza duş gelse-de boljak — diýip, gyzjagaz içini gepletdi.

Polina daýzadan beter, onuň haçan görseň saçyndan çekip: «Siziň alyhezretiňiz» diýip içini ýakýan ýigrenji Rasta öňünden çyksa-da, halasgäri hökmünde onuň boýnuna ýapyşjakdy.

Şol wagt hem Ledi Jeýniň pikiri bölündi. Kimdir biri onuň yzyndan gelip, dominosyndan batly çekdi. Ol gorkup, yzyna gaňrylanda, sary dominoly oglanjyk oňa haýbat bilen seredip durdy. Oglanjyk onuň başgabyndan dökülen bir çogdam sary saçyndan tutup:

— Çüw, çüw. Öňe, atjagaz! Nämä dursuň! Janlan! — diýip, Ledi Jeýni kowmaga başlady.

Gyzjagaz gorkudan ýaňa gaçmaga çalyşdy, emma bezzat oglanjyk onuň saçyndan mäkäm tutup, Ledi Jeýniň üstünden hezil edip gülýärdi.

— Dur entek, men ilki seniň nikabyňy sypyryp, mysalaňy bir göreýin.

Oglanjyk nikaby çykarmak üçin iki elini uzadanda, gyzjagaz onuň elinden sypmagy başardy. Gahardan ýaňa titräp, adatça, özüni mylakatly alyp barýan gyzjagaz birden ýabany ýyrtyja öwrülen ýaly boldy. Ledi Jeýn:

— Degme maňa! Eliňi degirmäge het etme! — diýip gygyrdy-da, göwnüne degen oglanjygyň ýüzüne bat bilen şarpyk çaldy.

Biziň gahrymanymyz bilen başlanan göreşiň onuň ýeňşi bilen tamamlanmajakdygyny aňmak kyn däl bolsa gerek. Oglanjygyň ýaşy uly hemem ondan güýçlüdi. Ledi Jeýniň dominosynyň parça-parça bolup, nikabynyň üzülip, tolkun-tolkun saçlaryň egnine dökülenine bir minut hem geçmändi. Ol urşan oglanjygynyň öňünde gözlerini ýandyryp, ýaňaklaryny gyzardyp, edil surnugan ýyrtyjy ýaly, zordan dem alyp durdy.

Niredendir bir ýerlerden Ledi Jeýne ýaran tapyldy duruberdi. Bir kişi onuň duşmanynyň öňüne atylyp çykdy-da, nämäniň nämedigine düşünip ýetişmänkä, tomaşaçylaryň galmagally gülküleriniň astynda aýagy bilen çalasyn urgulary ýerine ýetirdi.

Bu Ledi Jeýniň köne dosty, jenap Jerardy. Gyzjagaz ilkibada bokurdagy dolup, hiç zat gepläp bilmedi. Soňra-da halasgäriniň ýanyna ylgap baryp, gabarçakly ellerinden tutup, ony berk gujaklady. Onuň goja garap duran ullakan gözleri şatlygyny hem minnetdarlygyny äşgär edýärdi. Nämäniň nämedigini şobada aňan Jenap Jerara hem düşündirmegiň geregi ýokdy. Ol, adatdakysy ýaly, mylakatlylyk bilen gyzjagazy dermanhana eltip, kürsüde oturtdy-da, başyny sypap, onuň üçin bir bulgur suw sargyt etdi. Ledi Jeýn biraz özüne gelip başlanda, onuň agzyndan ilkinji çykan jümle şu boldy:

— Jenap Jerar, siz maňa bir zadyň bolýandygyny nädip bildiňiz?

— Meniň habarymam ýok, muňa tötänlik diýilýär. Men öýe gaýdyp barýardym. Özüňiz bilýäňiz, men indi şagalaň ýaşyndan geçipdirin, beýle ýerlerde kän eglenmäm ýok. Onsoň, öýe gaýdyp barýarkam, burçdan öwrüldim welin, biriniň aglaýan sesini eşitdim. Baksam, meniň kiçijek hanymym aglap dur, bir saryýagyz garagolam onuň saçyndan çekip dur!.. Mazalyja eýini ýetirendirin oň, entekler ýadyndan çykmaz! — diýip, joşgunly gülüp, öz-özünden göwnühoş bolan jenap Jerar ellerini owkalady. — Wagtynda ýetişip, hanymy halas edenim gowy bolaýdy — diýibem, sözüni soňlady.

Olar ýola çykanlarynda, gyzjagaz ähli aladasyny unudyp, şadyýan bökjekläp barşyna, oňa garaşylmadyk ýerden nätanyş adamlaryň arasyna düşüşini hemem galan başdan geçirenlerini jikme-jik gürrüň berdi. Emma goja datly tagamlaryny özüne çekiji görnüşde hödürläp goýan bir arassaja garbanyşhananyň öňünde aýak çekip, gözüni süzüp, rehimdarlyk bilen ýylgyrdy-da, ýoldaşyna ýüzlendi:

— Kiçijek hanym, ajygan bolsaňyz gerek. Sagadam bäş, menem hanyma günortanlyk naharyny hödür-kerem etmek isleýärin.

Süýji tagamlary görüp, gözleri ýanyp duran Ledi Jeýn begenjinden ýaňa:

— Wah, gör, nähili ajaýyp pikir, jenap Jerar! Men gaty ajykdym — diýip gygyrdy.

— Örän gowy! Gel, onda bu garbanyşhanajyga baraly, görýäňizmi, ol nähili tämiz. Iň esasy zadam — tüýs siz ýaly abraýly kiçijek hanyma mynasyp… Onsoňam, siz goja Jeraryň diňe bir tans öwretmekden başy çykman, eýsem, hödür-keremdenem baş çykarýandygyny bilersiňiz.

Ol gyzjagazy dabaraly ýagdaýda garbanyşhana alyp bardy, oturgyjy çekip, körpejäni oturtdy. Soňra äýnegini çykaryp, hyzmatçydan hormat bilen tagamlaryň sanawyny alyp, galamyny çykardy-da, baş egip, ýoldaşyna ýüzlendi:

— Indi bolsa, hanym, iýmek isleýän zadyňyzy aýdyň.

Ledi Jeýn maňlaýyny gasyn-gasyn edip, aşaky dodajygyny dişläp, çyny bilen pikirlendi. Günortanlyk nahary sargyt etmek ýeňil-ýelpaý iş däldi. Ynha-da, onuň bir netijä gelendigini aňladýan gözleri uçganaklap, ýüzünde ýakymly ýylgyryş peýda boldy.

— Meniň buzgaýmak iýesim gelýär, jenap Jerar!

— Elbetde, buzgaýmak — bu örän oňat pikir! Ýöne öňinçä teýli bir zat: bir şakäse çorba, balykly ýa bolmasa… jüýjeli çorba, nohutly kiçiräjik jüýje, biraz işdä açar alsak oňat bolmazmy diýjek bolýan, dogry dälmi? — diýip, jenap Jerar çyny bilen gürledi.

Ledi Jeýn tolgunmakdan ýaňa öňe süýşüp:

— Buzgaýmak näme? — diýip, lapykeçlik bilen sorady.

— Yzyndan buzgaýmagam iýeris, ýany bilen şirinnan, kiçiräjik hoşa üzümem — diýip, gartaşan Jerar titreýän barmaklary bilen bellik edip oturyşyna, köşeşdiriji äheňde sargyt etjeklerini sanady. — Ine-de, sargydymyz taýýar — diýip, ol nurana ýylgyryp, sargydy hyzmatça uzatdy.

Ledi Jeýn makullaýjy terzde baş atdy. Nahara garaşyp otyrkalar, gyzjagaz bilesigelijilik bilen töweregine göz aýlady. Soňra geň galyjylyk bilen jenap Jerara seretdi. Birdenkä ol goja tarap eglip:

— Siz bu gün nähili mylakatly, jenap Jerar, bu örän ajaýyp! Men size şuny aýtjakdym, haýyş edýän, gaýrat edip öňlük dakynmaň! — diýip pyşyrdady.

Şol wagt Pepsi penjiräniň öňünde ýalňyz otyrdy. Onuň göwnüne gün adatdakysyndan uzalan ýalydy. Howsalasy gitdigiçe artyp, şadyýan toparyň peýda bolaryna garaşyp, köçä garaýardy. Modýa daýza gitmezinden ozal, oňa agşamky dabaraly ýörişe garaşmajakdygyny aýdypdy. Şonuň üçinem Pepsi olaryň näme sebäpden eglenýändigine düşünip bilenokdy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, Mişkada gara berenokdy. Ýogsa oňa dabaraly ýöriş tamamlandygy, öýe gaýtmalydygy tabşyrylypdy ahyryn. Ol ýakymsyzyň günortanlygy hiç kimiň taýýarlap bilmejegindenem habary bar ahyryn. Pepsi irdenden bäri hiç zat iýmändi. Irdenki başagaýlyk bilen ol garbanmagy ýatdan çykarypdy. Indem şeýle bir ajygýardy welin, garaşmakdan ýaňa halys bolupdy.

Hokgar hem garaşmakdan ýaňa ýadapdy. Ol ganatlaryny galgadyp, bökjekläp, bagyny çekeläp, gahardan ýaňa çüňki bilen ýeri urmaga başlady.

Hanym Jozen ýaňy bir öýüne gelip, otagynda rahat ýerleşip, günortanlyk edinmäge durupdy. Pepsi gapydan seslenip: «Modýa daýza, çagalar, Ledi Jeýn dagy duşmadymy?» diýip sorady. Dälizde joralary bilen oturyp gaýdan Jozen: «Men juda oňat mähelläň arasyna düşen ýaly, ne bir araba, ne paýtuna üns beripdirin» diýip, oňa gurak jogap berdi.

— Hanym Peşu agşamky dabaraly ýörişi görmek üçin galandyr — diýip, ol göwnübir ýaly gürledi.

Pepsi köşeşmäge çalyşdygyça, howsalasy barha artýardy. Ol Ledi Jeýn açdyr diýip pikir edýärdi. Modýa daýza-da ýany bilen iýer-içer ýaly zat äkitmändi. Şu günki ýaly birgiden adam üýşende, garbanyşhana girmegem aňsat däldi. Modýa daýzaňam olar ýaly mähelläniň içine sokulmajagy bellidi. Mişkanyň öýde ýoklugy ýene Pepsiniň ýadyna düşdi. Bu hem onuň keýpine sogan dogrady. «Oňa gowy edip käýemek gerek» diýip, Pepsi içini gepledip otyrka, Mişkanyň köçeden ylgap gelýänini gördi. Pepsi onuň örän aljyraňňydygyny uzak aralykdan aňdy. Onuň dominosyndan zaýalanman galan bölegi şemala galgap, gülkünç ýüzi bütinleý howsalaly görünýärdi.

Tüweleý ýaly otaga kürsäp giren Mişka:

— Wah, hanym Pip! — diýip möňňürmäge başlady. Hanym Peşu size Ledi Jeýniň ýitendigini habar bermek üçin meni ýollady.

— O nähili ýitdi? Nädip, nirede ýitdi? — diýip, Pepsi iki elini ýokary galdyryp gykylyklap, boýur-boýur gözýaş dökmäge başlady.

— Hol ýerdäki Kanal köçesinde. Biz ony hiç ýerden tapamyzok.

Gahardan ýaňa Pepsiniň gözleri lowurdaýardy.

— Diýmek, siz ony ýeke goýupsyňyz-da!

— Olar ýaly dyknyşykda edip biljek alajyň näme, hanym Pip! Adamlar hyryn-dykyn… Bizi gysyp, biri-birimizden daşlaşdyrdylar, hanym Ledi bolsa şeýle bir kiçijek welin, eljagazy meniň elimden sypyp gidäýdi. Men ony saklajak bolup jan etdim, ýöne başa barmady…

— Tibursiý nirededi? Ol ony nädip taşlap bildi?

— Biziň barymyz biledik, olam biziň ýanymyzdady, hiç zat edip bilmedik, şeýle bir adam kändi diýip aýtdym-a!

— Mişka! Sen meni jähenneme ýollajak bolýaňmy? Diňle, eger-de şu wagtyň özünde Ledi Jeýni tapyp getirmeseň, seni ömrylla ýigrenjekdigimi bilip goý! — diýip, Pepsi gahardan ýaňa dişlerini gyjady.

— Wah, men näme etsemkäm?! Aňyrda her kim onuň gözleginde… Beýle-de özüňizi gynamaň, her näme bolsa-da, jany sag bolsa bolýar…

— Bar, git-de, ony gözle, eşidýäňmi? Ony häziriň özünde alyp gel, ýogsa-da… — diýip, howsala düşen Pepsi arkasyny kürsä ýaplap, iki elinem yzyna geçirdi. — Ýeke özi! Gijäniň bir wagty, wah, meniň görgülijigim… Men bolsa kömek edenden geçen bärde otyryn… Sen näme maňa mölerip seredip dursuň? Güm bol-da, ony tapyp gel! Men aýtjagymy aýtdym! — diýip, Pepsi hozdöwgüji Mişka çenäp azgyryldy.

— Gaharlanmaň, hanym Pip! Men häzir… edil jyn ýaly uçup, ony alyp gelerin — diýip, Mişka göz öňündäki urgudan goranmak üçin, tüweleý ýaly, otagdan gykylyklap çykyp gitdi.

Pepsä ýeke oturmak has kyndy. Ol garalyp barýan iňrige gözüni dikip oturyşyna aglaýardy. Hanym Jozeniň otagynyň çyrasy ýanyp duran hem bolsa, gapysy gulpludy. Agşam sowugy düşüp, köçe boşap galypdy. Görgüli Pepsiniň göwnüni göterjek hiç kim ýokdy. Garaňky otagda ýalňyz özi, diňe mawy hokgar arwah ýaly bir burçda hereket edip, hemişeki «ton, tonuny» dowamly gaýtalaýardy.

Birdenkä Pepsi tigirleriň sesini eşidip, howlukmaçlyk bilen penjireden garanda, tanyş arabany gördi. Ýüregi çalt-çaltdan urmaga durdy.

Ol öz ýanyndan:

— Ahyrsoňy, ynha-da, biziňkiler. Gorkup oturasy zat ýok, ony tapyp, sag-aman alyp gelendirler — diýdi.

Emma eýjejik dostunyň näzijek sesine derek, ol Peşu daýysynyň sesini eşitdi. Yz ýany hem Modýa daýza gamgyn halda otaga girdi. «Ol öýe gelmedimi?» diýen jümle-de onuň ilkinji sözi boldy.

— O nähili? Ol siz bilen dälmi näme? — diýip, Pepsi öňküsindenem beter aglady.

— Boldy et, balam, aglama. Biz ony taparys. Peşu ony tapar. Köşeş. Görýäňmi, garaňky düşüp gelýär, ol bolsa henizem ýok. Men çagalary öýe eltip, Peşunam ýanym bilen alyp gaýtdym. Biz häzir polisiýa gidip barýas. Megerem, ol eýýäm tapylyp, bize garaşyp oturandyr. Her niçigem bolsa, onuň nirededigi polisiýada belli bolar…

— Men duýýardym. Men ony gaty alada edýändigimi size-de aýdypdym… — diýip, Pepsi iňňildedi.

— Ýadymda, ýadymda, ýöne men Tibursä bil baglap bileris öýdüpdim. Görgüli oglum gaty gynanýar. Ol maňa ähli bolan zady gürrüň berdi. Ol onuň ýanyndan aýrylmandyr, diňe birje salym elini goýberipdir… Mähelle çendenaşa köp bolansoň, ony itekläp alyp gidipdirler. Ýel ýaly ýüwrüp, Mişka olardan daşlaşmadyk bolsa, hiç zadam bolmazdy, ýöne ol arabadan düşüşine ökjäni göteripdir.

Pepsi gözlerini ýandyryp:

— Men şeýledirem öýdüpdim! Dur bakaly, ýaramaz gyzjagaz! Ind-ä menden paýyňy alarsyň! — diýdi.

— Ýörälimi, keýwany! — diýip, gapynyň aňyrsyndan Peşunyň sesi eşidildi.

— Daýy jan, haýyş edýän, maňa gyzjagazymy tapyp beräýiň! — diýip, Pepsi oňa ýalbardy.

— Arkaýyn bol, çagam, aňry gitse bir sagatdan ol şu ýerde bolar. Bular ýaly joşgunly günde ýitýän çaga kän. Men şonuň ýaly öýe äkidilmegine garaşýan çaganyň polisiýada onusynyň oturandygyna güwä geçip biljek.

Şol pursat köçeden eşidilen sese Pepsi:

— Bu Ledi Jeýn! Bu onuň sesi! — diýip gykylyklady.

Gapynyň aňyrsyndan çagajygyň şadyýan sesi ýaňlandy. Bir sekunt geçip-geçmänkä, bosagada Mişka peýda bolup:

— Ynha-da, ol, hanym Pip! Men ony tapdym! — diýip, dabaraly ýagdaýda seslendi.

Onuň yz ýany bilen jenap Jerar Ledi Jeýniň elinden tutup, içeri girdi. Gyzjagaz ýakymly ýylgyryp, dostuny bagryna basmaga howlukdy.

— Pepsi, mähribanym! Men azaşyp, ýolumy ýitirdim, jenap Jerar bolsa meni tapdy. Bir nätanyş oglan meniň nikabymy hem dominomy ýyrtdy, menem oňa şarpyk çaldym. Soňam näme etjegimi bilmän durkam, birden jenap Jerar peýda boldy. Ol ony bir gezek iteklän badyna, ol oglan gürüm-jürüm bolaýdy. Şeýle dälmi, jenap Jerar?

Gyzjagazyň sag-aman gaýdyp gelenini görüp, aglamanyň bäri ýany bolup duran Modýa daýza: «Hemme zat gülala-güllük» diýdi. Şol wagt Peşu köne tans tälimçisiniň kiçijek hanymyny halas edişi baradaky «hekaýasyny» diňläp durdy.

— Soň bolsa men jenap Jerar bilen günortanlyk edindim. Naharlaryň tagamyny dagy aýdyp diýer ýaly däl! Buzgaýmagyň, üzümiň, şirinnanyň tagamyny diýsene! — diýip, Ledi Jeýn sakyrdady.

— Jüýjäni diýseňizläň, kiçijek hanym, jüýjeli işdäaçary ýatdan çykardyňyz — diýip, özüniň görnükli hödür-keremi hakynda biperwaý gürrüň berilmegini halamaýan jenap Jerar onuň sözüni böldi.

— Hawa, jüýje-de bardy, balygam, çorba-da, nohudam bardy. Pepsi, siz süýji nohudy iýip görüpmidiňiz? — diýip, Ledi Jeýn tagamlary ünsli sanady.

— Wah, beýle däl, kiçijek hanym, nädip aýtsamkam… Siz birazajyk ýalňyşdyňyz. Ilki çorba, soň balyk, soňam jüýje iýdik. Aýyplaşmaweriň, jenap Peşu, kiçijek hanym biraz ýalňyşdy, ýöne men, hakykatda «kaşaň» günortanlyk naharyny sargyt eden däldir öýdüp pikir etmäweriň — diýip, tolgunmakdan ýaňa ellerini galgadyp, jenap Jerar ýene ara girdi.

— Men beýle pikir edemok, jenap Jerar! Gaýta, men siziň beýik derejeli adam üçinem günortanlyk naharyny sargyt edip biljekdigiňize ynanýan — diýip, Peşu ýylgyrdy.

Goja begenjinden:

— Köp-köp, minnetdar — diýdi-de, hemmeleriň öňünde baş egip, öýüne tarap ötägitdi.

XVI bölüm
Peşunyň bazarlaýşy

Pepsi ertesi irden ejesine:

— Geň zat, geçen agşam Ledi Jeýn ýitende, hanym Jozen azajygam bolsa howatyrlanmady. Göwnüme bolmasa, ol birjigem çaganyň aladasyny etmeýän ýaly. Onuň bar niýeti, gyzjagaz onuň gözüne görünmese bolýar. Ýöne ýadyňdamy, tentek ogly öýe gelmese, her gezek nähili alada edýär — diýdi.

— Geň galar ýaly zat ýok. Onuň bu hazyna bilen kösenjek ýeri kän bolar. Özüni diňleseň-ä öwünýär. Men bolsa bir zady anyk bilýän. Ol barada Burbonow köçesinde kän zat eşidýän. Ýatan çöpi galdyrýan däldir welin, soňuny saýman, özüni bezäp ýör. Ol puly nireden alýar? Meniň pikirimçe, bir adam pukara hemem hiç ýerde işlemeýän bolsa, diýmek, ol ogurlyk edýär. Belki, beýleki adamlar başgaça pikir edýän bolmaklary mümkin, ýöne men-ä ogurlaýandyr hasap edýän. Özüň pikir edip gör, ujypsyzja gazanjy bilen hanym Jozen özüni hem işýakmaz ogluny ekläp biljege meňzeýärmi? Onuň sypatynam özüň görýäň. Ony bir zadyň biynjalyk edýändigi halys ýadaw görünýän ýüzündenem, çöküp giden gözlerindenem belli. Gyzjagaz barada aýtsam, ony alada edýän adamlar bar, biz ony ýeke goýmarys. Ol örän mähirlije, gowuja çaga. Meniň diňe bir zada, oňa kän kömek edip bilmeýänime haýpym gelýär. Ýogsa men ikiňiz üçinem janymy bermäge taýýar — diýip, Madelon aýtdy.

Diňe bir Madelon däl, eýsem, Pepsi hem gyzjagazy edil enäniň söýşi ýaly söýýärdi. Ledi Jeýniň ilkinji gezek Diana de Otrewiň gamgyn, halys bolan ýüzüne ýakymly ýylgyryş bilen sereden gününden bäri, bu ýalňyz zenanyň tukat dünýäsinde täze umyt bolup dogdy. Çagajyk onuň hasratly dünýäsine ýagtylyk hem bagtyýarlyk getirdi. Onuň üçin iň gowy wagt kiçijek okuwçysy bilen bile geçirýän çagydy. Gyzjagaz bilen fortepianonyň öňünde oturyp, onuň uzynja barmajyklarynyň düwmede çalasyn hereket edişini synlamak, ýa bolmasa, bilelikde köne balladalary ýerine ýetirmek Diana üçin ullakan lezzetdi. Gyzjagazam onuň asla gaharyny getirmändi, ol hemişe özüni pespäl, düşünjeli hem mylakatly alyp barýardy, hatda, Diananyň ejesiniň garrylyk iňirdisem gyzjagazy hiç zat üçin ýazgaryp biljek däldi.

Jozen dürli ýollar bilen de Otrew maşgalasyna özüni aldyrmaga çalyşýardy. Ony özlerinden uzakda saklamak üçin eneli-gyz oňa bialaç mümkinçilik döretmeli bolsalar-da, kesgitli gaýtawul, hoşamaýlyk bilen duýduryş hem bermeli bolýardylar. Eger olar onuň ýegenini kabul eden bolsalar, bu entek onuň daýzasynam hoş görýändiklerini aňlatmaýardy.

Jozen sessiz günortanlyk edinip otursa-da: «Men size entek nähili äsgerilmelidigimi görkezerin! Gedaýlar, öz ýanyndan hondanbärsi bolan bolýalar! Dur entek sen, hanym Diana. Siz hakynda käbir zady Mişka aýdyp beripdi… Biraz wagt beriň, onsoň hemmeler bu barada biler. Olar maňa öňlerinde meýletin kiçelýändir öýdýändirler!» diýip içini gepledýärdi.

Hanym Jozen öýkesini şeýdip ýazmaga çalyşýarka, hanym de Otrew bilen Diana-da çagajygy garry jadygöýiň penjesinden nädip sogrup boljagynyň pikirini edýärdiler.

Diana:

— Gyzjagazyň bu aýalyň gol astyndadygy, onuň emrinden çykyp bilmeýändigi, gör, nähili elhenç. Bu ýerde bir syr-a bar, biz onuň eýdip-beýdip üstüni açmaly. Artykmaç pulumyz bolsa dagy, göni aklawça ýüz tutjak-da… Elbetde, eger ol gyzjagazyň ýakyn garyndaşy bolýan bolsa, onuň jedelsiz kanun taýdan oňa eýe çykmaga haky bar, ýöne men gyzjagazy ondan satyn alyp bolarmyka diýýän. Göwnüme bolmasa, Jozen pul üçin hemme zat etmäge taýýar zenanlaryň biri ýaly bolup dur — diýdi.

— Bulam bir boş hyýal, gadyrdan dostum. Biziň pulumyz-a ýok, hiç haçanam bolmaz. Ýöne baý bolaýanymyzda-da, nätanyş biriniň çagasyny elinden almak juda howply töwekgelçilik. Menem bu ýerde bir syryň bardygyny aňýan hemem onuň bujagaz çaganyň hatyrasy üçin äşgär edilmegini isleýän. Emma bu biziň işimiz däl, biziň öz derdimizem ýetik.

— Wah, eje jan, aýdýanyň näme! Adam pahyr pukara bolany üçin, nä sebäbe diňe özüni bilip ýaşamaly bolýar? — diýip, Diana gyjalat berdi.

— Etjek alajyň ýok, gadyrdanym! Bu hemişe-de şeýle. Pukara adama diňe özüni alada edäýmek galýar. Dogry, sen öz göwnüňe osýaň, özüňden beter özgelere düşünýäň. Bu seniň iň kiçijek hereketiňde-de aýdyň görünýär. Dogrusyny aýtmaly bolsa, iň bärkisi hanym Žurdan şu guşjagazlaň nyrhyny bir seň boýnuňa dakman, özi tölemeli ekeni.

— Ýöne eje onuň günäsi näme? Ol bulary satyp bilmedi. Ony agyr günde goýmak meniň üçin adalatsyzlyk bolýar. Guşlaryň geçmedigi üçin ol günäkär däl. Ol maňa täze nusga dörederin diýmedi. Işim şowuna bolmasa, men nädeýin?!

— Bar mesele seniň işiň şowlanlygynda, Diana. Ajaýyp iş etdiň, guşlar edil janly ýaly.

— Hanym Žurdan müşderilere olaryň çüňkleriniň ýaramaýandygyny aýdýar. Boýunjyklarynam uzyn görýärmişler — diýip, Diana çekinjeňlik bilen gürledi.

— Bu olaryň dar düşünjelidiklerini görkezýär. Bular durnaň bir görnüşi, boýunlaram gaty bir uzyn däl. Ýöne hemme kişiň göwnüne ýaraýmak aňsat däl-dä — diýip, ejesi gaharly gürledi.

— Men indi täze nusga döretmeli däl diýen karara geldim. Ördeklerimi, sary bilbillerimi ýasamaga ökdelesemem, maňa ýetik.

— Men muny saňa başda aýtdym. Hemişe-de seni çendenaşa özüne göwni ýetýän adam hasaplaýardym, Diana — diýip, kempir onuň sözüni böldi.

— Dogry aýdýaň, eje, meň çendenaşa özüme göwnüm ýetipdir — diýip, Diana ony makullady.

***

Hanym Jozeniň Hoşniýetli çagalar köçesine göçüp gelen gününden bäri, eýýäm bir ýyl geçipdi. Awgust günleriniň biriniň säherinde Modýa süýt fermasynda peýnir hem-de ýag taýýarlanyşynyň syrlaryna çümüp otyrka, ýanyna Peşu gelip, oňa kiçiräjik kagyz bukjasyny uzatdy-da, açmagyny buýurdy.

— Galyby dolduryp, elimi ýuwaýyn, häzirjik açýan — diýip, Modýa ýoldaşyna hoşamaýlyk bilen ýylgyrdy.

Peşu sessiz baş atyp, süýtli golçalary synlap hem sykylyklap, otagyň içinde iki-ýana gezmelemäge başlady. Soňra-da garaşmakdan ýadap, bukjany açdy-da, hanymlara mynasyp altyn zynjyrly ajaýyp sagady gowşurdy. Modýa şeýle bir geň galdy.

— Sen beýle gözelligi nireden aldyň? — diýip, ellerini süpürişdirip, sagady aldy-da, synlamaga durdy.

Sagat emallanan, gögümtil reňkdedi. Onuň bir tarapynyň ortarasy göwher şahajyk bilen bezelen, beýleki tarapynda bolsa owadan edilip haşamlanan «J.C.» harplary bardy.

— «J.C!» Bu kiçijek Ledi Jeýniň köýnejigine nagyşlanan harplar ahyry! Sen bu sagady nireden aldyň? Bu kimiňki? — diýip, Modýa gykylyklady.

— Meňki — diýip, ýoldaşy gülümsiredi.

Ol äpet barmaklaryny gursakçasynyň omzundan geçirip hem sykylyklap, aýalynyň öňünde durdy. Modýanyň ynamsyz bakyşlaryny synlap durşuna, sowukganlylyk bilen jümlesini gaýtalady: «Saňa meňki diýil-dä. Men ony satyn aldym».

— Geň galaýmaly! Haýsydyr bir köne gazetdäki gutujyksyz ajaýyp sagady ýadyňa salýar… Sen ony nireden satyn aldyň? — diýip, Modýa allaniçigsi boldy.

— Men ony polisiýanyň kazyýetindekäm satyn aldym.

— Polisiýanyň kazyýetindekäm? — diýip, düýbünden aňy bulaşan Modýa onuň aýdanyny gaýtalady. — Kimden aldyň?

— Rasta Jozenden.

Modýa biraz wagt ýoldaşyna çiňerilip duransoň:

— Men saňa aýdypdym-a! — diýip, joşgunly gürledi.

— Näme aýdypdyň? — diýip, ýoldaşy begençli ýylgyrdy.

— O nähili näme? Bu zatlaryň barysy, hatda, bu sagadam, umuman, «J.C.» harplary bilen bellik edilen ähli zat ogurlanan. Bularyň barysy gyzjagaza degişli, ol bolsa Jozen bilen garyndaş däl.

— Ýuwaşrak, keýwany, ýuwaşrak.

— Polisiýanyň kazyýetinde Rastaň näme işi bar?

— Ol şübhelenilýän hökmünde göz astyna alnypdyr, ýöne günäkärligi subut edilenok.

— Şu sagady ogurlamakda şübhelenýärlermi?

— Ýok, başga bir meselede. Ýöne ondan bu sagadyň tapylmagy oňa garşy gelýän delilleriň biri boldy. Muny, gelip-gelip, meniň satyn alşymy diýsene! Hakyt maňlaý-da! Men kazyýetiň golaýyndan geçip barýarkam, gapysyndan äňetsem, ýygnananlaň arasynda Rasta-da bar. Gyzyklandym-da, işi öwreneýin diýip, içeri girdim. Görüp otursam, ony käbir şaý-sep dükanyny talan ogrular toparynyň hatarynda ele salypdyrlar. Rasta garşy subutnama bolmasa-da, «sagat» kazyýet üçin şübheli göründi. Kazy Rastadan ony nireden alandygyny soranda, deýýus onuň merhum ýeňňesine degişlidigini, ýogalmanka, ejesine goýup gidendigini, ejesiniň bolsa ony özüne berendigini aýtdy. Kazy ondan: «Ýeňňeňiziň ady näme?» diýip soranda, düşnüksizlik ýüze çykdy. Rasta onuň adynyň Klara Jozendigini aýtdy, kazy bolsa sagada seredip: «Göwnüme bolmasa, «J» harpy birinji gelýän ýaly-la? Göz aýlamak isleýäňizmi?» diýdi-de, sagady gullukça, soňam beýlekilere geçirdi. Olar, hakykatdanam, tertip boýunça «C.J.» däl-de, «J.C.» ýazylandygyny tassykladylar. Ol işýakmaz bolsa diýýämiňem diýmän syrtaryp dur. Jalaý geýnişi, utançsyz keşbi agyn kakasy-da! Pahyr Andreý Jozeniňem baryp ýatan bihepbe adam bolandygy ýadymda…

— Onuň sagady nireden alandygynyň anygyna ýetilmedimi? — diýip, Modýa sorady.

— Ýok. Ýöne, barybir, kazy şübheli şahs hökmünde Rastany otuz günlük azatlykdan mahrum etmeli diýen netijä geldi.

— «Geçirimlilik bilen çykarylan gazaply höküm!» diýsene — diýip, Modýa azmly gürledi.

— Oňa gönümel degişli delil ýok diýip aýdyl-da saňa. Iň bolmanda, bir aý ýygnalany üçinem ol taňryýalkasyn aýtmaly. Meniň sagady satyn alşymam aýdyp bereýin. Ol beýleki ýygnalanlar bilen gürleşip durka, söwdalaşýandygyny eşitdim. Biri oňa elli dollar hödürledi. Rasta oňa: «Sen meni kim hasaplaýaň? Maňa pul zeruram bolsa, bular ýaly gymmat bahaly zady bu bahadan berer ýaly akmak däl» diýip, sagady jübüsine saldy. Ýene biri oňa altmyş dollar teklip etdi. Rasta almady. Şol wagtam men ýanyna bardym. «Sagadyňyzy görmäge rugsat ediň. Eger ol göwnüme ýarasa, belki, ony satyn alaryn» diýdim. Özümem sagady ölemen satyn almak isleýändigimi aňmagyndan heder edip, oňardygymdan arkaýyn gürlemäge synanyşdym. Göwünli-göwünsiz uzadanam bolsa, onuň sagatdan çaltrak dynmaga çalyşýandygyny aňdym. Synlap bolamsoň: «Saga-da ýaman däl, ýetmiş bäş dollar bereýin» diýdim. «Haý, üýşmek bede diýsänim!» diýen bolup, ol meniň köýnegime at dakdy — diýip, Peşu müýnli syrtardy.

Modýa özüne zordan erk edip:

— «Şähere gideňde, köýnekçe gitme» diýip, men saňa näçe gezek aýtdym, Peşu! Penjegiň bar ahyry… Gýuýo seret, beýlekilere bir seret, hemmesi penjekli… — diýdi.

— Köýnekli ýa penjekli, tapawudy näme? Men derejä kowalaşamok. Men bir halal zähmetkeş, köýnegimden birjigem utanamok. Men onuň aýdanlaryny gulagymyň ýele ýanyndan geçirip, oňa togsan dollar teklip etdim. Ýanymda ýeterlik pulum bardy. Gapjygymy çykaryp, sanamaga başlamda, bu oňa täsir eden bolmaly. Sebäbi ol şolbada sagady diýen bahamdan bermäge razylaşdy. Dogry, men ogurlykdyr öýden zadymy hiç wagt satyn almazdym, sebäbi deýýusyň ony ogurlandygyna ynamym bar, ýöne men muny gyzjagazyň hatyrasy üçin aldym. Günlerde bir gün bu sagat olaryň syryny açmaga kömek eder hemem olar üçin harçlanan pul gyzjagazyňam derdine ýarar diýip pikir etdim.

— Sen — mamla, Peşu. Elbetde, togsan dollar biz üçin uly pul, aýratynam, Mariniň aladasyny edip ýörkäk. Ýöne bujagaz mähirlije çaga üçin elimizden bir iş gelýän bolsa, pul üçin asla gynanamok.

Modýa sagady synlap, biraz salym sessiz oturansoň, oýlanyşykly gürledi:

— Käşgä sagat gepläp bilýän bolsady.

— Garaş, entek biz ony gürlär ýaly ederis — diýip, Peşu duýgudaşlyk bildirdi.

— Hawa, gepläp bilse, aýtjak zad-a kändir. Her niçigem bolsa, ony kezzabyň penjesinden sogrup alanymyza begenýän — diýip, Modýa sözüniň üstüni ýetirdi.

Peşu sagady eline alyp, ýokarky gapajygyny açyp, içinde nämedir bir zadyň bardygyny görkezdi.

— Ýalňyşmaýan bolsam, bu bize yz çalmaga kömek etse gerek. Häzirlikçe sagady meniň sandyjagymda gizläp goý, ony satyn alanymam hiç kime aýdaýma. Hatda, bu barada Madelonyňam bilmegini islämok. Saňa ýene bir zat aýdaýyn, keýwany, sen bu Jozeni gözden salmasaň, oňat bolar, belki, bir zat gözüňe iler…

— Wah, Peşu, sen ony tanaman dursuňmy? Ol şeýle bir mekir welin, özüni asla ele bermez. Men ony köpden bäri yzarlaýan, ýöne jinnik ýaljagam peýdasy ýok.

— Onda näme edeli diýsene, keýwany. Mende bir pikir bar, ýöne sabyrly bolmagyňy hemem ony amala aşyrýançam, maňa biraz wagt bermegiňi haýyş edýän — diýip, Peşu pessaý gürledi.

Modýa oňa sabyrly boljakdygyna söz berdi.

XVII bölüm
Hanym Jozeniň şowsuzlygy

Peşunyň sagady satyn alan gününden bäri üç gün geçipdi. Säher bilen garaşylmadyk ýerden hanym Diananyň bakjasynda hanym Jozen peýda boldy. Ol yzgytsyz, gopbamsy bakyşy bilen garap durdy. Ol bir mesele bilen gelendigini beýan edip, derwezäni doly açyp, bosagada sägindi. Salamdan soň ýan jübüsinden içi dykyp doldurylan bukjany çykaryp, ulumsylyk bilen Diana ýüzlendi:

— Siz bilen hasaplaşmaga rugsat ediň.

— O nämäň hasaby, hanym Jozen? Meniň bilşimçe-hä, biziň aramyzda hasaplaşar ýaly zat ýok — diýip, Diana sowukganly gürledi.

— Men Ledi Jeýniň saz sapaklarynyň muzduny tölemäge borçly. Siz oňa birnäçe aý tälim berdiňiz, şonuň üçinem zähmetiňiziň nyrhyny talap etmäge doly hakyňyz bar.

— Duruň entek, hanym Jozen! Bu ýerde bir düşünişmezlig-ä bar. Özüm öwretmäge ak ýürekden höwes bildiremsoň, gyzjagazyň sapaklary üçin pul almak meniň kelläme-de gelmändir. Men oňa öz isleg bildirenim üçin sapak berdim. Onuň üçin nyrh kesmeýändigime düşünensiňiz diýip umyt edýän — diýip, tolgunmakdan ýaňa titreýän sesi bilen Diana närazylyk bildirdi.

— Tersine, men siz bu pula garaşýansyňyz öýdüpdim. Ledi Jeýniň sapaklarynyň muzduny töläp biljek ýagdaýdakam, näme üçin siz mugt öwretmeli?!

Jozen bir petde hasaplaşyk peteklerini çykaryp, yzgytsyzlyk bilen Diana uzatdy.

— Şeýle kyn günde ýaşaýarkaňyz, puldan ýüz öwürmeli däl ahyryn. Siziň bilen häziriň özünde hasaplaşyp bilýändigime men gaty begenýän. Siz, hakykatdanam, örän oňat mugallym. Gyzjagazymyň üstünligine men juda begenýän.

Diana birbada onuň utançsyzlyk hem yzgytsyzlyk bilen edýän söwdasyna geň galsa-da, özüni ele alyp, şeýle diýdi:

— Maňa tölegli okadýandyr öýdeniňize gaty gynanýan. Size minnetdar, ýöne gaýtalap aýdýan, men tölegli okadamok.

— Men bolsa, barybir, zähmet hakyňyzy kabul etmegiňizi talap edýän — diýip, Jozen Dianany juda geň galdyryp, hasaplaşyk peteklerini ýene bir ýola uzatdy.

— Munuň mümkin däldigine sizi ynandyrmak isleýän, çekeleşip durmagyňam geregi ýok. Size derwezäni açyp bermäge rugsat ediň.

— Ýeri bolýar, ýöne mundan beýläk ýegenimiň size gelmegine rugsat etmeýänligimem bilip goýuň. Meň özgelerden sadaka almak gylygym ýok. Eger onuň öwrenesi gelýän bolsa, men oňa mugallym tapyp bererin, ýöne siz ýaly zähmet hakyny almagy özüne kiçilik bilýän ulumsy birini däl — diýip, Jozen gopbamsylyk bilen gaýtargy berdi.

— Bizi Ledi Jeýniň şatlygyny görmekden mahrum etmäge nädip gurbatyňyz çatýar? Biz gyzjagaza şeýle bir öwrenişipdiris. Umuman, bu zatlar siziň öz işiňiz — diýip, Diana gözýaşyny zordan saklady.

— Onsoňam, ýegenimiň günuzyn köçede aşak-ýokaryk gatnap ýörmegine razyçylygym ýok. Özüni alyp barşam gitdigiçe ýaramazlaşyp barýar. Degme, öýde otursyn — diýip, Jozen nägileligini bildirdi-de, sowuk-sala baş atyp, ötägitdi.

Şol günden soň Ledi Jeýn hanym Dianalara barmasyny kesdi. Diana gyzjagazy küýsäp, yzyny üzmän aglaýardy. Ýeke-täk güýmenjesini — saz çalmasynam taşlapdy. Fortepianony açmaga-da gurbaty çatmaýardy. Ýöne bir gezek Diana biygtyýar oturgyja geçip, saz guralynyň gapagyny açdy-da, Ledi Jeýniň iň gowy görýän ariýasyny belent heňde ýerine ýetirdi. Şol pursat hem, adatdaky ýaly, gabsasy bilen petiklenen penjiräniň aňyrsyndan aýdymy örän dürs gaýtalaýan çagajygyň tanyş sesi eşidildi.

— Bu — ol! Bu — Ledi Jeýn! — diýip, Diana oturgyjyny agdaryp, laňňa ýerinden turdy-da, okdurylyp, tutyny serpdi. Gözleri ýanyp duran, çuw ak, çepiksije, düşnükliden mylaýymja ýylgyryşy bilen mawy hokgaryny göterip duran gyzjagaz şobada penjiräniň öňünde peýda boldy.

Diana ylgap köçä çykdy-da, Ledi Jeýni bagryna basdy.

Bir ýerlerden garry kempiriň:

— Diana! Diana, penjiräni, gabsasyny açyp, näme edip ýörsüň? — diýen gaharly sesi eşidildi.

Emma Diana oňa üns berer ýaly däldi.

— Hanym Diana, Polina daýza size gelmegime rugsat berenok. Men ony diňläp dogry edipdirinmi? — diýip, gyzjagaz eziz dostuny gujaklap durşuna, gulagyna pyşyrdady.

— Elbetde, balajygym, elbetde! — diýip, Diana gyzjagazy sypalap samrady.

— Bilýäňizmi näme, men her gün şular ýaly wagt sizi diňlemek üçin bu ýere gelýän, ýöne siz indi aýdym aýdaňzok öýdýän? Öýüňizem gum-gukluk, yns-jyns ýok.

— Gadyrdanym, meniň-ä aýdymam ýadyma düşenok… Seni görmedigime esli wagt bolandygyny bilýärmiň?!

— Wah, gynanmaň, mähribanym Diana! Men entegem sizi gowy görýän ahyryn. Men siziň penjiräňize her gün gelerin. Munuň üçin Polina daýzaň maňa gaharlanasy ýok-la.

— Bilmedim-dä, balajygym! Gaharlanar öýdüp çekinýän-dä!

— Diana! Diana! Penjiräni gulplajakmy ýa-da ýok! — diýip, gahary möwjän kempir hüňürdisini dowam etdirdi.

— Sag bol, meniň eýjejigim! Ejem penjiräni açyp goýsaň halanok. Indiki gezek arkaýyn gürleşer ýaly, derwezäni açyp goýaryn. Hoş gal! — diýip, Diana howlukmaç hoşlaşdy. Otagyna baryp, penjiredir gabsany mäkäm gulplady.

Şol wagt hanym Jozen temmäkiçi Fernandsyň dükanynda goňşularyndan zeýrenip otyrdy.

— Haçan görseň, gerekmejek ýerlere burunlaryny sokup, etjek işime päsgel berýärler. Nähili adam bular?! — diýip, ol birentek syryny ynanyp gürrüň berýän, asly ispan bolan ýeke-täk jorasy Fernandsa ýüzlendi.

Emma Jozen ýaňy-ýakynda duçar bolan kynçylygyndan oňa kän bir söz aýtmandy. Bolşy ýaly edip gürrüň bermedigem bolsa, Edrastyň şowsuzlyga uçrandygy baradaky myş-myşlar goňşy-golamlara bireýýäm ýaýrapdy.

«Barybir bular görgüli oglumyň otuz günlük göz astyna alnandygy barada eýýäm gazetden eşiden bolmaklary mümkin. Eger ol ejesini köpräk diňläp, şum sagady daşrak bir ýerde satan bolsady, bular ýaly kynçylyga uçramazdy. Men oňa: «Seresap bol» diýip, şunça käkeledim. Ýok, oýlanman, gaýta, töwekgelçilige baş goşýar. Bu hekaýanyň soňunyň nähili gutarjagyny kim bilýär?! Elbetde, şowly soňlanybam bilerdi welin, arman bu näletsiňen sagat barada eýýäm gazetlerde çap ediläýdi-dä. Alan adam gizlin aňtawçy bolsa nätjek diýsene! Rasta, hatda, sagady kimiň alandygynyň aladasynam edenok. Bu hekaýa soňlanýança, arkaýyn oturyp bilmerin. Onuň meni biabraý edýänligine gaty haýpym gelýär. Bu meniň girdejime zyýan ýetirjek-dä. Dogrusy, onuň dolanyp gelenini isläbem baramok. Häzirki ýagdaýyma garaňda, harajadym özümi hem gyzjagazy eklemäge zordan ýetjek. Entegem men ýygnanja pullarymy gizläp, akylly hereket edipdirin, bolmasa dagy, ogul diýenim onam elimden sypyryp aljak. Onuň gizlin harajadymyň bardygyny bilmeýänem bir gowy zat, üstesine, gymmat bahaly zatlarydyr egin-eşiklerem satyp ýetişäýipdirin, olary öýde saklan bolsam dagy, başyma bela boljak eken. Ind-ä mende sandyjakdan başga zerur zat galan däl bolsa gerek. Galanja zatlardanam çaltrak dynsam» diýip, kempir içini gepletdi.

Hanym Jozeni Ledi Jeýn hakyndaky pikirlerem alada goýýardy. Ol öz ýanyndan: «Köne tanyşlaryndan biri ony tanaýsa nätjek?» diýip pikirlenip oturyşyna, tisginenini duýman galdy.

Soňky wagtlar onda çendenaşa gorkaklyk ýüze çykdy. Jozen her gabat geleniň yşaratyndan, ýiti nazarlardan tisgindi ýördi. Mysal üçin, hanym Peşu oňa öjükdiriji soraglary örän köp berýän ýalydy. Ledi Jeýniňem soňky döwür duýgurlygy juda güýçlenipdi. Hanym de Otrew ýalylar bolsa çaganyň içini-daşyny bilmek üçin näme gerek bolsa etmäge kaýyldy.

«Entegem gyzjagazy Diana bilen Peşulardan uzaklaşdyranym gowy bolaýdy. Onuň göýdüjek Pepsi bilen goja Jerardanam basymrak arasyny açmak gerek. Bu hilegär tilki hoşamaý hem mylakatly görünse-de, meniň iň uly duşmanym. Eýdip-beýdip gyzjagazy bujagaz tanyşlaryndanam uzaklaşdyrmak gerek» diýip, Jozen öz ýanyndan pikir ýüwürtdi.

Hanym Jozen ýene birnäçe günläp bu köýden uzaklaşmagyň pikirini edip gezdi. Emma derrew goňşularynyň şübhelenmeginden heder etdi. Onuň üçin has haýyrlysy oturyp, oglunyň meselesiniň soňky çözgüdine garaşmakdy.

Ahyrsoňy Edrastyň tussaglykdaky otuz günem tamamlandy. Görgüli ogul çyny bilen toba edip, ejesiniň ýanyna bardy. Onuň gazaply ýazgarmasynyň öňünde nadan ogul asla ýakymsyz iş etmändigini, jenaýatkärliginiň sebäbini bolsa jalaýlyk etmek üçin özüne degişli bolmadyk goşar sagady wagtlaýynça alandygyny jan edip ynandyrmaga çalyşdy.

— Eje jan, biziň ikimiz eli egri adamlar däl ahyry. Biz o syrkaw gelni elinden zadyny almak üçin öýümize çagyrmandyk. Siz onuňam, çagasynyňam aladasyny etdiňiz. Ol ýogalansoňam, sagadyny ulalanda gyzyna bermek üçin ýa-da tanyşlaryndan biri duşsa, şoňa bermek üçin ýygnap goýupdyňyz. Dogry, men ol sagady birnäçe gün jübimde göterdim, ýöne beýle çykgynsyz ýagdaýa duçar bolmadyk bolsam, ölsemem satmazdym. Nätjek-dä, özümi halas etmek üçin ondan haýdan-haý dynmaly boldum.

Jozen söwer oglunyň özüni aklaýşyny dykgat bilen diňländen soň, hiç bir howpuň galmandygyny duýup, az-kem köşeşdi. Edrastyň otuz gün tussaglykda galandygy hakynda gürleşmegiň bolsa hajaty ýokdy. Bu ýakymsyz düşünişmezlik barada tanyş-bilişleriň arasyndan, megerem, hiç kimiň habary ýok bolsa gerek.

— Ak ýürekli adamlar gazetlerdäki şübheli, göz astyna alnanlar baradaky bildirişler ýaly bolgusyz habarlary okanoklar. Gaýtalap aýdýan, alada eder ýaly zat ýok. Meniň bilen bagly bular ýaly ýagdaýlaryňam gaýdyp gaýtalanmajagyna söz berýän. Men durmuşymy düýbünden üýtgetmekçi — diýip, Edrast sözüni soňlady.

Jozen oňa haýran galdy. Ol gadyrdan ogly Rasta beýle parasatly hem çynlakaý gürrüň eder öýdüp göz öňüne-de getirmändi. Ol: «Görýän welin, jeza oňa peýda edipdir öýdýän. Şonça gün ýalňyz oturyp, akylyna aýlanmaga wagt tapypdyr» diýip içini gepletdi.

Şol hadysadan soň oglan birnäçe günläp ejesiniň ýanyndan aýrylmady. Hasap işlerini ýöretmäge, dürli sargytlary tertipleşdirmäge ýardam edip, kempiri çendenaşa begendirip, onuň hyzmatynda boldy. Bu ýagdaý Rasta bilen birleşip, işi giňeltmegi maslahatlaşyp boljak derejä çenli baryp ýetdi.

— Mende gowy düşewüntli teklip bar. Biz dükanymyzy ulaldybam bilerdik. Men şol oturgyjy höwes bilen satyn alyp, dükanymyň öňünde gurnadardym — diýip, hanym Jozen buýsançly gürledi.

— Onsoň haýsy pula aljakmyşyň, eje? Biziň üýşüp ýatan pulumyz ýok ahyryn.

— Eýdip-beýdip, şoňa pul taparyn! — diýip, Jozen, hamala diýersiň, baý aýallar ýaly gürledi.

— Onda wagt ýitirmän, şu günüň özünde tanyş söwdagärleriňize aýlanyp, siziň bilen kimiň ylalaşyp biljegini bilip gaýdyň. Oňa çenli menem öýde bolup, müşderilere gel-geç edeýin. Olara edýän hyzmatymy nähili halaýandyklaryny siz bir bilsediňiz. Ýöne gaýrat edip, gyzjagazy bir ýerlere ugratmagyňyzy haýyş edýän, degme, olam haýsydyr bir dostunyň ýanyna gitsin. Onuň bilen göze-göz oturyp, ähli zat barada sorag bermegine çydap bilemok. Onuň sähel salymam ýanyndan aýyrmaýan hokgary bilen oturgyçda oturyp, edil garry abbat ýaly, ondan-mundan sorag berip başlaýşy gaty ýüregedüşgünç.

Jozen başgabyny geýdi-de, gyssagly birini görmelidgini aýdyp, derrew işiň ugruna çykdy. Dolanyp gelende bolsa, Rasta eýýäm öýde däldi. Ledi Jeýn Jozeniň gelýänini Pepsiniň penjiresinden gören badyna, ony garşylamaga howlukdy.

— Polina daýza! Jenap Rasta bu açary maňa getirip berdi hemem müşderileri kabul edip ýadandygyny, indem gezelenje çykýandygyny aýtmagymy tabşyrdy — diýip, ol girelgäniň açaryny uzatdy.

Jozen hoşamaý ýylgyryp, açary aldy-da:

— Men şeýle bolaram öýdüpdim. Müşderiler bilen işleşmegiň oňa birbada kyn düşjegini bilýärdim — diýdi.

Ledi Jeýni yzyna — Pepsilere goýberensoň, Jozen öz otagyna baryp, başgabyny aýyrdy-da, ýerde ýatan zatlary ýygnaşdyrmaga girişdi. Aram-aram ýylgyrjyrap, dükanyň içinde eýläk-peýläk gezmeläp ýörşüne, birdenkä hanym Peşunyň gyzy bilen gelenini gördi. Hanym Peşu ony günortanlyga ýegeniniň adaglanmak dabarasyna çagyrdy.

«Ahyrsoňy maňa bolan garaýşyny üýtgetmelidigini bilipdir. Görse, üns berilmäge mynasyp biridirin, öňden şeýtmeli-dä! Indi diňe Rasta oňatja işläýmek galýar. Şonda ähli zat şowuna bolar. Aňrymda gizläp goýan gowuja baýlygym, üstesine, hemişelik girdejim bilen birbada köp haryt satyn alyp bilerin» diýip, kempir içini gepletdi.

Şeýdip, arzuw kölüne batan kempir eýýäm gyz-gelinler üçin niýetlenen ajaýyp egin-eşik dükanyny, onuň owadan edip ýazylan adyny, şeýle-de, bir çüňkde ýerleşen, Edgardyň hojaýynlyk etjek kolonial harytlary bölümini göz öňüne getirip, göwün ýüwürdýärdi. Şol pursat hem Jozeniň öý eýesine jaýyň kireýni tölemeli wagtynyň dolandygy ýadyna düşdi. Ol jübüsinden gapjygyny çykaryp, puluny sanamaga durdy. Görüp otursa, hanym Peşunyň ýanynda magtanmak üçin gereginden artyk çykdaýjy edendigini bilip galdy. Jaýyň kireýni töläp bilmek üçin birazrak pul ýetmezçilik edýärdi.

— Ätiýaçdaky «hasaplaşyk petegini» peýdalanmaly boljak — diýip gülümjiräp, ol stoluň çekmesini açdy.

Mekir kempir ýogalan gelniň pullaryny könelip ýyrtylan elligiň içine dykyp, çekmäniň düýbüne salyp, edil öz tygşytlap goýan zady ýaly ýygşyryp goýupdy. Ol çekmäni gulplap, açarynam jübüsinde saklaýardy. Üstesine, daşaryk hem juda seýrek çykýardy. Çekmäniň gulpy döwläýen ýagdaýynda-da, köne elligi dörjelemek hiç kimiň kellesine gelmez öýdüp pikir edýärdi.

Üstki çekmäni açan badyna, Jozen onuň içiniň dagynykdygyny aňdy. «Bu ýeri menden başga-da bir-ä dörjeläpdir» diýip içini gepletdi. Ellikler durmaly ýerinde durdy. Kempiriň ýüregi çalt urup, elleri saňňyldamaga başlady. Ol çalasynlyk bilen ellikleri galdyranda, hasaplaşyk peteklerine derek haýsydyr bir eplenen kagyzy görüp, elhenç ýagdaýa düşdi…

Ellikler ýere gaçdy. Jozen huşundan gidip, özüni lampa ýatalga goýberdi-de, iri-iri ýazylan tanyş ýazgyly haty zordan okamaga başlady.

«Mähriban ejem jan, men siz bilen bileleşmäge derek, girdejini siziň ygtyýaryňyza berip, ähli baýlyga bolsa özümiň eýe çykmagymy makul bildim. Indiki gezek ikimize degişli bolan puly gadyrdan ogluňyzdan gizlejek bolanyňyzda, elligiň içine salmaň, bu örän howply. Şeýle uzyn hem-de içgysgynç işden soň, göwnaçyjy bir zat juda zerur bolany üçin syýahata çykýaryn. Siziň gybatkeş goňşularyňyzam meniň uzak möhletlik dynç alşa çykanlygymdan şikaýat etmezler diýip umyt edýärin. Olara meniň Tehasyň jülgesinde ýaşaýan daýymlara gidendigimi aýtmak siz üçin iň amatlysy bolar.

Siziň söýgüli hem-de wepadar ogluňyz
Edrast Jozen».

XVIII bölüm
Gaçgak

Edrastyň yzsyz-tozsuz gürüm-jürüm bolan gününiň ertesi irden Jozen tämiz howadan kükregini doldurmak üçin howla çykdy. Onuň ýüzüniň gany gaçyp, gözleriniň yşygy öçüpdi. Ol her minutda pyşyrdap: «Öňüni gören barmy diýsene… Heý-de, öz ejeňe, jana-jan ejeňe şeýdäýmelimi?! Üstesine, men oňa hoşamaýlygam eden bolýan…» diýen sözlerini gaýtalap, elini zol içgä uzadýardy.

Jozen şeýle bir çuň oýa batypdy welin, etsem-goýsamlaryny düýbünden unudyp, müşderilerini, hatda, öýüň işlerinem ýadyndan çykarypdy. Onuň töwereginden geçip barýan tanyşlarynyň biri ony syrkawlandyr öýtdi.

Jozen oňa:

— Hawa, biraz syrkawlandyryn öýdüp gorkýan. Aslynda, oglum meniň gaty erbet göwnüme degdi. Onuň hä diýmän Tehasdaky jülgede ýaşaýan daýysynyňka gitmek baradaky pikir kellesine gelip, düýnden ýola çykdy. Ol bu işde şeýle bir erjel bolansoň, ýeke özüme baş alyp çykmak kyn düşýär. Onuň yzy bilen meniňem gidäýmegim ahmal — diýip, aladaly jogap berdi.

Şol gün irden Pepsi hem Ledi Jeýnden Polina daýza näme bolýandygyny soranda, öňünden duýdurylyp goýlan gyzjagaz oňa, Rastanyň uzak möhletlik öýden gidenligi üçin, daýzasynyň halynyň teňdigini, kellesiniň erbet agyrýandygyny aýtdy.

Köçe tarapdaky penjiresinden yşyklap oturan ispaniýaly Fernands adamsyna ýüzlenip:

— Hanym Jozeniň ogly gideni bäri, halynyň ýoklugyndan habaryň barmy? Onuň irdenden bäri howlusynda demi-demine ýetmän, gözýaşlaryny sylyp oturyşy. Dogrusy, oňa gynanýanam… Seret, seret, olara bir geln-ä barýar. Kimkä ol? — diýdi.

Şol wagt Fernandsyň tanamaýan gelni Jozeniň howlusyna giren badyna, ol hoşamaý ýylgyryp, myhmanyny garşylamaga howlukdy, birden özüne gelen ýaly bolup, onuň elini gysyp, saglyk-amanlyk soraşdy.

— Hanym Žurdan, biziň çolaja tünegimize gelmegiňize näme sebäp boldy? — diýip, Jozen joşgunly gürledi.

— Bu siz üçin ullakan bagt bolsa nätjek! — diýip, hanym Žurdan gülümsiredi. — Men size pulluja geldim. Siz menden sandyjagy satyp bermegimi haýyş edipdiňiz, maňa bolsa ony örän oňat bahadan ýerlemek başartdy.

— Aý, goý-a! Siz, gör, nähili hoşniýetli adam! Men gyzjagazymyň adyndan hoşallygymy bildirýän.

— Sandyjakdan 25 dollar gazandym diýsem, ynanarsyňyzmy? Siziň ony «10 dollaram bolsa sat» diýeniňiz ýadyňyza düşýärmi? Men bolsa ony 25 dollara ýerledim. Meniň öz zadymy amatlyja satmaga hakym bar-a. Hakykatdanam, sandyjak örän nepis ýasalypdyr.

— Hawa, ol ajaýyp zatdy — diýip, Jozen ýalandan içini çekdi.

— Hemme zatdan öň şeýle oňat düşewündi nädip gazanandygymy aýdasym gelýär. Täsin hekaýadygyny öňünden aýdaýyn! Satyn alanyň kimdigini eşitseňiz, tapmaçanyň çözgüdini özüňizem çözüp bilersiňiz. Düýn giçlik meniň ýanyma Jekson köçesinde ýaşaýan müşderilerimiň biri, hanym Lane geldi. Ol mendäki täze harytlary görmäge gelipdir. Seredip otursam, onuň birden ýüzi ak tam bolup, siziň beren sandyjagyňyzy görkezdi-de: «Hanym Žurdan, bu size nireden düşdi?» diýip sorady. Men derrew onuň satmaga berlendigini aýtdym. Olam ony synlap durşuna, sandyjagyň kimden, nädip elime düşendigini sorap başlady, özem sandyjagyň nädip bu ýerlere düşüp ýörendigini gaýta-gaýta sorady. Menem ony siziň berendigiňizi öwrän-öwran aýtdym. Olam siz barada sorag baryny ýagdyryp başlady. Ähli soraga jogap bermäge-de ýetişmedim, göz öňüne getiriň. Ol siziň at-familiýaňyzy hem salgyňyzy belläp aldy. Men oňa syrly sandyjagyň hekaýasyny siziň hut özüňizden eşitmegi maslahat berdim.

Modistka bolan wakany çalasyn hem howlukmaç aýdyp gutarýança, hanym Jozeniň ýüzi kem-kemden agaryp, gorkudan ýaňa gözleri oýnaklamaga başlady, ýalandan gülümsiredi. Emma myhmanynyň her sözüni dykgat bilen diňläp, ahyry bar güýjüni bir ýere jemläp:

— Ol aýalyň size sorag ýagdyrmagynda geň galar ýaly zat ýok. Ol size meni görmek üçin aýak diräp durmagynyň sebäbini aýtmadymy? — diýdi.

— Meniň pikirimçe, hanym Lane meniňem juda aljyraňňy ýagdaýa düşendigimi aňan bolarly. Ol: «Bu sandyjagyň nädip siziň eliňize düşendigi meniň üçin ýöne bir syr däl. On ýyl mundan ozal Nýu-Ýorkda okap ýören wagtym edil şular ýaly sandyjagy iň ýakyn joram üçin ýörite sargyt edipdim, «J.Ç.» ýazmagam ýörite buýrupdym» diýdi.

Näme diýjegini bilmän durşuna Jozen:

— Edil şolar ýaly sandyjakmyşmy? — diýip sorady.

Modistka sözüni dowam edip:

— Şol wagtam hanym Lane ony satyn almak isleýändigini aýtdy. Menem: «Elbetde, ony maňa satmak üçinem berdiler-dä» diýdim. Hanym Laneniň ony satyn almagy juda isleýändigini görüp, içimden 25 dollar diýäýsemmikäm diýip pikir etdim. Olam meni şeýle bir haýran galdyryp gürlemän, diýen nyrhymy berip, sandyjagy alşyna ýygnady. Siziň salgyňyzy ýene bir ýola sorap ötägitdi. Bu gün bolmasa, ertir ol hökman size gelermikä diýýän. Menem size duýduraýyn diýip, ylgap gaýdyşym boldy — diýdi.

Birdenkä Jozen pullary stoluň üstünde goýdy-da, arkaýyn gürlemäge çalşyp:

— Arada duranyňyz üçin size näçe bermeli? — diýip sorady.

— Aýdýanyňyz näme, hanym Jozen! Men sizden hiç zat almaryn. Aýyplaşmaweriň! Meniň sizden üýtgeşik tamakinçiligim ýok. Dostlaryň arasynda puluň gürrüňi bolmaz. Siziň mähirlije gyzjagazyňyza uly bolmadyk ýardamymyň degenine örän şatdygyma sizi ynandyrmak isleýärin. Ol size has gymmatlymyka diýýän.

— Hawa, ol-a şeýle — diýip, Jozen uludan dem aldy. — Aý, sähralykda onuň ejesinden galan az-owlak mirasam bar. Düýn oglumam şol ýere gitdi, onuň yzyndan menem gitmekçi bolýan.

— Aýdýanyňyz näme, siz bärde gowy ýerleşdiňiz-ä, indem duýdansyz gitmekçi bolýaňyzmy? Haçan ugramakçy bolýaňyz? — diýip, Modistka allaniçigsi boldy.

Ökjäni götermegi gizläp durmagyň hajatynyň ýokdugyny aňan Jozen:

— Ýakynda — diýip jogap berdi.

— Meň bilen hoşlaşmaga gelersiňiz-ä? Juda howlukmaç bolanym üçin, siz bilen uzak gürrüňdeş bolup bilmeýänligime gynanýan. Meniň bilen hoşlaşmazdan, gitmejegiňize söz beriň — diýip, Žurdan sözüni soňlady.

Modistka dostuna hoşamaýlyk bilen gol bulap, dükandan ylgap diýen ýaly çykdy-da, bäş minut geçip-geçmänkä gözden gaýyp boldy.

Hanym Žurdany gözleri bilen ugradan Jozen çuň oýa batyp durdy.

— Ol meniň öýüme geljekmişin! Bolup bilmez! Men onuň bilen görşüp bilmerin, sandyjagy nireden alandygymam aýdyp bilmerin. Men hökman bu ýerden ökjäni götermeli. Uzagrak bir ýere ýitirim bolmaly — diýip, ol samyrdady.

Jozen howlukmaçlyk bilen iň oňat köýnekleriniň birini, ýapynjasyny, başgabyny geýip, öýünden çykdy-da, adatdakysy ýaly, Pepsilerde oturan Ledi Jeýni penjireden çagyryp, bir iş bilen gidip barýandygyny duýdurdy.

Jozen Hoşniýetli çagalar köçesinden birnäçe mil uzaklykda, şäheriň çetindäki darajyk köçeleriň birinde ýadawlykdan ýaňa entirekläp barşyna, gije düşüp başlapdy. Birdenkä iki sany ýaby goşulan paýtun onuň öňüne gelip durdy.

Hanym Jozen arabakeşiň öňüne geçip:

— Pit, bu senmi? — diýip seslendi.

— Menden başga kim bolsun, hanym Jozen! Sizi görenime örän şatdygymy aýtmaga rugsat ediň — diýip, garaýagyz adam gülümsiredi.

— Menem saňa duşanyma gaty begenýän, Pit. Görýän welin, sen ýükaraba edinipsiň öýdýän? Özüňkimi? — diýip, Jozen dylym-dylym etdi.

— Elbetde, meňki däl, hanym Paulina. Men ony kireýne aldym.

— Menem şu agşam goş-golamlarymy daşaşar ýaly tüýs kireýkeş gözläp ýördüm-dä — diýip, Jozen soňky jümlesini basyp gürledi.

— Şu agşam diýýäňizmi, hanym Paulina? Bize şenbe günleri, üstesine, giçlik işlemäge rugsat berilmeýär.

— Sen maňa öňürti bir araba goş üçin näçe alýanyňy aýt.

Ýaşuly garaýagyz adam biraz oýlanansoň:

— Asyl-ha, men uzaga gitmezlik şerti bilen, bir araba goş üçin iki dollar alýan — diýip jogap berdi.

— Dogrymy aýtsam, sen uzaga gitmeli boljak. Men häzir Hoşniýetli çagalar köçesinde ýaşaýan-da.

— Wah, hanym Paulina! Ýabylam çendenaşa ýadaw bolansoň, bu agşam men baryp bilmen.

Hanym Jozen biraz wagt sesini çykarman oýlanyp bolansoň, kesgitli gürledi:

— Eşidýäňmi, Pit, geçen günleň hatyrasy üçin meniň haýyşymy ýerde goýma. Hiç hili sorag berme-de, meni gowuja diňle. Ýene bir zady, diliňi dişiň aňyrsynda saklamagam ýatdan çykarma. Häziriň özünde athana elt-de, doýýançalar naharla, mazaly dynçlaryny alsyn. Sagat onlara-da meniň öýüme gel. Diýenimi birkemsiz ýerine ýetirseň, men saňa on dollar tölärin.

— On dollar diýýäňizmi, hanym Paulina? Pul gowy zat, ýöne ara gaty daşrak bolýar-da.

— Seniň ähli işi edip ýetişmäge wagtyň bar, howlukman ediber. Kömekleşmäge ýanyňa birini al, arabaňy ýan tarapdaky köçede goý. Ähli goşy birneme uzagraga daşamaly bolarsyň, esasy zadam sessiz-üýnsüz bolmagyň. Ýadyňdan çykarma, hiç hili takyr-tukur bolmaly däldir, Pit!

— Ýeri bolýar, hanym Paulina! Göni sagat ona bararyn. Sizem: «On dollar berjek» diýen sözüňiziň arkasynda durarsyňyz-la?

— Men beren sözümi ýerine ýetirýändirin. Häzirlikçe bolsa hoş gal! — diýip, kempir agsaklap, dükanyna tarap ýola düşdi.

Şol gijäniň bimaza ukusyny hanym Jozeniň goňşulary soň-soňlaram kän ýatladylar. Gören agyr düýşleriniň üstesine, gijesi bilen gulaklaryna düşnüksiz pyşyrdylar, aýak sesleri eşidildi durdy. Daňa golaý tupan turandygy sebäpli, aýallar gijeki zatlaryň baryny howanyň üstüne atyp goýberipdiler. Emma welin Pepsiniň Ledi Jeýniň kömege çagyrýan gykylygyny, yzyndanam pyşyrdyly sesleri, arabanyň dükürdisini we başga-da geň-enaýy sesleri eşidendigine anyk ynamy bardy. Madelon ony zordan köşeşdirip ýatyrypdy. Ertesi gün bolsa bütinleý mejalsyz oýanypdy. Keýpsiz, solgun halda hanym Jozeniň penjiresinden gözüni aýyrman, gabsalarynyň hem daşky gapysynyň açylaryna sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturdy.

Ýöne ähli geň-taňlyklar mundan sekiz sagat öň bolup geçipdi. Goňşulardan bolsa ses-seda ýokdy. Süýtçi tas girelgäniň jaňyny eline alypdy, çörekçi, etçidir beýleki söwdagärler bolsa öý eýesini çagyra-çagyra, tas bogazlaryny ýyrtypdylar. Eýýäm on sagat geçipdi, penjireleriň henizem ýapyk durşudy.

Ahyrsoňy Pepsi saklanyp bilmedi.

— Bar, git-de, näme üçin ol ýerde ses-üýnüň ýokdugyny bilip gaýt — diýip, ol Mişka buýurdy.

Köp wagtdan bäri bilesigelijiliginden ýaňa içi alawlap duran Mişka aldyrany bar ýaly goňşularynyň gapysyna tarap ylgady. Birnäçe gezek aşhananyň gapysyny kakyp, hiç hili jogap almansoň, pikirlenmän, derrew haýadyň üstüne çykyp, penjireden içeri äňetdi. Soňra ýere böküp düşdi-de, ýüzüni süllerdip, gözlerinde eýmenç gorkyny yşaratlandyryp, hojaýynynyň ýanyna bardy.

— Wah, nämeleriň bolandygyny bir bilseňiz, hanym Pepsi! Goňşymyz giden ýaly-la, öýüň içinde el ýaly kagyzam galmandyr. Ledi Jeýnem ýok, garry aýalam — diýip, Mişka düşnüksiz gürledi.

Ilkibaşda Pepsi onuň näme diýjek bolýanlygyny aňşyrmady. Ýöne oturyp-oturyp, öten agşam Jozeniň gaçyp gidendigine, ýany bilen Ledi Jeýnem alyp gidenligine akyl ýetirende, görgüli gyzjagaz özüne gelip bilmän, uzak wagtlap möňňürip aglady.

Hä diýmän Peşulara habar ýolladylar. Gadyrdan daýysy şobada gaçgagyň gözlegine çykdy. Emma onuň bar edip bilen zady, öý eýesiniň aýalyndan hanym Jozeniň jaýyň kireýni sessiz töläp, açaryny gowşuryp, garaşylmadyk habar alandygyny hem-de gyssagly oglunyň yzyndan gitmeli bolandygyny aýdyp hoşlaşandygyny bilmek başartdy. Peşu öýüne ahmyr bilen dolanyp geldi-de:

— Ony ele salar ýaly bir oňat meýlim bardy, ýöne indi gyzjagazam giden bolsa, etjek alajym ýok — diýdi.

Ertesi gün Pepsi hiç işiň başyna barasy gelmän, oturgyjynda gyşarylyp, kartlaryna güýmenip otyrka, birden üsti ýaş gelinli paýtunyň hanym Jozenlere gelip durandygyny gördi. Gelin şunça jaňyny bassa-da, gapyny açan bolmady. Goňşy dükanlara baryp, hanym Jozeniň ýaşaýan öýüni sorap çykdy. Ispaniýaly Fernands edep bilen salamlaşandan soň, oňa:

— Hanym Jozen indi bärde ýaşanok. Ol iki gün mundan öň göçüp gitdi, ýöne biz onuň nirä gidenligini bilemizok. Oňa bir döw-ä çalypdyr, ýogsa ol beýdip, dostlary bilen sagbollaşman, täze salgysyny goýman gitmeli adam däl — diýdi.

Gelin ony diňläp bolansoň, gelen paýtunyna atlanyp, ýapyk duran penjirelere ýene bir gezek göz aýlady-da, ötägitdi. Jozeniň ýitirim bolan gününiň yz ýany nätanyş gelniň peýda bolmagy ozalky edilýän myş-myşlaryň ähmiýetini artdyrdy.

Pepsi bolsa:

— Men bu gelniň Ledi Jeýniň uzak wagtlyk aýraçylykdan soň gelen ejesidigine ynanýan. Wah, arman ol wagtynda gelip ýetişmedi-dä… — diýdi.

(Dowamy bar).

Rusçadan terjime eden Züleýha GULOWA,
«Dünýä edebiýaty»

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle