|

Erkekler Marsdan, zenanlar Weneradan (2 bolek)

Erkekler Marsdan, zenanlar Weneradan (2 bolek)

Jon GREÝ,
amerikan ýazyjysy

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

Dördünji bölüm
MARSLYLARY WE WENERALYLARY NÄDIP SUSSUPESLIKDEN HALAS ETMELI?

Ençe asyr mundan öň marslylar we weneralylar biri-birinden aýratynlykda örän bagtly durmuşda ýaşapdyrlar. Günlerde bir gün olaryň ykbaly düýpgöter özgeripdir. Marslylar we weneralylar bu özgerişi birbada kabul edip bilmän, ruhy çökgünlige sezewar bolupdyrlar. Birdenem görlüp-eşidilmedik hadysa ýüz beripdir-de, olar ýene öňküleri ýaly şadyýan hem bagtyýar bolupdyrlar.

«Nädip? Näme bolupdyr? Näme üçin gama batyp, näme üçin şatlanypdyrlar? Muňa näme sebäp bolupdyr? Men hiç zada düşünmedim!» diýýärsiňizmi? Muňa düşünmek üçin köp ýyllar mundan öň bolan zatlara — geçmişe syýahat etmegimiz derkar. Belki, bu syýahata bilelikde gideris?! Söz berýän, bu syýahatyňyz sizi asla ökündirmez. Gaýtam, siz marslylaryň we weneralylaryň nämede şat, nämede-de gamgyn bolýandygyny öwrenersiňiz. Bu siziň ýürekdeşiňizi — ýanýoldaşyňyzy ruhy çökgünlikden halas etmegiňize, ony hiç haçan gamlandyrmazlygyňyza sebäp bolar.

Onda, näme, iň ýakynyňyzyň iň ýakyn ýardamçysy bolmaga howlugyň! Munuň üçin geçmişde nämeleriň bolup geçendigine, geliň, hemmämiz bilelikde şaýat bolalyň!

Hawa, hawa, günlerde bir gün marslylar aýdyp-diýer ýaly bolmadyk derejede ruhy çökgünlige sezewar bolupdyrlar. Planetanyň ähli ilaty bu ruhy çökgünlikden saplanmaga çykalga tapmak üçin, öz gowaklaryna sümlüpdirler. Gowagyna dulanan marslylaryň biri öz güýmenjesi hökmünde, teleskop arkaly asman gümmezini synlaýarka, onuň gözi Wenera planetasynda eglenýär. Ol beýleki marslylary hem ýanyna çagyryp, teleskop arkaly olara owadan hem näzik, mylaýym hem mähriban weneralylaryň planetasyny görkezýär. Marslylar zenanlary gören dessine bular ýaly gözelligiň diňe marslylarda bar bolan gara güýç bilen goralmaga mätäçdigini, olara özleriniň juda gereklidigini duýýarlar.

____________________

«Özlerini kimdir biriniň gerekleýändigini,
özüniň kimdir biriniň durmuşy üçin derwaýysdygyny duýsalar,
marslylar derd-u-aladalaryny-da,
ruhy çökgünligini-de unudyp,
bar ünsüni özünden haraý hantamalara gönükdirýär.
Marslylar özleriniň gereklidigini,
möhümdigini duýan dessine,
olaryň göwünleri gussadan saplanmak bilen bolýar.
Garasaý, marslylary ruhy çökgünlikden halas etmekde iň möhüm zat —
olaryň durmuşymyz üçin derwaýysdygyny,
olaryň bize juda gereklidigini ýatlatmak…».

____________________

Hawa, hawa, günlerde bir gün weneralylar aýdyp-diýer ýaly derejede bolmadyk ruhy çökgünlige sezewar bolupdyrlar. Planetanyň ähli ilaty bu ruhy çökgünlikden saplanmak üçin, düşen ýagdaýyny daş-töweregindäkilere gürrüň berip başlapdyr. Olaryň şeýdip derdinip ýörenlerini teleskop arkaly gören marslylar dessine Wenera gelip, olary Ýer şaryna alyp gidipdirler. Görmegeý, gujur-gaýratly hem gollary berdaşly marslylaryň ähli zenanlary gowgaly Weneradan alyp gaýdyp, rahat Ýer şarynda ýerleşdirmegi bolsa, weneralylarda — zenanlarda ýakymly duýgulary döredipdir. Olar özleriniň söýülýändigini, sylanylýandygyny, ezizlenilýändigini, goralýandygyny hem goldanylýandygyny duýupdyrlar. Marslylaryň bu hereketi weneralylaryň ruhy çökgünligini düýpgöter ýok edipdir.

____________________

«Marslylar kimdir biriniň gerekleýändigini, özüniň kimdir biriniň durmuşy üçin derwaýysdygyny duýup,
ruhy çökgünlikden halas bolýan bolsalar,
weneralylar özleriniň
söýülýändigini, sylanylýandygyny,
goralýandygyny hem goldanylýandygyny duýup, ruhy çökgünlikden saplanýarlar».

____________________

Marslylaryň we weneralylaryň ruhy çökgünlikden saplanyş usuly häzirki wagtda hem şeýle bolmagynda galýar.

Marslylara olaryň biziň durmuşymyz üçin näderejede derwaýysdygyny ýatladyp durmaly. (Olar, hakykatdanam, gerek ahyryn! Onsoň nämüçin weneralylar ony ýatlatmaly dälmişin?!). Eger erkekler özleriniň gereklidigini duýmasalar, olar özleriniň bardygyny duýdurjak bolup, känbir azara-da galmaýarlar. Onsoň olaryň güýji-de, öz zenanyna berýän ünsi-de azalmak bilen bolýar. Gün geçdigisaýy gaýtalanýan bu ýagdaý bolsa, soňabaka marslylary zenanyna hiç hili üns bermez derejä ýetirýär. Ýa-da tersine, eger ol özüniň gereklenýändigini duýsa, onuň zenanyna bolan hormat-sarpasam, ünsem gün geçdigisaýy artmak bilen bolýar.

Bu ýagdaý zenanlar babatda hem şeýle. Olar özleriniň söýülýändigini duýmasalar, özleriniň hem söýgüsini bagyş etmeýärler.

HAÇAN MARSLYLAR WENERALYLARA AŞYK BOLUPDYRLAR?

Haçan marslylar weneralylara aşyk bolupdyrlar? Marslylar weneralylara Wenera planetasynyň bardygyna göz ýetiren güni aşyk bolupdyrlar.

Günlerde bir gün marslylar aýdyp-diýer ýaly däl derejede ruhy çökgünlige sezewar bolupdyrlar. Planetanyň ähli ilaty bu ruhy çökgünlikden saplanmaga çykalga tapmak üçin, öz gowaklaryna sümlüpdirler. Gowagyna dulanan marslylaryň biri güýmenje hökmünde teleskop arkaly asman gümmezini synlaýarka, onuň gözi Wenera planetasynda eglenýär. Hut şo pursadam marslylaryň ykbaly bütinleý özgerýär.

Marslylar weneralylary gören dessine ömürlerinde ilkinji gezek kimdir birini özünden beter gowy görüp, şol kişi hakynda özünden bäş beter aladalanyp başlaýarlar. Weneralylara nazary düşen marslylar ömrüniň manysynyň nämededigine anyk akyl ýetirýärler.

Marslylaryň arasynda «Ýeňmek — Ýeňilmek» diýlen düşünje bolýar. Bu düşünjä görä, marslylar hemişe ýeňmeli. Ýeňlen garşydaş tarap bolmaly. Bu düşünjäniň «Seniň ýeňlişiň meniň perwaýyma däl. Esasy zat — MEN ÝEŇMELI!» diýen ýaly şygary hem bolýar. Bu şygar marslylar diňe özleri hakynda aladalanyp, diňe özlerini bilip ýaşaýarka diýseň ýörgünli bolýar. Asyrlarboýy edähete öwrülen bu endik hem marslylaryň Wenera planetasyny açan güni üýtgeşmä sezewar edilýär. Marslylary yşka düşüren weneralylary ýeňmek erkekleri kanagatlandyrmaýar. Şonuň üçinem erkekler edil özleriniň ýeňşini isleýşi ýaly, öz zenanlaryna hem hemişe ýeňişleriň ýaran bolmagyny isleýärler…

SYRLY GÖZELLIK

Weneralylary ilkinji gezek gören we aşyk bolan marsly ähli marslylaryň bu syrly gözellikden habarly bolmagyny isläp, teleskop öndürip başlapdyr. Ähli marslylar teleskoply bolup, syrly gözelligi synlamaga mümkinçilik gazanypdyrlar. Marslylaryň ählisi-de weneralylary gören dessine, edil ilkinji gören marsly ýaly aşyk bolup, weneralylar hakynda aladalanyp başlapdyrlar.

Özlerinden düýpgöter tapawutlanýan weneralylary marslylar syrly gözellik hökmünde kabul edipdirler. Olaryň marslylardan düýpgöter tapawutlydygy marslylary oýlar ummanyna atarypdyr.

Näme üçin marslylar-a diýseň berdaşly, weneralylar bolsa diýseň näzikkä?!

Näme üçin marslylar duýga gezek gelende sowuk-sala, weneralylar welin şeýle ýylyka?!

Näme üçin marslylar aşa gödek, weneralylar aşa mylakatlyka?!

Şu zeýilli oýlar arkaly marslylar weneralylaryň özlerinden düýpli parhlanýandygyna göz ýetiripdirler. Emma muňa garamazdan, olar Wenera planetasynyň ilatyny jany-teni bilen söýmek hem goramak isläpdirler. Çünki marslylar weneralylaryň sözleri däl, gözleri bilen aýdýan jümlelerine düşünipdirler.

Hawa, hawa, weneralylar marslylara sözsüz şu jümleleri düşündiripdir: «Siz bize gerek. Näzik barlyk hökmünde, biz siz ýaly berdaşly barlyga mätäç. Biz haçan-da, bilekäk biri-birimizdäki kemçilikleri artykmaçlyga öwrüp, bagtly durmuşda ýaşap bileris». Sözleriň däl, gözleriň beýan eden bu jümleleri marslylara çakylyk bolup eşidilipdir. Olaryň güýji öňküsinden on esse artyp, köňlündäki weneralylar bilen bagt gurmaga bolan höwesi möwç alypdyr.

Şeýlelikde, marslylar Wenera planetasynda üýtgeşik öwrülişigi amala aşyrmaga girişipdirler. Marslylaryň bu synanyşygy olaryň ösüşinde täze bir nesliň kemala gelmegine sebäp bolupdyr. Bu täze nesil bolsa, diňe öz-özi ýeňip, öz güýjüni günsaýyn artdyrmak bilen çäklenmän, gazanan güýjüni weneralylaryň arasyndaky iň ýakyny üçin sarp edipdir. Bu täze nesil marslylaryň öňküje filosofiýasyny özgerdip, «Ýeňmek —Ýeňmek» filosofiýasyny hem esaslandyrypdyr. Olar weneralylaryň hem özleri ýaly ýeňmegini isläpdirler…

SÖÝGI MARSLYLARY
SUSSUPESLIKDEN HALAS EDÝÄR

Ýekemen marslylaryň garasöýmezlik duýgulary Wenerany gören güni sumat bolýar. Marslylar taryhda ilkinji gezek weneralylaryň hyzmatynda häzir bolupdyrlar. Olar zenanlara özleriniň nähili güýçlüdigini görkezmäge döwtalap. Olar şeýtmek arkaly, weneralylaryň öz güýçlerine bolan ynamyny gazanmak isleýärler. Çünki erkekler weneralylary nähili ýagdaý bolsa-da, marslylaryň öz zenanyny gorap biljekdigine ynandyrmak isleýärler. Zenanlar olaryň güýçlerine ynansalar, olara bil baglasalar, marslylar üçin şondan uly bagt ýok. Çünki marslylaryň pikirine görä, weneralylaryň ynamy — sönmez söýginiň sakasy. Bu hakykatdan-da şeýle!

Marslylar weneralylary özünden beter söýüp, olar hakynda özünden beter aladalanyp, olaryň gowulygy üçin, hatda özünden geçibem bilýärler. Haçan? Haçan-da, marslylar öz zenanlarynyň özüni çakdanaşa söýýändigine göz ýetireninde.

Hawa, marsly kişini ýanyp duran ataş deýin söýýän zenanyň öz garaşyşyndanam has gowy durmuşda ýaşajakdygyna hiç hili şek-şübhe ýok. Çünki marslylary sussupeslikden halas edip, ýagşy işlere ruhlandyrýan ýekeje zat — SÖÝGI.

Eger haýsydyr bir weneraly haýsydyr bir marsla öz söýgüsini sözleri ýa gözleri bilen sözlemegini bes etse, ýa bolmasa biderek durmuş meseleleri bilen başagaýsyrap, marsly üçin sarp etmeli wagtyny şahsy biznesine sarp etse, onda ol ertirki gün ýanýoldaşynyň özünden sowaşmagyna sebäp bolan zady öz hereketlerinden başga ýerden gözläp azara galmasyn. Sebäbi marslylar özleriniň gereksizdigini duýsalar, dessine daşlaşmak bilen bolýarlar.

___________________

Gereklenmezlik duýgusy marslylar üçin ölümiň deň ýarysyna barabar.

____________________

HAÇAN WENERALYLAR MARSLYLARA AŞYK BOLUPDYRLAR?

Haçan weneralylar marslylara aşyk bolupdyrlar?

Haçan-da, weneralylar marslylaryň öz ýanlaryna geljekdiklerine ynananlarynda. Haçan-da, weneralylar marslylaryň hiç zady öwretmäge zerurlyk ýok barlykdygyna, olaryň berdaşlydygyna we hemişe weneralylary gorap gezjekdigine ynananlarynda. Weneralylaryň arzuwlary hasyl bolup, zenanlaryň gözel görküne aşyk marslylar Wenera gelende. Weneralylar üçin sarp edilmese, öz güýçleriniň bidereklikdigine düşünen marslylar, Weneradaky ýaşaýşa düşünip, weneralylary hemme zat babatda goldap, kyn gününde zenanynyň derdini diňläp başlanlarynda. Göwün dagyndaky şübhe hem ynamsyzlyk gary eräp, sowuk duýgularyň bary gürüm-jürüm bolanda…

Hawa, şu zeýilli wakalaryň ählisini başyndan geçiren weneralylar marslylara aşyk bolupdyrlar…

ÖZGERIŞ

Öň hem nygtaýşymyz ýaly, Wenerada Marsdakydan tapawutlylykda ilat biri-biriniň durmuş meselelerini diňläp, her kim her kimiň meselesini alada edip, biderek azara galynýar. Şeýle bolansoň, öz tebigatyna mahsus ýagdaý hökmünde, ähli weneralylar öz meseleleri hakynda kän gürläp, başga bir weneralynyň meselesini kän diňläp, käte gymmatly wagtyny bulaşyk oýlar üçin sarp edýär.

Onsoňam weneralylaryň marslylaryňkydan tapawutlylykda, «Ýeňilmek — Ýeňmek» filosofiýasy bar. Marslylar başga kişiniň aladasyny unudyp, diňe öz meselesini çözmegiň kül-külüne düşen pursady, weneralylar öz meselesini unudyp, başga bir weneralynyň düşen kyn ýagdaýyndan çykalga tapmak üçin, kellesini agyrdýar. Şonuň üçinem olar «Goý, men ýeňleýin. Başgalar ýeňsin. Meniň meselämiň çözülmän galany hiç. Meselesi çözülen başga bir weneraly maňa minnetdarlyk bildirse ýeterlik» diýen şygar astynda ýaşaýarlar.

Asyrlarboýy gaýtalanyp gelýän bu ýagdaý ahyrsoňy bir weneralynyň myrryhyny atlandyryp, Wenera planetasyndaky ýaşaýyş düzgüniniň üýtgemegine sebäp bolýar. Ýyllaryň synagyna döz gelip bilemedik «Ýeňilmek — Ýeňmek» pelsepesi, şeýdip «Ýeňmek — Ýeňmek» filosofiýasyna öwrülýär.

Şeýlelikde, weneralylaryň hem, marslylaryň hem iň dogry hasaplan filosofiýasy «Ýeňmek — Ýeňmek» filosofiýasylygyna galýar. Emma muňa garamazdan, iki planetada-da öňki biri-birine çapraz gelýän filosofiýalaryň täsiri duýulýar. Bu ýagdaý bolsa käte dawa-jenjelleriň başyny başlaýmak ähtimallygyna hem eýe. Şonuň üçinem filosofiýamyzyň «Ýeňmek — Ýeňmekdigini» özümiz özümize ýatladyp durmaly…

YRSARAMAGY BES EDIŇ!

Käte şeýlebir ýagdaý bolýar: zenan öz ýanýoldaşyny özüne mynasyp söýgi bilen söýmeýändigini aýdyp, yrsaranyny özi hem duýman galýar. Bu adaty bir bolaýmaly ýagdaý. Munda gorkuly zadam ýok. Ýöne «Ýöne» bar…

Dogry, kähalat erkekler şahsy meselesi üçin, zenanyny biynjalyk etmejek bolup, käbir zatlaryň syr bolup galanyny kem görenok we şol mesele hakynda bir özi pikirlenip, zenanyna üns bermegi unudýar. Bu bolýan ýagdaý. Ýöne beýle ýagdaý bolanda, oňa zenan dogry düşünmeli. Sebäbi zenan özüne üns berilmeýändigini gönüläp aýtsa, ýanýoldaşy ony yrsaramak hökmünde kabul edýär.

Günüňiziň gykylyksyz geçmegini isleseňiz, yrsaramagyňyzy bes etmeli. Marslylara üns bermeýänini gönüläp aýtman, olaryň goldawyna mätäçdigiňizi duýdursaňyz gowy bolardy, belki.

BÄŞINJI BÖLÜM
DÜRLI DILLERDE GÜRLEMEK

Marslylar hem weneralylar biri-birleriniň bardygyna göz ýetirip, binýady yşkdan bolan maşgalany gurmak üçin goş birikdiren ilkinji günlerinde, eýýäm biziň häzirki ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarymyz bilen ikiçäk galypdyrlar. Şu günki günler biziň öňümizde keserýän kynçylyklar millionlarça ýyl mundan ozal olaryň öňlerinde hem keseripdir. Olar kynçylyklaryň kändigine seretmezden, bar zatdan baş alyp çykmagy başarypdyrlar. Çünki olar şol wagt özleriniň aýry-aýry planetalydygyna akyl ýetiripdirler we şoňa görä hereket edipdirler.

Hawa, olar başga-başga planetaly — marslylar we weneralylar. Şeýle bolansoň, olaryň gürleşiş usullary-da başgaça. Sebäbi olaryň hersi bir dilde gürleýär. Dürli dilde gürlänsoň, olar özara düşünişmek üçin, dilmajyň kömeginden peýdalanýarlar. Edil hemişe beýle-de däl. Olar köplenç özara düşünişýärlerem. Ýöne käte kynçylyklar aşa köpeleni üçin, olar üçin dilmaç derkar. Rahat hallarynda olar biri-birleri bilen sözsüz düşünişýär. Emma gaharlyrak, aladalyrak mahallary welin, hiç zat olaryň arasyndaky düşünişmezlik diwaryny aýryp bilmeýär. Şu zeýilli ýagdaý ýüz berse, olar dessine dilmaja ýüz tutýarlar.

____________________

Aslynda, marslylar hem,
weneralylar hem şol bir dilde gürleýärler.
Emma olar gaharlanan pursatlary welin,
şol bir sözi gürleseler-de,
aýdylýan birmeňzeş sözleriň aňladýan manylary her planetada başgaça.
Gynandyrýan ýeri, marsdaky we weneradaky dilleriň düşündirişli sözlügi
biri-birinden düýpgöter tapawutly.

____________________

Marsly hem, weneraly hem şol bir sözi gürleýär. Emma olaryň beýan edişi hem kabul edişi başgaça. Şol bir sözi marsly wenerala aýdanda gödek, weneraly marsla aýdanynda ýumşak kabul edilmegi adaty ýagdaý. Şeýle bolansoň düşünişmezlikleriň döreýändigine geň galmak gerek däl.

DUÝGULARY DILE GETIRMELIMI ÝA
ANYK MAGLUMATLARY DÜŞÜNDIRMELI?

Hatda şu günki günlerde-de bize öz ýanýoldaşymyzyň aýdýan sözleriniň aňladýan manysyna düşünmegimiz we öz aýdýan sözlerimizi ýanýoldaşymyza düşündirip bilmegimiz üçin, dilmaç gerek ýaly duýulýar. Sebäbi şu günki günlerde-de zenanlar hem erkekler şol bir sözi aýdýan-da bolsalar, olaryň hersi üçin şol bir söz dürli manyny berip bilýär. Weneralylaryň hem marslylaryň sözlügindäki manylar biri-biriniňkä çapraz.

Meselem, zenan «Özümi hiç haçan diňlenilmeýän ýaly duýýan» diýmek bilen, sözüň göni aňladýan manysyny göz öňüne tutmaýar. Zenanyň hiç haçan diýen sözi düşündirişli sözlükdäki manyny bermeýär. Bu ýerde hiç haçan diýmek bilen, zenan şol pursatdaky ruhy ahwalatyny aňladýar. Şol sözi aýtmak bilen, zenan öz gahar-gazabyny, duýgularyny dile getirýär. Emma beýle ýagdaýda zenanyň ýanýoldaşy tarapyndan aýdylan sözüň göni manysynda kabul edilmegi käbir düşünişmezlikleriň döremegine sebäp bolup bilýär.

____________________

Weneralylar ruhy ahwalatyny düşündirmek babatda
metaforalara we giperbola (çakdanaşa ulaldyp görkezmek)
geregindenem has artygrak bil baglaýarlar.
Çünki zenanlaryň tas ählisi diýen ýaly
duýgularyny dile getirmek ugry boýunça
şahyranalyk şahadatnamasynyň eýesi.

____________________

Hawa, zenanlar öz ruhy ahwalatyny metaforalar we giperbolalar arkaly aýan edýär. Zenanlaryň duýgularyny dile getiriş usulyna doly düşünmäni üçin, erkekler zenanlaryň sözlerini göni manysynda kabul edýärler. Olar sözüň haýsy maksat bilen aýdylanyna akyl ýetirip bilmän, jaýdar jogaby-da berip bilmeýärler. Gaýtam, sözi göni manysynda kabul edip, öz ýürekdeş zenany hakynda nädogry karara gelýärler.

Dawa-jenjellere sebäp bolýan käbir düşünişmezlikleriň başlangyç nokadynda jübütleriň arasynda bolup geçýän gepleşikler:

Zenanlar şeýle diýýär:

«Biz hiç haçan öýden çykyp gezelenç edip görmedik. Ikimiz bile hiç ýere aýlanmaga-da gidemzok».

«Geçen agşamky şüweleň gaty gyzyksyz geçdi. Meniň köýnegim gatybir owadan bolmansoň, hiç kim maňa ünsem bermedi».

«Men gaty ýadaw. Işe elim baranok. Öz göwnüme özüm ýaranyp bilemok. Hiç kimiň maňa kömek edesi gelenok».

«Depämden dabanyma çenli dert. Men işde günde ýadaýan. Edaranyň menden başga hünärmeni ýok ýaly, hamala. Bar iş meniň başyma. Bir özüm hemme zatdan baş alyp çykmaly…».

«Bu öý haçan görseň buýr-bulaşyk. Hemme zat çalam-çaş. Bar derdim öýi tertiplemek däl ahyryn! Men haýsy bir işe ýetişmeli?!».

«Hiç kim meni diňlänok! Hatda diňlemegem islänok!».

«Näme üçin bar zat tersine bolýar?! Näme üçin işim oňuna bolanok?!».

«Şu günler sen maňa üns bermäňi bes etdiň. Sen meni öňküler ýaly söýeňok!».

«Biz hemişe başagaý bolup ýörüs».

Erkekler şeýle jogap berýär:

«Munyň nädogry! Geçen aý gymmat bahaly çaýhana baran ikimiz dälmidik näme?!».

«Aý, ýok. Edil beýle-de däl. Şüweleňdäki käbir zenanlaryň seni gözügidijilik bilen synlaýşyny men gördüm».

«Beý diýseň gaty ýalňyşdygyň bolar. Men hemişe, hemme ýerde seniň ýanyňdakam, bu sözler gaty gülkünç eşidilýär».

«Işiňi halamaýan bolsaň, taşla! Işiňi täzele-de, bar derdiňden dyn!».

«Bu öý hemişe buýr-bulaşyk däl. Öýüň goş-golamy-da hemişe çaşyp duranok. Her kim alan zadyny alan ýerinde goýýar. Hiç zat ýok ýerden derde düşüşiňe men haýran».

«Bu näme diýdigiň?! Men hut şu wagt seni diňläp durun-a!».

«Sen näme üçin menden soraýaň? Näme bu zatlara men günäkärmi?!».

«Bu näme diýdigiň boldy?! Men seni söýýän. Seni söýýänim üçinem men şu ýerde!».

«Geçen dynç güni öýde dynç alanymyz ýadyňa düşenok öýdýän?!».

Görşüňiz ýaly, zenanlar köplenç duýgudaşlyga mätäç. Marslylaryň goýberýän ýalňyşy (megerem, ol ýalňyş däl-de, düşüniliş usulydyr) bolsa, zenan zeýrenen mahaly, oňa hemişe ýanyndadygyny ýatladýan mähirli sözleri aýtmaga derek, öz söwer ýarlarynyň aýdýan sözlerine göni manysynda düşünmegi…

Diýmek, bu mesele mähnet durmuş meseleleri bilen deňeşdireniňde, gatybir çözülmesi kyn mesele-de däl eken. Şeýlelikde, häzirki döwrüň marslylaryna hem öňki marsly ata-babalarymyzyň düzgünlerini düşündirmek derkar.

«Ol haýsy düzgün?» diýýärsiňizmi?!

Marslylaryň we weneralylaryň düşündirişli sözlüginden peýdalanmak düzgüni.

Diňe şeýtmek arkaly, siz öz maşgalaňyzy ownuk-uşak düşünişmezliklerden saplap bilersiňiz. Marslylaryň we weneralylaryň düşündirişli sözlügem, näme, şol bir sözleriň göni we göçme manylaryndan ybarat birmeňzeş sözleriň toplumy. Siziň bu sözlügiň sözlerini bir-birden ýat tutmagyňyza zerurlyk ýok. Esasy bilmeli zadyňyz weneralylaryň diýýän zadyna jogapdan beter duýgudaşlygyň bildirilmelidigine düşünmek…

ZENANLAR SÖZ SÖZLÄNLERINDE…

Marslylaryň we weneralylaryň düşündirişli sözlügi dogrusynda giňişleýin söhbet etsek, aýtmak isleýän zatlarymyz has hem aýdyňlaşar diýip umyt edýäris.

Zenanlar şeýle diýýär:

«Biz hiç haçan öýden çykyp gezelenç edip görmedik. Ikimiz bile hiç ýere aýlanmaga-da gidemzok».

«Geçen agşamky şüweleň gaty gyzyksyz geçdi. Meniň köýnegim gatybir owadan bolmansoň, hiç kim maňa ünsem bermedi».

«Men gaty ýadaw. Işe elim baranok. Öz göwnüme özüm ýaranyp bilemok. Hiç kimiň maňa kömek edesi gelenok».

«Depämden dabanyma çenli dert. Men işde günde ýadaýan. Edaranyň menden başga hünärmeni ýok ýaly, hamala. Bar iş meniň başymda. Bir özüm hemme zatdan baş alyp çykmaly. Bu öýem haçan görseň buýr-bulaşyk. Hemme zat çalam-çaş. Bar derdim öýi tertiplemek däl ahyryn! Men haýsy bir işe ýetişmeli?!».

Erkekler nähili düşünýär?
Zenanlar nähili düşünilmegini isleýär:

Bu sözi eşiden marslylar şeýle jogap berýär: «Munyň nädogry! Geçen aý gymmat bahaly çaýhana baran ikimiz dälmidik näme?!». Aslynda welin, zenanlar nirädir bir ýere gitmek däl-de, öz ýanýoldaşy bilen wagt geçirmek isleýärler. Eger haýsydyr bir weneraly şu zeýilli sözleri aýdyp zeýrenýän bolsa, onda onuň ýanýoldaşy hiç ýere gitmezden öz duýguçyl zenanynyň başdangeçirmeleri hakyndaky gürrüňlerini diňlemek, aýdanlaryna duýgudaşlyk bildirmek arkaly gaharly zenanynyň öýkesini ýazyp biler. Çünki zenanyň bu sözleri weneralylaryň düşündirişli sözlüginde «Işiň bilen hemişe başagaý bolup, maňa wagt sarp etmegi unutdyň» diýen manyny berýär.

Zenanynyň beýle sözlerine, adatça, marslylar şeýle jogap berýärler: «Aý, ýok. Edil beýle-de däl. Şüweleňdäki käbir zenanlaryň seni gözügidijilik bilen synlaýşyny men gördüm». Aslynda, beýle sözleri diýýän zenanyň bar aladasy hemme kişiniň ünsüni çekmek ýa-da hemme kişiniň gözüne owadan hem gelşikli bolup görünmek däl-de, öz ýanýoldaşynyň gözleri bilen seredeniňde, nähili görünýändigini anyklamak. Zenanyna göni manysynda jogap berýän marslylar gaty ýalňyşýar. Eger zenanlar şu zeýilli gürrüňlerden söhbet açýan bolsalar, onda marslylar nähili eşikde bolsa-da, öz gözlerinde zenanynyň hemişe owadandygyny öz zenanlaryna ýatladyp durmaly. Asyl hakykatda-da, bu şeýle ahyry. Marslylar üçin öz zenanlary hemişe-de owadan! Onda näme üçin biz bu hakykaty aýdyp öz zenanymyzy şatlandyrmaly dälmişin?!

Zenanlaryň bu sözi köplenç marslylary gaharlandyrýar. Çünki weneralylaryň zo-ol ýadawdygyny gaýtalap durmasy, marslylaryň gulagyna «Hemme işi men edýän. Sende asla alada-da ýok. Bigaýrat bolanyň üçin nämedir bir zada güýmenjegem bolaňok» diýlip eşidilýän bolansoň, olar şeýle jogap berýärler: «Beý diýseň gaty ýalňyşdygyň bolar. Men hemişe, hemme ýerde seniň ýanyňdakam bu sözler gaty gülkünç eşidilýär». Aslynda, zenan bu sözleri diýmek arkaly özüniň köp işleýändigini, ýanýoldaşynyň ondan az işleýändigini aýdyp zeýrenjek bolanok. Zenana gerek ýekeje zat — duýgudaşlyk. Özüniň gaty ýadawdygyny ýaňzydýan zenana ýanýoldaşy duýgudaşlyk bildirse, dynç alyp biljekdigini duýdursa ýa-da özüniň hemişe ýanyndadygyny mähirlilik bilen ýaňzytsa, zenanyň ýadawlygy-da el bilen aýrylan ýaly bolýar. Ýanýoldaşy duýgudaşlyk bildirip, mähirli söz alşan zenan, ýadaw hem bolsa ýadawlygyny duýmaýar.

Bu sözlere marslylar şeýle jogap gaýtarýar:

«Işiňi halamaýan bolsaň, taşla!
Işiňi täzele-de, bar derdiňden dyn!

Bu öýem hemişe buýr-bulaşyk däl. Öýüň goş-golamy-da hemişe çaşyp duranok. Her kim alan zadyny alan ýerinde goýýar. Hiç zat ýok ýerden derde düşüşiňe men haýran». Aslynda, zenanlaryň bar derdi işinden çykmak, başagaýlygyň degna dartgynlylygyndan saplanmak däl. Olar özleriniň iş ýerindäki aladalar bilen käte öý işlerine ýetişmeseler, ýanýoldaşlarynyň hem olara dogry düşünmegini isleýärler…

MARSLYLAR DYMSALAR…

Marslylar üçin iň uly kynçylyk weneralylar duýgularyny dile getirýärkä olaryň sözlerini diňlemek, goldamak we Wenerada hereket edýän düşündirişli sözlüge görä, aýdylýan zatlaryň manysyna akyl ýetirmek. Şu zeýilli kynçylyk weneralylarda-da ýok däl. Marslylar dymsalar, zenanlar hem dymyşlygyň Marsdaky aňladýan manysyna dogry düşünmeli we öz ýakynyny — ýanýoldaşyny goldamagy başarmaly.

____________________

Zenanlaryň goýberýän iň uly ýalňyşy —
marslylar dyman pursady
dogry hereket etmeýändigi.
Çünki Marsda we Wenerada
ümsümligiň aňladýan manylary dürli-dürli.

____________________

Käte erkekler gürleşip oturan ýerinde, heniz söhbetdeşlik soňlanmanka dymýarlar. Bu ýagdaý zenanlary howsala düşürýär. Ýaňyja-da gürläp oturan ýanýoldaşynyň birden dymmasyna nämäniň sebäp bolandygyna akyl ýetirmek zenana kyn düşýär. Sebäbi Wenerada diňe depme kerler hem kerrewler söhbet gidip duran pursadynda dymyp, jogap bermän bilýär. Şeýle bolansoň, zenanyň söhbedi soňlanmanka, ýanýoldaşynyň dymmagy zenanyň kerdir öýdüp aladalanmagyna getirýär.

Hawa, iki planetanyň ýaşaýşy dürlüçe bolansoň, şol planetadan gelenleriň dünýägaraýyşlary-da, gylyk-häsiýetleri-de dürli. Bu boýun alynmaly hakykat: weneralylar ýürek ahwalatyny diline getirýär, marslylar welin dymýar…

Nämedir bir zat soralan mahaly, zenanlar tizden-tiz şol sowala aňryýany bilen jogabyny bermegiň aladasynda. Erkekler welin berjek jogabyny ölçerip-dökmeseler, hatda şol sowalyň jogabyny 100-den 99 göterim bilýänem bolsalar, dymmaklygy saýlaýar. Anyk göz ýetirmek üçin olara kän wagt gerek. Käte bir zady anyk bilýän hem bolsalar, 0,5 göterim göwni iňkise gideni üçin, ümsümligi saýlamak marslylar üçin adaty bir durmuş ýagdaýy.

Zenanlar bir zada dogry düşünmeli: marslylaryň dymmagy olaryň soralýan zadyň jogabyny bilenok ýa bolmasa-da şol sowala jogap beresi gelenok diýmegi aňlatmaýar. Erkekleriň dymmagy — «Men näme diýjegimi bilemok. Maňa biraz pikirlenmäge wagt ber» diýmegi aňladýar. Bu ýerde gerek zat — sähel salymlyk sabyr.

____________________

Marslylar dymsalar,
weneralylar jogap üçin
ýanýoldaşlaryny gyssamagyň ýerine,
sähel salymlyk
sabyr etmegi başarmaly…

____________________

MARSLYLARYŇ DYMYŞLYGY WENERALYLARA NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

Weneralylar hemişe marslylaryň dymmasyna nädogry düşünýärler. Ýanýoldaşy dyman güni, şol günki ruhy ahwalatyna görä, her zenan dymyşlygy özüçe «terjime» edýär. Gynansak-da, bu «terjimeleriň» hiç biri-de hakykata ýanaşyk däl. Marslylaryň dymmagynyň sebäbi we olaryň zenanlarynyň dymyşlyga düşünişi — bu ikisi hemişe parallel gidýän zatlar. Hiç haçan biri-birine gabat gelmeýän, biri-biri bilen kesişmeýän pikirler. Şeýle bolansoň, dymmaklygyň aňyrsyndaky oňyn sebäbi ham-hyýallar içre oňyn däle öwürýän zenanlar hemişe derde düşüp ýörendirler. Elbetde, marslylar bu ýagdaýa dogry düşünmegi başarmaly. Aladaçyllyk weneralylaryň ganynda bar ahyry! Neneň onsoň olar bu gylygy ret etsinler?!

Hawa, ýanýoldaşlary dymmaklygy saýlanlarynda aladaçyl weneralylaryň aňynda müň dürli sowal at çapýar: «Ol näme üçin maňa jogap berenok?», «Näme üçin jogap bermegem islänok?», «Ol meni ýigrenýärmi?», «Hawa, ol meni ýigrenýär!», «Ol meni ýigrenýär, ol meni söýenok!», «Ol meni söýmeýän bolsa, meni terk eder!», «Ol meni terk etse, men näderin?!», «Meniň ondan başga kimim bar?!», «Ol meniň hemme zadym, hemme kimim!», «Men onsuz ýaşap bilmerin!», «Maňa onsuz durmuş ne derkar?!», «Ol meni söýmese, başgalaryň söýgüsi maňa ne derkar?!», «Eger ol söýmese, men başgalaryň söýgüsine-de mynasyp däl!».

Ýanýoldaşy ýekeje gün dymdy diýip, şunça oýlara akylynda ýer tapan zenanyň ruhy ahwalatyny sizem bir göz öňüne getirip görüň?! Hatda göz öňüne getirmekdenem çetin ýagdaý bu. Ony göz öňüne getirmek mümkin däl, diňe başdan geçirip bolýar.

____________________

Ýanýoldaşynyň dymmagy
weneralylaryň hyýallary içre apy-tupan turzup, olary gussaly oýlaryň ummanyna atarýar.
Marslylaryň welin bu bolýan zatlardan habaram ýokdur…

____________________

GOWAGA DÜŞÜNMEK

Öň hem belleýşimiz ýaly, marslylar nämedir bir zat üçin gama batsalar-da, hiç haçan hiç kime özüni bimaza edýän alada hakynda dil ýarmaýar. Ol-a weneralylaryň ýanynda eken, hatda marslylaryň ýanynda-da ýürek derdini dile getirmeýän erkekler halys çykgynsyz ýagdaýa düşäýmeseler, iň ýakyn dostlaryna-da ahwalatyny aýan etmeýärler. Olaryň hyýaly şahsy gowaklary bar. Haýsydyr bir çözülmedik meselesidir aladalary bar mahaly, olar gowagynda gizlenip, tä meseleleriniň çözgüdini tapýançalar, dymyşlyk yglan edýärler.

____________________

«Marslylar gowaklaryna girip,
ýekelikde öz meseleleriniň çözgüdini
özleri tapanyndan soň rahatlanýarlar».

____________________

Zenanlar welin ýanýoldaşynyň şol gowaga näme üçin girýändigini bilmän alada galýarlar. Eger zenanlar erkeklere gowaga girmäge maý berseler, biraz wagtlyk ýanýoldaşlaryny ýeke goýsalar, meselesine çözgüt tapansoň, erkekler gowagyndan çykyp, hemme zat gülala-güllügem bolýar. Ýöne köplenç zenanlar ýanýoldaşyny ýeke goýasy gelmäni üçin, erkeklere gowagyna girere maý berenok. Munuňam özüne ýetesi sebäbi bar. Sebäbi Weneranyň baş düzgüni — ýakynyňy hiç haçan ýeke goýmazlyk. Ýürekdeşiň hemişe ýanynda bolmak. Şeýle bolany üçinem zenana marslylary gowagynda ýalňyz goýmagy öwretmek kyn…

MARSLYLAR NÄME ÜÇIN
GOWAGYNA GIRÝÄR?

Marslylaryň gowagyna girmegine sebäp bolýan zatlar:

1. Ol çuňňur pikirlenmeli we çözmesi kyn bolan durmuş meselesiniň çözgüdini hökmany suratda tapmaly.

2. Onda berlen sowala takyk jogap ýok. Emma marslylar hiç haçan özünde berere jogabyň ýokdugyny aýtmaýarlar. Şonuň üçinem oňa hiç kimiň ýok ýerine — hyýaly şahsy gowagyna girmek, ümsümligi diňlemek derkar. Dymyşlyk bilen serini durlap, berlen sowala kanagatly jogap bermek zerur.

3. Ol gaty gamgyn. Degna dartgynlylykdan ýaňa özüni özi dolandyryp bilenok. Ol özüni dürsemek üçin, ýeke galmak isleýär. Tizden-tiz gowagyna girmese, gaharyň alyna gidip, kimdir birine gaty-gaýrym söz aýtmagy, soňundan ökündirjek hereketi etmegi mümkin.

4. Ol hiç zady gözlänok. Onuň diňe özüne özüni gaýtaryp bermek islegi bar. Bu ýagdaý haçan döreýär?! Haçan-da, marslylar yşka düşenlerinde. Marslylar kimdir birine aşyk bolsalar, olar, hatda özlerini-de unudýarlar. Akyl-huşy aşyk bolan dilberine baglanýar. Diňe şol hakynda pikirlene-pikirlene, olar özlerini-de ýatdan çykarýarlar. Olar biraz özüne gelmek, öz-özüni tapmak üçinem, gowagyna girýärler.

ZENANLAR NÄME ÜÇIN GÜRLEÝÄR?

Zenanlaryň gürlemegine kän zat sebäp bolup bilýär. Olar, esasan hem, erkekler gürlemegini bes edenleri üçin gürleýärler. Mundan başga-da, kän-kän zatlar zenanlaryň lakgylygyna sebäp bolýar:

1. Käbir maglumatlaryň hakykatdan-da dogrudygyny ýanýoldaşyna anyk mysallaryň üsti bilen düşündirmek isleýärler.

2. Özüniň näme isleýändigini has-da aýdyňlaşdyraslary gelýäni üçin.

3. Güni gussaly geçse, munuň sebäbini gürrüň beresi gelýär.

4. Içini döküp, özüni rahatlandyrmak isleýär.

AŽDARHANYŇ ODUNA ÝANMAK

Ýanýoldaşy haýsydyr bir sebäbe görä gowagyna gaplanyp, ýeke galmak isleýän bolsa, zenan hem oňa dogry düşünmeli. Wagty gelýänçä — ýanýoldaşy gowagynda gerekli netijäni çykarýança, kalby karar tapýança, zenan oňa azar bermejek bolmaly. Onuň ýagdaýyny soramak ýa-da näme üçin aladalanýandygy bilen gyzyklanmak gowakdaky marslyny gaharlandyryp bilýär. Şonuň üçinem ýanýoldaşy gowakda mahaly, zenanyň biraz sabyrlyrak bolmagy, söwer ýary bilen gürleşmäge howlukmazlygy gerek.

Bu barada men öz seminarlarymda kän söhbet edipdim. Şonda seminarlaryma gatnaşan ýerli amerikalylaryň biri öz garry enesiniň durmuşa çykmazyndan öňki gürrüň beren bir wakasyny paýlaşypdy. Häzir şol wakany size hem gürrüň beresim geldi.

Onuň gürrüň berşine görä, garry enesi heniz ýaş gelin mahaly şeýleräk bir waka bolup geçipdir. Haýsydyr bir sebäbe görä, onuň ýanýoldaşy tukat halda işden öýe dolanyp, öz şahsy gowagyna giripdir. Nämedir bir zada jogap ýa-da haýsydyr bir meselä çözüw tapmak üçin, ýeke galmak isläpdir. Onuň gelni welin ýanýoldaşynyň bu ahwalatyndan heder edip, söwer ýarynyň gowakda rahatlyk tapmagyna päsgel beripdir. Bar sowallarynyň jogapsyz galýandygyna seretmezden, zenan zo-ol sorag berip durupdyr:

— Näme boldy? Keýpiň ýok-la?

— Ýok, hemme zat gowy.

— Hemme zat gow-a däl. Men duýýan-a. Sen haýsydyr bir zady alada edýäň…

— Hemme zat gowy diýdim-ä! Bes et sowallaryňy! Meni ýeke goý!

— Sen nädip maňa şeýle sözleri diýip bilýäň? Meniň bilen gaty gödek gürleşýäň. Sen meni söýeňok!

Bu sözlerden soň erkek gahar-gazap atyna atlanýar. Özüniň näme diýýänini bilmez derejede gatyrganýar. Zenan welin ýanýoldaşyna kömek edýändirin öýdüp — gowakdaky marslyny gününe goýman, gowagyň garawulynyň — aždarhanyň agzyndan çykýan oda ýanýar.

Bu zenan öz ýanýoldaşyny gowakda mahaly rahat goýmasa, marslylar iň gowy görýän adamynyň — zenanynyň garşysynda agzyndan ot açýan aždarha öwrülip bilýär diýmegi aňladýar…

Hemme zadyň öz wagty bar. Süýji sözleşmeli ýerinde süýji sözleşmeli. Dymmaly ýerinde-de, dymmagy başarmaly. Diňe gowagynda wagty däl, başga wagtam marslylara gereginden artyk sowal bermek ýerliksiz. Ýogsa aždarhanyň agzyndan çykýan alawa ýanmagyňyz gaty ähtimaldyr…

MARSLYLAR GOWAGYNDAKA,
WENERALYLAR NÄME ETMELI?

Men öz seminarlarymda gowak we onuň agzyndan alaw syçradýan aždarhasy dogrusynda söhbet edenimde, zenanlar menden nädip marslylaryň gowagyndan çalt çykmagyny gazanyp bolýandygyny soradylar. Ýagny marslylaryň öz hyýaly şahsy gowaklarynda az eglenmegi üçin, näme etmegiň zerurdygyny düşündirmegimi haýyş etdiler. Sowalyň jogabyny bilýän hem bolsam, bu sowala seminarymdaky erkekleriň jogap bermeklerini haýyş etdim. Erkekler ýerli-ýerden seslendiler. Olaryň aglabasy «Gowakda pursadymyz biz hakynda alada etmegiňizi bes etmek arkaly bizi goldaň» diýen jogap bilen ylalaşdylar. Umuman, şolaryň aýdanlary esasynda men hem gowakdaky marslylary goldamak üçin, weneralylara şeýleräk maslahatlary topladym:

1. Oňa az salymlyk ýekeligiň gerekdigini ýadyňyzda saklaň!

2. Oňa haýsydyr bir zady düşündirmäge, ýa bolmasa onuň meselesini çözmek üçin haýsydyr bir goldawyňyzy teklip etmäge synanyşmaň!

3. Oňa içki duýgulary hakynda, özüni nähili duýýandygy hakynda, näme üçin gamgyndygy barasynda hiç hili sowal bermäň!

4. Ol gowakda mahaly onuň ýanyna barmaň!

5. Gowakdan çykaryna garaşyp, gapysyny garawullamaň!

6. Ol hakynda alada-da etmäň! Ondan ötünjem soramaň!

7. Diňe öz işiňiz bilen meşgul boluň! Ony gowakdan çykýança ünsden düşüriň!

Çünki marslylar hemme zatdan baş alyp çykyp biljekdigine öz söýgüli weneralysynyň hem ynanmagyny isleýär.

Ýanýoldaşyňyzyň gowakdan çykmasy uzaga çekdimi? Onda size ünsüňizi sowar ýaly käbir güýmenjeleri maslahat berip bilerdim:

1. Kitap okaň!
2. Aýdym-saz diňläň!
3. Bagda işläň!
4. Öý işlerine güýmeniň!
5. Maşk ediň!
6. Joralaryňyz bilen telefonda söhbetdeş boluň ýa-da sms arkaly habarlaşyň! Joralaryňyzyň durmuş täzelikleri bilen tanşyň!
7. Süýjüje tagamlary taýýarlaň!
8. Dükanlara aýlanyň!
9. Özüňize timar beriň!
10. Arassa howada gezelenç ediň!
11. Telewizora tomaşa ediň!
12. Kitap ýa-da gazet-žurnallara güýmeniň!
13. Internet täzelikleri bilen tanşyň!
14. Göwnüňizi göterýän ähli güýmenjeler bilen meşgul boluň!

Ýöne gowagynda ýeke galmak islän ýanýoldaşyňyza azar bermäň! Onsoňam bu ýagdaýyň hemmäniňem durmuşynda ýüze çykyp bilýändigini ýadyňyza salyň!

Meniň öz şahsy durmuşymda-da beýle ýagdaý kän gabat gelýär. Beýle ýagdaýlarda aýalym Boni hemme zady bilýäni üçin, maňa söz gatmakdan saklanýar. Çünki gowakdaky marslynyň ýagdaýyna düşünýäni üçin, Boni şeýle pursatlar gürleşmegiň wagty däldigini bilýär. Tä özüm söz gatýançam, Boni maňa azar bermeýär.

AŞA ALADALANMAK —
AŞA AZAR BERMEK

Boni bilen ýaňy durmuş guran uçurlarymyzdy. Heniz toý edenimize kän wagtam geçmändi. Şol döwürlerem seminarlarym bilen başagaý bolup ýöremsoň, aram-aram dürli ýurtlara iş sapary bilen gitmeli bolýardym. Köplenç petegim uçaryň giçki gatnawlaryna gabat gelýärdi. Şeýle ýagdaýda Boni menden petegimdäki uçuş wagty, näme goşlary alyp gitmegi meýilleşdirýändigim, haçan tursam ýetişip biljekdigim hakynda öwran-öwran gaýtalap sorardy. Oýanmagy meýilleşdirýän wagtymy aýdanymda-da, hemişe giç oýanýandygymy, bu wagtda oýansam ýetişmejekdigimi tekrarlardy. Ilkibadalar zat diýmesemem, soňabaka bu ýagdaý meni irizip başlady.

Boni maňa öz ýanyndan kömek edýändirin öýdýärdi, emma meniň gözüm bilen seredeniňde welin, bu beýle däldi. Sebäbi men ýyllarboýy şol bir hünärde zähmet çekip, dürli ýurtlarda sapak berip gelýärdim. Ençeme ýurda giden hem bolsam, ýeke gezek uçaryň uçuş wagtyndan gijä galyp, ýa bolmasa-da ýekeje zady unudyp görmändim. Şeýle bolansoň, aýalymyň aşa aladaçyllygy meniň üçin artykmaçdy.

Boni her gezek iş saparyna ugranymda, maňa şeýle sowallar bilen ýüzlenerdi: «Gidýän ýurduňyzyň ýyly ýa sowukdygyny anykladyňmy?», «Şoňa görä eşikleriň ýanyňdamy?», «Hernä, petekleriňi unudan dälsiň-ä?», «Gapjygyňam bar-ýokdugyny barla, içine-de ätiýaçlyk üçin köpräk pul sal», «Anyk haýsy myhmanhana barmalydygyňy bir bilýäňmi?». Bu sowallar arkaly Boni maňa söýgüsini subut etmek isleýärdi. Emma men welin bu sowallary ynamsyzlyk hökmünde kabul edýärdim. Onsoň oňa söýgüsini subut etmek üçin, ilki ynanýandygyny subut etmelidigini düşündirmeli boldum.

GÖWNEJAÝ HEREKET

Ýöne welin… günlerde bir gün iş sapary bilen Şwesiýa gitdim. Barmaly ýerime baramsoň, pasportymy öýde goýup gaýdandygymy bildim. Dessine aýalyma jaň etdim-de, Şwesiýadaky konsullyga pasportymy faks etmegi haýyş etdim.

Şonda Boni gaty göwnüme jaý hereket etdi. Ol meni jogapkärçiligimi duýmandygym üçin ýazgarmady, maňa nähili bolmalydygy hakyndaky leksiýalarynam okamady. Gaýtam tersine, meniň şeýle kyn ýagdaýdan baş alyp çykandygyma, meseläniň çözüwini tapandygyma gaty buýsanýandygyny aýtdy. Boniniň göwnüme laýyk hereket edendigine diýseň begendim…

KÄTE KIÇIJIK ÜÝTGEŞME
ULLAKAN BETBAGTLYK GETIRIP BILÝÄR

Käte kiçijik üýtgeşme ullakan betbagtlyk getirip bilýär. Ýa-da tersine — kiçijik üýtgeşme ullakan bagt eçilip bilýär.

Biz öňki söhbetlerimizde erkekleriň hyýaly şahsy gowagynda gizlenýändigi we onuň şol döwürde nähili gylyk-häsiýetleriniň bolýandygy, gowakdaky marsla garşy nähili hereket etmelidigi dogrusynda durup geçipdik. Bu söhbetleri men öz seminarlarymda hem edipdim. Şol seminarlaryň dowamynda maňa sowal bilen ýüzlenen zenanlaryň köpüsi erkekleriň näme üçin gowaga girmegi bes etmeýändigi, näme sebäpden öz zenany üçin kiçijik üýtgeşmäni amala aşyryp bilmeýändigi hakynda sorapdylar. Megerem, bu sowalyň zenanlaryň şu kitaby okan wagty hem döremegi mümkin. Meniň şu sowal bilen ýüzlenenlere we ýüzlenjeklere jogabym şeýle:

«Dogry. Siz — zenanlaryň dünýägaraýşyňyza hormat-sylagym örän uly. Men size düşünýän. Ol-a gylyk-häsiýetlerini üýtgetmek eken, öz zenanyna gezek galanynda marslylar daglary daşa öwürmelem bolsa öwrer, ýyldyzlardan monjuk ýasap, boýnuňyza-da dakar, Aýa uçmalam bolsa uçar, başga bir planetany açmalam bolsa açar… Emma siz hem bir zada dogry düşüniň. Erkekleriň gowakda gizlenmesiniň baş sebäbi — durmuş başagaýlyklaryna berlip, alada ýa gahar ýüzüne öz zenanyna gaty-gaýrym söz aýtmazlyk, zenanyny ynjytmazlyk. Hut şonuň üçin olar dymmagy saýlaýarlar. Eger erkekler öz tebigatyna laýyk gelmeýän hereketi etseler — gowaklarynda gizlenmegi bes etseler, olar marslylara mahsus tebigatdan daşlaşarlar. Bu hem olaryň aşa duýguçyl, näzik, öýkelek, ejiz hem ýüregedüşgünç bolmagyna sebäp bolar. Eýsem, erkekleriň bu ahwalaty zenanlar üçin bähbit getirermi?! Elbetde, bu gylyk-häsiýetli ýanýoldaş zenana zyýandan başga zat edip bilmez. Hany, indi akyl tereziňize atyp, barlap görüň! Gowakda gizlenýän marsly tarapy saýlarsyňyzmy ýa sizden beter ejiz hem näzik birini?!».

GÜNÄKÄRLEMÄN GÜRLEMEK

Öňki bölümlerimizde hem tekrarlaýşymyz ýaly, erkekler zenanlaryň derdini dile getirmesini halamaýarlar. Çünki zenanlaryň derdinmelerini, durmuş meselelerinden zeýrenmesini erkekler durmuşdan närazylyk hökmünde kabul edýärler. Erkekleriň pikiriçe, zenanlaryň durmuşyndan zeýrenmesi — ýanýoldaşyndan zeýrenmesi. Sebäbi şol durmuşy zenanlara ýanýoldaşlary bagyş edýär. Şeýle pikirleri serinde sämedýän erkekler zenanlaryň gürläp ýeňleýändiginden, diňlenilýändigini duýmak isleýändiginden bihabar. Hut şonuň üçin hem zenanlar zeýrenýän pursadynda ýanýoldaşyndan hoşaldygyny, diňe käbir durmuş meselesi üçin aladalanýandygyny duýdursalar gowy bolar. Bu aýdanlarymyzy has-da takyklaşdyrmak üçin, öňki bölümlerdäki zenanlarymyzyň köplenç agzaýan käbir sözlerini mysal getirsek ýerlikli bolar.

Meselem, şeýle sözler: «Depämden dabanyma çenli dert. Men işde günde ýadaýan. Edaranyň menden başga hünärmeni ýok ýaly. Hemme iş meniň başymda. Bir özüm hemme zatdan baş alyp çykmaly…». Göräýmäge, ýöne bir aýdylýan jümle ýaly hem bolsa, bu sözler marslylaryň düşündirişli sözlüginde has başgaça terjime edilýär. Şonuň üçinem zenanyndan bu sözleri eşiden marslylar şeýleräk jogap gaýtarýar: «Işi halamaýan bolsaň, taşla! Işiňi täzele-de, derdiňden dyn!».

Jogap näme üçin beýle oňaýsyz? Sebäbi olar zenany şeýle kyn işde işleýäni üçin özüni günäkärleýändir öýdýär. Aslynda, zenan ýokardaky sözleri aýdan pursady ýanýoldaşyna hiç hili nägilelik bildirmegi göz öňüne tutanok. Ol ýönekeýje şol gün gaty ýadandygyny, duýgudaşlyga, mähre mätäçdigini düşündirýär. Beýle ýagdaýda zenanlara maslahatym: işiňizden zeýrenmek isleýän bolsaňyz, goý, zeýreniň! Ýöne ýanýoldaşyňyzdan müňde bir razydygyňyzy-da ýaňzydyň. Eýsem, şeýle işlerde işlemäge mümkinçilik döredilmeýän bolsa, siz işläp bilmezdiňiz ahyryn!

Şu zeýilli zeýrençleriň islendigi, isle öýüňizden, isle çagalaryňyzdan, isle-de maliýe ýagdaýyňyzdan zeýreniň, tapawudy ýok, ähli zeýrençleriňiziň arasynda, ýanýoldaşyňyzyň bu zatlara günäkär däldigini, onuňam şu zatlary düzetmek üçin elinden gelenini gaýgyrmaýandygyny hökman aýdyň. Bu, hakykatdanam, şeýle ahyryn! Şeýlekin, siz ýanýoldaşyňyzyň özüni günäkär duýmaz ýaly şekilde zeýrenseňiz, düşünişmezlikleriň döremezligi üçin gowy bolardy…

JOGAPKÄRÇILIGI PAÝLAŞMAK

Her bir maşgalanyň agzybirligini, jebisligini, parahatlygyny, bagtyýarlygyny, abadançylygyny hem abatlygyny üpjün etmek, hem-ä döwletiň öňündäki, hemem şol maşgalanyň agzalarynyň öňündäki ullakan jogapkärçilik. Çünki her bir maşgala agzasynyň hereketi şol jogapkärçilik bilen dahylly. Bu jogapkärçilik, esasanam, maşgaladaky är-aýalyň boýnuna düşýär. Hut şoňa görä-de, bu jogapkärçilik erkek bilen aýalyň arasynda deň derejede paýlaşylmaly: Erkeg-ä duýgularyny dile getirýän zenanyny ýanýoldaşyny günäkärleýändir diýen düşünjesinden daşlaşmaly, zenanam näme hakynda zeýrense-de, bolýan wakalaryň ýanýoldaşyna goýýan hormatyny gowzatmaýandygyny duýduryp durmaly. Şeýle bolanda maşgalanyň keşigini deň çekişýän är-aýalyň arasynda-da düşünişmezlik döremeýär.

DÖRT SANY JADYLY SÖZ

Zenanlaryň köplenç zeýrenegen bolýandygy, erkekleriň ony günäkärlemek hökmünde kabul edýändigi dogrusynda durup geçdik. Dürli düşünişmezliklere ýol berýän bu hereketiň nädip öňüni alyp bolýandygy barada hem söhbet etdik.

Hawa, zenan köplenç zeýrenegen bolýar. Zeýrenip biler, ýöne hökman dört jadyly sözi hem söhbedinden daşlaşdyrman zeýrenmeli. Bu sözler: «Muňa sen günäkär däl!» diýen sözler. Nämeden zeýrenýän hem bolsa, zenan şu sözleri ýanýoldaşyna ýatladyp dursa, ýanýoldaşy özüni günäkärlenýän hökmünde kabul etmez. Bu bolsa döräp biläýjek köp düşünişmezlikleriň öňüni alar.

DIŇLEMEK SUNGATY

Marslylar hemişe weneralylary «Meni günäkärleýärsiň» diýip günäkärleýär. Duýgularyny dile getirmek islän zenan görgüli welin, bigünä ýerine günäkärleýäň diýip günäkärlenýär. Munuň öňüni almak üçin, erkeklere diňlemek sungatynyň hünärmeni bolmak hökmany.

Diňlemek sungaty. Bu üýtgeşik sungat. Sözbaşyny okap, hatda diňlemegi-de sungat diýip atlandyranym üçin geň galan bolmagyňyz, ähtimal. Geň galmaň! Diňlemek, hakykatdan-da, sungat. Özem edil beýleki sungatlar ýaly, bu sungat hem başyna baran kişiden yzygiderli türgenleşikleri talap edýär. Onda-da nähili türgenleşikler?! Geliň, gowusy, men bu türgenleşikler babatda öz tejribämi siz bilen paýlaşaýyn:

Ilkibadalar türgenleşikleriň başyny başlamak gaty kyn düşdi. Başlamaly-başlamaly bilen ahyr başladym. Her gün aýalymyň işden gelerine mähetdel, dessine ondan gününiň nähili geçendigi, nämeleri başdan geçirendigi dogrusynda sorap başladym. Duýgularyny dile getirmegi halaýan zenanym ilkinji gezek gününiň nähili geçendigini soraýan bolamsoň, demi-demine ýetmän bar başdangeçirmesini gürrüň berdi. Bu hereketi ertesi günem gaýtaladym, birigünem, ondan soňky günem, ondan soňky günem…

Bu hereket gaýtalandygyça bu ýagdaýa öwrenişdim. Ilkibada kyn ýaly görünse-de, bu hereketimi halap, soň-soňlar endige öwürdim. Her gün Boniniň gürrüň berýän wakalary arkaly aýalyma näme bolýandygyny, näme gerekdigini, nämeleri gowy görüp, nämeleri halamaýandygyny öňki bilşimdenem has gowy öwrendim. Soň-soňlar, hatda Boniniň gylyk-häsiýetlerini-de doly bilmeýändigime göz ýetirdim. Bu endigim meni mähriban gelnime öňküden-de ýakynlaşdyrdy…

Şeýdip hem-ä diňlemek sungatynyň ussady boldum, hemem gelnimiň hemişelik ýylgyryşyny, öňküdenem güýçli söýgüsini gazandym. Şol bir wagtyň özünde, bu endik biziň kiçijik düşünişmezliklerimizem düýpgöter ýok etdi.

Gadyrly okyjylar, size-de maslahatym, haçan-da, ömür ýoldaşyňyz bilen araňyza tow düşse, hökman marslylaryň hem weneralylaryň dürli dillerde gürleýändigini ýadyňyza salyň! Beýleki bir planetadaky ýagdaýa laýyklykda hereket ediň!

Goý, goh-galmagally sözleriňiz däl, mähir hem söýgä pürepürlenen gözleriňiz gürleşsin!

ALTYNJY BÖLÜM
ERKEKLERIŇ GYLYK-HÄSIÝETI
REZINE MEŇZEÝÄR

Marslylaryň gylyk-häsiýetleri, hakyt, rezin mysaly. Olaryň käbir gylyklary çekseň çekilip, eliňden sypdyrsaňam, yza gaýdýana çalym edýär. Marslylar bir görseň-ä, zenanyna gaty ýakyn, mähirli hem mylakatlydyrlar. Bir görseňem, zenanlary olaryň daşlaşýandygyny duýýandyr. Sähel wagtdan soňam ýene öňküleri ýaly zenanlary bilen äbede-jüýjedirler.

Şeýle ýagdaýda köplenç zenanlar ýanýoldaşlaryndan öýke-kine edýärler. Ýa bolmasa-da zenanlar haýsydyr bir ýalňyşlyga ýol bereni üçin, marslylar az salymlyk olardan daşlaşandyr öýdýärler. Ýöne bularyň ikisi-de nädogry. Beýle ýagdaýyň bolmagynda zenanyňam, zenanyň ýanýoldaşynyňam günäsi ýok. Ýa bolmasa beýle bolmaklyk erkekleriň karary ýa saýlawam däl. Marslylar hem şeýle bolaýyn diýip bolanok. Bu ýöne bir marslylaryň tebigatynyň ýazylmadyk kanuny. Muny şeýle kabul etmek ýeterlikdir.

____________________

«Weneralylar!
Meniň size ýüzlenesim gelýär.
Ýanýoldaşyňyzyň rezini ýatladýan hereketini siz bat almak diýip kabul etseňiz gowy bolar.
Meselem, bir çagajyga
uzynlygyna bökmeli diýilse,
yza ýöräp bat alyp, ylgap gelip
has uzak aralyga bökmegi başaryşy ýaly.
Siz hem öz ýanýoldaşyňyzyň
käte az salymlyk sizden daşlaşmasyny
sizi has beter söýmek üçin
bat alýar diýip kabul ediň!».

____________________

WENERALYLAR MARSLYLAR HAKYNDA NÄMÄNI BILMELI?

Weneralylar marslylar hakynda nämäni bilmeli? Weneralylaryň marslylar hakynda bilmeli zatlary sanardan has kän. Ýöne şolaryň arasynda iň möhümi marslylaryň rezini ýatladýan gylyk-häsiýetleri. Bu barada öz tejribämi siz bilen paýlaşasym gelýär.

Magi bilen Jef biri-birini çakdanaşa söýýärdiler. Biri-birleri üçin bar zada taýýardylar. Hemme zat bolmalysy ýaly, hatda bolmalysyndan-da has gowy barýardy. Magi özüni juda bagtly duýýardy. Onuň öz söwer ýaryndan diýseň göwni hoşaldy…

Birdenem düşnüksizlik şemaly öwüsdi-de, Maginiň şatlygy derbi-dagyn boldy. Ýersiz ýere, hiç hili sebäp bolmazdan, Jef Maginiň durmuşyndan daşlaşdy. Belki, Jef kem-kemden daşlaşan hem bolsa beýle bolmazdy. Emma bu ýagdaýyň birden ýüz bermegi zerarly, Magi aýňalyp bilmän kösendi. Çünki ol nämäniň nämedigine-de düşünmän galdy…

Men şol günler olaryň ýaşaýan şäherinde iş saparymy amala aşyryp, seminar sapaklarymy geçip ýördüm. Mundan habary bar bolany üçin, şol günüň özünde Magi meniň seminarlarymyň iň işjeň gatnaşyjysy boldy. Şol gün perişan halda seminaryma gelen naçar zenany siz bir görsediňiz…

Şol gün seminar üçin taýýarlan çykyşymy tamamlap, kimde sorag bardygyny soraryma mähetdel, ilkinjileriň hatarynda Magi seslendi. Ol ilki gysgaçadan düşnükli söýgi hekaýasyny gürrüň berdi-de, golaýda başyndan geçiren wakasyny gözgyny ýagdaýda beýan etdi:

«Ynanaýyň, men bu golaýda Jef ynjar ýaly ýekeje gaty-gaýrym söz diýmedim. Asyl-ha, men onuň göwnüne-de degip görmedim. Men ony janym-tenim bilen söýýän. Olam meni şeýle! Olam meni şeýledi… Men nämäniň näme bolanyna düşünip ýetişmedim. Ol birden menden daşlaşdy. Men bar zady öňküsi ýaly etmek isläp, zo-ol Jefe jaň etdim. Emma ol düýnden bäri — menden daşlaşany bäri jaňlarymy jogapsyz goýýar. Men nirede ýalňyşanymy özümem bilemok. Men näme etdimkäm? Ýa men şeýle erbetmikäm?..».

Agy gatyşykly ses bilen eşidilen bu sözler Jefiň az salymlyk aradaşlygynyň Magi üçin gaty agyr urgy bolandygyny subut edýärdi. Maginiň şeýle bir özüni günäkärlemegi, haýsydyr bir ýerde ýalňyşlyga ýol bereni üçin, ýanýoldaşy terk edendir öýtmesi zenan maşgalanyň gözi bilen seretseň, adaty bir ýagdaýdy.

Aslynda, Jefiň daşlaşmagyna Maginiň jinnek ýalyjagam dahyly ýok. Bolan-geçene sebäp bolýan zat — marslylaryň tebigaty. Olaryň az salymlyk daşlaşmasy, gowagyna gaplanmasy dogrusynda şol gün Magä düşündirdim. Ol bar zada akyl ýetirensoň, Jefi yzyna dolajak bolup ötünç soramasyny bes etdi. Jefem şondan soň yzyna dolandy. Maginiň gürrüň bermegine görä, yzyna dolanan Jef indi ony öňküsinden bäş beter söýýärmiş…

MARSLYLAR NÄDIP DESSINE ÜÝTGEÝÄR?

Hawa, Magi bar zada akyl ýetirensoň, Jefi yzyna dolajak bolup ötünç soramasyny bes etdi. Jefem şondan soň yzyna dolandy. Maginiň gürrüň bermegine görä, yzyna dolanan Jef indi ony öňküsindenem bäş beter söýýärmiş…

«Nädip Jef dessine üýtgedi?» diýen sowal seriňizi sämedýän bolsa gerek?!

____________________

Marslylar zenanynyň
özi üçin näderejede möhümdigine,
oňa bolan söýgüsiniň näderejede güýçlüdigine diňe zenanyndan
daşlaşanlaryndan soň akyl ýetirýärler.

____________________

Şeýle eken, gadyrdan zenanlar, siz hem az salymlyk sizden daşlaşan ýanýoldaşyňyzy ýazgarmaň. Bu gaýtam, siz üçin bähbitli bolar.

ZENANLAR NÄME ÜÇIN
HOWSALA DÜŞÝÄR?

Edil Magi ýaly, weneralylaryň ählisi üçin hem ýanýoldaşlarynyň az salymlyk daşlaşmagy gaty agyr urgy bolup degýär. Beýle ýagdaýda, öz tebigatyna laýyklykda zenanlar özüni günäkärleýärler, haýsydyr bir ýerde ýalňyşlyga ýol bereni üçin, ýanýoldaşy terk edendir öýdýärler. Şeýdibem, ýersiz ýere özlerine dert gazanýarlar.

Bu ýagdaýdan nädip halas bolup bolar?!

Elbetde, zenanlara marslylaryň rezin kysmy gylyk-häsiýetini düşündirip!

PAÝHASLY JÜBÜTLER

Paýhasly jübütler — biri-birine düşünýän, biri-birini sylaýan, biri-biriniň kemçiliklerini artykmaçlyk hökmünde kabul edýän jübütlerdir.

Paýhasly erkek — diňlemek sungatyndan başy çykýan erkekdir. Ol zenanynyň duýguçyllygyna garamazdan, özi näçe ýadaw hem bolsa, diňlemegi we duýgudaşlyk bildirmegi başarýandyr.

Paýhasly zenan — öz ýanýoldaşynyň gylyk-häsiýetlerine düşünýän, gowagynda gizlenen ýanýoldaşyna asla azar bermeýän, ýürekdeşine rahatlyk gerek mahaly oslagsyz sowallary bilen ony ýadatmaýan, özüni-de mojuk pikirler bilen sussupes etmeýän zenandyr.

Paýhasly jübütler biri-birine görä hereket edip, artykmaç aladadan hem howsaladan göwnüni saplap, rahat durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar jübütlerdir.

ÝEDINJI BÖLÜM
ZENANLARYŇ GYLYK-HÄSIÝETLERI
TOLKUNLARA MEŇZEÝÄR

Zenanlaryň gylyk-häsiýetleri tolkunlara meňzeýär. Haçan-da, olar özlerini gowy duýýarkalar, durmuşlarynda hemme zat ýerbe-ýerkä, olaryň göwün tolkuny iň soňky nokada çenli belentlige galýar. Emma bu ýagdaý hemişelik dowam etmeýär. Edil tolkunlaryň ilki pesden belende, soňam belentden pese hereket edişi ýaly, zenanlaryň hem göwün ahwalaty birden pese düşýär. Soňam ýene saý-sebäbe görä belende galýar. Şeýde-şeýde tolkunlaryň hereketi bilen zenan durmuşy dowam edýär.

— Marslylar beýle ýagdaýda näme etmeli?

— Diňe diňlemek sungatynyň ussady bolmagy başarmaly!

____________________

«Hawa, zenanlaryň göwün ahwalaty
deňiz tolkunlaryna kybapdaş.
Olaryň näzik göwni
belentli-pesli duýgulara beslenen.
Weneralylaryň göwün ahwalaty
tolkunlaryň iň beýik nokadyny boýlan pursady zenanlar özlerini
dünýäde iň bagtly ynsan ýaly alyp barýarlar. Emma olaryň ruhy halaty
tolkunlaryň çöketlikdäki çüňkünde jaýlaşanda welin,
zenanlardan betbagt adam ýok ýalydyr…».

____________________

Bu bölümi ýazmazymdan ötri, aýalym Boni bilen kän maslahatlaşdym. Onuň degerli maslahatlary bu bölümiň pikir edişimden uzynrak bolmagyna sebäp boldy.

Boniniň düşündirmegine görä, deňiz tolkunlaryna kybapdaş duýgulary bolan her bir zenan üçin, göwün tolkunlarynyň pese inmegi juda agyr ýagdaý. Beýle ýagdaýda zenan özüni gurruk guýa düşen ýaly duýýar. Göwni gurruk guýa gaçan zenanyň ýüzi-de perişan halda dalda mätäçlik çekýär. Eger şeýle ýagdaýa düşen weneralylaryň ýanýoldaşlary olary diňlese, düşünýändigini subut edip, duýgudaşlyk bildirse, zenanlaryň göwün tolkunlary ýene öňküsi deýin, ýagty ýaşaýşa sary möwjemek bilen bolýar.

MARSLYLARYŇ TOLKUNLARA
GARŞY HEREKETI

Marslylar weneralylara aşyk bolup, sözleri ýa gözleri bilen yşkyny beýan eýleseler, zenanlaryň didelerindäki nur — ýaşaýşa bolan höwes öňküsinden has ýiti şugla saçýar. Nurana gözelligiň gözleginde ýören, gözläp ýörenini tapan her bir marsly bolsa, bu şuglanyň ykbalyna hemişelik ýalkym saçmagyny arzuwlap, ony müdimi goramagy maksat edinipdir…

__________________

«Durmuş — durmuş bolýa-da!
Munda bar zat terezide ölçenen deý, hamala. Garaňky gijeden soň
tylla Güneş öz nury bilen
ýer ýüzüni ýagtyldýar.
Bu durmuşda bar zat terezä salnan dek ölçegli.
Munda gara gije-de bar, ak gündizem,
aňzakly gyşam bar, jöwzaly tomsam,
agaçlaryň ýapraklaryny soldurýan güýzem bar,
tebigaty täzeden janlandyrýan ýazam,
gök asmanyň asuda wagtam bar, apy-tupanly wagtam.
Ynsan ykbaly-da şeýle!
Edil tebigatda gowulyk bilen erbetligiň sazlaşykly,
hersiniň öz ýerinde bolşy ýaly,
är-aýalyň arasynda-da
bir günüň şatlyk-şowhuna,
bir günüňem gaýgy-aladalara beslenmegi
kanunalaýyklykdyr».

____________________

MARSLYLARYŇ WENERALYLAR
HAKDA BILMEÝÄN ZADY

Öň hem belleýşimiz ýaly, zenanlaryň tolkuna çalymdaş häsiýetleri bar. Belentli-pesli tolkunlar mysaly, bir-de şadyýan, bir-de gamgyn zenanlaryň, gussa doly gurruk guýa gaçan halaty ýanýoldaşlary olary edil öňküsi ýaly şadyýan etmek üçin jan edýärler. Ýöne ýürekdeşleri hernäçe yhlas etseler-de, olaryň islegleri başa barmaýar. Çünki weneralylaryň häsiýeti hökmany suratda tolkunlary dolulygyna emele getirýär — ýagny tolkunyň çür depesindäki iň belent nokady nazarlap, iň soňky derejede şadyýan hem bolýarlar, tolkunyň iň pesdäki nokadyny nazarlap, gussaçylam bolýarlar. Olar tolkunyň iň pes nokadyny nazarlaman, iň belent nokadyny nazarlap bilmeýärler, iň belent nokadyny nazarlamanam, iň pes nokadyny. Şeýdibem, bir seretseň-ä iň şadyýan adama gaýra dur diýýän, bir seretseňem, sustuny basdyrýan zenanlar öz ýanýoldaşlaryny düşnüksiz ünjä goýýarlar…

KÖP GAÝTALANÝAN SÖHBETDEŞLIKLER HEM DAWA-JENJELLER

Zenanlar wagty gelende gussa doly gurruk guýudan çykýarlar. Şondan soň olar öňküleri ýaly şadyýan bolup başlaýarlar. Onsoň ýanýoldaşlary-da soň gaýdyp gama batmaz, gurruk guýa gaçmaz öýdýärler. Emma bu ýagdaýyň birnäçe ýola gaýtalanmagy, erkekleri gahar-gazaba mündürýär. Şeýle halatda marslylar şu zeýilli sözleri aýdýarlar.

1. «Biz ýene näçe gezek şu düşnüksiz wakany başdan geçirmeli?!».
2. «Haçana çenli sussupes bolup ýörjek?!».
3. «Haçana çenli öýkeleşip gezmeli?!».
4. «Öýke-kinesiz günümiz geçmezmikä?!».
5. «Men bu sözleriňi öňem eşidipdim…».
6. «Biz bu zatlary düşünişdikmikäk öýdýärdim…».
7. «Biz öň bu meselä nokat goýmanmydyk näme?!».
8. «Şu düşnüksiz häsiýetiňi haçan taşlajak?».
9. «Gör, muny! Biz ýene-de dawalaşyp başladyk».
10. «Çözülmeli meseläň tükenmedi!».

____________________

Marslylar!
Meniň size ýüzlenesim gelýär.
Weneralylaryň duýgulary
tolkunlaryň iň pes nokadyny nazarlanda,
bu ýagdaý gaty kän gaýtalanýan hem bolsa,
zenanlaryňyza gaharlanmaň!
Olar şo pursat
hemme zatdan beter
siziň goldawyňyza mätäç.
Gaharlanmaga derek,
olara düşünmäge synanyşyň!

____________________

Gaharly pursady zenanlar öz içki ahwalatyny weneralylaryň düşündirişli sözlügine laýyklykda beýan edýär. Geliň, olaryň käbirine ýüzlenip geçeliň:

Zenanyň içki ahwalaty:
Özüni aşa ýadaw duýýar.
Nägilelik bildirýär.
Aladalanýar.
Umytsyzlyk.
Haly harap.
Talap ediji.
Ynamsyz.
Özüni bigadyr saýýar.

Zenanyň içki ahwalatyny daşyndan beýan edişi:

«Ömrüm gutarar, ýöne öý işlerim gutarmaz. Bu öýüňem işi gutarmady».

«Bar işe özüm ýetişerin. Maňa hijiňiziňem kömegiňiz gerek däl. Hijiňizden haraý hantama däl men. Bar işi özüm ederin».

«Birden bu islegim başa barmasa näme?! Birden meniň işlerim paşmasa näme?!..».

«Şu wagt, şu ýagdaýda näme etmelidigini özümem bilemok…».

«Seniň islegleriň meni gyzyklandyranok!».

«Sen şeýtmeli!..».

«Bu sözleri aýtmak arkaly, sen maňa näme diýjek bolýaň?!».

«Sen nädip muny ýatdan çykaryp bildiň?».

Zenanyň içki ahwalaty nähili bolsa bolaýsyn, ol hemişe ýanýoldaşynyň mähirine, söýgüsine hem goldawyna mätäç. Şeýlekin, marslylar hem öz zenanlarynyň bagtyýarlygyny gazanmak üçin, elinden gelenini gaýgyrmasa ýagşy…

DOGUMLY ZENANLAR NÄME
ÜÇIN EJIZLEÝÄR?

Seminarlarymy islegler esasynda barha ýygy geçirýän günlerimiň birinde Tom şeý diýip zeýrendi:

«Biziň ýaňy-ýaňy tanşan günlerimiz Suzan şeýle bir dogumlydy. Hemme zat babatda erjel, höwesjeň, bilesigeliji hem garadangaýtmazdy. Lap edip diýdigim däl welin, Suzan, hakyt, dogumy bilen daglary daşa öwrüp biljek zenandy. Hatda meni aşyk eden zadam onuň dogumlylygy diýsem, hakykatdan daş düşdügim bolmaz. Birdenem ynamsyzlyk şemaly öwüsdi-de, onuň dogumlylygyny derbi-dagyn etdi. Onuň umytsyzlanmagynyň, ejizlemesiniň sebäbine-de düşünmän galdym. Düşnüksiz duýgulara berilsemem, baş maksadym Suzany öňki häsiýetine dolamak boldy. Aňsad-a düşmedi. Eýdip-beýdip, başaryşymdan kömek edip, Suzany — Suzanlygyna doladym. Ol ýene öňki gylyk-häsiýetine gaýdyp geldi. Menem hasrat-howsalalarymdan saplandym. Ýaňybir şadyýan durmuşyň gyrasyndan girip, ömür sürüp başladyk. Bir aý geçip-geçmänkä, ýene-de öňki ýagdaý gaýtalandy. Dogumly zenanym ýene-de ejizligiň hem ynamsyzlygyň duzagyna düşdi. Bolýan zatlara gaty gaharlandym. Çünki onuň hereketleri dogumly zenanyň hereketleri däldi… Beý diýsem, onuň dogumlylygyna aşyk bolup, ejizlän halaty terk etmek hyýalyna münýändir diýip düşünmäň. Men ony nähilem bolsa söýýän. Ýöne şeýle dogumly zenanymyň ejizlemesi, meniň lapymy keç edýär…».

Tom sözüni soňlap-soňlamanka, seminara gatnaşyjylar ony ýerli-ýerden goldadylar. Tom edil öz başyndan geçiren wakasynyň başga-da kän erkegiň başyndan geçendigini eşidip geň galdy.

Hawa, beýle waka köp marslylar gabat gelendir. Bu bolýan ýagdaý. Bu ýagdaýyň näme üçin şeýle bolýandygyny düşündirmäge synanyşaýyn:

Suzanyň durmuşynda söwer ýary Tom peýda bolan halady, Suzan tolkunyň iň belent nokadyndady. Şeýle bolany üçinem, ol diýseň dogumlydy, şadyýan hem bagtyýardy. Ilkinji gören güni şeýle bolansoň, Tom hem Suzan hemişe-de şeýledir öýtdi. Olar biri-birlerini çyn ýürekden söýüp, ömürboýy bile boljakdygyny wada etdiler. Bilelikde ömür sürüp başladylar…

Wagt geçip, Suzanyň göwün tolkuny iň pes nokady nazarlap, çöketlige sary ýollandy. Suzanyň göwnüçökgünligine haýran galan Tomuň welin bolýan zatlardan habaram ýokdy.

Tom Suzany öňki kaddyna getirjek bolup her zat etdi. Ahyrsoňy Suzanyň göwün tolkunlarynyň çöketlikden belentlige çykmaly — tolkunyň iň belent nokadyny nazarlamaly wagty geldi. Şeýdibem, ol weneralylaryň tebigatyna laýyk hereketi etdi — çöketlikden çykdy-da, belentlige galdy. Onuň ruhy ahwalaty-da şeýle.

Emma Tom welin muny «Suzan weneralylaryň tebigatyna mahsus hereketi etdi» diýip däl-de, «Suzan meniň diýenimi etdi. Ol özüni gussadan saplady. Edil diýşim ýaly, öňküleri deýin dogumly bolup başlady» diýip düşündi. Şeýlelikde, Suzan ýene-de Tomuň isleýşi ýaly, şadyýan bolup başlady.

Wagt geçdi… Suzanyň ýene-de tolkunlaryň çöketlikdäki nokadyny nazarlamaly wagty geldi. Ol şeýle-de etdi.

Suzan-a weneralylaryň tebigatyna mahsus hereket etdi. Tom welin zenanynyň bu hereketini öz aýdanlaryny äsgermezçilik diýip düşündi. Sebäbi ol öňki gezek şu ýagdaý dörände elinden gelenini gaýgyrmandy, Suzandanam bu ýagdaýyň gaýtalanmazlygyny haýyş edipdi, ahyry!

Garasaý, her kimiň öz pikiri öz ýanyndan dogry. Aslynda, hersiniň öz gözi bilen seretseg-ä, ikisiniňkem ýalňyş däl. Ýöne muny seredip başarmak gerek-dä! Seretmegi başarmany üçin, Tom bilen Suzanyň arasynda dawa-jenjel döredi…

ZENANLARYŇ EJIZLEMEGINE DÜŞÜNMEK

Zenanlaryň tolkunlaryň belentli-pesli hereketlerini ýatladýan gylyk-häsiýetleriniň bardygyna düşünen Tom, indi dünýä başgaça göz bilen seredýär. Ol käteler tolkunyň pes nokadyny nazarlaýan Suzana gaharlanmagyny bes etdi. Çünki Tom Suzanyň ejizlemeginiň weneralylaryň tebigatyna laýyk gelýändigine, şonuň üçinem bu ýagdaýyň hiç haçan öňüni alyp bolmajakdygyna, ýöne bu hereketiň wagtlaýyndygyna aňryýany bilen göz ýetirdi. Şeýdibem, ol Suzan gussaly wagty ony goldamagy we öz zenany bilen arasynda döräp biläýjek käbir dawa-jenjelleriň öňüni almagy öwrendi. Öz ýagdaýyna düşenler üçin Tom seminarlaryň dowamynda şu üç maslahaty berdi:

1. Ýanýoldaşynyň söýgüsi hem goldawy zenanyň hiç haçan göwün tolkunynyň pese düşmejekdigini aňlatmaýar. Dogry, ýanýoldaşynyň çyn söýgüsi her bir zenan üçin hemişe we hemme ýerde ruhy goldaw. Emma hiç haçan, hiç bir güýç zenanyň tolkun kibi häsiýetini düýpgöter ýok edip bilmez. Marslylar diňe çyn söýgüsini subut etmek arkaly, öz zenanynyň tolkuna meňzeş içki dünýäsini belli bir derejede köşeşdirip biler. Şonuň üçinem marslylar «Meniň söýgim söýgüli dilberimiň düşnüksiz duýgularyny düzedip bilmedi. Meniň söýgimi subut etmegimiňem hiç hili haýry ýok» diýibem pikir etmeli däl, «Meniň çyn söýgim aýalymyň ähli düşnüksiz duýgularyny düzlemeli» diýibem pikir etmeli däl. Diňe çyn söýgüsiniň söýgülisini köp zatdan halas etjekdigine düşünmeli.

2. Marslylar öz zenanlary gussalaryň gurruk guýusyna gaçan pursady, bu zatlar üçin özüni günäkärlemeli däl. Tolkunlar kibi duýgular zenanlaryň weneralylyk tebigatyna mahsus ahwalat. Zenanlaryň tolkunlar kibi ahwalatynyň ýüze çykmagyna özüni sebäpkär saýmak — erkekleriň goýberýän iň uly ýalňyşlygy.

3. — Weneralylar gussa doly gurruk guýa gaçan pursady marslylar näme etmeli?

— Sabyr etmeli, weneralylaryň tebigatyna mahsus häsiýete dogry düşünmeli…

GUSSANYŇ GURRUK GUÝUSYNA
GAÇMAÝAN ZENAN BARMY?

Gussa doly gurruk guýa gaçmaýan zenan barmyka? Bu sowal bilen seminarlarymyň dowamynda birnäçe ýola ýüzbe-ýüz boldum. Megerem, bu sowal hut, şu eliňizdäki kitaby okaýan marsly okyjylarda-da dörän bolsa gerek?!

Aslynda, tolkun kibi häsiýetde bolup, käte gussa doly gurruk guýa gaçmak zenanlaryň zandyna juda mahsus ýagdaý. Ýöne muňa garşy gidip, gussa doly gurruk guýa gaçmaýan zenanlar-da ýok däl. Emma beýle zenanlaryň bu häsiýeti-de öz-özünden döränok. Olar zorluk bilen gussasyny, ýaramaz duýgularyny hiç kime (hatda ýanýoldaşyna-da) bildirmezlige çalyşýarlar. Muny etmek üçinem olar beýleki zenanlar ýaly, gurruk guýularyna gidenoklar-da, has başgaçarak zatlar bilen meşgullanýarlar. Meselem, aşa köp wagtlap işlemek, aşa köp iýmek, aşa köp şerbet içmek. Şeýle endişeli endiklerden başga-da, olar beýleki zenanlardan tapawutlylykda, söýgä gezek galanda, juda sowuk-sala. Olar ýakynlary bilen, ýanýoldaşlary bilen känbir mähirli gatnaşykda hem bolmaýarlar. Garasaý, zenanlar üçin aram-aram gussa doly gurruk guýa gaçmaklygyň tersin tarapy — aşa köp işlemek, aşa köp iýmitlenmek, aşa köp şerbet içmek, ýanýoldaşyna sowuk-sala bolmak ýaly halanylmajak gylyk-häsiýetler. Käbir zenanlar gurruk guýa gaçyp, ýanýoldaşy bilen düşünişmezligiň döremezligi üçin, ýokarda agzalan endikler arkaly öz duýgularynyň tolkun atmasyny zorluk bilen köşeşdirmäge synanyşýarlar. Emma bu ýagdaýyňam soňy gowulyk bilen tamamlanmaýar…

Siz hiç haçan dawalaşmaýan jübütleriň bardygy, ýöne bir gün olaryň saý-sebäpsiz aýrylyşandygy barada eşidensiňiz.

— Bu nädip beýle bolup biler öýdýäňiz?

— Elbetde, zenanyň weneralylyk tebigatyndan daşlaşyp, zorluk bilen öz duýgularynyň tolkun atmasyna päsgel bermegi netijesinde. Özem zenan bu zatlary ýanýoldaşy bilen arasynda düşünişmezlik döremesin diýen umyt bilen edýär. Emma bar zat tersine bolup, onuň umytlary püçege çykýar.

Bu ýagdaý kanunalaýykdyr. Näme üçin? Üçini şol: zenan tolkun kibi häsiýetini bir kadada saklamaga synanyşsa — başarar. Gussaly duýgularyny gizlemäge synanyşsa — onam başarar. Şu zatlary başarany üçinem, onuň tolkuny ýatladýan duýgulary şol bir kadada galmagyny dowam eder: ne-hä şatlanyp biler, ne-de gaýgylanyp. Şeýlelikde, gynanç duýgusyny ýitiren zenan, begenç duýgusyny-da ýitirer. Duýgularynyň aglabasyndan mahrum bolan, duýguly dünýäden daşlaşan zenan söýgüdenem daşlaşar. Onuň söýgi doly duýguly dünýäsi gürüm-jürüm bolup, zenan, hatda iň ýakynyna — ýanýoldaşyna bolan duýgularyny-da unudar.

Şeýle eken, gadyrdan marslylar, zenanlaryňyzyň tolkun kibi häsiýetini düzlemäge çalyşmaň! Goý, zenanlaryňyz duýgularyny öz erkine goýbersin! Olary weneralylyk tebigatyndan daşlaşdyrmaň!

DUÝGULAR DÜNÝÄSINDE
PÄKIZELIK IŞLERI

Zenan diýilse, elbetde, ilki bilen öý işlerine gümra bolup ýören adam göz öňüne gelýän bolsa gerek?! Öý işleriniň içinde iň möhümi bolsa — päkizelik işleri. Bu işler zenanlaryň duýgular dünýäsine hem mahsus. Weneralylar duýgularyny tolkun kibi hereketlendirmek arkaly, duýguly dünýäsinde päkizelik işlerini geçirýärler.

— Päkizelik işleri yzygiderli alnyp barylmasa, öýümiz ne hala geler?!

— Akan-dökän, bulaşyklyk emele geler. Bar ýerde dyr-pytrak bolup duran öý goşlary aňymyzy çalam-çaş eder. Tot-tozan bolup ýatan daşky gurşawyň kir-kimirleri dessine içki dünýämize aralaşyp, bizi birahat hem bitakat eder…

Bu ýagdaý zenan duýgulary babatda hem şeýle. Öň hem belleýşimiz ýaly, weneralylar duýgularyny tolkun kibi hereketlendirmek arkaly, duýguly dünýäsinde päkizelik işlerini geçirýärler. Her bir öýde şol işleriň edilmeginiň hökmany bolşy ýaly, her bir zenanyň duýgularynyň tolkun atyp durmasy hem hökmanydyr.

ZENAN GURRUK GUÝUDA,
ERKEK BOLSA GOWAGYNDA MAHALY…

Seminarlarymyň birinde Haris şeýle gürrüň beripdi:

«Aýalym Keýsi diýseň näzik zenan. Emma muňa garamazdan, siziň seminarlaryňyzy durmuş tejribelerimde subut edip başlanym bäri, biziň aramyzda hiç hili dawa-jenjel bolmady. Ýöne bir gün söýgüli telegepleşiklerimiň birine tomaşa edýän mahalym, Keýsi geldi-de, ýersiz-ýere öz-özünden goh-galmagal edip başlady. Barja bahanasam men telewizora aşa köp wagt sarp edýärmişim. Nämäniň nämedigine düşünmän galdym. Çünki dek düýnem Keýsi bilen aramyzda hiç hili düşünişmezlik bolmandy. O nädip beýle bolýar, düşünmedim?!».

Bu geň ahwalat däl. Bu ýagdaý islendik jübütde ýüze çykyp bilýär. Haçan?! Elbetde, zenanyň duýgular tolkunynyň iň pes nokady nazarlan pursadynyň ýanýoldaşynyň rezin kibi gylygynyň sozulyp-sozulyp, in soňky derejä ýeten pursadyna gabat gelende!

Zenanyň gurruk guýa gaçan wagty ýanýoldaşynyň gowaga giren wagtyna gabat gelip bilýär. Bu adaty bir ýagdaý. Bu ýagdaýdan baş alyp çykmagyň ýeke-täk ýoly — erkegiň rezin, zenanyň bolsa, tolkun kibi duýgularynyň bardygyny ýadyňa salyp, sabyr-kanagatly bolmak.

MARSLYLARYŇ WE WENERALYLARYŇ
LOGIKASY

Haris bilen Keýsiniň düşen ýagdaýyna düşünmek we şeýle ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin, marslylaryň we weneralylaryň logikasyna düşünmeli.

Haris näme üçin aýaly Keýsä gaharlanýar?

Sebäbi marslylaryň logikasy boýunça ýokarda ýatlap geçen wakamyza Haris şeýle düşünýär: «Geçen iki hepdäniň dowamynda bar zat gülala-güllükdi. Men tutuş iki hepdämi Keýsä sarp etdim. Gelnime şonça wagt sarp edemsoň, az salym telewizora tomaşa edenim üçin Keýsiniň maňa yrsaramasy nädogry. Iki hepdämi oňa sarp edenim üçin, ol maňa özüme wagt sarp etmäge maý bermeli ahyryn…»…

Keýsi näme üçin Harise gaharlanýar?!

Sebäbi weneralylaryň logikasy boýunça ýokarda ýatlap geçen wakamyza Keýsi şeýle düşünýär: «Iki hepdäniň dowamynda hemme zat gowudy. Harisiň bar ünsi mendedi. Söýülýän zenan, iň bagtly zenan hökmünde, özümi şeýle bir şähdaçyk duýýardym. Şunça gowy başdangeçirmelerimizden soň, ýanýoldaşymyň meni unudyp, uzynly gün telewizora tomaşa edip oturmagy maňa gaty agyr degýär. Özümi söýülmeýän ýaly duýýan. Harisi ýitirmekden şeýlebir gorkýan. Ol bar ünsüni telewizora berip otursa, menden sowaşar öýdýän. Çünki Harisizlik meniň üçin iň agyr dert…».

JÜBÜTLERIŇ ARASYNDA
NÄDIP DAWA-JENJEL DÖREDI?

Haris bilen Keýsiniň pikirleri biri-biriniňkä çapraz gelýär. Şeýle bolansoň Keýsi özüni kiçijik kempudy güjeňläp, soňam berilmän kemsidilýän gyzjagaz ýaly, Haris bolsa telewizor görmezlik talap edilýän ýaly duýdy. Şeýdibem, olaryň öýüne goh-galmagalyň tozany çökdi…

OLAR NÄDIP DAWA-JENJELLEŞMÄN
BILERDILER?

Olar öz düşen ýagdaýlaryny biri-birine düşündirip, içki duýgularyny daşa çykaryp bilen bolsalar, belki, bir-birlerine düşünerdiler. Şu ýagdaýda olaryň arasynda düşünişmezlik döremezdi…

(Dowamy bar).

Iňlis dilinden terjime eden Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň magistranty

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle