|

Erkekler Marsdan, zenanlar Weneradan (3 bolek)

Erkekler Marsdan, zenanlar Weneradan (3 bolek)

Jon GREÝ,
amerikan ýazyjysy

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Sekizinji bölüm

GEREKLEÝÄN DÜRLI

DUÝGULARYMYZA DÜŞÜNMEK

Marslylaryň hem weneralylaryň duýgular dünýäsi biri-biriniňkiden düýpgöter tapawutlanýar. Emma munuň şeýlediginden welin, ne marslylaryň, ne-de weneralylaryň habary bar. Biri-biriniň gerekleýän duýgularyna düşünmäni üçinem, olar köp ýerde ýalňyş hereket edýärler.

Öňki bölümlerde hem tekrarlanylyşy ýaly, zenan özi hakynda aladalanylýandygyny, özüniň söýülýändigini hem sylanylýandygyny duýup rahatlanýar. Özi şeýle bolany üçin, ýanýoldaşyna-da şeýledir öýdýär. Şeýdibem, öz söýgüsini subut etmek üçin, ýanýoldaşyna öýdekä sowal berip, işdekä-de zo-ol jaň edip biynjalyk edýär. Biynjalyk edýändiginden bihabar zenan yzygiderli hal-ýagdaýyny sorap, ýanýoldaşyny ýadadýar. Ýadadýandygyny duýmaýan zenan öz ýanyndan «Ol meniň özi hakynda juda aladalanýandygyma begenýändir. Aladaçyl zenanynyň ony söýýändigine buýsanýandyr» diýip oýlanýar. Emma erkekler beýdilse halamaýarlar. Zenan welin şo-ol söýgüsini subut etjek bolup başagaýdyr…

Marslylaram edil şolar ýaly. Olar öz göwün islegi weneralylaryň göwün islegi bilen birmeňzeşdir öýdýärler. Marslylar gussaly wagty özleriniň ýeke galanyny kem görenoklar. Özüne duýgudaş bolaryna tamakin zenanyny ýeke-ýalňyz goýýarlar.

____________________

Bir söz bilen jemläp düşündirenimizde,

marslylar-a marslylaryň usuly bilen

söýgüsini beýan edýär,

weneralylaram weneralylaryň usuly bilen.

Garasaý, hersi söwer ýaryny özi ýalydyr öýdüp, öz isleglerini kanagatlandyrjak hereketi edýärler.

Şeýdibem, dürlüçe duýguly dürli-dürli saýýarlylaryň arasynda dürlüçe düşünişmezlikler peýda bolýar…

____________________

YŞKYŇ ON IKI GÖRNÜŞI

Marslylaryň hem weneralylaryň duýgular dünýäsiniň biri-biriniňkiden düýpgöter tapawutlanmasynyň aňyrsynda şol bir isleg bar. Bu olaryň söýülmäge bolan islegi.

Hawa, zenan hem, erkek hem özüniň söýülýändigini duýanynda, özlerini has bagtly duýýarlar. Özem olaryň hersiniň dünýägaraýşynda yşk diýlen düşünje dürli manyny berýär. Geliň, size marslylaryň hem weneralylaryň dünýäsindäki yşk diýlen düşünjäniň biri-birinden nähili tapawutlanýandygyny düşündirmäge synanyşaýyn.

Umuman alanymyzda, weneralylaryň-da, marslylaryň-da kabul etmek isleýän söýgüsini on iki görnüşe bölmek bolar.

Weneralylaryň dünýägaraýşynda söýgi şulary aňladýar:

1. Aladalanmak.

2. Düşünmek.

3. Hormat goýmak.

4. Üns bermek.

5. Duýgudaşlyk bildirmek.

6. Hemişe ýanynda bolmak.

Marslylaryň dünýägaraýşynda söýgi şulary aňladýar:

1. Ynanmak.

2.Kabul etmek.

3.Gadyryny bilmek.

4.Buýsanmak.

5.Maksatlaryny makullamak.

6.Goldamak.

Görşüňiz ýaly, iki jübütiň söýülmäge gezek gelende islegleri dürli. Daşyndan göräýmäge, meňzeşräk ýaly hem bolsa, dürli saýýarlylaryň söýgüli ýaryndan islegleri başgaça. Şu isleglere aňryýany bilen göz ýetiren jübütler biri-birleriniň ýüreginde möwç urýan yşkyny dogry usulda beýan edip, ömürlik ýanýoldaşynyň göwnüni tapyp biler diýip umyt edýärin…

ESASY ISLEGLERE DÜŞÜNMEK

erkekleriň hem zenanlaryň duýgular dünýäsini bellibir çygyrda göz öňüne getirmekden saklanyň! Men size weneralylaryňdyr marslylaryň diňe şol alty görnüşde beýan ediljek söýgä garaşýandygyny düşündirmek islemedim. Meniň niýetim, olaryň iň möhüm isleglerini düşündirmekdi.

Aslynda, weneralylar marslylaryň, marslylar bolsa, weneralylaryň islegini hem ret etmeýärler. Marslylar weneralylaryň özlerine ynanmagyny, bolşy ýaly kabul etmegini, gadyrlamagyny, buýsanmagyny, maksat-niýetlerini makullamagyny hem goldamagyny isleýärler.

Edil şonuň ýaly, weneralylar hem marslylaryň isleglerini inkär edip duranoklar. Weneralylar söwer ýarlarynyň özleri üçin aladalanmagyny, olaryň özlerine düşünmegini, üns berip, duýgudaşlyk bildirmegini, hemişe ýanynda bolup, oňa elmydama hormat goýmagyny isleýärler.

Bu ýerde meniň maksadym, olaryň islegleriniň hemişe çaprazdygyny subut etmek däl-de, weneralylaryň hem marslylaryň iň esasy isleglerini düşündirmek…

1. Weneralylar ýanýoldaşynyň özi

hakynda aladalanmagyny isleýär,

marslylar bolsa, özüne ynanylmagyny…

Hawa, öňki söhbetlerimizde giňişleýin beýan edişimiz ýaly, zenan dünýäsi üýtgeşik dünýä. Bu dünýä özi hakynda aladalanylmagyny isläp, özgeleriň aladasyny etmegem gowy görýär. Erkek özüne zenanynyň ynanýandygyny we bil baglaýandygyny duýsa, ol zenany hakynda aladalanyp başlaýar. Zenanlar bolsa, söwer ýarynyň özi hakynda aladalanýandygyna göz ýetireninden soň, ýanýoldaşlaryna ynanyp, bil baglap başlaýarlar.

____________________

Özi hakynda edilýän aladany duýýan zenan — özüni iň bagtly zenan hasaplaýandyr…

____________________

Erkekler elmydama özüne ynanylýan we bil baglanylýan ýerinde gujur-gaýratyny görkezmek üçin jan edýär.

____________________

Özüne ynanylýandygyny

we bil baglanylýandygyny

duýýan marslylar —

özüni iň bagtly ynsan saýýandyrlar…

____________________

Çünki marslylaryň pelsepewi pikirlerine laýyklykda yşkyň sakasy — ynam.

Weneralylaryň pelsepewi pikirlerine görä aýdanymyzda bolsa, yşkyň sakasy — söýýän kişiň hakynda aşa aladalanmakdan gözbaş alýar.

____________________

Umuman, bir söz bilen aýdanymyzda,

erkek diňe özüne ynanýan kişiniň

aladasyny edýär.

Zenan bolsa diňe özüniň aladasyny edýän kişä ynanýar…

____________________

Geliň, hemmämiz düşünişip ýaşamaga synanyşalyň! Öz isleglerimizi kanagatlandyrmak üçin, ilki ýanýoldaşymyzyň islegini kanagatlandyrmagy öz-özümize şert edineliň!

2. Weneralylar özüne düşünilmegini

isleýär, marslylar bolsa, özüniň bolşy ýaly kabul edilmegini…

Öňki bölümlerimizde hem birnäçe ýola tekrarlaýşymyz ýaly, weneralylar özüne düşünilmegini we duýgudaşlyk bildirilmegini isleýär. Emma käte marslylar ýürek derdini beýan edýän weneralylary diňlemegiň ýerine, weneralylaryň sözüni bölüp, olaryň meselelerine çözgüt hödürleýärler. Bu bolsa özüniň diňlenilerine we duýgudaşlyk bildirilerine garaşyp oturan zenanyň myrryhyny atlandyrýar.

Beýle ýagdaýda, marslylar hem gaharlanman duranok. Çünki edil zenan ýaly duýguçyl bolmasalar-da, marslylar hem özleriniň kemçilikleriniň artykmaçlyk hökmünde kabul edilmegini isleýär.

Zenan köplenç öz ýanýoldaşynyň gylyk-häsiýetini özüne görä üýtgetmek isleýär. Erkek welin zenanynyň özüni bolşy ýaly kabul ederine garaşýar.

Bu ýagdaýdan nädip baş alyp çykmaly?!

Elbetde, zenan-a ýanýoldaşynyň gylyk-häsiýetini üýtgetmän, bolşy ýaly kabul etmegi başarmaly, erkegem diňlemek sungatynyň ussady bolmaly. Diňe şonda iki tarapyň hem islegleri dolulygyna kanagatlanar…

3. Weneralylar özüne hormat goýulmagyny isleýär, marslylar bolsa gadyrynyň

bilinmegini…

Ýanýoldaşy öz zenanynyň arzuw-islegidir maksat-niýetine doly düşünip, şoňa laýyk hereket etse, onuň hereketleri zenanyň duýgular dünýäsini ynjytmasa, zenan bu ýagdaýy özüne goýulýan hormat hökmünde kabul edýär. Belli seneleriň gül çemeni, ýönekeýje bir sowgat bilen gutlanylmagy ýa sowgatsyzam bolsa, ýürekden aýdylan gutlag zenanyň göwnüni göterýär. Özüne degişli bolan belli senesiniň ýatlanylmagyny zenan özüne goýulýan hormat diýip kabul edýär.

____________________

Özüniň hormatlanylýandygyny duýýan zenan, özüni hormatlaýana — ömürlik ýanýoldaşyna çäksiz gadyr goýýar…

____________________

Zenan öz ýanýoldaşynyň gylyk-häsiýetleriniň we döredýän mümkinçilikleriniň göwnejaýdygyny dile getirse, erkek gadyrynyň bilinýändigine buýsanýar. Aslynda, gadyryň bilinmegi islendik ynsany ýeneki işleri yhlasly ýerine ýetirmäge ruhlandyrýar. Edil şonuň ýaly marslylar hem öz zenanynyň edýän işlerine gadyr goýýandygyny duýsalar, mähribanlary üçin has-da yhlas edýärler.

____________________

Erkek özüne gadyr goýulýandygyna göz ýetirse, gadyr goýana — mähriban zenanyna hormat goýmak bilen bolýar…

____________________

4. Weneralylar özüne üns berilmegini

isleýär, marslylar bolsa özüne

buýsanylmagyny…

Biz yşkyň — söýmegiň hem söýülmegiň on iki görnüşiniň bardygyny aýtdyk. Olary ýekänme-ýekän düşündirmegimizi dowam edýäris. Ýaňky söhbetlerimiz yşkyň birinji, ikinji hem üçünji görnüşi hakynda boldy. Biziň indiki söhbedimiz yşkyň dördünji görnüşi hakynda…

Marslylar öz aýalyny hemme zatdan ilerde tutsa, işinden hem güýmenjesinden öz mähribanyna köp üns berse, zenanlar özlerini dünýäniň iň bagtly ynsany hasaplaýar. Özüne üns berilýänini duýýan zenan, özüni hemme zatdan ileri tutýan ýanýoldaşyna buýsanýar.

Erkek özüne — öz gylyk-häsiýetlerine, işleýşine, zenany üçin döredýän mümkinçiliklerine, käte gülşüp-degişmesine buýsanylýandygyny duýanda, özüne buýsanýan ynsana ünsüni has köp sarp edesi gelýär…

5. Weneralylar özüne duýgudaşlyk

bildirilmegini isleýär, marslylar bolsa maksatlarynyň makullanylmagyny…

Her bir weneralynyň tebigatyna mahsus ýagdaý duýgudaşlykdyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, her bir weneraly elmydama öz düşen ahwalatyny duýgudaşlyk bildirilmegini isläp beýan edýär. Zenan özüne duýgudaşlyk bildirýän kişini hemişe-de, hemme zat babatda-da goldaýar.

Öz zenanynyň hemişe we hemme zat babatda baş gahrymany bolmak — her bir marslynyň baş maksady. Bu maksada ýetmek üçin marslylar gujur-gaýratyny gaýgyrmaýarlar. Yrylmajak yhlas bilen başyny tutan her bir işiniň öz zenanynyň göwnünden turmagy üçin, marslylar şeýle bir jan edýärler. Şeýle bolany üçinem, her bir marsly öz maksatlarynyň zenany tarapyndan makullanylmagyny isleýär. Maksady makullanan marslylar hökman maksadyny makullan zenany bilen bir hörpden gopup, duýgudaşlyk bildirmeli ýerinde duýgudaşlyk bildirýärler, üns bermeli ýerlerinde-de üns berýärler.

6. Weneralylar ýanýoldaşynyň hemişe

ýanynda bolmagyny isleýärler,

marslylar bolsa weneralylaryň

goldamagyny…

Wenera saýýarynyň duýgulara baýdygy üçin häli-häzirlerem, indi Wenerada ýaşamaýan hem bolsalar, zenanlar duýguçyllygyna galýar. Olar hemişe duýga, duýgudaşlyga mätäç.

____________________

Näçe gaharly ahwalda bolsalar-da,

zenanlaryň gözlerindäki naýynjar duýgular olaryň hemişe ýanýoldaşlaryna mätäçdigini bildirýär.

Olar hemişe —

şat günlerinde-de, mat günlerinde-de

ýanýoldaşlarynyň ýanynda bolmagyny isleýärler…

____________________

Ýanýoldaşlary hemişe hemdem bolsalar, weneralylar hem ýanýoldaşlaryny hemişe, hemme zat babatda goldap gezýärler.

Weneralylaryň marslylara mätäç bolşy ýaly, marslylar hem weneralylara mätäç. Asyl-ha, marslylar hem weneralylar biri-biri üçin ýaradylan barlyk. Olar näçe jedelleşseler jedelleşibersinler, jenjelleşseler jenjelleşibersinler… iň soňunda biri-birleri üçin ýaradylandygyna düşünýärler.

____________________

Hawa, weneralylaryň marslylara mätäç bolşy ýaly, marslylar hem weneralylara mätäç.

Çünki marslylaryň aňynda

ata-baba gelýän bir düşünje bar:

«Marslylar özlerine mätäçlik çekýän barlygy — weneralylary goramak hem söýmek üçin ýaradylan».

Şeýle bolansoň, erkekler diňe bir maşgala mukaddesliginiň hatyrasyna däl, eýsem, öz gaýragoýulmasyz borçlary hasaplany üçin, weneralylaryň bagtly bolmagy ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýarlar.

Marslylaryň yhlasyny gaýgyrman işlemegi,

diňe «Maşgalam!» diýip ylgamagy üçin

ýekeje gerek zat — zenanlarynyň olary goldamagydyr…

____________________

Şeýlelik bilen, yşkyň on iki görnüşi dogrusynda söhbedimiz tamamlandy. Okyjylar gürrüňlerimize dogry düşünerler we durmuşyna ornaşdyryp, dawa-jenjelsiz durmuşda ýaşarlar diýip umyt edýäris…

DEMIR DONY LOWURDAÝAN ESGER

Dogrusyny dogry diýsek, her bir erkegiň içki dünýäsinde bir Gahryman ýaşaýar. Bir Gahryman ýa-da demir dony lowurdap duran esger.

____________________

Marslylar Gahryman,

demir dony lowurdap duran esger hökmünde, weneralylary abanyp biläýjek ähli howplardan goramagy maksat edinýärler.

Güýjüni galkan, ynamyny ýelken edip,

öz zenanyny öňünde keserjek howplardan goramaly diýilse, erkekleriň ählisi-de garadangaýtmazdyrlar.

Özem olaryň birem bar güýjüni zenany goramaga sarp etmegi kiçilik bilýän däldir.

Gaýtam, öz zenanyny goramaga

gurbatynyň bardygyna buýsanýandyrlar…

____________________

Emma weneralylaryň bir zady ýatdan çykarmazlygy derkar: Marslylar barada aýdanlarymyzyň amala aşmagy üçin, weneralylaryň ýanýoldaşlaryna ynanmagy gerek. Şol ynamyň güýji bilen marslylar, eger öz zenanlary isleýän bolsa, dagy süýşürmäge-de taýýardyr.

____________________

Marslylaryň tebigaty şeýle:

olara öz zenanlarynyň ynamy gerek.

Şol ynam olary öz zenanlaryny söýmäge hem goramaga ruhlandyrýar.

Emma şol ynamyň ýok ýerinde welin, marslylar güýçden gaçýar.

Olaryň gujur-gaýraty gowşaýar…

____________________

Biz bu babatda öň hem söhbet edipdik. Köne söhbedi täzeden gozgamagyma sebäp bolan zat golaýda eşiden hekaýatym boldy. Göwnüme bolmasa, bu hekaýat hakykatyň hekaýaty ýaly. Sebäbi bu hekaýatda beýan edilýän pikir juda jaýdar düşündirilýär. Geliň, gowusy men bu hekaýaty size gürrüň bereýin:

Günlerde bir gün demir dony lowurdap duran bir esger köçede gezelenç edip ýördi. Wagt birçene barsa-da, ýüregi nämedir bir howpy syzýan ýaly, esger gijäni çirim etmän geçirmeli diýen karara geldi.

Parahat gijäniň ümsümliginde bir eýläk, bir-de beýläk ädim ädip, gijäniň deň ýarysyny geçiren esgere niredendir bir ýerlerden naçar zenanyň kömege çagyrýan zaryn sesi eşidildi. Ol dessine dalda isleýän naçaryň ýanyna ýetmäge howlukdy. Ganatly atyna atlanan ýigit bedewini çarpaýa galdyrdy-da, tizden-tiz kömege çagyrýan dilberiň ýanyna bardy. Görse, agzyndan alaw syçradýan äpet bir aždarha şa gyzynyň ýaşaýan galasyny gallap, golaýyna hiç kimi getirmän duran eken.

Galada ýeke-ýalňyz gözýaş dökýän şa gyzyna ýüregi gyýlan esger ýigit dilberiň didelerinden onuň özi ýaly gaýduwsyz goragça mätäçdigine düşündi. Gözel gyzyň naýynjar bakyşlary bilen esgerden kömek soramagyny bolsa, esger özüne bildirilen ynam hökmünde kabul etdi. Özüne ynanylýandygyny, güýjüne mätäçlik çekilýändigini duýup, öňküsinden on müň esse gaýduwsyzlanan nazarkerde ýigit gylyjyny gynyndan çykardy-da, aždarhanyň içinden parran geçirdi. Görmegeý hem çalasyn ýigidiň bu hereketlerine ýakyndan tomaşa edýän şa gyzy esgere aşyk boldy.

Şa köşgüniň altyn derwezesi açyldy. Halk şa gyzyny agzyndan alaw syçradýan aždarhadan halas eden gerçek ýigidi uly hormat bilen köşge çagyrdy. Esger ýigidiň bu beýik işiniň şanyna köşkde ullakan toý tutdular. Myhman ýigidi töre geçirip, toý tagamlaryndan hezzet-hormat etdiler. Şa gyzynyň salykatly ýigidi synladygyça synlasy geldi. Synladygysaýyn onuň esger ýigide bolan hormat-sarpasy hem söýgüsi artdy. Bu ýeriniň ilaty şanyň gyzyny howpdan halas eden esger ýigidi köşgüň gahrymany diýip yglan etdi…

Şol günden soň esger ýigit bir aýlap gara bermedi. Bir aýdan soň bir gün agşam ýene-de öňki ýaly waka ýüz berdi. Esger ýigit söýgüli şa gyzynyň kömege çagyrýan sesini eşitdi. Eşiden dessine-de, haýal etmän ganatly atyna atlandy. Baryp görse, başga bir aždarha ýene öňki ýaly şa gyzynyň galasyny gallap, oňa howp salyp duran eken. Hut şu ýagdaýy öň hem başyndan geçiren gaýduwsyz ýigit ýene-de öňküsi ýaly gylyç syryp, aždarha bilen başa-baş söweşe çykmakçy boldy. Emma gylyjyny gynyndan çykaryp-çykarmanka, oňa şa gyzynyň sesi eşidildi.

Esger ýigide aşyk bolan gyz oňa kömek etmek isläp, söweşde ulanmaga başga bir ýarag teklip etdi. Şa gyzy özüniň ýigit hakynda aladalanýandygyny subut etse, esger gerçek hem onuň çyndan söýýändigine ynanar öýtdi.

Hawa, gylyjyny gynyndan çykaryp-çykarmanka, esgere şa gyzynyň sesi eşidildi. Şa gyzy: «Aždarhany gylyjyň bilen däl, ok-ýaý bilen öldür. Gylyçdan ok-ýaý has gowudyr» diýdi-de, esgere ok bilen ýaý oklap goýberdi. Soňam hemme zatdan başy çykýan söweşiji esger ýigide ok-ýaýyň ulanylyş usullaryny ýekänme-ýekän düşündirdi. Söweş gurallarynyň ulanylyş usullaryna aňryýany bilen düşünýän esgere ok-ýaýy näme etmelidigini buýurýan şa gyzynyň gürleýiş äheňi ýaramady. Emma ýigit syr bildirmän, öz edesi gelenini etmän, şa gyzynyň buýranlaryny ýerine ýetirmek arkaly aždarhany öldürdi.

Edil öňküsi ýaly, ilat begenip toý berdi. Gahryman esgeri-de dabaraly toýuň müň dürli näz-nygmatly saçagynyň başyna çagyrdylar. Ýigit ilatyň sözüni ýykasy gelmän saçak başyna geçse-de geçdi welin, onuň göwnünde edil öňki sapardaky ýaly hyjuw, joşgun hem ynam ýokdy. Sebäbi ol bu gezek aždarhany öz gylyjy hem öz güýji bilen däl-de, şa gyzynyň ok-ýaýy bilen, şa gyzynyň diýen zadyny ýerine ýetirmek arkaly öldüripdi. Şeýle bolany üçinem ol özüni bu gezekki söweşiň baş gahrymany hasaplamaklaryny islemeýärdi. Öz gylyjyny hem öz güýjüni ulanmandygy üçin, esger özüni ilatyň hormat-sarpasyna-da mynasyp görmeýärdi. Üstesine-de, şa gyzy esgere şundan şeýläk hökman ok-ýaýyny ulanmalydygyny, ok-ýaýyň bar ýerinde gylyjyň gereginiňem ýokdugyny birnäçe ýola tekrarlapdy…

Dabara tamamlanaryna mähetdel, her kim öýli-öýüne dargady. Esger ýigit hem ynamsyz ädimler bilen köşkden çykyp gaýtdy. Bu wakadan soň, ol özüni hiç gowy duýmady. Aşa degna dartgynlylykdan ýaňa, hatda özüniň demir dony lowurdap duran gerçek esgerdigini-de ýadyndan çykardy. Çünki onuň bu günki aždarha bilen bolan söweşi çyn söweş däldi. Onuň bu günki eden işini her kimem bitirip bilerdi. Emma, nämüçindir, üýtgeşik bir iş bitirmese-de, oňa bu gün hezzet-hormat etdiler. Esger bu gün özüniň hiç işi bitirip bilmedigine namys etdi. Taýyn aşyň eýesi bolubam, gahryman hökmünde ykrar edilendigi üçin öz-özüni ýazgardy…

Aradan esli wagt geçdi. Günlerde bir gün esger ýigit ýene-de alyslardan şa gyzynyň kömege çagyrýan çirkin sesini eşitdi. Atyna atlanmazdan öň, ol gylyjyny ýanyna aldy. Birsalym oýa batyp, şa gyzynyň ok-ýaýy ulanmak barada beren maslahatyny ýadyna saldy. Ýöne ol şa gyzynyň diýşi ýaly, diňe ok-ýaýyna bil baglamak islemedi. Ol gylyjyny-da özi bilen alyp gitdi.

Köşge gelip görse, ýene bir aždarha şa gyzyna hüjüm edip duran eken. Esger bat bilen gylyjyny gynyndan çykardy. Emma, nämüçindir, ol ilkinji gezekdäki ýaly gylyjy aždarhanyň içinden parran geçirmedi. Ol şa gyzynyň şundan şeýläk diňe ok-ýaý ulanmalydygy barasyndaky buýrugyny ýadyna saldy. Ol oýlar ummanyny gulaçlaýança aždarha oňa garaşyp durmady. Gaýtam, pursatdan peýdalanmak bilen boldy.

Hawa, pursatdan peýdalanan aždarha agzyndan alaw syçratdy. Oýlar ummanyna berlip duran esgeriň bu alawda sag goly ýandy. Sag goluny ýandyran ýigit indi öňküden bäş beter howsala düşdi. Ol şa gyzynyň diýşi ýaly, ok-ýaýy bilen aždarhany öldürmäge synanyşdy. Synanyşyklar hiç başa bararly däldi. Onýança-da bu bolýan wakany penjiresinden synlap duran şa gyzy şeýle seslendi:

— Saňa bu ýagdaýda ok-ýaýyň haýyr etmez. Gowusy, zäher ulan!

Şeý diýdi-de, gyz oňa penjireden kiçijik gutujykda zäher oklap goýberdi. Esger ýigit zäheri aždarhanyň agzyna taşlady. Agzy alawly aždarha zäheri dadan dessine ýagty jahan bilen hoşlaşdy. Şeýdip ýene-de ilat aždarhany ýeňen ýigidiň şanyna dabarasy daglar aşan toý berdi. Emma bu toý esger ýigit üçin ýasa döndi. Çünki aždarha bilen bile onuň özüne bolan ynamy-da ölüpdi. Şeýle bolansoň, esger ýigidiň hiç zat bilen keýpi bolmady. Ol eýýäm ikinji sapar özi hiç zat etmezden, şa gyzynyň diýenini ýerine ýetirmek arkaly, aždarhadan üstün çykandygyna şeýlebir namys etdi. Ar-namysdan ýaňa esger ýigidiň bu märekäniň içinde oturasy gelmedi. Şeýle bolany üçin hem ol dabara tamamlanan dessine, hiç kimiň ony tanamajak ýat ülkelerine rowana boldy…

Günler biri-birine sepleşip aýlar geçdi. Demir dony lowurdap duran esger ýigit ýat ülkelerde mesgen tutdy. Bu ýerde ony hiç kim tanamaýardy. Onuň üçin hem bu ýurt nätanyşdy. Şeýle bolansoň, ol her ýatlanynda ar-namysdan ýere giräýjek bolýan ýatlamalaryndan kem-kem daşlaşmak bilen boldy.

Emma oňa geçen günlerini we şa gyzyny ýatladýan iki sany zat bardy. Olar şa gyzynyň aždarhany öldürmek üçin beren ok-ýaýy we zäheridi. Her gezek bu iki zada seredeninde, esger ýigit şa gyzynyň maslahatlaryny ýatlaýardy. Ýatladygysaýynam, onuň gursagyny gussa gaplaýardy. Şa gyzynyň aždarhany öldürmek üçin beren bu iki guraly, göräýmäge, netije berýäne meňzese-de, bu esger ýigidiň gujur-gaýratyna bolan ynamsyzlykdy. Bu ynamsyzlyk gerçek ýigidiň bar badyny bökdäni üçin, ol şa gyzyny-da, şol ýurdy-da terk etmeli diýen karara geldi. Şa gyzy öz teklipleri bilen gerçeginiň göwnüni lejikdirmedik bolsa, belki, esger ýigit hem özüne göwün goýan şa gyzynyň ömürlik ýanýoldaşyna öwrülerdi. Ýöne… ýagdaý has başgaça boldy.

Esger ýigit bu iki guraly: ok-ýaýy we zäheri wagtal-wagtal şa gyzyny ýatlap durmak maksady bilen almady. Ýa bolmasa şa gyzynyň tekliplerini makul göreni üçinem däl. Ol ýöne ätiýaçlyk üçin bu iki guraly ýanyna alypdy…

Bir günem oňa niredendir bir ýerden ýene zenan maşgalanyň kömege çagyrýan sesi eşidildi. Ýüregi ýuka ýigit bu zaryn sese biperwaý bolup bilmedi. Ol hut şo pursat ýene-de edil öňküsi ýaly özüniň demir dony lowurdap duran esgerdigini ýatlady. Şonuň üçinem ol kömege çagyrýan ýat ýurtly zenana hökman ýardam bermeli diýen karara geldi.

Şeýdip haýdan-haý atyna atlanjak pursady onuň aňynda şeýle sowal at çapdy: «Men ok-ýaý bilen zäheri ýanyma almalymy ýa ýok?!». Bu sowala öz içinden jogap tapan esger ok-ýaýdyr zäherini we gylyjyny alyp, ganatly atyna atlandy. Kömege çagyrýan gyzyň golaýyna ýetip-ýetmänkä-de, ok-ýaý bilen zäherini gapdala oklap goýberdi. Çünki ol aňynda at çapdyran «Men ok-ýaý bilen zäheri ýanyma almalymy ýa ýok?!» diýen sowaly «Ýok! Maňa ýeňmek üçin gylyjym ýeterlik. Men hiç kimiň maslhatyna-da, gurallaryna-da mätäç däl!» diýip jogap berdi.

Ahyrsoňy esger kömege mätäç dilberiň ýanyna ýetdi. Görse, hakyt öňki waka ýüz berip dur. Agzyndan alaw syçradýan aždarha gyza howp salyp dur. Naçar dilber gözgyny halda aždarhadan goranmaga synanyşýar. Ýekeje öňki wakadan tapawutlanýan ýeri: gyz şa gyzy däldi…

Demir dony lowurdap duran esger agzy alawly aždarha bilen başa-baş söweşe girdi. Söweşiň ilkinji minutlarynda gylyjyny aždarhanyň içinden parran geçiren gerçegiň keşbi owadan dilberiň didelerine ilkinji gezek hem hemişelik baş gahryman bolup ornaşdy…

Birnäçe hepdeden soň, bu waka ýene täzeden gaýtalandy. Başga bir agzy alawly aždarha ýene-de owadan gyza howp salmaga synanyşdy. Nätanyş obadaky nätanyş gyzyň tanyş sedasyny eşiden gerçek gylyjynyň gudratlydygyna ynanyp, ýene-de nägehan aždarha bilen başa-baş söweşe girişdi. Ol ýat ýerde hem bolsa, ýene-de şol öňki göwnüni gama batyran wakanyň gaýtalanmagyndan ýaýdandy. Aždarha bilen döwüş gurýarka, nätanyş dilberiň tanyş sesi bilen haýsydyr bir teklibiň berlerine garaşdy. Emma gerçek ýigitden heniz bir söz hem eşitmänkä oňa göwün goýan gyzdan ses-seda çykmady. Gözel gyzyň göreçlerinde ömür bilen ölümiň arasynda galan pursadyndaky halasgärine bolan buýsanç hem söýgüden başga zat ýokdy. Dilberiň didelerindäki buýsanjy hem söýgini gören ýigit bolsa, öňküsinden on esse güýç bilen aždarha hüjüm edýärdi…

Ýeňiş gerçek ýigidi saýlady. Gerçek ýigit bolsa ýat ýurtly dilberi.

Demir dony lowurdap duran esger şo pursat dilbere bolan duýgularyny dile getirdi. Bu sözlere sabyrsyzlyk bilen garaşýan gözel gyz gerçek ýigide tutuş ömrüni bagyş etmäge razy boldy.

Şeýlelikde, demir dony lowurdaýan esger bilen ýat ýurtly gözel goş birikdirdiler. Olaryň duýgular dünýäsi dil tapyşyp, gün geçdigisaýyn bir-birege bolan söýgüsi hem hormat-sarpasy artmak bilen boldy…

MARSLYLARYŇ GÜÝJÜNI

GOWZATMAZLYK SUNGATY

Demir donly esger hakdaky hekaýatyň manysyna düşünen bolsaňyz gerek?!

Gerçek ýigit şa gyzyndan geçip, ýat ülkeli dilberi näme üçin saýladyka diýen sowal ýüze çyksa, hekaýaty ýene bir gezek okap görüň! Onda-da düşünmedik bolsaňyz, men size düşündirmäge synanyşaýyn:

Şa gyzy demir dony lowurdaýan esgere dürli teklip berdi. Bu teklipleri-de ol özüniň söýýändigini, oňa kömek etmek isleýändigini subut etmek maksady bilen berdi. Emma marslylaryň we weneralylaryň tebigaty aýry bolansoň, ýigit şa gyzynyň teklibini ynamsyzlyk hökmünde kabul etdi. Halaýan gyzyndan ynamsyzlygy duýandygy üçin, berdaşly ýigidiň gujur-gaýraty gowzap başlady. Şol sebäpden ýigidiň ýüreginde ýaňyja şine ýaryp başlan söýgi köki-damary bilen gurady. Onsoň ýigit ýatlamalaryny we tutuş ýurdy terk etdi. Ol ýat ýurtda sataşan gözeli-de şa gyzyna meňzetmäge synanyşdy. Emma ýat dilberiň onuň ýüregine ýakynlygy, esgeriň «Hemme zenanlar birmeňzeşdir» diýen pikirini düýtgöter özgertdi.

Esger, hatda şa gyzy bolsa-da, hem gylyk-häsiýetini halamaýandygy sebäpli, ony terk etmekligi dogry hasaplady. Gylyk-häsiýeti göwnüne ýarany üçin bolsa, hatda tanamaýan hem bolsa, ýat ýurtly nätanyş gyz bilen goş birikdirdi. Çünki ýat ýurtly gözel oňa hiç haçan hiç zady teklip etmedi, ýigidiň saýlawyny dogry hasaplady. Şeýdibem, esger ýigidiň gowzan güýjüniň artygy bilen üstüni ýetirdi. Sebäbi ýat ýurtly dilber esgeriň artykmaçlygyny-da, kemçiliklerini-de bolşy ýaly kabul etdi. Ol öz gahrymanynyň gylyk-häsiýetinden hiç haçan hiç zady üýtgetmäge synanyşmady.

____________________

Marslylaryň güýjüni gowzatmazlygyň ýeke-täk syry — olary bolşy ýaly kabul etmekdir.

Marslylaryň häsiýetini üýtgetmäge,

ýa bolmasa haýsydyr bir gylygyna düzediş girizmäge synanyşmak —

zenanlar tarapyndan goýberilýän

iň uly ýalňyşlykdyr.

____________________

Bu hekaýatdaky esgeriň duýgulary-da, şa gyzynyň duýgulary-da marslylar bilen weneralylaryň tebigatyna mahsus. Bu hekaýaty gürrüň bermek bilen, size ýanýoldaşyňyzyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin, öz dünýägaraýşyňyz bilen däl-de, ýanýoldaşyňyzyň dünýägaraýşy bilen hem pikirlenip görmelidigini düşündirmek isledim. Tereziniň bir tarapyna öz dünýägaraýşyňyzy, beýlekisine-de ýanýoldaşyňyzyňkyny oklap, ikisini-de deňagramlylykda saklasaňyz, ownuk-uşak dawa-jenjellerden daşda durdugyňyz bolar. Diňe şuny başaran zenan — marslylaryň güýjüni gowzatmazlyk sungatynyň ussady bolar.

MASLAHAT DÄL,

YNAM BERIŇ!

Ynsan üçin iň möhüm zeruryýet — ynam. Aslynda, «Men saňa ynanýan!» diýmek, «Men seni söýýän!» diýmekden has zerur. Çünki ynamyň ýok ýerinde söýgi hem wagtlaýyndyr. Sebäbi ynamdan binýady bolmadyk söýgi — söýgi däldir. Ol hälki bir wagtlaýyn höwesdir. Yşk başga, höwes başga…

____________________

Her bir ynsan

söýmegiň hem söýülmegiň teşnesi.

Ýürek diýlen närse

elmydama

binýady ynamdan bolan söýgä mätäç.

Goý, ýürekleriňiziň her bir urgusy

söýýän ynsanynyň urgusyny eşidip ursun!

Goý, dünýe dursun,

söýülýän hem söýýän ýürekler dursun!

____________________

Gadyrdan weneralylar, sizden haýyşym: ýürekdeşleriňize maslahat däl-de, ynam beriň! Çünki siziň çyn ýürekden söýüp, aşa aladalanmagyňyz, olara aşa azar berýär. Siziň zandyňyz dürli. Siz söýgiňizi aladalanýandygyňyz bilen, oňa degerli hasap eden maslahatlaryňyzy bermek bilen, subut edýändirin öýdýän bolsaňyz, marslylar söýýän zenanynyň özüne ynanýandygyny duýup rahatlanýar. Erkekler diňe özüne ynanýan zenany özüni söýýän zenan diýip kabul edýär. Eziz zenanlar, siz hem öz ýanýoldaşyňyza maslahat däl-de, ynam beriň!

BIRMEŇZEŞ HÄSIÝETLI IKI MARSLY

Marslylaryň iki görnüşi bar. Biri juda kesir, mähirli zenany onuň haýsydyr bir häsiýetini halamaýandygyny we ony üýtgetmek isleýändigini aýdanda, kes-kelläm garşy çykýan marsly. Ikinji bir görnüşi bolsa, zenany onuň haýsydyr bir gylygyny üýtgetmek isleýändigini aýdanda mylakatlylyk bilen ylalaşýan, ýöne häsiýetini hiç hili özgertmeýän marsly. Marslylaryň bu iki görnüşiniň häsiýeti-de şol bir häsiýet. Olaryň ikisi-de şol bir gylyk-häsiýetli adam. Ýekeje üýtgeýän zat: bu häsiýeti biri gödegräk usulda, beýlekisi bolsa sypaýyçylyk bilen ýüze çykarýar. Emma zenan hernäçe jan etse-de, marslylaryň etmek islemeýän zadyny etmejekdigine şek-şübhe ýok. Olar bir zatdan boýun gaçyrdymy, hökman şo meselä hut şo ýerde nokat goýlaýmaly. Zenanlar şuňa uýgunlaşaýmasa, olaryň başga hiç hili çykalgasy ýok…

Dokuzynjy bölüm

NÄDIP DAWA-JENJELDEN DAŞDA

DURMALY?

Söýgi gatnaşyklarynda iň agyr kynçylyklaryň biri, biri-birimiziňkä meňzemeýän häsiýetler netijesinde ýüze çykýan düşünişmezliklerden, dawa-jenjellerden baş alyp çykmakdyr. Muny başaraýmak ýeňil-ýelpaý iş däl.

____________________

Käte dynnym ýalyjak düşünişmezliklerem

soňlugy bilen

ullakan dawa-jenjelleriň döremegine,

hatda jübütleriň biri-birinden aýra düşmegine-de sebäp bolup bilýär.

____________________

Sähel salym mundan öň yşk hakynda söhbet edip oturan aşyklar duýdansyz döreýän düşünişmezlik sebäpli, dessine dawa-jenjelleriň bir gyrasyndan girip, biri-birini ynjytmaga, günäkärlemäge başlaýarlar. Ynjydyjy sözler bilen başlanan söhbet, soňlugy bilen, olaryň biri-birinden öýkeleşmegine getirýär. Soňabaka olar arasynda: «Gürleme!», «Güm bol!», «Gözüm görmesin!», «Ýüzüňi görmegem islämok!», «Sesiňi eşidesim gelenok!» diýen ýaly sözleri bir-birine atyşyp ugraýarlar, bir-birine buýrup, bir-birinden talap edişip başlaýarlar. Gahar ýüzüne çyn söýginiň üstüne atanak çekişip, biri-birlerine ýigrenýändigini aýdyşyp, zeýrenişip başlaýarlar. Şeýde-şeýde biri-birini jan-dilden söýýän jübütiň arasynda binýady gahar-gazapdan gurlan dawa-jenjel diwary döreýär…

____________________

Bir-biriň bilen söhbetdeş bolmak,

bir-biriň bilen gürleşmek,

bir-biriň bilen derdinişmek,

bir-biriňe duýgudaşlyk bildirmek,

bir-biriňe hoşamaý sözleri aýtmak ýaly

gowy gylyk-häsiýetler

jübütleriň arasyndaky

mähirli hem ysnyşykly aragatnaşygy

binýat edýän bolsa,

zäher mysaly gahar-gazap zerarly

ýüze çykýan dawa-jenjeller

jübütleriň mylakatly aragatnaşygyny

ber-bibat edýär.

Sähel salymlyk gahar-gazabyny

ýuwudyp bilmedik jübütler

ýüreklerinde yşkyň salan köşgüni

weýran edýärler…

____________________

Birnäçe wagtyň dowamynda binýat edilen söýginiň sähel salymlyk gahar zerarly weýran edilmegini men yşka edilen sütem hem zorluk hasaplaýan. Bu sütem sebäpli süýekleri süýnen söýginiň harlanmagy, biziň hijimizi-de gowulygyň üstünden eltmeýär. Şonuň üçin her seminarymda jübütlere hiç haçan söwer ýarynyň göwnüne degmezligini, dawa-jenjeller bilen çyn söýgini harlamazlygy nesihat edýärin. Jübütleriň dawa-jenjelleriň duzagyna dulanmazlygy üçin, öz durmuş tejribelerime esaslanyp, birnäçe çykalgalaryň bardygyny düşündirýärin. Geliň, şol seminarlarymda dawa-jenjelleriň duzagyna dulanmazlyk, dawa-jenjelleriň öňüni almak üçin gürrüň berýän zatlarymy siz bilen hem paýlaşaýyn:

Elbetde, dawalaşman ýaşamak adamzat tebigaty üçin aňsat däl. Emma dawalaşmagyň ýerine, dawa-jenjelleriňizi, maşgala meseleleriňizi parahatçylykly ýol bilen çözmäge synanyşmaly. Meselem, öz söwer ýaryňyza gaty-gaýrym söz aýtmazdan, onuň käbir gylyk-häsiýetiniň göwnüňize ýaramaýandygyny düşündirip bilersiňiz. Nädip? Belki, onuň gylyk-häsiýetleri barada söz açyp, hemme zadyň gowy hem erbet tarapynyň bardygyny, her bir adamyň häsiýetiniň-de iki tarapynyň bardygyny aýdyp. Öz söwer ýaryňyzyň-da artykmaçlyklarynyňam, kemçilikleriniňem bardygyny aýdyp bilersiňiz. Hökman gylyk-häsiýet meselesinde däl, başga bir zat babatda-da göwnüňize ýaramadyk zat bar bolsa, şol zadyň hem artyk, hemem kem tarapyny aýdyp, düşündirmek isleýänleriňizi has mylaýym usulda düşündirip bilersiňiz. Bu bolsa sizi dawa-jenjelleriň döremek howpundan halas eder. Ýa bolmasa-da isleýän zadyňyzy-da, islemeýän zadyňyzy-da mylaýym usulda ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz.

Kimdir biri bilen aragatnaşyk saklamakdaky, söhbetdeş bolmakdaky iň möhüm başarnyklaryň biri — mylaýymlykdyr. Garşydaş tarapyň agzyndan alaw syçramazlygyny isleseňiz, elmydama mylaýym boluň! Başarsaňyz hemme kişä, başarmasaňyzam iň bärkijesi, ýürekdeş söwer ýaryňyza…

DAWALAŞANYMYZDA NÄME BOLÝAR?

Marslylaryň hem weneralylaryň zandyna düşünmeýändigimiz üçin, ýa-da düşünýän hem bolsak, şo-ol özümiziňkini dogry etjek bolup duranymyz üçin, biz hemişelik ýanýoldaşymyzyň — ýürekdeşimiziň göwnüni ynjydýarys. Ýürekdeşi ynjany üçin, şol pursat biziň öz ýüregimiz hem ynjaýar. Asyl, beýdip ikitaraplaýyn ynjy çekmek gerekmi bize?! Sähel salymlyk gaharymyzy ýuwutsak, biraz mylaýymlaşsak bolmazmy?!

Käte ýat ynsanlar däl-de, ýakynlarymyz bizi has köp ynjydýan ýaly duýulýar. Munuň käbir ynsanyň durmuşynda, hakykatdanam, şeýle bolmagy-da ahmal. Beýle däl hem bolsa, biziň şeýledir öýtmegimiziň aňyrsynda özüne ýetik sebäp bar.

____________________

Bizi diňe

iň ýakynlarymyz ynjydyp biler.

Çünki biz diňe

ýürekdeşlerimiziň aýdanlaryny

ýüregimize alýarys…

____________________

Aslynda, biziň asyl dawamyz beýle bir goh-galmagallaşar ýaly zat bilen başlamaýar. Dawa başlandan soňky özümizi alyp barşymyz goh-galmagallaryň şowhunyny artdyrýar.

____________________

Köplenç jübütler

haýsydyr bir zat göwnüne görä bolmany üçin, dawalaşyp başlaýar.

Bu dawa

bäş minutdan uzak dowam etmeýär.

Ilkinji bäş minut geçenden soň welin,

jübütler biri-biri bilen dawalaşan pursady

biri-birindäki halamaýan hereketlerini

dile getirip dawalaşyp başlaýarlar.

Şeýdibem, biziň ynjamagymyza

dawa-jenjeller däl-de,

biziň biri-birimiz bilen dawalaşyş usulymyz sebäp bolýar…

____________________

DAWA-JENJELLER BIZI NÄME

ÜÇIN YNJYDÝAR?

Jübütleriň arasynda döreýän dawa-jenjel diýilse, elbetde, hemme kişiniň göz öňüne gelýän zat gaharynyň örüsini giňeldip, dawa-jenjeliň döremegine getiren, biri-biriniň gulagyny-ha däl, ýüregini deşip barýan goh turuzýan kişiler bolsa gerek?! Elbetde, bu ýagdaýda iki tarapyň ýüreginiň-de ýaralanjakdygy şübhesiz. Ýürege salynjak şol tagmanyň näme sebäpden döreýändigi hakynda haçanam bolsa birwagt pikirlenip gördüňizmi?!

____________________

Aslynda, jübütleriň bir-birini ynjytmagyna sebäp bolýan zat

olaryň dawalaşýan pursady biri-birine aýdýan sözleri däl.

Jübütleriň biri-birini ynjytmagyna sebäp bolýan zat —

olaryň dawalaşýan pursady bir-birine aýdýan sözleriniň aýdylyş usullary.

____________________

Öňki bölümlerimizde hem tekrarlap aýdyşymyz ýaly, zenan köplenç öz ýanýoldaşyndaky käbir endikleri halamaýandygyny we ony düzetmek isleýändigini aýdýar. Ýa bolmasa-da haýsydyr bir işiň ýerine ýetirilişini öz ýanýoldaşyna öwretmäge synanyşýar. (Hatda şol iş boýunça onuň ýanýoldaşy kämil hünärmen hem bolsa). Beýle ýagdaýlar bolsa, erkekleriň özüni dolandyrylýan ýaly duýmagyna getirýär. Şeýlelikde, marslylaryň göwnündäki sabyr kiparlap, gaharyň gerimi giňelýär. Gaharyna olar öz öňünde duranyň ömürlik ýanýoldaşydygyny-da unudyp, agzyna gelenini aýdyp başlaýarlar. Şol pursat marslylar gahar-gazapdan ýaňa öz sesleriniň juda batly çykýandygyna-da üns bermeýärler. Bu bolsa zenanlaryň gahar-gazabynyň alawlanyp, agzyndan ýalyn çabratmagyna sebäp bolýar. Dawa-jenjeller özüniň baş sebäbinden daşlaşýar. Onsoň goh-galmagallaryň ugry olaryň dawalaşýan pursadyndaky özlerini alyp baryş usullaryna sary gönükdirilýär. Şeýlelikde, iki tarapyň hersi öz zandyna laýyk hereketi maksadyna muwapyk hasaplap, gyňyr gylyk bilen gyşyk gadam goýýar. Hut şo pursat olaryň ýüregindäki söýgi gahar-gazaplaryndan asgyn gelýär. Hiç hili çäresi bolmadyk yşk goh-galmagallaryň öňünde boýun synyp, gahar-gazabyň gurbany bolýar.

DÖRT GÖRNÜŞLI GYLYK

Aňşynaslaryň — psihologlaryň pikirlerini we şahsy garaýyşlarymyzy umumylaşdyryp alanymyzda, erkekleriň hem zenanlaryň gylyk-häsiýetleri dört dürli görnüşde bolýar. Olar:

1. Öýke-kine edip ar alýanlar;

2. Gowaga gabalýanlar;

3. Günäkärlemegi gowy görýänler;

4. Gurruk guýa çümýänler;

Bu dört gylygyň ikisi marslylara, ikisem weneralylara degişli. Geliň, olaryň hersi hakynda aýry-aýrylykda söhbet edeliň!

1. Öýke-kine edip ar alýanlar

Bu gylyk gözbaşyny Marsdan alyp gaýdýar. Öýke-kine edip ar almak marslylara mahsus gylyk. Bu gylyga göwnünden ýer beren marslylar öz zenanlary olara çala sowuk-sala daradygy bes. Olar dessine öýke-kinä ýüz urmak bilen bolýarlar. Gözýetimleri gysby bolan bu zeýilli marslylaryň şygary: «Öýke-kine — iň gowy ar alyş».

Ar nire? Ýar nire? Heýem, erkek halatyňa öz söwer ýaryňdan ýersiz-ýere öýke bilen ar alnarmy diýsen-e?! Sähelçe sowuk-salalygy üçin, öz zenanyndan öýkeleýän çöňňeler wagtynda öz dilberiniň gadyryny bilmese, bir gün gelip hem har, hem zar bolarlar…

Kähalat zenanlar öz zandyna laýyklykda, ýanýoldaşlarynyň käbir gylyklaryny ýazgaragan bolýar. Şular ýaly ýagdaý ýüz berse, öýke-kinesi bilen ar alýanlaryň güni gelýär. Öz zenanlaryndan öýkeläp, kinesini daşyna çykarjak bolup başagaýdyrlar. Ýanýoldaşynyň haýsydyr bir ownuk-uşak zat üçin öýkeläp, zenany bilen gürleşmän, her hili sowuk hereketler bilen kinesini daşyna çykarmagy, hiç bir zenanyňam göwnüne batmaýar. Hatda özi ynjydylan hem bolsa, maşgala mukaddesliginiň hatyrasyna käbir geçirimli zenanlar edil özi günäli ýaly ýanýoldaşyndan ötünç soraýarlar. Zenanlary nämedir bir zat üçin özüni günäkär hasaplap, başyny aşak sallanlarynda welin, öýkesi bilen ar alýan kişiler özlerini ykbal oýnunyň ýeňijisi hasaplaýarlar. Emma tersine, öýkesi bilen ar alýan kişiler hemişe-de ykbal oýnunda şowsuzlyga uçranlardyr. Çünki olar bu häsiýetini gaýta-gaýta tekrarlamak bilen, öz zenanlarynyň ynamyndan daş düşýärler.

____________________

Ynamdan daş düşeni

durmuşyndan-da daşlaşdyrýarlar…

____________________

2. Gowaga gabalýanlar

Bu gylyk hem Marsyň raýatlaryna degişli. Öň hem birnäçe ýola tekrarlaýşymyz ýaly, marslylaryň şahsy gowaklary bar. Marslylaryň aglabasy köplenç gaharly ýa gussaly halaty, ýa bolmasa-da haýsydyr bir mesele çözgüt gözleýän pursady şol gowakda gizlenmegi iň dogry ýol hasaplaýarlar. Kä halatlarda zenanlar özleri bilmezden öz ýanýoldaşlaryny ynjydýarlar. Ýokarda belleýşimiz ýaly, käbir erkekler şeýle ýagdaýda söwer ýaryna gaýtargy berjek bolup, ýa bolmasa-da öýkesi bilen ar aljak bolup azara galýar. Erkekleriň aglabasy bolsa, şeýle ahwalata düşseler dessine gowaklaryna girip, gahar-gazabynydyr gaýgy-gussasyny öz-özi bilen ikiçäk galyp gowzadanyny kem görenoklar.

Bu näme üçin beýle?! Erkekler näme üçin gowagyna gizlenýär. Çünki olar öz zenanlaryny ynjytmak islemeýärler. Gahar ýüzüne ömürlik söwer ýaryna gaty-gaýrym söz aýtmazlyk, dawalaşmazlyk üçin, olar gowagyny gaçybatalga hasaplaýar. Az salymlyk dymmak, gaharyny ýeňmek, göwnüni taplamak üçin gowak olar üçin iň amatly ýer. Çünki olar haýsydyr bir dawanyň döremegine sebäp agtaranyndan, gowagynda bir özleri galyp dymanyny bähbitli saýýarlar. Bu hakykatdan-da şeýle ahyryn!

____________________

Dawa-jenjellere berlip,

ýürekdeşiň göwnüne degip,

soňam ynsap yzasyny çekeniňden,

gowakda gizlenip,

hiç hili goh-galmagalsyz,

dymyp,

ynsaby ynjaldyrmak has ähmiýetliräkdir…

____________________

3. Günäkärlemegi gowy görýänler

Bu häsiýet Weneranyň raýatlaryna degişli. Bu hili häsiýeti bolan zenanlar hiç haçan öz eden günäsini boýnuna almaýarlar. Hatda özleri günäkär hem bolsa, ony ömür ýoldaşynyň boýnuna atýarlar. Mundan bäş beter erbet ýeri-de, olar buz üstünden tozan arap, ýakynlarynyň ýüreklerini ýaralamagy hiç zatça-da görmeýärler. Olaryň bar aladasy özüniňkiniň dogrudygyny ykrar etdirmek.

Aslynda welin, dogry bolan haýsydyr bir zady ykrar etdirmek üçin, daş-töweregiňdäkilere zabunlyk bilen zulum etmekligiň zerurlygy ýok. Niýetiň betpygyllardan daşda bolsa, ýüregiň päk bolsa, dogry hereketiň bu gün bolmasa, ýene bir gün hökman ykrar edilýär. Hakykaty hiç haçan, hiç ýerde, hiç kim we hiç zat gizläp bilmeýär…

4. Gurruk guýa çümýänler

Bu häsiýete-de Weneranyň raýatlarynda gabat gelmek bolýar. Edil erkekleriň gahar ýüzüne gaty-gaýrym söz aýdyp, öz zenanlaryny ynjytmak islemeýişleri ýaly, gurruk guýa çümýän zenan hem sähel salymlyk sabry ýoldaş edinip, ýanýoldaşyny ynjytmakdan saklanýar. Bu bolsa olara sabryň soňundaky sap altyna ýetmäge kömek edýär…

____________________

Aslynda, bu dünýäde hiç bir ynsan

perişde ýaly päkize däldir.

Her kimde-de ýalňyşlygam, günä-de, kemçiligem bardyr.

Şol ýalňyşlygymyzyň ýa-da kemçiligimiziň

ömür ýoldaşymyz tarapyndan ýuwlup-ýaýylmagyny islesek,

ilki bilen, bu işi özümiz ýerine ýetirmelidiris.

Eger ýüreklerimiziň çuňluklaryndan çykýan çyn söýginiň sedasyny eşitmän,

dawa-jenjelleri döretsek,

maşgala mukaddesligini depeledigimiz bolar.

____________________

Geliň, ýakyn-ýat ähli kişi bilen mylaýym bolmaga çalşalyň!

(Dowamy bar).

Sülgün MYRATGELDIÝEWA
Iňlis dilinden terjime eden

 

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle