|

Erkekler Marsdan, zenanlar Weneradan (5 bolek)

Erkekler Marsdan, zenanlar Weneradan (5 bolek)

Jon GREÝ,
amerikan ýazyjysy

(Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

On birinji bölüm

DUÝGULAR GAPMA-GARŞY MAHALY

NÄDIP DÜŞÜNIŞMELI?!

Ynsan durmuşy her dürli günlerden pürepür. Bir gün ynsany şat eder, bir günem — mat.

____________________

Şat mahalymyz durmuşa süýji diýsek,

mat mahalymyz zalym diýýäris…

____________________

Edil şonuň ýaly, ykbalyň günleri kimin, ynsanam şol bir durkuny saklamakdan mahrum. Ynsan bir gün gaharly, bir gün aladaly, bir günem gamgyn. Bu ahwalatlaryň hiç birinde-de şat günümizde göwnümizde goş ýazdyran gülki ýüzümize ýaraşyk berip bilmeýär.

Diňe ýüzümizde däl, hatda ýüregimizde-de üýtgeşme bolup geçýär. Ynsan şadyýan mahaly, ýakynlarynyň ýanynda bolup, olara köňül söýgüsini beýan eýleýär. Emma gaharly, gussaly ýa aladaly mahaly welin, ynsanyň köňli söýgi mährinden mahrum bolup, buzluklara beslenen aýsbergli Antarktida çalym edýär.

Şeýle halatda, köplenç, özümiz özümizden daşlaşanymyzy duýman galýarys…

Hawa, ýaramaz duýgular dünýämizi dumana dulanda özümizi ýitirýäris. Öz mylaýym gylyk-häsiýetlerimizden daşlaşyp, ýyrtyjy haýwanlardan bäş beter wagşy mahluga öwrülýäris. Awymyzy pürküp, ýürekdeşlerimiziň ýüreklerini ýaralaýarys. Bile ömür sürmeli söwer ýarymyz bilen dawalaşýarys. Garaz, gahar sebäpli gykylyklap, gabahat işlere gol ýapýarys.

Emma gaharymyz sowaşyp, özümize gelenimizden soň welin, ähli edenlerimiz bizi ökündirýär. Ökünenimiz bilenem hiç zady yzyna dolap bolmaýar. Dilimiz bilen, sözümiz bilen ýürekdeşimiziň ýüregine salan ýaramyz tyg ýarasyndan bäş beter bolup, ömürboýy oňa we özümize yza çekdirýär.

Şeýle çykgynsyzlyklaryň çykalgasy hakynda kän oýlandym. Ýyllar içre gören-eşidenlerimdir başymdan geçirenlerime daýanyp, bellibir karara geldim:

____________________

Gaharly, gussaly, öýkeli ýa aladaly pursadymyz biz, gowusy, ýürekdeşlerimize aýdasymyz gelýän ýaramaz duýgularymyzy dile getirmekden saklanalyň.

Aýdasymyz gelýän zatlary diýip, ýüregimizi sowatmak isleýän bolsak, diýmek, isleýänlerimizi kagyz ýüzüne geçirip, köňlümizi köşeşdireliň.

Çünki gahar sebäpli diýilýän sözler kagyz ýüzünde däl-de, gazaply gürleýiş usulymyz bilen has gödek…

____________________

SÖÝGI HATY

Durmuşyň iniş-çykyşly menzillerinde gylyk-häsiýetlerimiziň durnuksyzlaşýan pursatlarynda köňlümizi köşeşdirmek we ýürekdeşimiziň ýüregini ýaralamazlyk üçin, duýgularymyzy kagyz ýüzüne geçirip, gussamyzy egismek dogrusynda durup geçdik. Şol kagyz ýüzüne geçirýänlerimizi «söýgi haty» diýip atlandyrsak, has ýerlikli bolarmyka diýýärin. Çünki biz bu haty hak söýginiň hatyrasyna ýazýarys, söýýänimizi ynjytmazlyk üçin ýazýarys…

SÖÝGI HATY NÄHILI ÝAZYLÝAR?

Araňyzdaky artykmaç dawa-jenjelleri azajygam bolsa azaltmaga ýardam eder diýen umyt bilen, söýgi hatlaryny nähili ýazanymyzda gowy boljakdygy hakynda biraz durup geçmek isledim. Elbetde, bu haty ýaramaz duýgularyňyzy beýan etmek üçin ýazmak dogrusynda şu bölümiň başynda durup geçipdim. Ýöne bu haty söýgi haty diýip atlandyrmagymyň aňyrsynda hem özüne ýeterlik esas bar. Çünki siz bu hatda diňe ýaramaz duýgularyňyzy däl, söýgiňizi-de beýan etmeli. Ilki gaharlanýan zadyňyzy, soňra söwer ýaryňyza garşy arza-şikaýatlaryňyzy, soňra gaýgy-aladalaryňyzy, ökünýän zatlaryňyzy, iň soňunda bolsa ýürekdeşiňize bolan söýgini beýan ediň. Şeýdeniňizde, ýürekdeşiňiz size we siziň duýgularyňyza dogry düşüner.

Has düşnükli bolar ýaly, seminarlaryma gatnaşan jübütleriň başdangeçirmelerini we söýgi hatyny, jübütleriň özlerinden rugsat alyp, siz bilen paýlaşmagy maksadyma muwapyk bildim.

Maýkl bilen Wanessanyň arasynda dörän ownuk düşünişmezlik kem-kemden ulalyp başlady. Birdenem gahar-gazabyň jylawy goýberilip, jübütleriň goh-galmagaly artyp ugrady. Hut şol pursat seminarlarymda eşiden söýgi haty hakyndaky aýdanlarymy ýatlan Maýkl ýuwaşlyk bilen Wanessanyň aýdanlaryna baş atyp, yza çekildi. Başga bir otaga geçdi-de, söýgi hatyny ýazmaga başlady:

«Gadyrdanym Wanessa!

1) Seniň aşa duýguçyldygyňa gaharym gelýär. Aşa duýguçyllyk seniň köňlüňi köwsarladyp, meniň diýýän zatlaryma ýalňyş düşünmegiňe sebäp bolýar. Haýsydyr bir meseläni çözmäge girişýärisem welin, sen derrew gohlap başlaýaň. Bir zat diýsemem, derrew menden öýke-kine edýäň. Seniň ýygy-ýygydan öýkeleýşiňi maňa bolan sylaşyksyzlyk hökmünde kabul edýärin.

2) Men aramyzda hemişe düşünişmezlikleriň döräp durýandygyna diýseň gynanýaryn. Dawa-jenjellerdir owunjak düşünişmezlikler — ýüregimizdäki ynam sütünini sarsdyryjy sebäpler. Men ownuk-uşak dawa-jenjellerimiziň biri-birimizden ömürlik daşlaşdyrmagyna sebäp bolar öýdüp gaýgy edýärin. Öz aramyzda ylalaşyga gelip bilmeýşimize-de diýseň gynanýaryn.

3) Bu gidişine gitse, ömrümiziň iň uly säwligine ýol bereris öýdüp gorkýaryn. Sen ýene-de nämedir bir zada ters düşünip, meniň bilen jedelleşip başlarsyň öýdüp, öz ýürek duýgularymy seniň ýanyňda dile getirmekden ýaýdanýaryn. Şeýle bir duýguçyl, şeýle bir öýkelek, şeýle bir näzik bolanyň üçin, saňa söz gatmaga gorkýaryn.

4) Gödeklik edip, näzik göwnüňi kän gezek ynjydanym üçin ökünýärin. Saňa käte sowuk çemeleşenim üçin ökünýärin. Sen beýle sowuk daralmaga mynasyp zenan dälsiň…

5) Men seni söýýän. Söýýänim üçinem aramyzdaky düşünişmezliklere belli-külli nokat goýasym gelýär. Saňa duýgudaşlyk bildiresim, seni goldasym gelýär. Köp ýerde göwnüňe degdim, bilýärin. Ýöne seniňem bir zady bilmegiňi isleýärin:

SEN DÜNÝÄDE MENIŇ SÖÝÝÄN

ÝALŇYZ ZENANYMSYŇ!

Söýgüliň Maýkl».

Bu söýgi hatyny sözme-söz siz bilen paýlaşdym. Ýekeje goşan zadym — her abzasyň başyndaky belgiler. Muny hem size käbir zatlary düşündirmek üçin etdim.

Öňünde 1-lik belgi ýazylan abzasda, görşüňiz ýaly, Maýkl öz gahary gelýän zady — Wanessada halamaýan häsiýetini ýazýar.

Öňünde 2-lik belgi duran abzasda Maýkl nämä gynanýandygyny düşündirýär.

3-lik belgide bolsa, ýigit haty okaýan söwer ýaryny öz gorkusy bilen ýüzbe-ýüz edýär.

4-lik san bilen başlanýan abzasda öz säwlikleri, ökünýän hereketleri dogrusynda söhbet edýän Maýkl özüniň-de kemçiliksiz ýigit däldigini boýnuna alýar.

5-lik belgisi bilen başlanýan abzasda ýigit her hili ýagdaý ýüze çyksa-da, söwer ýaryny ýürekden söýýändigini, onuň üçin hemme zada taýýardygyny, ähli düşünişmezlikleriň öňüni almak isleýändigini beýan edýär.

Bu hatdan soň Maýkl gün-günden maşgalasyndaky dawa-jenjelleriň azalandygyny aýtdy.

Sizem barlap görüň!

Belki, haýry deger…

SÖÝGI HATYNA JOGAP

BERMEK MÖHÜMMI?

Söwer ýaryňyzyň söýgi hatyna jogap ýazmak söýgi hatyny ýazmakdan-da möhümdir. Özem mähribanyňyzyň söýgi hatyna jogap ýazýan mahalyňyz, umumy sözleri ulanmakdan saklanyň. Jogabyňyzda ýanýoldaşyňyzyň söýgi hatynda ýazylan zatlaryň ählisine jogap bolsun. Her bir berlen sowal özüniň kanagatlanarly jogabyny siziň hatyňyzdan tapmagy başarsyn.

Onsoňam ýene bir zady aýratyn bellemek gerek. Ol-a diňe bir söýgi haty eken, mähribanyňyzdan gelen ýönekeýje smsler hem hiç hili jogapsyz galdyrylmaly däldir.

Ýanýoldaşyňyz size haýsydyr bir sowal bilen ýüzlenýän pursady, näçe başagaý bolsaňyzam, onuň sowalyny jogabyňyz bilen hökman kanagatlandyryň!

ISLEGLERIŇI HAT ÜSTI BILEN

DÜŞÜNDIRMEK

Söýgi hatlary diňe bir gaharly pursadyňyz köwsarlan köňlüňizi köşeşdirmäge däl, islegleriňizi we arza-şikaýatlaryňyzy iň dogry usulda ýanýoldaşyňyza ýetirmäge hem kömek edýär.

____________________

Wenerada şeýleräk bir düzgün bar.

Ol ýerdäki ähli zenanlar:

«Meni söýýärmi?!

Meniň isleýän zadymy-da hökman biläýmeli!» diýen pikirde bolýar…

____________________

Ýöne marslylar hemme zady biler ýaly, Wenerada ýaşap görmediler ahyryn. Onsoň olar weneralylaryň isleglerini nireden bilsin?!

Şonuň üçinem söýgi hatyny ýazýan pursady zenanlar nämäni isläp, nämäni islemeýändigini hem ýanýoldaşlaryna düşündirseler, has ýerlikli bolardy…

SÖÝGI HATYNY NÄME ÜÇIN ÝAZMALY?

Söýgi hatyny näme üçin ýazmaly?

• Göwündeşiňizi ynjytmazlyk üçin.

• Başky gaharyňyzy kagyzda egismek üçin.

• Göwnüňize nämäniň ýarap, nämäniň ýaramaýandygyny iň dogry usulda düşündirmek üçin.

• Ýürekdeşiňiziň öz ýalňyş hereketine düşünip, ony düzetmegi üçin.

• Söýgiňiziň sarpasyny saklamak üçin.

• Araňyzda sowuklygyň döremezligi üçin.

• Ýaramaz duýgularyňyzy oňyn şekilde düşündirmek üçin.

• Dawa-jenjellerden daşda durmak üçin.

On ikinji bölüm

NÄDIP KÖMEK SORAMALY WE

ÝANÝOLDAŞYŇYZY

ÝAKYN ÝARDAMÇYŇYZA ÖWÜRMELI?

Eger ýanýoldaşyňyz size isleýşiňiz ýaly kömek etmeýän bolsa, ýa ondan ýardam etmegini haýyş edýän dälsiňiz, ýa-da siz kömek etmegini soralmalysy ýaly soraýan dälsiňiz.

____________________

Biz hemişe we hemme ýerde iň ýakynymyzyň — ýürekdeşimiziň ýardamyna mätäç…

____________________

Eger siz ýakynyňyzyň ÝARDAMYNA MÄTÄÇ bolsaňyz, onda ondan KÖMEK SORAŇ!

Marslylar-da, weneralylar-da ýanýoldaşyndan ýardam soramaga ýaýdanýarlar. Bu, aýratynam, zenanlar babatda şeýle. Zenanlar, köplenç, ýardama mätäçdigini aýtmaga ýaýdanýarlar. Şonuň üçinem bu bölümde zenanlar hakynda köp söhbet ederis…

ZENANLAR NÄME ÜÇIN KÖMEK

SORAMAÝARLAR?

Zenanlar, köplenç, «Erkeklerden kömek soramaly däl» diýen ýalňyş pikirde bolýarlar. Sebäbi zenanlaryň özleri erkeklere seredeniňde has duýgur bolanlygy üçin, olar daş-töweregindäkiler içki isleglerini beýan etmese-de düşünip bilýärler. Şonuň üçinem zenanlar erkekleri-de özleri ýaly duýgur hem duýguçyl hasaplaýarlar. Şeýle bolansoň, weneralylar göwün islegine ýanýoldaşynyň düşünerine hantama bolýarlar.

____________________

Wenerada şeýle şygar bardy:

«Söýýän kişiden kömek soramak gerek däl.

Söýýän kişi söýýäniniň hemişe ýakyn ýardamçysy bolmaly».

Ýer şarynda ýaşap ýörenine asyrlar aýlanyp, eýýamlar geçse-de, zenanlarda Weneradaky ýaşaýşyň täsirleri görnetin duýulýar.

Olar häzirki günlerde-de:

«Söýýän bolsa hökman ýakyn ýardamçym bolar» diýip, ýanýoldaşyndan kömek soraman, olaryň ýardam ederine garaşýarlar.

Emma Mars bilen Weneradaky düzgüniň

düýpgöter tapawutlydygy hakynda welin,

hiç bir weneraly pikir etmeýär…

____________________

Erkekler — Marsyň raýaty. Marslylar hiç haçan gönüläp kömek soralmasa, ýardam etmek hakynda pikirem etmeýär. Olaryň özleri kimdir birinden haraý hantama bolsalar-da, hökman daşyna çykarýarlar.

____________________

Marslylar hiç haçan kömek soraman,

kimdir biriniň ýardam ederini tama etmeýärler.

Kömek soramadyga-da ýardam etmelidir öýtmeýärler…

____________________

Hut şonuň üçinem weneralylar kömek sorasa marslylar jany-teni bilen kömek edýärler. Eger soramasalar welin, kömek etmek hakynda pikirem etmeýärler. Şeýledigini bilmeýän zenanlar bolsa ýardam soraman, kömek edilerine garaşýar. Ýanýoldaşyndan hiç hili kömek bolmadyk ýagdaýynda bolsa, özüni söýülmeýän hasaplap ýalňyşýar.

Aslynda, marslylar zenanyna söýmeýäni üçin däl-de, zenanynyň kömek soramaýany üçin kömek edenok.

____________________

Eger zenan ýanýoldaşyndan kömek soramasa, ýanýoldaşy-da oňa ýeterlik ýardam edýändirin diýen pikirde bolýar.

Şu babatda döräp biläýjek dawa-jenjelleriň öňüni almak üçin, zenanlara soramak sungatynyň hünärmeni bolmak hökman.

____________________

Şonuň üçin, geliň, söhbedimizi soramak sungaty hakdaky söhbetler bilen dowam edeliň!

GEPLEÝIŞ ÄHEŇIŇIZE ÜNS BERIŇ!

Soramak sungatynyň söhbedini gepleýiş äheňi hakyndaky maslahatlar bilen başlamagy maksadalaýyk hasapladym. Çünki marslylaryň dünýäsinde ol wajyp ähmiýete eýe. Onsoň marslylardan bir zady soramak üçinem, söhbetdeş bolmak üçinem, gep äheňine üns bermek hökman.

____________________

Çünki marslylar buýruk äheňinde gürleşýänleri itden beter ýigrenýärler.

Buýruk äheňinde gürläp, hatda iň ýakyn ýürekdeşi hem gyşda gar sorasa-da alyp bilmez…

____________________

Şonuň üçinem bu bölümde jaý wagtynda, dogry usulda kömek soramak hakynda söhbet etmekçi…

ERKEKLERDEN NÄMEDIR

BIR ZADY SORAMAK ÜÇIN…

Gadyrdan zenanlar! Siz, köplenç, ýanýoldaşyňyzyň haýsydyr bir haýyşyňyzy bitirmändigini aýdyp zeýrenýärsiňiz. Bu, köplenç halatda, siziň dogry wagtda, dogry şekilde, dogry usulda haýyş etmändigiňiz üçin şeýle bolýar. Aslynda, dogry şekilde deprenseňiz, hiç haçan ýanýoldaşyňyzyň haýyşyňyzy bitirmedik wagtyna gabat gelmersiňiz. Geliň, gowusy, marslylardan nämedir bir zady dogry şekilde soramak dogrusynda giňişleýin söhbet edeliň!

Marslylardan islendik bir zady soramak üçin, soramazdan öňürti 5 zada üns bermegiňiz gerek. Olar:

1) Ýerlikli wagt.

2) Talabediji şekilde gürlemezlik.

3) Gysgaça beýan etmek.

4) Gönümel gürlemek.

5) Marslylara düşnükli sözlerden peýda-
lanmak.

Geliň, indi bolsa olaryň hersiniň üstünde aýratyn durup geçeliň!

1. ÝERLIKLI WAGT

Zenanlar hemişe hemme zadyň öz ýerini bilmeli. Köplenç, erkekleriň ýerine ýetirmegi meýilleşdirip oturan zadyny bilibem, zenanlar şony ýerine ýetirmegi haýyş edýärler. Meselem, ýanýoldaşy hemişe öýdäki zibil gutusyny işden gelensoň boşadýan hem bolsa, her gün ýoldaşy işden gelenden soň, zenanyň zibil gutusyny boşatmagy haýyş etmegi ýerliksizdir. Kähalatda erkekler işden gelip, öz gyzyklanýan pişesi bilen meşgullanyp biler, ýa bolmasa az wagt söýgüli telegepleşigine tomaşa etjekdir. Beýle pursatda zenanyň nämedir bir zady ýerine ýetirmegi haýyş etmegi nädogrudyr. Çünki bu nädogry wagtdyr. Bu ýagdaýda erkekler şol işi etjek bolup duranam bolsa, boýun gaçyrýarlar. Näme üçin? Sebäbi bu kömek nädogry wagtda soraldy…

2. TALABEDIJI ŞEKILDE GÜRLEMEZLIK

Zenanlar özleri bilmezden haýyş etselerem, edil talap edendäki bilen birmeňzeş şekilde gürleýärler. Şeýle bolanlygy üçin, erkekler talap däl, haýyş bolsa-da, zenanlarynyň haýyşyny ret edýärler.

____________________

Weneralylar!

Siz diýýän sözleriňizi näçe saýgaryp

gürleseňiz-de, eger haýyş bilen talabyň äheňini biri-birinden tapawutlandyrmasaňyz, ýanýoldaşyňyz hiç haçan haýyşyňyzy bitirmez…

____________________

3. GYSGAÇA BEÝAN ETMEK

Öňki söhbetlerimizde hem durup geçişimiz ýaly, zenanlar duýgularyny dile getirmek babatda şahyrana şahadatnamanyň eýesi. Şeýle bolansoň, köplenç, zenanlar ýanýoldaşlaryndan kömek soramak üçin, ilki şol kömege nähili mätäçlik çekýändigi dogrusynda gürrüň berýärler. Soňabaka söhbet süýjäberse, şol kömegi ýanýoldaşynyň näme üçin bermelidigi hakynda hem gürrüň berenini duýman galýarlar. Emma weneralylardan tapawutlylykda, marslylar gysgadan düşnükli düşündirişleri halaýarlar. Haçan-da, zenany kömege mätäç mahaly, şol kömek dessine soralsa, ilgezik ýardam edýärler.

____________________

Bir zady soramazdan öňürti, ýa bolmasa haýsydyr bir zat hakynda söhbet etmezden ötri, şol barada uzyn-uzyn düşündirişleri hiç bir marslynyň hem diňläsi gelmeýär.

Bu ähli marslylara mahsus gylyk.

Siz ýanýoldaşyňyzyň ýanynda näçe gysga we düşnükli gürleseňiz, şonça-da özüňiz üçin gowusyny etdigiňiz bolar…

____________________

4. GÖNÜMEL GÜRLEMEK

Zenanlar, köplenç, köp zady daşdan aýlap aýdýarlar. Olar nämedir bir zady düşündirmek islänlerinde, töwerekleýin düşündirmegiň tarapdary.

Erkekler welin, tersine. Olar gönümel gürleşmegi halaýarlar. Şonuň üçinem zenanlaryň bir zady aýlap düşündirmegi marslylaryň myrryhyny atlandyrýar. Zenanlar hemişe diýen ýaly, hiç bir zady gönümel aýtmaýarlar. Geliň, käbir mysallara ýüzleneliň!

• «Çagalary mekdepden alyp bilmezmiň?» diýen sözlemi aýtmagyň ýerine, zenanlar: «Çagalar mekdepde otyr. Olary öýe alyp gaýtmak gerek. Men welin iş bilen başagaý. Olary alyp gaýtmaga hiç hili wagtym ýok» diýýärler. Zenanlaryň bu diýýänini erkekler şeýle kabul edýärler: «Çagalary mekdepden hökman alyp gaýtgyn. Ýogsa özümi goldawsyz ýaly duýýaryn».

• Weneralylar: «Satyn alan harytlarymyzy ulagdan düşüräý» diýmegiň ýerine: «Satyn alan harytlarymyz ulagda galdy ahyryn» diýýärler. Bu sözler erkekleriň gulagyna şeýle eşidilýär: «Satyn alan harytlarymyz ulagda dur. Ony alyp gaýtmak seniň borjuň ahyryn!».

• «Şu gün agşamlyk bileje restorana gidäýeli?» diýmegiň ýerine, zenanlar: «Şu gün agşamlyk nahar bişirere hiç hili wagtym ýok» diýýär. Bu sözler marslylar üçin şeýle ýaňlanýar: «Men hemişe öýüň biş-düşi, ownuk-uşak işleri bilen ýetişiksiz günde. Ýekeje gün dagy bizi restorana alyp gideniňde näme bolýar?».

____________________

Görşümiz ýaly, marslylaryň aýdylýan sözlere ters düşünmezligi üçin, gönümellik gerek.

Gönümellik bolsa weneralylaryň tebigatyna mahsus bolmadyk ýagdaý.

Bu häsiýeti göwnünde kemala getirip,

kämilleşdirip bilen zenan ýanýoldaşynyň ýanynda hiç haçan düşünişmezliklere sezewar bolmaz…

___________________

5. MARSLYLARA DÜŞNÜKLI SÖZLERDEN PEÝDALANMAK

Öňki bölümlerde hem beýan edişimiz ýaly, marslylar we weneralylar şol bir sözleri gürleseler-de, her planeta laýyklykda, sözleriň aňladýan manylary dürli-dürli. Şeýle bolansoň, dilmaç düşündiräýmese, kähalatda olaryň biri-biriniň aýdanlaryna akyl ýetirmeýän pursatlary gaty kän bolýar. Şu kitaby ýazmagymyň asyl maksady hem şol dilmajyň ýerini tutmakdy…

Hut şu bölümdäki söhbedimize gaýdyp geleliň!

Marslylardan islendik bir zady soramak üçin, soramazdan öňürti üns bermeli zatlaryňyzyň 5-njisi marslylara düşnükli bolan sözleri ulanmagyňyzdyr. Has takygy, buýruk beriji äheňi bolmadyk, arza-şikaýat etmeýän, zeýrenç-igençsiz sözleri ulanmak hökmanydyr. Bu, elbetde, marslylaryň, hakykatdanam, kömek sorap ýüz tutýandygyňyza ynanmagy üçin zerur…

____________________

Hormatly zenanlar!

Size berip biljek iň gowy maslahatym:

Soramak sungatynyň ussady boluň!

Diňe şonda ýanýoldaşyňyzdan isleýän kömegiňizi alyp bilersiňiz.

____________________

On üçünji bölüm

SÖÝGINIŇ GUDRATLY GÜÝJÜNI

GOWZATMAŇ!

Söýgi — ömrüň sütüni. Söýgüsiz ömür binýatsyz ymarat mysalydyr. Binýatsyz ymaratyň bolsa ömri gysga bolýar. Söýgüsiz gurlan ömür uzaga gitmeýär. Derrew dargamak bilen bolýar.

____________________

Söýgi haçan SÖÝGI bolýar?

Elbetde, şol söýgini ýüreginde göterip ýören aşyk-magşuklar ykbalyň synag süzgüjinden geçmegi başaranda…

____________________

Hawa, söýginiň syrly synaglary sanardan kän. Bu synaglar biziň täleýimize nuram ýagdyryp bilýär, garam. Diňe gowulyklaryň bolmagyny islesek, söýginiň synaglaryndan birkemsiz geçmegi başarmaly. Çünki bagt diňe söýginiň syrly synaglaryndan geçmegi başaranlaryň tarapynda bolýar.

____________________

Bu bir ykbal.

Munda yşka düşmegiň özi bir süýji sütem.

Çünki yşkyň menzilleri dürli-dürli.

Bir gün biz biri-birimizi däli-porhan bolup söýýäris.

Bir günem bu söýgini ýersiz-ýere ýigrenje öwürýäris.

Näme üçin?

Üçini şol, biz uşajyk düşünişmezlikler bilen

söýgimiziň gudratly güýjüniň gowzamagyna sebäp bolýarys…

____________________

Hawa, yşkda gudrat bar. Onda-da nähili gudrat. Bu gudrat ýazy gyşa, gyşy bolsa tomsa öwrüp, gyşyň aňzagynda ruhumyzy ýyladyp, tomsuň epgeginde ýüregimizi buza dönderip bilýär. Bu gudratly güýç hiç kimiň gözüne görünmeýär. Asyl-ha, bu gudrat göze görünýän zadam däl. Çünki ony diňe ýürek bilen duýup bolýar. Bu gudratyň gymmatyna düşünip, onuň möwjemegine sebäp bolýanlaram az däl. Emma yşkyň iniş-çykyşly menzillerindäki synaglardan geçip bilmän, onuň gudratly güýjüni gowzadýanlaryň sany juda kän.

____________________

Yşkyňyzyň gudratly güýjüniň möwjemegini isleýärsiňizmi?!

Onda yşkyň pasyllary çalşan mahaly,

duýgularyňyzyň durnuksyzlaşmagyna ýol bermäň!

____________________

YŞKYŇ PASYLLARY

Aşyklary biri-birine ysnyşdyrýan yşk diýlen närse hut bag mysaly bir zat. Eger bagymyzyň güllemegini isleýän bolsak, onuň idegini ýetirmegimiz derkar. Wagtly-wagtynda suwaryp, bagdaky daragtlaryň ählisiniň teşneligini gandyrmak zerur. Yşk bagymyzdaky her bir gülüň terliginiň saklanmagy üçin, olaryň her birine ýeterlik derejede üns-aladamyzy sarp etmeli.

Bagymyzdaky gül-gülälekleri her gün şol bir mukdardaky suw bilen suwarmak hem nädogrudyr. Çünki ynsanlaryň her bir paslyň tebigy şertlerine laýyklykda geýnişi ýaly, her bir ösümligiň hem her bir paslyň tebigy şertlerine laýyklykda aladasyny etmeli. Ösümlikler her günki howa şertlerine laýyklykda iýmitlenmeli. Sebäbi bir paslyň, hatda bir hepdäniň dowamyndaky günleriňem, bir günüň içindäki sagatlaryňam howa şertleri asla biri-biriniňkä meňzemeýär.

____________________

Ýekeje gülüni-de soldurmazdan,

iň owadan bagy kemala getirmegiň aňsat bolmaýşy ýaly, yşk bagynyň-da güllerini

birkemsiz idedip ýetişdirmek juda çetin.

Çünki yşkyň pasyllarynyň adaty pasyllaryňky ýaly dowam edýän bellibir wagty ýokdur.

Yşkyň pasyllary duýdansyz çalyşýar.

Onuň nädip çalşanyny duýmak üçinem,

pasyl çalşan mahaly, şoňa laýyk hereket etmek üçin, örän üşükli bolmak gerek.

Bu bolsa her kime başardýan zat däl…

____________________

YŞKYŇ BAHARY

Yşka düşmek, kimdir birine aşyk bolmak ýazy ýadyňa salýar. Çünki pasyllaryň soltany bahar gelse, daş-töwerek gülzarlyga beslenýär. Bilbiller nagma kakyp, ähli guşlar şirin owaz bilen saýraýar. Daş-töwerege ýazyň ýalkymy ýaýraýar. Tebigat owadan keşbi bilen ynsanlary özüne bendi edýär. Baharyň ajaýyp keşbini köňlüň bilen berlip synlanyňda bolsa, bu görnüş gözleriňe müdimilik siňýär.

Yşka düşen pursadyň, söwer ýara aşyk bolan pursadyň hem edil şu waka mysaly bir gudraty başdan geçirýärsiň. Göýä diýersiň, şol aşyk bolan ynsanymyz bilen bile toý toýlasak, bagtyň çür başyna ýetjek mysaly. Aşyk bolan ynsanymyz gözümize dünýädäki iň gowy, iň owadan, iň mähirli, iň rehimdar ynsan bolup görünýär. Biz dünýäni onsuz göz öňüne-de getirip bilmeýäris. Ömrümiziň ýekeje sekundyny-da, ony söýmän geçirip bilmeýäris. Bu biziň dünýämiziň iň gudratly pursady.

YŞKYŇ TOMUS MÖWSÜMI

Wagt geçýär. Yşkyň bahary paýawlap, tomus möwsümine gadam goýýarys.

Yşkyň tomus möwsüminde aşyk bolan ynsanymyzyň dünýädäki iň gowy, iň owadan, iň mähirli, iň rehimdar ynsan däldigine göz ýetirýäris. Çünki olam ynsan ahyryn! Ynsan ýalňyşybam bilýär, bilner-bilinmez günä iş edibem. Ynsanlyk tebigatyna mahsuslykda, söwer ýarymyzyň kä mylaýym, kä gaharjaň, käte rehimdar, käte-de zalym bolmagy-da adaty bir ýagdaý.

____________________

Wagt geçip, yşkyň gögele duýgularynyň bady gaýdyşandan soň, aşygymyzyň, biziň pikir edişimiz ýaly, birkemsiz perişde däl-de, edil özümiz ýaly ynsandygyna akyl ýetirýäris.

Yşkyň tomus möwsümi söýenlerimiziň diňe bir gaýry planetaly bolmak bilen çäklenmän,

eýsem, biziň tersimizdigini düşündirýär.

____________________

Şeýlelikde, ýüregimize dowul düşüp, göwnümiz gussa gaplanýar. Çykgynsyz çylşyrymlylyklara çolaşan çagymyz, yşkyň baharyndan soň tomsunyň hem bardygyna düşünýäris.

____________________

Hut şol pursatda — yşkyň tomus

möwsüminde bize nämäniň zerurdygyny bilýärsiňizmi?

Ekinleriň gowy ösmegi üçin, hapa-haşal otlaryň sogrulyp alnyşy ýaly, biz — ynsanlar hem hapa-haşal pikirlerimizden saplanmaly.

Gussanyň tomsuň Güneşi kibi gyzdyryp,

gysyp-gowrup barýan mahaly,

suw kibi päkize niýetlerimiz bilen

söýgimizi, ynamymyzy suwarmaly.

____________________

Isleýşimizçe söýülmek, hemişe, hemme ýagdaýda söýmegi başarmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Ykbalymyz bizi hemişe bagtly günler bilen ýüzbe-ýüz edip duranok. Şatlyk hem gussa wagtly-wagtynda ýerini çalyşýar. Şatlyk öz ornuny gussa beren mahaly, köp jübütler wagtyň synagyna döz gelip bilmän, gussaly günleriň gelmeginde söwer ýaryny günäkär hasaplaýar. Olar hemme zadyň wagtlaýyndygyny ýatdan çykarýarlar. Hemişe yşkyň baharynda ýaşamak isleýärler. Emma ýyllar pasyllardan düzülen…

Tomus paslynda daýhanyň gyzgyn tygly Güneşiň şöhlesine döz gelip, ajy der döküşi ýaly, yşkyň tomus möwsüminde hem çyn aşyklar gussanyň gysyp-gowrup barýan «şöhlesine» döz gelmeli bolýarlar.

____________________

Gussanyň epgegi çyn aşyklary ähtinden dänderip bilmeýär…

____________________

SÖÝGINIŇ GÜÝZ HASYLY

Yşkyň güýz paslynda tomus möwsüminde çeken zähmetimiziň rehnetini görýäris. Eger tomsuň Güneşine depämizi gaýnadyp, der döken bolsak, tylla güýzde yşkymyzyň hasyl toýuny uludan toýlaýarys.

____________________

Güýze «tylla güýz» diýilýär.

Bilýäňizmi näme üçin?!

Çünki yşkyň tomus möwsüminde yrylmaz yhlas eden aşyklar yşkyň güýz paslynda

bagtyň tylla tagtynyň eýesi bolýarlar…

____________________

YŞKYŇ GYŞ PASLY

Söýginiň güýz hasylyny ýygnap bolarymyza mähetdel, howa şertleri üýtgemek bilen bolýar. Yşkyň baharyndaky, tomsundaky we güýzündäki howadan tapawutlylykda, alyslaryň aňzagy barha golaýlaşyp, yşkyň gyş pasly dünýämize gadam goýýar.

Gyşyň gelmegi bilen, tebigat durkuny täzeläp, baharyň ýaşyl lybasy, tomsuň gyzgyny, güýzüň hasyly düýpgöter unudylýar.

____________________

Yşkyň gyş paslynda biziň duýgularymyz
doňýar.

Bu pursat marslylaryň şahsy gowaklarynda gizlenip, weneralylaryň gussa doly gurruk guýa gaplanyp, duýgular tolkunynyň iň pes nokadyny gulaçlan çagyna gabat gelýär.

Hut şol ýagdaýdan soň, marslylar-a şahsy gowagyndan çykyp, zenanlaram duýgular tolkunynyň iň beýik nokadyna gowşup, täze bir durmuşa gadam goýýarlar…

____________________

JEMLEME

Gadyrdan okyjym!

Siz bilen söýgi hakyndaky syrly söhbetdeşligim şulardan ybarat. Bu kitap siziň söwer ýaryňyz bilen söýgi gatnaşyklaryňyzy pugtalandyrmaga, sizi bagtly jübütleriň sanawyna girizmäge ýardam berendir diýip umyt edýärin.

Sözümiň soňunda şu kitapda jikme-jik düşündirenlerimi jaýdar jümlelerde jemläsim gelýär:

____________________

Yşk pasyllardan ybarat.

Yşkyň gyşy, tomsy, güýzi we ýazy möhletli.

Olar ýerlerini çalşyp durýarlar.

Esasy zat — söýginiň sabyr synagyndan geçmegi başaryň!

____________________

Goý, ykbal sizi söýgi synaglarynda azaşdyrmasyn! Ýüregiňize kireňsi niýetleri ýanaşdyrmasyn!

Goý, gussalar sizden utulsyn! Maşgala mukaddesligiňiziň binýady berkden tutulsyn!

Goý, siz dünýäniň iň bagtly jübütleri boluň, siziň perzentleriňiz bolsa, dünýäniň iň bagtly çagalary bolsunlar!

Iňlis dilinden terjime eden Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle