Erkekler Marsdan, zenanlar Weneradan (4 bolek)

Jon GREÝ,
amerikan ýazyjysy
(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).
BIZ NÄME ÜÇIN DAWALAŞÝARYS?
Marslylaryň hem weneralylaryň arasynda dawa-jenjelleriň döremegine dürli bahanajyklar sebäp bolup bilýär. Ýöne, köplenç, dawalaşmagymyza sebäp bolýan zatlara mysal hökmünde, maşgalamyzyň maliýe ýagdaýy, çagalarymyz bilen baglanyşykly ýüze çykýan meseleler, işde dörän kynçylyklara gelen gaharymyzy öýdäkilerden çykarmaga synanyşmagymyz, öý işlerindäki jogapkärçiligimiz ýaly meseleleri agzap bileris. Şu zatlar bilen baglylykda ýüze çykan meseleler üçin gulagymyzy däl, ýüregimizi deşer ýaly derejede gopgun turuzýarys. Bu zenzelämiziň ne-hä bize nepi degýär, ne-de beýleki maşgala agzalarymyza. Gaýtam, goh-galmagal bilen diňe bir özümizi däl, bagrymyzdan önen perzentlerimizi-de ruhy taýdan göýdük edip ýetişdirýäris…
____________________
Marslylar bilen weneralylaryň arasynda
näme üçin dawa-jenjeller döreýär?!
Sebäbi zenanlar Marsdan däl,
erkeklerem Weneradan.
Şonuň üçinem olarda
biri-birine meňzemeýän planetanyň
tebigatyna mahsus gylyk-häsiýetler bar.
Her kim öz planetasyndaky
ýazylmadyk kanuna görä hereket edýär.
Netijede-de, düşünişmezlikler
diwarynyň binýady berkden tutulýar…
____________________
Ömür ýoldaşymyz bilen dawalaşyp, öýümiziň imisalalygyny berbat etmek, çagalarymyzyň sagdyn ruhuna zelel ýetirmek gerekmi?!
Asla, gerek däl!
Geliň, gowusy başdangeçirmelerimizi hemmetaraplaýyn seljermäge, bolýan zatlara gapdaldan seredip görüp, soň baha bermäge synanyşalyň! Munuň üçin käbir başdangeçirmelerimi gürrüň bermegi maksada muwapyk bildim.
DAWA-JENJELLERIŇ ANATOMIÝASY
Imisalalygymyzy berbat eýleýän dawa-jenjelleriň aglabasynyň anatomiýasy birmeňzeş. Munuň şeýledigine kitabymyň hut şu sahypasyndaky başdan geçirenlerimi okap göreniňizden soň, anyk göz ýetirip, belki, meň bilen ylalaşsaňyz ylalaşarsyňyzam…
Bir gün men maşgalam bilen tebigatyň gözelliklerine gezelenç etmäge gitdim. Ýanymyz bilen agşamlyk naharymyzy hem aldyk. Aýaklarymyz arýança gezelenç etdik. Birneme gurbatymyz gowşap, ýadawlygymyzy duýup ugranymyzdan soň bolsa, tebigatyň ümmülmez gözelliklere beslenen ýerinde goş ýazdyryp, agşamlyk edindik.
Nahardan soňky çaý söhbedi diýseň gyzykly dowam edýärdi. Çaý başynyň mesawy gürrüňlerinden soň, men mümkin boldugyndan geljegimiz üçin maýa goýum goýmalydygy, çykdajy meselesine birneme tygşytlyrak çemeleşsek çagalarymyzyň geljegi üçinem gowy boljakdygy hakynda söz açdym.
Men bu sözleri peýwagtyna aýdyp goýberdim. Bulary diýmek üçin bellibir wagta garaşmagam, bellibir zady meýilleşdirmegem meniň etjek zadym däl. Emma aýalym welin bar zada ýalňyş düşünipdir. Göýä diýersiň, men hut şular ýaly güne garaşyp, gezelenç edýän, dynç alýan pursady onuň keýpine sogan dogramagy maksat edinen ýaly. Göýä diýersiň, şular ýaly adatdakydan köpräk pul sowlan gününe garaşyp, şol gün pul tygşytlamak hakynda söz açan ýaly…
Emma bularyň hijisi-de meniň pikir-oýuma geljek närseler däldi. Men ýöne «Dile geldi, bile geldi» diýen ýaly aýdyp goýberdim. Tygşytlylyk hakyndaky söhbedimiň aňyrsynda aýalyma köp sowýany üçin yrsaramak, ýa bolmasa oňa şundan şeýläk sowalga bermezlik ýaly niýetlerimem ýokdy.
Ýöne gelnim meniň aýdanlarymyň ählisine nädogry düşünipdir. Meniň çaý başyndaky ýönekeýje teklibimi ol özüniň köp harçlaýandygy üçin aýdylan kinaýaly gürrüňdir öýdüpdir. Şol pikir bilenem ol menden öýkeledi. Maşgalamyň aňynda at çapýan alasarmyk oý-hyýallardan habarsyz ýersiz-ýere gaty görýäni üçin, aýalyma gaharlandym…
Bolandyr bir ýersiz-ýere düşünişmezlik. Turandyr bir ýersiz-ýere apy-tupan. Özem bu tupanyň başyny başlan — düşünişmezlik şemalynyň öwüsmegidi. Eger biz biri-birimiz bilen başda düşünişen bolsak, belki, bu tupan gopmazdy…
Bar zat bulaşansoň, aramyzda dawa-jenjeller zerarly böwet döränsoň, bu waka hakynda kän oýlandym. Hemme zady saldarlap, ahyry baş alyp çykmak başartdy. Ol-a men oňa kinaýaly gürleýär diýip öýkeläpdir, menem öz diýen zatlarymyň kesä çekileninden bihabar, ol menden öýkeleýär diýip gaharlanypdyryn. Garasaý, meniň geljek üçin maýa goýum hakyndaky söhbedim, gazanjymyň güzeranymyzy aýlamakdan başga zada ýetmeýäni üçin, gelnimi günäkär hasaplaýan ýaly duýlupdyr…
Bu bolan zatlaryň ählisi üçin, mähribanymdan ötünç soradym. Men «Bagyşla!» sözümi diýerime mähetdel, maşgalam pagyş-para eräp gitdi. Bary-ýogy ýekeje söz bilen mähribanymyzy ynjytman bilýärkäk, näme üçin biz şeýtmeli dälmişik?!
Aslynda, edil şular ýaly bolmasa-da, şuňa meňzeş dawa-jenjelleriň är-aýalyň arasynda bolup durmagyna sebäp bolýan ilkinji zatlaryň biri marslylaryň «Bagyşla!» diýen sözi aýtmagy özüne kiçilik bilmegidir.
____________________
Marslylar
«Meni bagyşla!» diýen sözi
örän seýrek aýdýarlar.
Çünki Marsda
kimdir birine: «Meni bagyşla!» diýmek,
«Bolan zatlaryň hemmesine men günäkär» diýmegi aňladýar.
Şol sebäpli-de Ýer şary çepbe çöwrülýänem bolsa, marslylar hiç kime
«Meni bagyşla!» diýip ýüzlenmeýärler.
Emma marslylaryň şol ikije söz bilen
bar dawa-jenjeliň soňuna nokat goýup bilýändigine aň etmeýändigi welin, juda gynandyryjy ýagdaý…
____________________
KYN PURSATDA ÝARDAM BERMEK
ARKALY DAWA-JENJELLERIŇ
ÖŇÜNI ALMAK
Kynçylyksyz hiç haçan hiç zady amala aşyryp bolmaýar. Bagtly durmuşa hem aňsatlyk bilen ýetilmeýär. Bagtyýar kişileriň haýsyndan sorasaňyzam sorap görüberiň. Olaryň ählisi-de kynçylyksyz bagtyň ýokdugyny tekrarlarlar. Bu aýdanlarymyz är-aýalyň arasyndaky gatnaşyklar babatynda-da birmeňzeş. Bir gün süýji bolar, bir gün ajy. Bir gün şat geçer, bir gün mat.
____________________
Ömür diýleni
güneşli tomsy hem aňzakly gyşy bilen
biziň sabrymyzy synaýar.
Edil şonuň ýaly-da,
söýgi hem biziň sabrymyzy
şatlykly hem gussaly günler içre synagdan geçirýär.
Diňe söýginiň sabyr süzgüjinden geçen aşyklar
baky bagtyň hak eýeleri bolýarlar…
____________________
Dünýäniň iň bagtly jübütleri bilenem hemsöhbet bolsaňyz bolaýyň, hatda şolaram arasynda düşünişmezlikleriň dörändigi, ençe gezek kynçylyklara sezewar bolandygy dogrusynda söz açar. Bagtlylygyň syryny soranyňyzda bolsa, kyn güne düşen ýanýoldaşyňa ýardam etmekdigini düşündirerler. Çünki yşkyň aňlatmasy hem — biri-biriňe herdem hemdem bolmak. Esasan hem, ýürekdeşiň kyn pursatdaka…
Durmuş hemme kişiniň hem ykbalynda kynçylyklary keserdýär. Hiç kimiň durmuşy hem elmydama gülala-güllük däl. Biriniň ykbalynyň özümiziňkiden has gowudygyny aýdyp zeýrenmek nädogry hereket. Zeýrenmäge sarp etjek wagtymyzy çykalga gözlemäge sarp etmek iň dogrusydyr.
____________________
Kynçylyklar hemmede-de bar.
Emma olar
her kimiň ykbalynda
her hili ýagdaýda döreýär.
Kimdir biri söýgüli işini ýitirse,
kimdir biri saglygyny ýitirýär.
Kimdir biri pully gapjygyny ýitirse,
kimdir biri ýakyn ynsanyny ýitirýär.
Mahlasy, agyr günler, gaçybatalgasyz pursatlar hemme kişiniň ykbalynda-da bar.
Şeýle pursatlarda ynsan ýüregine ýakynlardan ýardama mätäç.
Şeýle pursatlarda biz hiç haçan ýanýoldaşymyzy ýardamsyz goýmaly däldiris.
Ýanýoldaşymyzyň ýürek ýagysy gussa bolan halatynda, onuň derdini ýeňletmek üçin, elimizden gelenini gaýgyrmaly däldiris…
____________________
Ömür ýoldaşymyzyň gaýgysy — biziň gaýgymyz. Şeýle eken, ykbaldaşymyz kyn pursatlar bilen ýüzleşýärkä, oňa mähirli çemeleşmek, ol gaharymyzy getirjek hereket edäýenem bolsa, gaharymyzy az salymlyk ýuwutmak, oňa hem hereket, hem söz bilen goldaw bermek — biziň gaýragoýulmasyz borjumyz.
Geliň, gowusy bir hakykaty kabul etmäge synanyşalyň! Bizem, bizden başga jübütlerem hemişe gussasyz ýaşan däldirler. Saý-sebäplere görä, olar hem gussa gorpuna gaplanýandyrlar. Emma muňa garamazdan, owunjak gussalaryň mähnet galmagallara sebäp bolmagynyň öňüni almak gerek.
Munuň üçin bolsa, ýanýoldaşyňyz gahar-gazaba münen pursadynda däl-de, rahat mahalynda onuň bilen düşünişmäge synanyşyp görüň. Siziň nähili hereketleriňiz ýa-da sözleriňiz onuň gaharlanmagyna sebäp bolýar? Özüňizi nähili alyp baranyňyzda, siz onuň gaharlanmagynyň öňüni alyp bilýäňiz? Ýa-da tersine, onuň haýsy häsiýeti siziň göwnüňize ýaraýar? Haýsy gylygy göwnüňizden turmaýar?.. Garasaý, nädileninde dawa-jenjel az bolar ýaly ýoly saýlamak üçin, ikiňiz hem rahat mahalyňyz maslahatlaşyp görüň!
Araňyzda dörän haýsydyr bir jedeliň soňuna nokat goýmak üçin, diýýän sözleriňiz näderejede dogry bolsa-da bolaýsyn, esasy zat diýýän sözleriňiziň dogrudygynda däl-de, şol sözleri aýdanyňyzdan soň, ýanýoldaşyňyzyň başyndan geçjek ahwalatda. Şonuň üçinem her diýýän zadyňyza ünsli boluň! Aýratynam, gahar atyna atlanan pursadyňyzda.
Maşgalaňyzyň binýadyny berkitmegem, maşgala daragtyňyzy köki-damary bilen ýok etmegem öz eliňizde! Şeýle eken, mukaddes barlygy berbat eýlemäň! Maşgala mukaddesligini depeletjek dawa-jenjellerden daşda duruň!
MÄHIRLI GATNAŞYKLAR GOH-
GALMAGALLARY GOLAÝLAŞDYRMAZ
Biz hernäçe gaharly hem bolsak, ýadaw ýa aladaly hem bolsak, ýakyn ýürekdeşimize hemişe mähir-mylakatly şekilde çemeleşsek, goh-galmagallar golaýymyza gelmeýär. Köplenç, gohuň göhüni getirýän zat gahar ýüzüne, ýa bolmasa aşa ýadaw mahalymyz söwer ýarymyza sowuk-sala çemeleşmegimizdir. Bu babatda öz başdangeçirmelerimi gürrüň bermek arkaly, diýjek bolýan zadymy has-da aýdyňlaşdyrasym gelýär:
Bir gezek aýalym bilen dynç alşymyzy has-da gyzykly geçirmek üçin, gözel künjeklere gezelenje barýardyk. Ulagy sürüp barşyma «Aýalym Boni şeýle gözel ýere bileje gezelenje barýanymyz üçin diýseň begenýändir» diýen pikir bilen oňa nazar aýladym. Begenmeg-ä beýle-de dursun, onuň ýüzündäki adaty uçgunjyklaram bir ýere zym-zyýat bolan mysaly, ol şeýle bir gamgyn otyrdy. Az salymdan soň, agyr oýlaryň ummanyny tukatlyk bilen gulaçlaýan Boni bir nokada seredip, oturan ýerinden şeýle seslendi:
— Meniň durmuşym juda uzaga çeken jebri-jepa mysaly.
Mähribanymyň maňzyma batmadyk bu sözlerine biraz gaharlandym. Men-ä göwnüni götereýin diýip, ony gezelenje alyp barýan, olam maňa sagbolsun aýtmaga derek, durmuşyndan nalynyp otyr. Bu ahwalat meni gaharlandyrsa-da, öňki durmuş tejribäme daýanyp, ilkinji gelen gaharymy ýuwutmaga synanyşdym:
— Elbetde, eger men bolmasam, seniň durmuşyň juda uzaga çeken jebri-jepa mysaly. Şoň üçin meniň barlygym — seniň bagtyň, seniň barlygyň — meniň bagtym…
Bu sözlerim söýgülimiň gussasyny sumat etdi. Boniniň ýüzünde şadyýan ýylgyryş peýda boldy we ol dessine söhbet edýän mowzugyny üýtgetdi:
— Şu wagt ikimiz bileje gezelenje barýanymyz üçin, näderejede begenýändigimi bir bilsediň! Meni saňa gowşuran ykbala alkyşym çäksizdir, mähribanym!..
Ýap-ýaňy hem gama batyp oturan aýalymyň şeýle süýji sözlerini eşidip, ýüz ýaş ýaşardym. Emma men gahar ýüzüne gyşyk gadam goýan bolsam, bar zat tersine-de bolup bilerdi. Onuň birbada tukatlanyp oturmasyna özümçe gowy kesgitleme berdim-de, jaýdar jümläm bilen, mähribanymyň göwnüni göterdim. Munuň üçin öz-özümden hoşal boldum…
____________________
Zenan maşgala erkeklere seredeniňde aşa aladaçyl.
Şeýle bolansoň, olaryň başy hemişe gowgaly.
Köplenç, olar gussa çekegen.
Şeýle halatda ony biz hakynda erbet pikirdedir öýtmek nädogry.
Gaýtam, sähelçe süýji söz bilen, zenanlaryň göwnüni götermäge, goh-galmagalsyz düşünişmäge synanyşmaly…
____________________
ONUNJY BÖLÜM
WENERADA WE MARSDA UTUŞ
GAZANMAGYŇ USULLARY
Islendik bir oýny alyp göreliň. Islendik oýunda hem utuş gazanyş usullary bolýar. Kä oýunda utuş gazanmak aňsat, käsinde kyn. Kähalat bolsa, oýnuň çetinligine laýyklykda utuş gazanylýar. Kähalat bolsa, aňsat ýa çetin, tapawudy ýok, islendik hereketi ýerine ýetirselerem şol bir utuş berilýär. Meselem, diýeli, futbol oýny. Bu oýunda baş maksat — derwezeden topy geçirmek we utuş gazanmak. Munda oýunçy topy aňsatlyk bilen derwezä salsa-da, kynlyk bilen gol geçirse-de, tapawudy ýok, hatda oýunçy bir gol üçin ýaralanan hem bolsa, şol bir hasap — top derwezebanyň päsgelçiliginden näçe gezek geçen bolsa, şonça utuş berilýär. Kähalat bir topar has kynlyk bilen, beýleki bir toparam örän aňsatlyk bilen gol geçirip, köp kynçylyk çeken topar ýeňlişe sezewar hem edilip bilýär. Çünki emin agzalary kimiň köp ýitgi çekýänine däl-de, kimiň köp gol geçirýänine laýyklykda utuş berýär. Ýene bir oýunda bu düzgünler başgaçarak hem bolup biler…
Mahlasy, her oýnuň öz düzgüni bar. Her bir oýnuň öz düzgüni bolşy ýaly, Marsda we Wenerada hem her zadyň öz düzgüni bar. Bu bölümimizde düzgün-tertipleri biri-biriniňkä çapraz gelýän planetalarda — Marsda we Wenerada utuş gazanmagyň usullary hakynda söhbet etmekçi.
____________________
Aslynda, durmuş diýleni hem oýun kibi bir zat.
Munda durmuş oýnunyň düzgünlerine doly düşünmeýän kimse, bagt diýen närseden ät galýar…
____________________
Hawa, durmuş hem oýun kibi bir zat. Bu oýnuň düzgünlerine düşünmek, ýyllaryň ýylgyryp gelmegini gazanmak üçin, gysby gözýetimimizi giňeltmek, ýyllaryň tejribesini arka atmak gerek.
Onsoňam ýene-de bir zady aýratyn belläsim gelýär:
____________________
Men durmuşa oýun diýmek bilen, durmuş diýlen närsäni kiçeltmek islemedim.
Men diňe durmuşyň düzgün-tertibine düşünmegiň derwaýysdygyny ýaňzytmak isledim…
____________________
Hawa, durmuş — oýun. Onuň oýunçylary bolsa biz.
Hawa, durmuş diýlen köplügi emele getirýän barlyk hem kiçijik birliklerden — jübütlerden ybarat. Jübüt hem bolsa birlik diýip atlandyrmagymyň sebäbine hem düşünensiňiz diýip umyt edýärin. Çünki iki ýürek birleşip bir söýgini emele getirýär. Emma ýekeje düşünişmezlik üçin iki ýürek hem berbat bolýar. Şol düşünişmezligiň döremezligi üçin bolsa, durmuş oýnunyň düzgünlerine doly düşünmegimiz gerek. Bu oýunda utuş gazanmagyň usullary nähili? Bu oýunda utuşyňy nädip ýitirýärsiň? Näme edileninde has çalt hem has köp utuk gazanyp bolar? Şu zeýilli sowallaryňyza şu bölümde jogap taparsyňyz diýip umyt edýärin. Durmuş tejribäme we seminar sapaklarymda gören-eşidenlerime daýanyp ýazanlarym size azajygam bolsa ýardam etse, azabymyň ýerine düşdügi bolardy…
***
Marslylaryň ählisi-de söýýän zenanyna söýýändigini dili bilen beýan etmegiň däl-de, hereketleri bilen subut etmegiň tarapdary. Özem marslylar aňynda öz zenanyna garşy eden hereketlerine özleriçe utuk hem berýärler. Meselem, zenanyna ulurak sowgat satyn alsa, diýeli, ulag sowgat etse, ýa bolmasa deňziň kenaryna gezelenje alyp gitse, garasaý, şular ýaly zenanyny begendirmek üçin uly göwrümli bir zat etseler, marslylar bu hereketleri üçin öz zenanynyň aňynda örän uly utuş gazanandyryn öýdýärler. Haçan-da, marslylar öz zenanlary üçin kiçiräk bir zat etseler, meselem, bir çemen sowgat etseler, ýa bolmasa zenanyna ulagyň gapysyny açyp berseler, erkekler bu zatlaryň öz zenanlarynyň aňynda örän kiçijik bir utuş gazandyrýandygy hakynda oýlanýarlar. Hut şonuň üçin hem, marslylar öz zenanynyň aňynda has köp utuş gazanmak üçin, has uly sowgatlary bermegiň tarapdary bolýarlar. Emma Wenerada welin utuş gazanmagyň usullary düýpgöter tersine.
Zenanlar erkekleriň pikir edişi ýaly, aňlarynda öz söwer ýarlaryna uly sowgat üçin uly utuş, kiçi sowgat üçin kiçi utuş bermeýärler. Zenanlar üçin sowgadyň kiçi ýa uly bolmagynyň parhy ýok. Esasy zat — olaryň sowgada mynasyp görülmek duýgusyny duýup bilmegi.
____________________
Zenan dünýäsi üýtgeşik dünýä.
Bu dünýä durşuna, tutuş düýrmegi bilen duýgulara beslenen.
Duýguçyl dünýäniň raýatlary üçin sowgadyň uly ýa kiçidigi derwaýys däl.
Esasy zat — sowgadyň söýgi bilen berilmegi.
Şeýle bolansoň, Marslylaryň uly sowgady-da, kiçi sowgady-da Wenerada şol bir utuşy gazanýar…
____________________
Erkekler zenanlaryna gowşuran uly sowgatlary üçin 30 utuş, kiçi sowgatlary üçin bolsa 1 utuş gazanandyryn öýdýärler. Söýgi bilen gowşurylan ähli sowgady hem söýgi bilen kabul edýän zenanlar bolsa, uly-kiçi ähli kabul eden sowgadyna hem 1 utuş berýär. Çünki Wenerada ähli söýgi sowgatlary hem deň derejedäki söýgi bilen kabul edilýär.
____________________
Bar mesele-de şunda!
Erkekler zenanlar üçin söýgi bilen gowşurylan kiçijik sowgatlaryň hem zenan dünýäsinde uly sowgatlar ýaly gadyr-gymmata eýedigini bilenoklar.
Şeýle bolany üçin hem, erkekler hemişe gujur-gaýratyny zenanlaryna diňe uly sowgatlary almak üçin sarp edýärler.
Emma käte uly sowgatlaryň hem
kiçijik sowgatlaryň ýerini tutup bilmeýändigi welin, erkekler üçin nämälim…
____________________
Bu aýdanlarymyň üstüni ýetirmek üçin, seminarlaryma gatnaşan jübütleriň durmuş hekaýatyny gürrüň beresim gelýär.
Pam lukmançylyk ylymlarynyň ussadydy. Bu ugur boýunça ýokary okuw mekdebini hem tapawutlanan diplom bilen tamamlandygy üçin, oňa ýokary derejeli hassahanalaryň ýolbaşçylary gowy işleri hem teklip edipdiler. Teklipleriň iň gowusyny kabul eden Pam, öz söýgüli hünärinde zähmet çekýärdi. Ynsanlaryň saglygyny dikeldip, köp adamyň alkyşyny alýardy. Bu käre şeýle bir höwes bilen berlipdi welin, hatda işiniň daşyndanam birnäçe hususy edaralarda lukman hökmünde zähmet çekýärdi. Şeýle bolansoň, onuň girdejisi hem juda kändi. Eli uzadan ýerine ýetýär diýilýänlerdendi. Ol islendik zadyny, islän mahaly, islän bahasyndan satyn alyp bilýärdi. Öz söýgüli zenanyna hem her hili gymmat bahaly sowgatlary ugradyp, öz göwnünden özi hoşal bolýardy.
Pamyň durmuşynda girdeji, sowalga, garaz, hemme zat bolmalysy ýalydy, hatda bolmalysyndan-da artygrakdy. Ýöne ýekeje zat ýetenokdy — Pam öz maşgalasyna, öz zenanyna hiç hili wagt aýranokdy. Pam bu kemçiligini kemçilik hökmünde görenokdy. Maşgalasyny hemme kişiden artyk ýaşadýandygyny diline çolap, maşgalasyna sarp etmeýän wagtynyň öwezini ödejek bolýardy. Emma hiç kimiň öwezini hiç kim, hiç zadyň öwezini-de hiç zat dolup bilmeýşi ýaly, gije-gündiz işläp dünýäň bar baýlygyny öýüne jemlese-de, ol maşgalasyna beriljek jinnek ýaly mähiriň deregini tutup bilmeýärdi. Şonuň üçinem Pamlaryň öýünde goh-galmagallardyr dawa-jenjeller goş ýazdyrypdy. Pamyň aýaly, köplenç, tanyş-bilişleriniň ýanlarynda-da iň uly bagtyň dünýäniň mal-mülküni toplamakda däl-de, ýakynlaryň hemişe ýanyňda bolmagydygyny, mähire mätäçlik çekmezlikdigini tekrarlardy.
Bir gün Pam seminarlarymyň birine gatnaşdy we maşgalasyndaky bolup geçýän wakalary beýan etdi. Onuň aýtmagyna görä, ol aýalyna gerek zatlaryň ählisini artygy bilen äberýärmişin. Aýalyny deň-duşlarynyň, hatda barybam görmedik köşk ýaly jaýynda ýaşadýarmyşyn. Eli uzadan ýerine ýetse-de, aýaly oňa: «Maşgalaňa hiç hili wagt sarp edeňok» diýip yrsaraýarmyşyn. Pam, aslynda, bu zatlaryň ählisiniň şeýledigini, hakykatdanam, maşgalasyna wagt sarp edip bilmeýändigini boýnuna-da alýaram. Ýöne ol bu zatlaryň ählisini maşgalasynyň hatyrasyna edýändigini, gije-gündiz işlemeginiň aňyrsynda-da maşgala hakyndaky aladasynyň bardygyny, bu zatlara aýalynyňam düşünmelidigini aýdyp derdindi.
Ilki Pamyň gürrüň berýän zatlaryny üns bilen diňledim. Soňam oňa iň dogry ýoly maslahat berdim. Eger ol maşgalasy üçin şunça işi edýän bolsa, maşgalasy üçin biraz salymlyk ýekeje işde hem işläp görmegi oňa teklip etdim. Ol ylalaşdy…
Aradan wagt geçdi. Pam ýene seminaryma gatnaşmaga geldi. Bu gezek öňki gezekkiden köp zat üýtgäpdi. Pam şeýle bir şadyýan hem bagtyýardy. Onuň ýylgyryşlaryna ýylgyryş bilen jogap gaýtarýan gelni hem onuň ýanyndady. Olaryň ikisi-de maňa olaryň arasyndaky düşünişmezlik diwaryny derbi-dagyn etmäge ýardam edenim üçin, köp minnetdarlyk bildirdiler. Şonda Pamyň jinnek ýalyjak mähiriň ähli sowuklyklary eretmäge, hatda dünýäniň bar baýlygyndan ýüz döndermäge sebäp bolýandygyna şaýat bolandygyny gürrüň bereni ýadymda…
KIÇIJIK SOWGATLARDA ULLAKAN
ÝATLAMALAR ÝAŞAÝAR
Zenan dünýäsi. Bu dünýä üýtgeşik dünýä. Oňa düşünmegem, ony düşündirmegem juda çetin. Olar ýönekeý zada begenip, ýönekeý zada-da gynanyp bilýärler.
____________________
Zenanlaryň bagtlylygyny gazanmak üçin
daglary ýumrup, ýyldyzlardan monjuk düzmegem gerek däl, deňiz-derýalary ters akdyrmagam.
Jinnek ýalyjak mähir bilen söýgi olaryň ýüzlerindäki ýylgyryşyň mizemezligine sebäp bolup bilýär.
Zenanlary begendirmek, olaryň aňynda ýagşy ýatlamalary, ýakymly duýgulary galdyrmak üçin ullakan sowgat gözlemegem derwaýys däl.
Zenan — kiçijik sowgatlara-da ullakan ýatlamalary sygdyryp bilýän ynsan…
____________________
Zenanlaryň gylyk-häsiýetine akyl ýetirip bilmeýän marslylaryň dünýäsi-de syrly sowallara seplenen. Elbetde, marslylaryň dünýäsindäki syrly sowallaryň döremegine sebäp bolýan zat hem, olaryň zenanlara düşünmeýändigidir.
Hawa, marslylar zenanlara düşünmeýärler. Olar zenanlary üçin uludan-uly sowgatlary gözleýärler. Zenanynyň aňynda uly utuşlary gazanmak maksady bilen, bar güýjüni ullakan sowgatlar üçin sarp edýärler. Öň hem ýaňzydyşym ýaly, erkekler 30 sany kiçijik sowgady bir-birden gowşuryp, 30 utuş gazanmagy däl-de, ullakan sowgat bilen, bir gezekde 30 utuş gazanmagy maksadalaýyk hasaplaýarlar. Marslylaryň pikiriçe, günde kiçijik bir sowgat berip, 30 utuş gazanmak üçin, bir aýlap der dökmeli. Uly bir sowgady gowşuryp, 30 utuşy bir gezekde gazansaň welin, gulagyň bir aýlap dynç bolýar.
Emma zenanlaryň dünýäsinde bar zat başgaça. Olar üçin uly ýa kiçi bolsun, ähli sowgadyň gazanýan utuşy şol bir utuş. Şeýle bolany üçin hem, marslylaryň pikir edişinden has başgaçarak, ýagny aýda bir uly sowgat gowşuranyň däl-de, 30 sany — günde bir kiçijik sowgat gowşuranyň zenany has bagtly edip bilýär.
Şu ýerde sowgat diýýänime-de düşündiriş berip geçeýin. Sowgat diýýänim diňe bir maddy baýlyk bilen gazanylýan sowgatlar däl. Men sowgat diýmek bilen, zenany bagryňa basmak, oňa söýýändigiňi beýan etmek, oňa garşy mähirli gatnaşykda bolmak ýaly ruhy sowgatlary hem göz öňüne tutýan. Geliň, gowusy şol diýýän kiçijik ruhy sowgatlarym hakyndaky gürrüňler bilen söhbedimizi dowam edeýin…
ZENANYŇYZYŇ ÝANYNDA
SIZE UTUŞ GETIRJEK KIÇIJIK
RUHY SOWGATLAR:
1. Her gün işden gelen badyňyza öý işleri bilen berbaşagaý bolup ýören zenanyňyzy bagryňyza basyň! Birsalym onuň içki dünýäsine syýahat ediň! Günüň dowamynda meşgullanan pişesi bilen gyzyklanyň!
2. Zenanyňyzy diňlemegi başaryň!
3. Diňe diňlemek bilen çäklenmäň! Onuň bilen gyzyklanýandygyňyzy subut edýän sowallaryňyzy-da gysganmaň!
4. Zenanyňyz size nämedir bir zady gürrüň berýän mahaly telefonyňyza gelen jaňlar ýa-da smsler siziň ünsüňizi bölmesin! Hiç bir zada üns bermän, diňe aýalyňyza diň salyň! Goý, ol az salymlyk hem bolsa, özüniň bar zatdan, bar kişiden ileri tutulýandygyny duýsun!
5. Onuň möhüm senelerinde (doglan güni, toý tutan günüňiz) zenanyňy iň bolmanda, sözleriňiz bilen gutlamagy ýatdan çykarmaň!
6. Geýen täze köýnegi oňa gelşen bolsa, hökman duýgyňyzy diliňize getirip, ony begendiriň!
7. Ol tukat mahaly, şatlandyrmaga synanyşyň!
8. Ol ýadaw mahaly, gerek bolsa öý işlerine-de ýardam etmekden ýaýdanmaň!
9. Haçan-da, iş meseleleriňiz bilen öýe gijä galýan bolsaňyz, aýalyňyza duýdurmagy kiçilik hasaplamaň! Näme üçinmi?! Ol siziň aýalyňyz ahyryn! Mähribanyňyzyň aladalanmagyna asla, ýol bermäň!
10. Hemaýata mätäç mahaly eliňizden gelenini gaýgyrmaň!
11. Haçan-da, haýsydyr bir mesele ýüze çykyp, sizi darykdyrsa-da, oňa bar zady düşündiriň! Goý, ol siziň darykmagyňyza özüni günäkär hasaplamasyn!
12. Haçan-da, zenanyňyz size ýüzlenip, bir zady haýyş etmek isleýän bolsa, telefon oýnap oturan bolsaňyz, telefonyňyzy öçüriň! Telewizora tomaşa edýän bolsaňyz, telewizoryň sesini ýuwaşadyň! Gazet, žurnal ýa kitap okap oturan bolsaňyz, okaýan zadyňyzy goýup, bar ünsüňiz bilen zenanyňyzy diňläň!
13. Etsem-petsemleriňiz babatda zenanyňyza-da maslahat salyň!
14. Işdekäňizem boş wagt tapdygyňyzdan oňa hökman jaň edip duruň! «Näme üçin?» diýýärsiňizmi? Halyndan habar almak üçin, başdan geçirenleriňizi paýlaşmak üçin, söýýändigiňizi aýtmak üçin…
15. Ony söýýändigiňizi hem hereketleriňizde, hemem sözleriňizde beýan ediň!
16. Ol kimdir birinden öýkeli mahaly, ony öýkeleden ynsanyň hereketi dogry hem bolsa, siz aýalyňyzyň tarapyny çalyň! Ol siziň iň ýakynyňyz ahyryn!
17. Ol nämedir bir zady gürrüň berýän mahaly sabyrly bolmagy başaryň! Işe howlugýan hem bolsaňyz, zenanyňyz içini dökýärkä, zo-ol sagadyňyza seredip durmak gelşiksizdir.
18. Zenanyňyza bolan hormatyňyzyň çäksizdigini köpçülikde-de subut etmekden ýaýdanmaň! Goý, ol özüni ähli ýerde-de goragly saýsyn!
19. Zenanyňyzyň halaýan tagamlaryny we içgilerini ýadyňyzda saklaň! Bu siziň garaşylmadyk sowgatlaryňyzyň isleýşiňizden-de gowy bolmagyna ýardam eder.
20. Ähli zenanlary, aýratynam, öý hojalykçy zenanlary gündelik gaýtalanýan öý işleri lejikdirýär. Zenanyňyzyň aýdaryna garaşman, ony dürli ýerlere gezelenje alyp gidiň!
21. Köpçülik ýerlerinde ünsüňiz özgelerde däl, öz zenanyňyzda bolsun!
22. Öý işleriniň jogapkärçiligini tutuşlygyna zenanyňyzyň boýnuna oklamaň! Öýde bejermeli zadyň bar ýa ýokdugyny wagtal-wagtal sorap duruň! Iň bolmanda, aşhananyň pyçaklaryny wagtly-wagtynda ýiteldip duruň!
23. Ýolda-yzda siz ýanynda mahalyňyz onuň goş götermegine ýol bermäň! Hemişe we hemme ýerde oňa ýakyn ýardamçy boluň!
24. Zenanyňyz tagam taýýarlamagyň ussady bolman biler. Emma şonda-da öý bikesiniň tagamyna at dakyp, göwnüne degmegem gelşiksizdir.
25. Haçan, nirä gitseňizem, zenanyňyz bilen hoşlaşyp gitmelidigini ýatdan çykarmaň!
26. Siz üçin nämedir bir zady eden bolsa, hökman sagbolsun aýdyň!
27. Her gün oňa sarp etmäge wagt tapyň!
28. Ondan alyslarda iş saparlaryňyzda mahalyňyz hem, halyndan habar almagy unutmaň!
29. Zenanyňyzyň isleglerini kanagatlandyrmaga synanyşyň!
30. Zenanyňyzy her gün bagryňyza basmagy ýatdan çykarmaň!
____________________
Zenanyňyzy her gün bagryňyza basmagy ýatdan çykarmaň!
«Näme üçin?» diýýärsiňizmi?
Çünki adamzadyň çep gursagynda ýürek bar.
Sag gursagymyz bolsa boşluk.
Jübütler gujaklaşan mahaly bolsa, şol sag tarapymyzdaky boşlugy onuň ýüregi doldurýar.
Onuň sag tarapyndaky boşlugy bolsa, biziň ýüregimiz doldurýar.
«Iki ýürek bir söýgini emele getirýär» diýen sözüň aňyrsynda hem şu many bar.
Asyl-ha, ýüregiň suratyny çekmeli diýseler hem kelläňize gelýän şekil, elbetde, biologiýa kitabyndaky ýüregiň hakyky şekilinden üzňedir.
Ýüregiň şekili diýilse internet ulgamynda paýlaşylýan ýüregiň şekili göz öňüňize gelýändir.
Aslynda, bu şekili döredenlere-de geniý diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz.
Çünki ýüregiň hakyky şekilinden üzňe bolan internet ulgamynda has köp paýlaşylýan ýüregiň şekili — iki ýüregiň birleşen görnüşi…
____________________
KIÇIJIK ZATLARYŇ ÄPET GUDRATY
Kiçijik sowgatlarda uly ýatlamalaryň ýaşap bilşi ýaly, marslylaryň öz zenany üçin amal edýän kiçijik hereketi-de ullakan gudrata öwrülip biler. Çünki her bir bitirilen owunjak işe synçy nazar bilen bakýan zenanlar söwer ýarynyň ýekeje ädimini-de ünsden düşürmeýärler. Edil zenan dünýäsinde kiçijik zatlaryň äpet gudratynyň bolşy ýaly, erkekler hem öz zenanyndan kiçijik haraýa hantama. Zenanyň berlen sowgat üçin çalaja ýylgyryşy-da erkek üçin uly bir zat. Bu ýylgyryş üçin her bir marsly elinden gelenini gaýgyrmaýar. Marslylaryň elmydama öz zenanyna mähirli bolmagyny isleýän her bir weneralynyň özüniň-de mylakatly bolmagy gerek. Zenan haçan-da, özi üçin edilýän alada jogap edip, sagbolsunyny, ýylgyryşyny, mähirli sözlerini gysganmasa, marslylar hem öz zenany üçin gujur-gaýratyny gowzatmaýarlar.
ÜNSÜŇI WE GUJUR-GAÝRATYŇY
TÄZEÇE SARP ETMEK
Siz bilen öz başdangeçirmelerimiň ýene-de birini paýlaşmak isleýärin:
Ilki-ilkiler bar ünsümi, bar wagtymy, ähli gujur-gaýratymy diňe işime gönükdirerdim. Esasy işim maslahatlar merkezindedi. Ol ýerde maslahata mätäçleriň ählisine maslahat bererdim. Ondan daşary seminar sapaklarym hem bardy. Seminarlarymdan soň goşmaça sorag bilen ýüz tutýanlar üçin aýratyn wagt tapyp, olara-da başardygymdan maslahat bererdim. Öz söwer ýary bilen düşünişmezliklere duçar bolan jübütleri täzeden birleşdirmek üçin, elimden gelenini gaýgyrmazdym.
Bulardan daşary, kitap ýazmak hem söýgüli pişämdi. Garaz, kitap ýazyp, maslahata mätäçlere maslahat berip, aýrylyşmak isleýän jübütleri birleşdirip ýörşüme, tasdan öz maşgalamyň bardygy-da ýadymdan çykan eken.
Asyl, görüp otursam, ile berýän maslahatlaryma özüm mätäç ekenim. Dynç günsüz başagaý bolup, maşgala mukaddesligini dargatmazlygy, är-aýalyň hiç haçan biri-birleriniň göwünlerine degmezligini ündäp-ündäp, öýe gelenimden soňam, aýalym Boni görgülä biperwaý çemeleşipdirin.
Her gün öýe gelip, uzakly günüň argynlygyny aýalym Boni görgülä yrsarap ýeňledipdirin. Hepdäniň ýekeje gününi, hatda ýekeje sagadyny-da sarp etmesem-de, maňa gaty-gaýrym söz diýmeýän aýalym şeýle bir mähirime mätäçlik çekýän eken. Munuň şeýledigini maňa aýdyp bilmänem kösenýän eken.
Ahyry aýalym bu çykgynsyzlygyň çykalgasyny tapypdyr. Ol maňa aýdyp bilmeýän zatlarynyň ählisini kagyz ýüzüne geçiripdir. Aýalym Boniniň hatynda şeýle sözler bardy:
«Gadyrdanym Jon.
Men şu haty düşnüksiz duýgularyň girdabyna düşenim üçin, duýgularymy dile getirip bilmeýänim üçin ýazýan. Bu haty ýazmak bilen saňa näme edip, näme etmeli däldigini öwretmek islemedim. Men diňe duýgularymy seniň bilen paýlaşmak isledim.
Takdyra ten berjek bolup hernäçe jan etsemem, seniň ähli wagtyňy işiňe sarp edýändigiň üçin, şeýle bir gaharym gelýär. Nädip gaharlanmaýyn, sen her gün öýe gaty giç gelýäň. Maňa söz gatara-da gurbatsyz halda başagaýlyklara berilýäň. Men beýle durmuşy arzuw etmändim. Bar arzuwym senli günler bilen baglanyşyklydy. Bar maksadym — ömrümi senli pursatlar bilen haşamlamakdy…
Süýji arzuwlarymy hasyl etmegiň ýerine bar wagtyňy we gurbatyňy öz müşderileriňe sarp edýändigiňi görmek maňa şeýle bir agyr degýär. Seniň maşgala sarp edere ýekeje sekundyňam ýokdugyna, her gün öýe halys ýadaw halda gelýändigiňe şeýle bir gynanýan. Men öňki seni — maňa wagtyny sarp edip bilýän ynsany şeýle bir küýsedim.
Ömürboýy şu durmuşda ýaşamaly bolarys öýdýän. Ömürboýy saňa zar bolup ýaşaryn öýdüp göwnümde syrly gorky döredi. Bu gorkym meniň göwnüçökgünligimiň gönezligi deý…
Bu sözlerimi okamak seniň üçin has agyr hem bolsa, meni bagyşla!
Bilýän, sen örän işe çulum ynsan, bar zada yhlas bilen ýapyşýaň.
Seniň halal zähmetiňe sarpamyň örän uludygyny unutma!
Seni çyn ýürekden söýýän Boni…».
Diňe şu haty okanymdan soň, hakykatdan-da, aýalym üçin sarp etmeli wagtymy müşderilerime sarp edendigime, beýtmek bilen, ömrümiň iň uly ýalňyşyny goýberendigime magat göz ýetirdim. Bu ýalňyşlygyň ömrümiň iň uly betbagtçylygyna öwrülmeginiň öňüni alan zat — Boniniň haty…
HAÇAN MARSLYLAR ÇENDENAŞA
KÖP IŞLEÝÄR?
Hawa, aýalyma hiç hili wagt sarp edemokdym. Çünki, meniň pikirimçe, gijämi gündiz edip, arman-ýadaman zähmet çeksem, köpräk pul gazansam — bu biziň maşgalamyz üçin iň gowusydyr öýdýärdim. Islän wagtymyz islän harjymyz üçin sowalgamyz ýeterlik bolsun diýibem, maşgalamy unudyp zähmet çekýärdim. Boniniň haty bu hereketimiň ýalňyşdygyny düşündirdi.
Şol günden soň ýalňyşlygymy düzetmäge synanyşdym:
Maslahatçy hökmünde öň günde sekiz kişini kabul edýän bolsam, soň ýedi kişini kabul edip başladym. Sekizinji kabul edýän kişim — aýalym diýip, aňymy şoňa dogruladym. Her gün öýe öňküden bir sagat ir gelip başladym. Öz ýanymdan aýalymyň iň köp üns bermeli ynsanymdygyny tekrarladym. Müşderilerime çemeleşişimden-de has çynlakaý çemeleşmelerim sebäpli, aýalym gün geçdigisaýyn şadyýanlaşdy. Bu ahwalat diňe bir aýalymyň däl, meniňem bagtlylygymy artdyrdy.
Maşgalama we aýalyma sarp edýän wagtymy, olara berýän ünsümi artdyrdygymsaýyn, özümiňem şonça köp söýülýändigime göz ýetirdim. Diňe şondan soň hakyky üstünligiň nämededigine düşündim. Çünki maşgalamyň abadanlygy işimdäki üstünliklerimiň hem sanyny artdyrdy.
Men ilkibadalar edil öňküler ýaly gije-gündiz işlemesemem, işimiň öňkülerden has şowly geçmesine haýran galdym. Soň-soňlaram ömrüň manysynyň iň ýakynlaryňdadygyna akyl ýetirdim.
ZENANLAR NÄDIP KÖMEK EDIP BILER?
Boni maňa ýalňyşlarymy aýdylmaly wagty, aýdylmaly usuly bilen aýdyp, örän uly kömek etdi. Men zenanymyň kömegi bilen ykbalymda gabat geljek iň uly betbagtçylygyň öňüni aldym.
MARSDA UTUŞ GAZANMAGYŇ USULLARY
Marsda utuş gazanmagyň usullary Weneradakydan düýpgöter tapawutly. Weneradaky ýaly haýsydyr bir sowgat bilen marslylaryň göwnüni awlamak çetin. Marslylar hemme zatdan beter gadyrynyň bilinmegine mätäç. Meselem, marslylar weneralylara haýsydyr bir sowgat berende, olar öz zenanynyň nähili duýga berlenini bilmek isleýär. Weneralylar şol sowgady halandygyny aýdyp, sowgada mynasyp göreni üçin, marslylara minnetdarlyk bildirseler, hut şo pursat marslylar öz içki dünýälerinde zenanlaryna örän ýokary utuş berýärler…
ARATAPAWUTLARYMYZA
AKYL ÝETIRMEK
Marslylar we weneralylar haçan uly utuşlary gazanyp bilerler?! Haçan-da, olaryň ikisi-de Marsdaky we Weneradaky utuş gazanyş usullarynyň aratapawudyna akyl ýetirip, şoňa görä hereket edende…
(Dowamy bar).
Iňlis dilinden terjime eden Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy
