Erkekler Marsdan, zenanlar Weneradan (1-bolek)

Jon GREÝ,
amerikan ýazyjysy
Jon Greý filosofiýa ylymlarynyň doktory. Ol adamlar bilen aragatnaşyk saklamak we garyndaşlyk bilen baglanyşykly köp işleri alyp baran tejribeli ussat hökmünde tanalýar. Sebäbi ol şahsy kämillik dogrusyndaky seminarlarda 30 ýyldan gowrak wagt bäri çykyş edip, diňleýjiler köpçüliginiň isleglerini kanagatlandyryp gelýär. Ol on iki sany bestseller kitabyň awtory. Mundan başga-da, Jon Greý Sertifikatlaşdyrylan terapewtleriň milli akademiýasynyň maşgala terapewti, «Maşgala» žurnalynyň geňeşçi redaktory, Nika we maşgala geňeşçileri halkara assosiýasynyň Maslahat geňeşiniň agzasy, Amerikanyň Maslahat beriş geňeşiniň agzasy.
Maşgala mukaddesligini ähli zatdan ilerde goýýan we munuň şeýledigini ýaşlaryň arasynda wagyz edip, jübütleriň arasyndaky agzybirligi pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýan Jon Greý häzirki wagtda aýaly hem-de üç perzendi bilen Demirgazyk Kaliforniýada ýaşaýar.
***
Men, ilki bilen, ömür syýahatynda maňa hemişelik ýoldaş bolup, şu kitabyň ýazylmagyna kömek eden ykbaldaşyma — aýalyma köp sagbolsun aýdasym gelýär. Biziň bilelikde başymyzdan geçiren ýagş-u-ýaman günlerimizi we meniň zenan maşgalalaryň pikirler dünýäsine bolan garaýşymy paýlaşmaga rugsat bereni üçin, öz ömürlik ýanýoldaşymdan örän hoşal.
Soňsuz söýgüsi hem hormaty üçin Şonen, Juli we Loren atly üç gyzyma hem çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin. Kaka bolmak diýlen düşünjäniň aňyrsyndaky bagt hem jogapkärçilik maňa öz enem-atamyň ýüzleşen kyn günlerine düşünmäge we olary öňküdenem beter söýüp, sylamaga ýardam etdi.
Ýedi perzentli maşgalanyň agyr keşigini çeken, ajy günlerde-de, süýji günlerde-de öz gylyk-häsiýetleriniň durnuklylygyny saklap, hemmämize görelde görkezen käbäm bilen kyblamdan müňdebir razy. Meniň duýgularyma düşünen we sözlerimi hemişe diňlän agam Dewid, meni üstünlikleriň uç-gyraksyz ummanyna ataran doganym Wilýam, meniň bilen daňdana çenli söhbetdeş bolup, gymmatly maslahatlary bilen meni goldan doganym Robert, şähdaçyklygy bilen göwnümi göterýän doganym Tom, maňa hemişe ynanýandygyny tekrarlap, ruhy taýdan hemaýatkär bolan uýam Wirginia, aramyzda 10 ýylyň bardygyna seretmezden, meniň bilen bir hörpde bolan körpeje jigim Jimmi, siziň ähliňize çäksiz alkyş sözlerimi aýdýaryn.
Patti Breitman, Karol Bidnik, Suzan Moldow, Nänsi Peske, Stiw Martine şu kitaby çap etmek üçin beren degerli maslahatlaryňyz meniň arzyly arzuwlarymy hasyl eden ýoluň şamçyragyna öwrüldi. Ähliňizden minnetdardyryn.
Meniň şu kitabyň temasy bilen baglanyşyklylykda geçiren seminarlaryma gatnaşan müňlerçe kişä pikirlerini paýlaşany üçin köp sagbolsun aýdýaryn.
Umuman, durmuşda we döredijilikde ýakyn ýardamçym bolan ähli ynsanlardan hoşal. Olara dilegim hoş hal.
Awtordan
GIRIŞ
Gyzym Loreniň dünýä inenine bir hepde geçen bolsa-da, aýalym Boniňem, meniňem ýadawlygymyz gowzamady. Gaýtam, gün geçdigiçe mydarsyzlaşdyk. Çyrçykly çagamyzam gije-gündizini çalşyp, gijelerini aglap geçirerdi. Janyndan jan berenine heniz kän wagt geçmedik ene hökmünde, görgüli aýalym gijelerine çirim etmezdi. Owadan zenanymyň perişan halda agyry-ynjylaryny azaltmak üçin, däri-dermanlardan saplanmaýşy meni juda gynandyrardy. Aýalym, hatda ýöremäge-de ýaramansoň dözmän, işimden rugsat alyp, öýde galdym. Dertleri dep bolmasa-da, gelnim birneme özüni tutansoň işe başladym.
Bir gün gelnimiň dermanlary gutarypdyr. Ol maňa jaň etmegiň ýerine, öýümize myhmançylyga gelen oglan doganyma derman getirip bermegi haýyş edipdir. Doganym bu haýyş bilen razylaşanyny ýatdan çykarypdyr. Şeýlelikde, heniz doly özüne gelmedik ysgynsyz ene uzynly güni hem-ä dert çekip, hemem täze dünýä inen çaganyň aladasyny edip, janserek bolup geçiripdir.
Şo ýagdaýda, şo başagaýlykda şol gün onuň üçin näderejede agyr geçendigini göz öňüne hem getirip biljek däl. Işden öýe dolananymda, ol şeýle bir gamgyndy. Günüň dowamynda bolup geçenlerden bihabar halyma, ol hemme agyry-ynjylary üçin meni günäkärleýändir öýdüp pikir etdim.
Görgülijik gapydan girip-girmänkäm söze başlady:
— Men uzynly güni yza çekip geçirdim. Endam-janym agyrýar. Däri-dermanlarymam gutardy. Üstesine, ýaňy dünýä inen çaganyň aladasynam diňe men etmeli. Ýaş ene halyma, maňa aňsatmy näme? Men heniz özüme-de gelmedim, ahyryn! Uzynly günümi ýerimden galyp bilmän geçirdim. Hiç kimiň perwaýyna-da däl.
Men dessine gelnimiň sözüni böldüm:
— Sen näme üçin maňa jaň etmediň?
Gelnim gaharly jogap berdi:
— Men derman getirip bermegi doganyňdan haýyş etdim. Getirip berer öýdübem, uzynly gün gelerine garaşdym. Zordan aýak üstünde durkaň, başga näme edip bilersiň diýsen-e?! Doganyň haýyşymy unudypdyr. Men özümi şeýle bir dereksiz hem gereksiz duýýan.
Bu sözlerden soň gaharym ýetjek derejesine ýetip, sabyr käsäm pürepürlendi. Men gazapdan ýaňa partlaýja döndüm. Şol gün şeýle-de işdäki şowsuzlyklarym ýeterlikdi welin, gelnimiň maňa jaň etmedigine, bolýan zatlardan habarsyz halyma bar zada meni günäkärleýändigine gaharym geldi. Ikimizem hetdimizden aşdyk. Gaharymyzdan ýaňa ajy sözlerimiz serhetden geçdi. Biri-birimiziň diýýänimizi eşitmez derejede goh-galmagala berildik. Sesimiz gyrylýança gygyryşdyk. Soňam gazap bilen gapa tarap ýöneldim.
Şondan soň meniň ykbalymy özgerden waka bolup geçdi.
Boni naýynjar seslendi:
— Haýyş edýän, meni taşlap gitme! Hut şu hal maňa hemme zatdan beter sen zerur. Men näçe gün bäri ukusyz. Depämden dabanyma çenli dertli. Haýyş edýän, diňle meni…
Naçar ses meniň batly gadamymy saklamaga mejbur etdi. Saklananym üçin biraz ynjalan naçar gelnim sözüni dowam etdi:
— Men mylaýym hem mähribankam, sen meniň ýanymda, meni söýýäň. Eger tersine bolan ýagdaýynda, meni dessine terk edýäň.
Soňra ol sözüne az salymlyk dyngy berdi. Şol pursat onuň göreçleriniň owasy gözýaş bilen gubarlanypdy. Gözleriniň ýaşyny egisip, birneme köşeşensoň, ol agy gatyşykly äheň bilen şeýle diýdi:
— Derdimi deprenip dep edip bilmen. Ýöne seniň mähriňe mätäçlik çekmesem, basym dertden saplanjagym şübhesiz. Haýyş edýän, hiç zat gürlemän ýanyma gel. Gel-de meni bagryňa bas. Men hiç hili düşündirişe mätäç däl. Özümi seniň gollaryňyň arasynda duýsam bes. Haýyş edýän, gitme!
Men ýuwaşlyk bilen yzyma dönüp, ony bagryma basdym. Ol halsyz başyny egnime goýdy. Uludan demini aldy-da, meniň ony terk etmänim üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şol pursat men çyn yşkyň nämedigine has aýdyň göz ýetirdim. Men özümi hemişe söýýän adam hökmünde göz öňüne getirýärdim. Emma onuň diýýänleri dogrudy. Men ony diňe şadyýan hem mylaýymka söýýärdim. Emma ol gamlanan halatynda welin, dessine dawa-jenjele başlap, öýümiziň içi alazenzele bolardy.
Şeýlelikde, şol gün ilkinji gezek men ony terk etmedim. Bu hereketimi has öňräkden etmedigime ökündim. Iň gerekli wagtym ýanynda galanym üçin, göwnüm rahatlandy. Megerem, çyn söýgi diýilýän zat şu bolsa gerek. Başga biriniň aladasyny etmek. Söýgä ynanmak. Söýeniň hemişe ýanynda bolmak, gereklän wagty bardygyňy bildirmek. Men şujagaz hereketim bilen onuň göwnüni tapanyma, onuň çigit ýalyjak göwnüniň bardygyna juda haýran galdym.
Men näme üçin şu çaka çenli şeýle owunjak zatlar bilen ony has bagtly edip biljekdigime düşünmedimkäm?! Ýene bir zenan maşgala hut şu ýagdaýda oňa nämäniň gerekdigine düşünse düşünerem welin, men erkek adam hökmünde, ony rahatlandyrmak üçin diňe bir bagryňa basmagyň we onuň sözlerini diňlemegiň ýeterlikdigini şu çaka çenli bilmändirin. Bagryňa basmak hem diňlemek onuň üçin bu derejede möhümdir öýdüp pikirem etmändirin. Bu zatlara göz ýetiren günümden başlap, men aýalym bilen öňküden başgaçarak ýaşaşyp başladym. Men hiç haçan är-aýalyň arasyndaky dawa-jenjelleri bu derejede aňsat çözüp bolar öýtmändim.
Boni maňa köp jübütleriň aýrylyşmagynyň sebäplerini we olaryň nädip öňüni alyp boljakdygyny öwretdi. Men zenandyr erkek adamlaryň içki dünýäsini we garaýyşlaryny öwrenmek üçin, ýedi ýylyň dowamynda ylmy gözleglerimi amala aşyrdym. Şonuň netijesinde hem zenandyr erkek adamlaryň gylyk-häsiýetlerini içgin öwrenip, maşgalany nädip dawa-jenjelsiz saklap boljakdygyna göz ýetirdim. Şondan soň özüm bilen Boniniň arasynda düşünişmezlik döremegine ýol bermedim. Biz öňküden has bagtly, has şadyýan hem goh-galmagalsyz ýaşadyk.
Bu öwrenenlerimi köpçülik bilen paýlaşasym geldi. Çünki ýönekeý hem bolsa köpimiziň bilmeýän, hiç kimiň bize öwretmeýän, hatda ene-atamyzdan hem eşidip görmedik käbir maglumatlarymyz biziň maşgalamyzyň agzybirligini amal etmek üçin derkar. Şonuň üçinem her hepdäniň dynç günlerinde öz öwrenenlerimi paýlaşmak maksady bilen, seminar sapaklaryny berip başladym. Bu sapaklar birnäçe jübütleri aýralykdan halas etdi.
Seminar sapaklarymyň ýedi ýyl dowamlylygyndan soň, maňa yzygiderli hatlar gelip başlady. Olaryň ählisinde-de berýän sapaklarym üçin bagtly jübütleriň maňa ýazýan alkyş sözleri, käbirleriniň içinde bolsa, çaga-çugaly jübütleriň şadyýan ýylgyryp duran suratlary bardy…
Suzan we Jimiň durmuş guranlaryna dokuz ýyl geçipdi. Emma muňa garamazdan, olaryň arasynda häli-şindi ownuk-uşak düşünişmezlik yzygiderli ýüze çykýardy. Dokuz ýylyň dowamyndaky söýgi onunjy ýyla ýetmedik ýaly, soňky döwürde olar bir-birine gaty kän sapar agyz ajatdylar. Gahar ugruna diýlen sözler ýürek ýarasyna öwrüldi. Şeýlelikde, olar aýrylyşmaly diýen karara geldiler. Bu kararlaryny kanun tarapyndan tassyklamazdan ötri, olar meniň seminarlaryma gatnaşdylar. Netijede, olar öz dawa-jenjelleriniň sebäbine, aýal bilen erkegiň dünýägaraýşyndaky üýtgeşmelere doly göz ýetirip, öz ýalňyşlaryna düşündiler. Iki günüň dowamynda olar düýpgöter başga adama öwrülip, biri-biri bilen aýrylyşmak baradaky pikiri öz ýanyndan ýazgardylar.
Suzan we Jim täzeden yşka düşdüler. Täzeden biri-birine aşyk boldular. Jim aýalynyň duýgularyna düşünmäge kömek edenim üçin, maňa köp minnetdarlyk bildirdi.
Aradan alty ýyl geçdi. Suzan we Jim meni täze öýlerine myhmançylyga çagyrdy. Şol günki ahwalat şu günki ýaly ýadymda. Söýülýän hem söýýän jübütler şeýle bir bagtyýardy. Maşgala agzalarynyň ählisiniň ýüzünde-de şatlyk nury bardy. Olary biri-birinden aýra düşmek howpundan halas edenim üçin, jübütler maňa öwran-öwran alkyş aýdýardylar…
Meniň mowzugym bilen — erkek adamlaryň we zenanlaryň dünýägaraýşynyň biri-biriniňkiden parhlydygy, düýpgöter başgaçadygy bilen hemme kişi ylalaşar. Emma olaryň arasyndaky aratapawudy açyklamagy welin, köp kişi başarmaz. Men soňky on ýylyň dowamyndaky eserlerimiň ählisini-de şol aratawudy açyklamaga bagyşladym. Sebäbi gazanan durmuş tejribelerim şony etmegiň juda möhümdigini öwretdi. Seminar sapaklaryma gatnaşan 25 000-den gowrak adam bilen sorag-jogap alyşmak arkaly, erkek adamlaryň we zenanlaryň dünýägaraýşy, olaryň arasynda ýüze çykýan dawa-jenjelleriň esasy sebäbi dogrusynda, ýeterlik maglumat topladym. Bu maglumatlary-da başardygymdan düşündirmäge çalyşdym. Bu maglumatlaryň okyjylaryň öz söwer ýaryna düşünmegine we maşgala binýadyny berkitmegine nepi deger diýip umyt edýärin.
Bu kitapdaky ýörelgeleriň ählisine bil baglap bilersiňiz. Çünki men olaryň ählisini-de barlagdan geçirdim. 25 000 adamyň 90 göteriminden gowragy şol bir netijäni bereni üçinem, şu kitaby ýazmak kararyna geldim. Kitaby okaýarkaňyz baş atyp: «Hawa, hawa, bu dogry. Hakyt men-dä! Tüýs meniň başdangeçirmelerime gabat gelip dur-da!» diýip, meniň bilen ylalaşýan bolsaňyz, siz ýeke däl.
«Erkekler Marsdan, Zenanlar Weneradan» atly kitap size ýakynlaryňyz bilen aragatnaşygyňyzdaky dartgynlylygy gowşadyp, söýgini artdyrmagyň syrlaryna düşünmäge ýardam eder. Aslynda, düşünip-düşünmez ýaly bu ýerde hiç hili çylşyrymly zat ýok. Belanyň başy biziň ýönekeý zatlary ünsden düşürmegimiz bilen başlanýar.
Dünýäde köp ynsanyň lapykeç bolmagyna ýakynlaryndan daşlaşmagy sebäp. Olar, aslynda, ýaryny tüýs ýürekden söýýändirlerem welin, gahar-gazabyň döreden dartgynlylygy olary birsalym öz-özünden uzaklaşdyrýar. Şular ýaly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin bolsa, biri beýlekisinden düýpgöter tapawutly bolan garaýyşlarymyzy öwrenmegimiz, gohlamagyň deregine bir-biregi diňlemegi we goldamagy başarmagymyz derkar. Bu kitap siz ýakynlaryňyz bilen hemişe mähirli gatnaşykda bolmaga, mynasyp söýgi bilen söýülmegiňize kömek etjek maslahatlary berip biler.
«Erkekler Marsdan, Zenanlar Weneradan» atly kitap 1990-njy ýylyň gollanmasy. Bu gollanmada diňe bir maşgalanyň başynda duran erkek bilen zenanyň aragatnaşygy däl, eýsem, olaryň dürlüçe pikirlenişi, duýgulary, islendik bir habary kabul edişi, eşiden habaryna laýyklykda hereket edişi, sorag soraýşy we jogap gaýtaryşy, söýşi we ýigrenişi, gerekleýşi we hormat goýşy dogrusynda söhbet edilýär. Erkek bilen zenan hakyt, hersiniň topragy aýry planetadan alnan ýaly. Olaryň gürleýşi-de, dilleri-de, hatda iýmitlenişi-de başgaça.
Erkekleriň marslylardygyna, zenanlaryň bolsa weneralylardygyna göz ýetirmek, her planetanyň öz pikirleniş usulynyň bardygyny ýatlamak we şol başgaça dünýägaraýşy sarpalamak, bizi artykmaç alada-gaýgydan saplaýar.
Aramyzdaky tapawuda düşünmek bizi ruhy çökgünlikden halas edýär. Ruhuňyzy gam kölüne çökermek islemeýän bolsaňyz, ýanýoldaşyňyzyň başga planetadandygyny we şonuň üçin käbir düşünişmezlikleriň ýüze çykmagynyň adaty ýagdaýdygyny ýatlaň.
Bu kitaby okap, maşgalasyndaky düşünişmezlikleri düzeden erkek adamlar şeý diýýär: «Hawa, hakykatdan-da, meniň bolşum şeýle. Awtor bu kitaby meni yzarlap ýazaýdymyka? Men hiç haçanam bu derejede ýalňyş hereket edýändirin öýtmändim».
Özüne düşünilip başlandygyna göz ýetiren zenan bolsa şeýle diýýär: «Ahyrsoňy, ýanýoldaşym meni diňläp başlady. Indi meniň öz degerimi düşündirmek isläp dawalaşmagym üçin zerurlyk ýok. Siziň düşündirişleriňizi okansoň, ýoldaşym bar zada göz ýetirdi. Köp sag boluň!».
Mende müňlerçe şular ýaly erkekleriň Marsdan, zenanlaryň bolsa Weneradandygyna düşünen okyjylarymyň täze eserlere ruhlandyryjy hatlary bar.
Aslynda, serhetsiz söýginiň syýahaty kötelli ýol-ýodalar bilen pürepürlenen. Bu syýahatda ýüze çykjak meselelerden gaçyp gutulyp bolmaýar. Bu meseleleri ýigrenjiň hem nägileligiň çeşmesine öwürmegem, söýgini hem ynamy döretjek mümkinçiliklere öwürmegem özümize bagly. Bu kitap size ýüze çykjak meseleleriň çalt çözüwini hödürleýär diýip bilmerin. Emma şol meseleleriň çözüliş usullarynyň düşündirilişiniň hödürleniljekdigi welin anyk. Meseläniň çözüliş usulyna düşünseňiz, hem-ä özüňiz özüňize mynasyp söýgi bilen söýlersiňiz, hemem ömür ýoldaşyňyza mynasyp söýgüsini bagyş edip bilersiňiz.
Meniň seminarlaryma gatnaşan köp kişilerden eşidenim: «Maňa şeýle ýönekeý zatlary näme üçin öň hiç kim aýtmadyka?» diýen jümle boldy.
Bir zady ýatdan çykarmaň! Ýakynlaryňyza bolan söýgiňizi artdyrmak üçin, hiç haçan giç däldir…
Men siziň bilen «Erkekler Marsdan, zenanlar Weneradan» atly kitaby paýlaşyp bilýändigime örän şat. Goý, siziň söýgiňiz hem paýhasyňyz barha möwjesin!
Goý, hiç ýerde hiç hili jübütler aýrylyşmasyn! Goý, bagtly nikalaryň sany barha artsyn! Çünki biziň perzentlerimiz owadan hem bagtly dünýä mynasyp.
BIRINJI BÖLÜM
Erkekler Marsdan, zenanlar Weneradan
Erkekleri-hä marslylar, zenanlary hem weneralylar diýip göz öňüňize getiriň.
Mundan birnäçe wagt öň, günlerde bir gün marslylar öz teleskoplary arkaly weneralylaryň bardygyny anyklapdyrlar. Marslylaryň weneralylara çala gözi kaklyşan dessine, olar öň duýup görmedik duýgularyny başlaryndan geçiripdirler. Marslylar çyn ýürekden yşka düşüpdirler we syýahat etmek üçin Ýer şaryny oýlap tapyp, Wenera uçupdyrlar.
Göwnaçyk weneralylar marslylary ýüregini giňden açyp garşylapdyrlar. Çünki olar haçanam bolsa bir gün, şeýle wakanyň ýüz berjekdigine çyn ýürekden ynanýan ekenler.
Marslylar bilen weneralylaryň arasynda jadyly söýgi öz hökümini ýöredipdir. Olar bilelikde bagtly durmuşda ýaşapdyrlar, bar işi bile ýerine ýetirmekden, bar zady paýlaşmakdan, dürli dünýäniň dürliçe hereketlerinden lezzet alypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen olar biri-birlerini öwrenip, biri-birleriniň dürlüçe dünýägaraýyşlarynadyr gylyk-häsiýetlerine düşünip başlapdyrlar. Olar ýylgyryp gelýän ýyllary söýgi sazlaşygy bilen garşylapdyrlar.
Bir gün gelip olar başga bir planeta — Ýer şaryna sary uçupdyrlar. Ýer togalagynda geçen ilkinji günler örän gyzykly hem şadyýan bolupdyr. Emma wagtyň geçmegi bilen olar Ýer şaryna şeýlebir öwrenişip, hersiniň aýry planetadandygyny-da, başga-başga planetalylar bolany sebäpli, gylyk-häsiýetleriniň düýpgöter başgaçadygyny-da ýatdan çykarypdyrlar. Şeýlelikde, olaryň arasyndaky gohuň göhi göge ýetipdir. Dawa-jenjelleriň yzy üzülmändir…
Günlerde bir gün, ir säher marslylar we weneralylar özleriniň başga-başga planetalylardygyny unudandygyna düşünipdirler. Emma şol ýadyna düşýänçä welin, olar günüň-güni dawalaşypdyrlar.
ARAMYZDAKY TAPAWUDY ÝATLAMAK
Aramyzdaky tapawuda düşünmesek, biz hiç haçanam bagtly jübütler bolup bilmeris. Biz köplenç, asyl hakykata göz ýetirmän, ýanýoldaşymyza gaharlanýarys, gygyrýarys, onuň göwnüne degýäris. Oňa düşünmäge we bolşy ýaly kabul etmäge derek, onuň diňe bize görä hereket ederine hantama bolýarys.
Goýberýän iň uly ýalňyşymyzam şunda — eger bizi söýýäni çyn bolsa, ol hökman biziň isleglerimizi kanagatlandyraýmalydyr öýdýäris. A onuň öz islegleri näme?! Siz haçanam bolsa bir gezek özüňiziň onuň isleglerini kanagatlandyryp-kanagatlandyrmaýanyňyz hakynda pikir edip görüpdiňizmi?! Elbetde, ýok! Ine, şu ýagdaý bizi ýene we ýene gussa batmaga mejbur edýär. Ine, şu ýagdaý biri-birimiziň kemçiligimizi-de artykmaçlyk hasaplap, söýgi ummanyna gark bolmagymyza maý berenok.
Erkekler zenanlaryň özi ýaly pikirlenip, özi ýaly hereket ederini tama edýär. Zenanlar welin erkekleriň özi ýaly duýguçyl bolaryna hantama. Biz birek-birekden başgaçarak gylyk-häsiýetlerimiziň bardygyny unudýarys. Şeýdibem är-aýalyň arasyndaky söýgi gereksiz gussalara gaplanýar.
Erkekleriň marslylardygyna, zenanlaryň bolsa weneralylardygyna göz ýetirmek, her planetanyň öz pikirleniş usulynyň bardygyny ýatlamak we şol başgaça dünýägaraýşy sarpalamak, bizi artykmaç alada-gaýgydan saplaýar.
***
Yşkda gudrat bar. Edil şonuň ýaly, yşka düşen ynsan hem jadylanan ýaly bolýar. Yşka düşen ynsan hökmünde, biz köňlümize kökerilen söýginiň ömürbaky özümize örklenjekdigine ynanýarys. Tötänden bir düşünişmezlik ýüze çykyp, ýarymyzdan aýra düşen halatymyzda bolsa, ony nesibämiz hökmünde kabul etmek bilen oňýarys. Emma bu beýle däl. Bar bela biziň aramyzdaky tapawudy saýgaryp bilmeýändigimizden başlanýar. Şony bilmeýänimiz üçin biz biri-birimizi sylamaga derek, biri-birimize garşy talapkär, gaharjaň, ganygyzma, sabyrsyz, geçirimsiz hem çydamsyz kişä öwrülýäris.
Biziň men-menligimiz sebäpli, özümiz öz ýakynlarymyzyň bize bolan söýgüsini ret edýäris. Şeýdibem, ara buz düşýär. Göräýmäge, kiçijik ýaly bolsa-da, onuň aňyrsynda agyr gylyk-häsiýetlerimiz sebäpli emele gelen ynamsyzlyk hem gaýgy-gussa bar. Onsoň ýakynlarymyz bize garşy sowuk-sala hereket edýärler. Biz hem sowallar bilen ikiçäk galýarys:
Bu nädip beýle bolýar?
Bu näme üçin beýle bolýar?
Bu dert näme üçin bize sataşdy?
Bu sowallary jogaplamak üçin, million gezek pikirlenip, million sebäp tapýarys. Emma sowallarymyz ýene-de öz hakyky jogabyna gowuşman galýar…
Her gün ýer ýüzünde millionlarça ynsan öz ömür ýoldaşyna gowuşmagy we oňa söýgüsini hem tutuş ömrüni bagyş etmegi arzuw edýär. Her ýyl million jübüt kanun esasynda maşgala gurýar. Gynansak-da, şol maşgala gurýan jübütleriň arasynda örän köp sanlysy ajy aýralyklaryň azabyna hem güzabyna uçraýar. Beýle bolmagynyň sebäbi-de, şol aýra düşen jübütleriň biri-birileriniň gylyk-häsiýetini özlerine görä üýtgetmäge çalyşýandygynda, biri-birilerini bolşy ýaly kabul edip, sylap, sarpalap bilmeýänliginde.
Çünki söýgi diňe sylag-hormatyň bar ýerine hemişelik goş ýazdyrýar.
IKINJI BÖLÜM
ARZ-ŞIKAÝATLAR
Adatça, zenanlar erkekleriň olary diňlemeýändigini, munuň şeýledigini näçe düşündirseler-de, boluşlaryny üýtgetmän, äsgermezçilik edýändiklerini tekrarlap zeýrenýärler.
Erkekler welin, zenanlaryň elmydama olaryň gylyk-häsiýetlerini üýtgetmäge çalyşýandygyny tekrarlap zeýrenýärler.
Zenanlaryň duýguçyllygy erkeklerde ýok, erkekleriň gödekligi-de zenanlarda. Zenanlar erkeklerden öz duýgularyna görä hereket etmegini haýyş edenlerinde, erkekler olar bizi dolandyrjak, bize diýenini etdirjek bolýandyr öýdýärler. Zenan haýsy hem bolsa bir meseläni düşündirip, mylakatly söze hantama bolýar, erkek kişi welin, mylaýym söze derek, şol meseläni nädip çözüp boljakdygyny düşündirýär…
Geliň, arka atan asyrlarymyzy yzyna dolalyň! Erkekleriň Marsda, zenanlaryň bolsa Wenerada ýaşaýan ýyllaryna dolanalyň!
MARSDAKY ÝAŞAÝYŞ
Marslylar gara güýje daýanýar. Olar başyna baran işiniň netijeliligine, bäsdeşlige ukyplylygyna, gazandyrjak üstünligine üns berýär. Olar elmydama güýjüni, paýhasyny hem ukyp başarnyklaryny kämilleşdirmegiň aladasynda bolýarlar. Olar özlerine eden işiniň netijesine görä baha berip, öz gazanan üstünlikleri hem ýeňişleri esasynda tejribe toplaýarlar.
Marslylar üçin duýgulandyryjy, höweslendiriji, öwüt beriji, psihologiki kitaplar gyzyksyz. Olar söýgi hakyndaky hekaýatlary hem okamaýarlar. Dürli mowzukly makalalary özünde jemleýän gazet-žurnallaram olary känbir özüne çekmeýär. Sebäbi olar öýdeçil däl. Öýde oturmagy içgysgynç hasaplaýan marslylar, daşarky işler bilen meşgullanmagy halaýar. Balyk tutmak, aw awlamak, sport bilen meşgullanmak, maşyn sürmek ýaly zatlara olaryň gyzyklanmasy ýokary. Olar okamagy känbir halamaýan hem bolsalar, döwrüň täzelikleri, sport hem howa maglumaty hakyndaky internet habarlary marslylaryň ünsüni çekýär.
Erkekler üçin adamlar hem olaryň duýgulary däl-de, zatlar hem obýektler örän gyzykly. Zenanlar romantika we duýguçyl dünýä hakynda hyýal ýüwürdýärkä, erkekler döwrüň täze talaplaryny aňryýany bilen kanagatlandyrýan tehnologiýalar: täzeçil tehniki enjamlar, robotlardyr kompýuterler şeýle-de döwrebap maşynlar hakynda pikirlenýär. Çünki marslylar elmydama arzuwlaryny aňsatlyk bilen amala aşyrmagyň aladasynda. Şonuň üçinem olar diňe arzuwlaryny aňsatlyk bilen amal etmäge ýardam berjek zatlar hakynda hyýal gurýar.
____________________
«Marslylar üçin iň möhüm zat olaryň arzuwlarynyň hasyl bolmagy.
Marslylar maksatlaryny myradyna gowşurýança ynjalmaýar.
Olary rahatlandyrýan zat arzuwlarynyň wysalyna gowuşmagy,
özem olar arzuwlarynyň ýolunda başga birinden haraý hantama däl.
Hemme zada özleri ýetişmek isleýär.
Sebäbi olaryň özlerine aňryýany bilen göwni ýetýär.
Olar ähli işi özleri başaryp bilýändigi üçin
özüne buýsanyp ýaşaýarlar.
Haýsydyr bir işiň başyna baryp, şol işi alyp çykmaga gezek galanynda olar hiç kime garaşlylyk duýmaýar.
Erkekler erkin hem bitarap hereket etmegiň tarapdary».
____________________
Erkekleriň şeýle gylyk-häsiýetlerine düşünýän zenan olara näme edip, näme etmeli däldigini öwretmeli däldigini-de bilýändir. Çünki marslylar soralmadyk wagty maslahat beren weneralyny halamaýarlar. Erkekleriň pikirine görä, maslahat berdimi, diýmek, ol sen hiç zady oňarmarsyň öýdýär. Olaryň bu meselede yzygider maslahat berýän aýallaryndan öýkelemegi-de geň däl. Sebäbi marslylaryň baş maksady bar zatda başarjaň bolmak.
Erkekler öz meselesini özleri çözegen bolýar. Olar öz meselesi bilen başgalaryň kellesini agyrtmagy halamaýar. Maslahata mätäç bolaýmasalar, marslylar hatda öz ýassykdaşyna-da başyna düşen kyn ýagdaýyny gürrüň bermeýär. Munuň näme üçin şeýledigini soranyňda bolsa, olar: «Özüm hemme zady oňarýarkam, men hiç kimden haraý hantama däl» diýip jogap berýärler. Özleri başarýarka olar kimdir birinden kömege tamakin bolmagy ejizlik hasaplaýar.
Aňsat-aňsat öz kynçylyklary hakynda dil ýarmaýan marslylar kimdir biriniň ýanynda durmuşynda ýüz beren çylşyrymly ýagdaýlar hakynda söz açýan bolsa, diýmek, ol şol adamyň degerli maslahat berip biljekdigine ynanýar. Marsda kimdir birine düşen kyn ýagdaýyňy düşündirmek — maslahata mätäçdigiňi beýan etmegiň alamaty. Emma bu ýagdaý Wenerada başgaçarak. Weneralylar öz meseleleri hakynda gürrüň bermek bilen, hiç haçan maslahat soramaýarlar. Olar diňe diňlenmek hem mähirli sözleri eşitmek isleýär. Emma marslylar welin, özleri maslahat islän wagty derdinensoň, weneralylara-da şeýledir öýdýärler. Şeýlelikde-de, maslahat berip weneralylaryň göwnüne ýaranmak, söýýändigiňi subut etmek isleýän marslylar, diňlemegi başarmandygy üçin ýalňyşýarlar. Şol sebäpli-de arada düşünişmezlik döreýär.
Aslynda, marslylar weneralylary diňe diňlemegiň ýeterlikdigine düşünen bolsadylar, hiç hili dawa-jenjeliň başy başlanmazdy…
WENERADAKY ÝAŞAÝYŞ
Wenerada Marsdakydan biraz başgaçarak zatlar gadyr-gymmatly hem hormat-hümmetli. Weneralylar söýgini, aragatnaşykda bolmagy we gözelligi möhüm zat hasaplaýarlar. Olar wagtlaryny kimdir birini goldamak, kimdir birine kömek etmek ýa-da nämedir bir zady giňişleýin düşündirmek — öwretmek üçin sarp edýärler. Olar öz ruhy ahwalatyny duýgulary arkaly beýan edýärler. Olar paýlaşmak we aragatnaşyk saklamak arkaly tejribe toplaýarlar.
Weneradaky ähli bolup geçýän wakalar zenanlaryň şeýle gylyk-häsiýetleri sebäpli ýüz berýär. Weneralylar uly-uly ýollarydyr köprüleri, ýa bolmasa beýik-beýik binalary gurmak bilen däl-de, söýgi bilen sazlaşyp, bagta beslenen durmuş içre ömür sürmek bilen başagaý. Ömür ýoldaşy bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak, weneralylar üçin işden hem täze tehnologiýalardan has möhüm. Weneradaky ýaşaýyş, tas ähli zat babatda diýen ýaly, Marsdaky ýaşaýşyň tersin tarapy.
Marslylardan tapawutlylykda, weneralylar günde bir eşik geýmegi halaýar. Zenanlaryň haýsy eşigi geýjekdigi olaryň şol günki keýpine bagly. Sebäbi olar duýgularyna görä hereket edýänlerden.
____________________
«Hawa, weneralylar duýgular dünýäsiniň raýaty.
Şonuň üçinem olar köplenç duýgularyny dile getirmegi halaýarlar.
Zenanlar duýgular dünýäsine şeýlebir berilýär welin, hatda üstünlik gazanmaga bolan höweslerini-de duýgulardan soňky nobata geçirmek olar üçin adaty bir ýagdaýa öwrülýär.
Olar daş-töweregini gurşap alan adamlar bilen gürleşmegi hem-de aragatnaşyk saklamagy bolup geçýän bar zatdan habarly bolmaga, köp maglumat toplamaga ýardam berýär diýip düşünýärler».
____________________
Ine, zenanlaryň şu zeýilli gylyk-häsiýetlerine düşünmek erkeklere gaty kyn düşýär. Sebäbi olaryň pikirleniş usullary biri-biriniňkä çapraz gelýär. Çünki zenanlar duýgularyny dile getirip, daş-töweregindäkiler bilen paýlaşan pursatynda kararsyz kalplaryny kanagatlandyrýan bolsalar, erkekler maşyn ýaryşynda ýeňiş gazananynda, arzyly arzuwyny wysalyna gowşuranda, ýa bolmasa haýsydyr bir meseläniň çözüwini tapanynda öz-özüni kanagatlandyrýarlar.
Zenanlar maksat-myratlaryndan köpräk aragatnaşyklara üns berip, aragatnaşyk saklaýan adamlaryna öz söýgüsi, aladalary we edýän ýagşylygy hakynda gürrüň bermegi halaýarlar.
Iki sany marsly günortanlyk edinmek üçin kafe gidýän bolsa, onda olar hökman haýsydyr bir proýekt ýa-da biznes maksatnamasyny maslahatlaşmak isleýändir. Ýa-da olaryň çözülmeli bir meselesi bardyr. Ýene-de bir sebäbi-de şol kafede marslylaryň halaýan tagamyny juda datly taýýarlaýan bolmaklary mümkin. Mundan başga-da, kafede naharlananda olarda dükandan iýer ýaly zat satyn almak, nahar bişirmek ýa-da gap-gaçlary arassalamak aladasy bolmaýar. Marslylar şu hili sebäpleriň haýsam bolsa biri üçin kafede naharlanýar.
Emma bu ýagdaý weneralylar babatda asla beýle däl. Iki zenan biri-birini goldamak, diňlemek hem diňlenmek, maslahat bermek hem maslahat almak üçin, günortanlyk edinmäge kafe gidýändir. Olar kafede hem bolsalar, biri-birileri bilen içgin-içgin, açykdan-açyk gürleşip bilýändirler. Göýä diýersiň, bir lukmana hassa öz derdini düşündirip, maslahat soraýan ýaly…
Weneradakylaryň ählisi-de psihologiýany öwrenýärler. Olaryň tas ählisinde diýen ýaly azyndan, maslahat bermegiň bakalawram däl-de, ussatlyk derejesi bardyr. Şonuň üçinem olar ýakynlaryna ruhy goldaw bermegiň tarapdary.
Wenerada owadan-owadan seýilgähler, baglar, söwda we dynç alyş merkezleri, restoranlar barmak büküp sanardan kän. Şeýle bolansoň, weneralylar şolar ýaly ýerlerde wagt geçirmegi gowy görýärler.
Zenanlar juda duýgur. Olaryň bu häsiýeti asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Olar başgalaryň aladasyny edip, başga bir weneraly kömege mätäç wagty, soralmasa-da kömek edip biler derejede duýgurdygy üçin özlerine buýsanýarlar.
Weneralylar kömek etmek üçin haýyş edilerine garaşmaýarlar. Sebäbi olary kimdir biriniň näderejede güýçlüdigi ýa-da ejizdigi gyzyklandyranok. Olar haraý hantamalary, kömege mätäçleri ejiz hasaplamaýar. Özlerine kömek ýa-da maslahat bermek isleseler-de, olar hiç haçan garşylyk görkezmeýärler. Şeýle bolansoň, olar marslylara-da yzygider maslahat bermek, kömek etmek isleýärler. Marslylar welin zenanlaryň bu hereketini erkekleriň güýjüne göwni ýetmezlik etmek hökmünde kabul edýärler. Erkekleriň şu derejede ynjykdygyndan bihabar zenanlar welin, şo-ol kömek etjek bolup janserege öwrülip ýörendirler…
Teklip bermek, maslahat bermek, kömek etmek — bularyň ählisi Wenera planetasynda söýginiň alamaty hökmünde kabul edilýär. Hut şoňa görä-de, weneralylar söýýän adamyna iň gowusyny isläni üçin, maslahat berjek bolup berbaşagaý. Olar bar zady gowulaşdyrjak, kämilleşdirjek bolup hemişe endişede. Hatda işläp duran guraly döwülmese-de, bejerjek, gowulaşdyrjak diýip azara galyp ýörendirler.
Emma Mars welin düýpgöter başgaça. Olar işleýän guraly tä döwülýänçä bejermegiň aladasyny etmeýärler. Näme bolsa-da, kim näme maslahat berse-de, olar öz pikirlerini hem durmuş şygarlaryny üýtgetmeýärler.
MASLAHAT BERMEGI BES ETMEK
Marslylaryň içki dünýäsine düşünmeýän zenan köplenç özi bilmezden ýanýoldaşynyň göwnüne degýär.
Meselem, Tom bilen Meri bir gün üýşmeleňe barýardylar. Tom maşyn sürüp barýardy. Ýigrimi minutyň dowamynda olaryň şol bir köçede aýlanyp ýörendigi sebäpli, Meri: «Tom azaşdy, ýoluny ýitirdi» diýip pikir edip, başardygyndan maslahat bermäge synanyşdy. Meriniň maslahatlaryny sessiz diňläp, maşyn sürüp barýan Tom gitdigiçe gahar-gazaba mündi. Emma ol zenanyň göwnüne degmekden saklandy. Gahar-gazabyny dymyşlygyň zenzelesine birikdirdi. Tä çagyrylan ýerine gelýänçä jogap gaýtarmady. Özünden göwnühoş Meri welin şonça maslahat berse-de, nämüçindir, Tomuň jogap bermeýändigi hakynda oýlandy. Oňa maslahaty üçin taňryýalkasyn aýtmaga derek, söýen ýigidiniň gitdigiçe gussasynyň artýandygy ony üznüksiz ünjä goýdy.
Zenanyň gözi bilen seredeniňde, bu berlen maslahatyň aňyrsynda «Men seni söýýän, seni alada edýän. Şonuň üçinem saňa gowusyny etmek isläp, şu maslahaty berýän» diýen sözler bardy.
Emma Tom üçin welin, bu asla beýle däldi. Onuň gözi bilen seredeniňde zenanyň beren maslahatlary şeý diýmekdi: «Meniň saňa, asla bil baglasym gelenok. Seniň barmaly ýerimizi tapjagyňa känbir ynanamok. Gör, sen nähili emelsiz ekeniň! Meniň başyma düşen musallat. Bolduň meniň başyma bir…».
Marsdaky ýaşaýyşdan habarsyz Meri görgüli Tom üçin nähili kyn ýagdaýy döredendigini bilmeýärdi. Tom üçin kimdir biriniň maslahatydyr kömegi bolmazdan, öz maksadyna ýetmegi juda möhümdi. Kimdir birinden maslahat ýa kömek soramak onuň üçin masgaraçylykdy. Çünki marslylar soralmadyk ýerinde maslahat bermegi-de, soramadyk ýerinden maslahat berilmegini-de halamaýarlar.
Emma Meri bu zatlary bilenokdy. Tom şol bir ýerde aýlanyp durka, onuň maslahat beresi, azajygam bolsa ýardam edesi geldi. Ol özüniň söýgüsini şol maslahatynyň üsti bilen subut etjek boldy. Emma Meri şol gün şol ýagdaýda maslahat bermedik bolsa, bu Tom üçin örän uly sowgat boljakdy.
Meri şol günden soň marslylar we weneralylar hakynda öwrenip, öz ýalňyşyna magat göz ýetirdi…
Ýyllar geçdi. Meri bilen Tomuň arasynda ýene-de şol öňki waka täzeden gaýtalandy. Tom ýene-de azaşdy. Emma muňa garamazdan, onuň ýoluny ýitirenine anyk göz ýetirenem bolsa, Meri Toma maslahat bermekden saklandy. Näçe içi byjyklasa-da, ol dymmagy başardy. Uludan dem alyp, diýesi gelýän sözlerini ýuwutdy. Tom Meriniň özüne düşünendigine diýseň begendi.
DIŇLEMEGI ÖWRENMEK
Weneralylar içki dünýäsini paýlaşmagy halaýar. Olar öz ýigitlerine hem meselesiniň çözüwini tapmak üçin däl-de, içki duýgularyny paýlaşmak üçin durmuşyndaky kyn ýagdaýlar hakynda gürrüň berýärler. Zenanlar öz söwer ýarlarynyň özleri hakynda bar zatdan habardar bolmagyny isleýändikleri üçin, ýanýoldaşlaryna öz başdangeçirmelerini gürrüň berýärler. Emma erkekler welin zenanlar haýsydyr bir başyndan geçiren kyn meselesini çözüw tapmak üçin gürrüň berýändir öýdýärler. Şeýlelikde, marslylar weneralylary diňlemegiň ýerine, başardygyndan gürrüň berilýän meseläniň çözüwini tapmaga we çözüwi düşündirmäge howlugýarlar. Şeýdibem, olaryň arasynda kiçijik düşünmezlik döreýär…
Bir gün Meri işden öýe örän ýadaw halda dolandy. Şo barşyna günüň dowamynda bolup geçen wakalary ýanýoldaşy Toma gürrüň bermek isläp söze başlady:
— Şu gün gaty ýadadym. Diňe şu gün däl, her gün başagaýlyk. Işden ýaňa özüme seredere wagtym ýok.
Tom Meriniň derdinmesine ol näme etmelidigini bilmeýändir, maslahata mätäçlik çekýändir öýtdi. Şol pikir bilenem şeýle diýdi:
— Bu işi taşla! Seniň bu derejede kösenip işlemegiňe zerurlyk ýok. Özüň üçin näme rahat bolsa şony et. Iş pursady özüňi rahat duýar ýaly edarada işleseň gowy bor.
Bu sözi eşiden Meri ör-gökden geldi:
— Ýok! Men öz işimi halaýan…
— Meri! Esasy zat seniň jan saglygyň. Öz ýetişip bileniňçe işle.
— Men ýetişýän. Men hemme zady başarýanam. Birwagtyň özünde birnäçe ýumşy ýerine ýetirmegiňem meniň üçin, asla kynçylygy ýok. Ýöne şu gün men juda ýadadym. Bu günüň başagaýlyklaryndan ýaňa men daýzama-da jaň edip ýetişmedim.
— Ony dagy alada etmesen-e, Meri! Daýzaň seniň işlidigiňi bilýär-ä.
— Wah, Tom! Sen meniň daýzama näderejede gerekdigimi bir bilsediň!
— Meri, sen ýönekeýje zatlar üçinem gaty kän aladalanýaň. Beýtmek bilen sen hemişe özüň özüňi gamlandyrýaň.
Tomuň bu sözlerinden soň, gaharyndan ýaňa ýarylara gelen Meri şeýle seslendi:
— Men hemişe aladalam däl, gaýgylam. Sen näme üçin hemişe maňa akyl satýaň?! Näme üçin meni diňlemegi başaraňok?!
— Meri, men şu wagt seni diňläp durun-a!
— Hawa, Tom, sen meni diňläp dursuň. Diňleýäňem, azaram berýäň.
…Bu bolup geçen zatlardan soň, Meri gaharyň hem öýke-kinäniň goýnuna gaplandy. Tom welin näme üçin beýle zatlaryň bolanyna akyl ýetirip bilmän kösendi. Ol gelniniň derdinip beýan eden meselesine aňsat çözüw tapsa-da, Meriniň ondan öýke hem gahar etmesiniň sebäbini tapmady. Weneradaky ýaşaýyş ýagdaýyndan bihabar bolansoň, Tom Meriniň meselesine çözüw teklip etmegiň ýerine onuň diňe diňlenmek isleýändigine düşünmedi.
Wagtyň geçmegi bilen Tom weneralylaryň käbir häsiýetlerini içgin öwrendi. Netijede, marslylaryň hökman diňlemegi başarmalydygyna göz ýetirdi.
Günlerde bir gün Meri ýene-de işden öýe gaty ýadaw halynda geldi. Emma bu günki bolup geçen wakalar öňkiden düýpgöter başgaça boldy:
— Şu gün gaty ýadadym. Işiň başagaýlyklary depämden dabanyma ýetdi.
Tom zenanlaryň diňlenmek isleýändiklerini ýadyna saldy-da, uludan demini alyp şeýle diýdi:
— Bu gün işiň öňkülerden has köpräk bolupdyr öýdýän?
Meri:
— Sen sorama! Menden gaty kän zady tama edýärler. Şol bir wagtyň özünde men hemme zada ýetişmelimişim. Bulara düşer ýaly däl. Men-ä indi näme etjegimem bilemok.
Tom:
— Hüm…
Meri:
— Men bu günüň başagaýlyklaryndan ýaňa, hatda daýzama-da jaň etmegi ýadymdan çykarypdyryn.
Tom:
— Aý, ýog-a!
Meri:
— Men oňa juda gerekdigimi bilýän. Şuny bilýärkämem, oňa jaň etmedim. Özümi gaty erbet duýýan.
Tom:
— Gör, sen nähili gowy ynsan! Öz aladaň başyňdan agyp durka-da, başga biri hakynda oýlanýaň. Gel, men seni bagryma basaýyn-la!
Meri başyny Tomuň egnine goýup, gözlerini ýumdy. Tom ony gujaklady. Meri Tomuň berdaşly gollarynyň arasynda bar gaýgy-aladasyny unutdy. Günüň ýadawlygy-da hakyt el bilen aýrylana döndi. Meriniň ýüregi doly derejede rahatlyk duýýany üçin ol ýanýoldaşyna şeýle diýdi:
— Tom, men seniň bilen gürleşmegi, bar başdangeçirmämi saňa gürrüň bermegi şeýlebir gowy görýän. Bagtyýarlygymyňam, rahatlygymyňam ýeke-täk sebäpkäri sen. Meni diňläniň üçin minnetdar. Men şeýlebir rahatlandym…
Şo pursat diňe bir Meri däl, Tom hem özüni şeýlebir rahat duýdy. Sebäbi sözüň hem diňlemegiň güýji bilen, ol söýgüli zenanyň özüni şeýlebir bagtly duýýandygyna göz ýetirdi. Ol diňe diňlemegi öwrenmegiň öýi goh-galmagalsyz saklap bilýändigine haýran galdy. Şol bir wagtyň özünde ol marslylar bilen weneralylaryň arasyndaky ýene bir täsin hem bilinäýmeli tapawudy öwrenendigine juda begendi.
WENERALYLAR MARSLYLARDAN
HAÇAN YNJAP BILER?
Köplenç erkekleriň öz zenanlaryny ynjytmagyna sebäp bolýan zat marslylaryň weneralylaryň duýguçyllygyny ýatdan çykarmagydyr. Zenany ynjydyp biljek, erkekler tarapyndan köp ulanylýan sözleri agzap geçsek has hem düşnükli bolsa gerek?! Siz hem okap görüň! Belki, bu sözleriň, hakykatdan-da, zenanlary ynjydýan sözlerdigi bilen ylalaşarsyňyz:
1. «Bu derejede aladalanmak nämäňe gerekdi?».
2. «Men saňa beýle diýmedim ahyryn!».
3. «Bu seniň pikir edişiň ýaly uly zat däl!».
4. «Bolýar! Meni bagyşla! Boldumy indi?!».
5. «Bolýar, meni bagyşla! Ana, indi biz hemme bolup geçenleri unutmaly».
6. «Sen näme üçin şeýtdiň?! Muny beýtmelidiň!».
7. «Biz gürleşdik ahyry!».
8. «Meniň aýdanlarymy altyna gaplap, öýkeläp ýörmek seniň nämäňe gerek boldy?».
9. «Hawa, onsoň sen näme diýjek bolýaň?!».
10. «Sen maňa üns bereňok diýmek» näme diýmek bolýar? Biz geçen hepde her gün bir ýere gezelenç etmedikmi näme? Onsoň men nädip üns bermeýän bolarmyşym?».
11. «Göwnüňe degsem degipdirin-dä. Bagyşla diýdim-ä. Unudyp goýber».
12. «Bolýa, seni öý işleri lejikdirene meňzeýär. Men şu gün ähli arassaçylyk işlerini etjek. Bu seni bagtly edermi, eýsem?».
13. «Eger şu işde işleýäniň üçin kelläň agyrýan bolsa, onda işden çyk!».
14. «Adamlaryň saňa garşy edýän hereketleri bilen näme işiň bar?! Göwnüňe degenlerini-de ýatdan çykar».
15. «Eger, meniň gylyk-häsiýetlerim göwnüňe ýaramaýan bolsa, biz aýrylyşaýarys. Özüňe görä kişini gözle-de ýör onsoň».
16. «Bar zada düşündiňmi indi?!».
17. «Sen hiç işi oňaraňok!».
18. «Näme üçin henizem meniň eşiklerimi ütüklemänsiň?!».
19. «Uzynly gün öýde oturyp näme iş edýäň?».
20. «Çagaň bilen öýüň işinden başga zat talap edilenok».
Köplenç zenan öz hal-ahwalatyny beýan edýärkä, erkekler diňlemegiň ýerine şu zeýilli awundyryjy sözleri bilen öz söwer ýarynyň ýüregine ýara salýarlar. Gününi öýüň ownuk-uşak işleri bilen başagaýlykda geçirse-de, ýa bolmasa iş ýerinde dawa-jenjeller ýüze çyksa-da, zenan öz başyndan geçirenini ýanýoldaşy bilen paýlaşasy gelýär. Ýanýoldaşynyňam şol hörpden gopup, özüni diňlärini isleýär…
MARSLYLAR WENERALYLARDAN
HAÇAN YNJAP BILER?
Zenanlaryň erkekleriň käbir sözlerinden ynjaýşy ýaly, erkekler hem zenanlaryň käbir sözlerine gaharlanyp biler. Olaryň birnäçesine ýüzlenip geçeliň:
1. «Sen muny näme üçin satyn aldyň. Mundan sende öňem bardy ahyry».
2. «Saçyň biraz ösene meňzeýär. Dellekçä haçan gitjek?».
3. «Maşynlaryň durmaly ýeri bu ýerde däl. Aňryk sür!».
4. «Sen geçen hepde-de üýşmeleňe gitdiň-ä. Bu hepde gitmek nämä gerek?».
5. «Sen hemişe dostlaryň bilen wagt geçirýäň. Men näme?».
6. «Näme üçin taksi sargyt edilen wagtyna gelenok? Sen näme oňa az pul teklip etdiňmi?».
7. «Sen maňa-da, çagalara-da dostlaryňa sarp edýän wagtyňdan juda az wagt sarp edýäň».
8. «Seniň ofisiň içi juda tertipsiz. Bar zat bulaşyk. Sen ony haçan arassalajak? Sen bu ýerde nädip pikirlenip bilýäň?».
9. «Sen ýene-de meniň sargan zadymy öýe getirmänsiň. Sen hemişe meniň sargydymy unudýaň, soňa goýýaň. Dostlaryň bilen meýlis gurmaly bolsa-ha…».
10. «Sen şu çaka çenli nirede bolduň? Iş wagtyň haçan tamamlanýanyny men bilýän-ä».
11. «Bill saňa eýýäm üçünji sapar jaň edýär. Sen näme üçin henizem oňa jogap bereňok. Araňyzda näme bolanyny men näme üçin bilemok?».
12. «Men özüm hakynda bar zady saňa gürrüň berýän. A sen welin, asla beýle däl. Meniňem sen hakda bar zady bilesim gelýär».
13. «Boýunbagyň bu köýnegiňe gelişmändir. Bar, gowusy ony aýraýsan-a».
Bu nädogry ýagdaý. Marslylar soramadyk maslahatynyň berilmegine göwnemeýärler.
ÜÇÜNJI BÖLÜM
GAÝGY-GUSSALARY GOWZATMAK
Erkekler gowagynda gizlenýärler,
zenanlar duýgularyny dile getirýärler
Marslylar bilen weneralylaryň arasyndaky uly tapawutlaryň biri-de, olaryň gaýgy-gussalaryny gowzadyş usullarydyr. Meselem, erkekler durmuşynda ýüze çykan mesele sebäpli gussa gorpuna gaplansalar, bu ýagdaýdan öz güýçleri bilen baş alyp çykmak isleýärler. Düşen kyn ýagdaýyndan çykalga gözleýärler. Ýüz beren mesele üçin dymmaklygy iň gowy çözüw tapmak usuly hasaplaýarlar. Başga kişiniň öz meselelerine çözüw tapmagyny islemeýäni üçinem, olar öz düşen ýagdaýlaryny kimdir birine gürrüň bermekden ýaýdanýarlar.
Zenanlar olaryň tersine. Zenanlar başyna düşen derdi gürrüň berip, ýürek gussasyny gowzadýar. Geliň, ýene-de bir durmuş mysalyna ýüzleneliň:
Tom işden öýe dolandy. Ol işinde bolup geçen wawwaly meseleleri, işdeşleri bilen ýüze çykan käbir düşünişmezlikleri ýatdan çykarmak üçin, otagynda dynç almak, media täzelikleri bilen tanyşmak isledi.
Tomuň aýaly Meri üçin hem bu gün gaty aladaly günleriň biri boldy. Emma ýanýoldaşyndan tapawutlylykda, Meri iş ýerinde ýüze çykan düşünişmezlikleri dile getirip, gaýgy-gussalaryny gowzatmak isledi. Är-aýalyň arasyndaky bu gapma-garşy hereketler bolsa, olaryň arasynda gahar-gazabyňdyr öýke-kinäniň höküm sürmegine sebäp boldy.
Tom öz ýanyndan gelniniň juda kän gürleýändigine gaharlandy, Meri bolsa ýanýoldaşy äsgermezçilik edýändigi üçin diňlemeýändir öýdüp öýkeledi. Ikisiniň arasynda peýda bolan düşünişmezlik diwary-da gün geçdigi saýyn galňamak bilen boldy.
Elbetde, bu ýagdaý diňe bir Tom bilen Meriniň arasynda däl, häzirki wagtda ençeme jübütleriň arasynda ýüz berýän ýagdaý. Bu mesele jübütleriň biri-birine bolan söýgüsi esasynda däl-de, biri-birine düşünip biliş derejesi esasynda çözülýär.
Geliň, bu meseläni çözmek üçin Marsdaky we Weneradaky gaýgy-gussalaryň gowzadylyş usullary bilen ýakyndan tanyş bolalyň. Goý, bu düşündirmäge eden synanyşyklarymyz jübütleriň arasyndaky düşünişmezlik diwarlaryny ýok etmek üçin ilkinji ädim bolsun!
MARSDA WE WENERADA
GAÝGY-GUSSALARYŇ GOWZADYLYŞ USULY
Marslylar nämedir bir zat üçin gama batsalar-da, hiç haçan hiç kime özüni bimaza edýän alada hakynda dil ýarmaýar. Ol-a weneralylaryň ýanynda eken, hatda marslylaryň ýanynda-da ýürek derdini dile getirmeýän erkekler halys çykgynsyz ýagdaýa düşäýmeseler iň ýakyn dostlaryna-da ahwalatyny aýan etmeýärler. Olaryň hyýaly şahsy gowaklary bar. Haýsydyr bir çözülmedik meselesidir aladalary bar mahaly, olar gowagynda gizlenip, tä meseleleriniň çözüwini tapýançalar dymmagy dogry tapýarlar.
____________________
«Marslylar gowaklaryna girip, ýekelikde öz meseleleriniň çözüwini özleri tapanyndan soň rahatlanýarlar».
____________________
Eger marslylar gowagyna gizlenip, dymyşlygyň şowhunyny diňläbem meselesiniň çözüwini tapyp bilmeseler, olar şol meseläni unutmak üçin, haýsydyr bir güýmenje bilen meşgullanýarlar. Şeýdip az wagtlygam bolsa gaýgy-aladasyny ýatdan çykarýan marslylar ruhy taýdan özüni rahatlandyrýarlar. Eger erkekleriň durmuşynda dörän kynçylykly ýagdaý beýan ederden has agyrrak bolsa, onda marslylaryň maşyny juda ýokary tizlik bilen sürmek, belent daglara dyrmaşmak ýaly gaty howply güýmenjeler bilen meşgullanmaklary-da adaty bir ýagdaý.
Weneralylar degna dartgynlylygyna duşsalar, olar öz düşen dertlerini dile getirmek üçin ynamdar adam gözleýär. Olar hal-ahwalatyny ýüregine ýakyn saýýan adamlaryna gürrüň bermek arkaly, göwünlerini gussadan saplaýarlar. Bu usul weneralylaryň gussalaryny gowzadyş usuly.
____________________
«Weneralylar biri-birileri bilen öz meseleleri hakynda gürrüňleşenlerinde rahatlanýarlar».
____________________
Wenerada öz içki ahwalatyňy beýan etmek, söýgiňi beýan etmek zeýilli bir zat. Zenanlaryň pikirine görä, söýmeýän, halamaýan kişi saňa öz içki ahwalatyny hem beýan etmek islemeýär. Marslylardan tapawutlylykda, zenanlar dertlerini dile getirmekden, asla çekinmeýärler. Olar garşysyndaky ynsany ynamdar hasaplany üçin, derdini beýan edýärler.
GOWAKDA RAHATLYK TAPMAK
Erkekler haýsydyr bir möhüm meseläni çözmek üçin öz hyýaly gowaklarynda gizlenseler, wagtlaýynça bar zady, tutuş dünýäni diýen ýaly ýatdan çykarýarlar. Şol durmuşynda ýüz beren meselesini çözýänçäler, olaryň hatda has möhüm jogapkärçilikleri-de hakydasyndan sumat bolýar. Şeýle ýagdaýlarda marslylar öz ýürekdeşlerindenem, ýakynlaryndanam biraz wagtlyk daşlaşyp, garyndaşlyk gatnaşyklaryna hem örän jogapkärçiliksiz çemeleşýärler. Şu zeýilli ahwalatly marslylar beýnisiniň 95 göterimini meselesini çözmeklige, galan 5 göterimini bolsa şol pursat oňa sowal berýän zenanyna sarp edýär. Çünki marslylar meselelerini çözýän mahaly olaryň hiç zat, hatda hiç kim ünsüni bölüp bilmeýär. Sebäbi olarda ýekeje ynanç bar — olam meseläniň çözüwiniň hökman tapyljakdygy. Özem olar öz meselelerine çözüw tapmak üçin diňe özlerine bil baglaýarlar. Özleriniň özlerine bolan ynamyny syndyrmazlyk üçinem, olar hatda öz zenanlaryna-da hiç hili wagtyny sarp etmän, tutuş düýrmegi bilen meselenäniň çözüwini tapmaga girişýärler. Olar bar gujur-gaýratyny durmuş meselesini çözmeklige gönükdirýärler. Şeýde-şeýde, ahyrsoňy, meseläniň çözüwi tapylsa, marslylar öz essine gelip, gowagyndan çykýarlar, durmuşyna ýaňadan dolanýarlar. Ana, onsoň şolardan gowy adam dünýäde ýokdur. Diňe şondan soň marslylar öz zenanlaryna wagt sarp etmäge, olary diňlemäge taýyn bolýarlar.
Eger erkekler durmuşynda ýüz beren meselesine ilkinji synanyşygynda çözüw tapyp bilmese näme?! Bu iň erbedi. Beýle ýagdaýda olar ne-hä gowaga girip bilýärler, ne-de gowakdan çykyp. Olar gowagyň bosagasynda ne eýläk, ne-de beýläk bolup dykylyşyp galýarlar.
Bu ýagdaýda olara az salymlyk gowakdan çykmaga ýardam edip biljek zatlar: media täzelikleri bilen tanyşmak, telewizora tomaşa etmek, maşyn sürmek, maşk etmek, futbol, basketbol oýunlaryny oýnamak ýaly gyzykly güýmenjeler bilen meşgullanmak. Emma bu gyzykly güýmenjeler hem olary meselelerinden hemişelik halas etmeýär. Bir gün, ýarym gün gyzykly güýmenjeler bilen meşgullanan erkekler, ýene-de täzeden gowaga gaýdyp gelýärler. Şeýlelikde, olar täze güýç bilen meseläniň çözüwini tapmaga synanyşýarlar.
ZENANLARYŇ GOWAGA GARAÝŞY
Owal hem belleýşimiz ýaly, şahsy meselelerini çözmek üçin gowagyna gaplanan marslylar, tä meselesi çözgüdine gowuşýança öz zenanlaryna hiç hili wagtyny sarp edip bilmeýär. Bu bolsa zenany juda çykgynsyz ýagdaýa salýar. Sebäbi zenan öz alçak ýanýoldaşynyň birden gussa gaplanmasynyň aňyrsynda näme sebäpleriň bardygyny bilmek isleýär. Zenan iň ýakyn ynsanynyň — ýanýoldaşynyň öz başdangeçirmelerini gürrüň bererine garaşýar. Emma bu endik welin, hiç bir marslynyň tebigatyna gabat gelmeýär. Beýlediginden bihabar zenan bolsa, başyndan geçen wakalaryny gürrüň bermek islemeýän ýanýoldaşynyň bu hereketini äsgermezçiligiň alamaty hasaplaýar. Ýanýoldaşynyň meselesini wagtlaýynça unutmak maksady bilen, başga bir güýmenjeler bilen meşgullanmasy-da zenanyň göwnüni iňkise gidirýär.
Bu zatlaryň baryna sebäp bolýan zat zenanlaryň Marsdaky gussanyň gowzadylyş usulyny bilmeýänligidir.
Erkekler gowaklarynda öz şahsy meseleleri bilen başagaý mahaly ýakynlarynyň hem meseleleriniň döräp biljekdigi hakynda asla pikir etmeýärler.
Şeýle ýagdaýda jübütler biri-birileriniň başga-başga planetalardandygyny ýatlamaly. Ýogsa aşakdaky ýaly käbir meseleler ýüze çykyp biler:
1. Adatça zenanlar ýanýoldaşy öz meselesi bilen başagaý bolup, oňa üns bermese, ol şeýle diýýär:
— Sen meni eşidýäň, ýöne diňläňok!
Köplenç zenanlar bu sözüne şeýleräk jogap alýar:
— Diňläňok diýen bolmaň näme?! Seniň aýdanlaryňy sözme-söz gaýtalabam bilerin men şu wagt.
Aslynda, zenan bu sözi özüni diňletmek üçin däl-de, özüne üns berdirmek üçin aýdýar.
2. Zenan:
— Men seni şu taýda ýok ýaly duýýan — diýse, onuň ýanýoldaşy:
— O nähili men bu taýda ýokmuşym?! Men näme şo derejede göze görünmez ýaly, ownuk zatmy?! — diýip jogap gaýtarýar.
Zenan beý diýmek bilen ýanýoldaşy ýanynda bolsa-da, ony asla diňlemeýändigini ýaňzytmak isleýär. Öz hereketi öz göwnüne dogry duýulýan erkek kişi bolsa, ýanyndaka-da ýanymda däl diýýän zenanyna gaharlanýar.
GÜRLEŞMEK ARKALY RAHATLANMAK
Haçan-da, zenanda degna dartgynlylygy ýüze çyksa, olarda dessine derdini haýsydyr bir ýakyn ynsanyna gürrüň bermek islegi döreýär. Erkeklerden tapawutlylykda zenanlar durmuşynda haýsydyr bir mesele ýüze çyksa, derrew şol meseläni çözmegiň kül-külüne düşmeýärler. Olar birbada özüni rahatlandyrmak üçin, içini dökenlerini kem görenoklar. Çünki derdini gürrüň bermek olaryň gaýgy-gussasyny gowzadýar.
____________________
«Gussalaň gorpuna gaplanan zenan meselesiniň çözüwini tapyp däl-de, meselesini gürrüň berýärkä diňlenilýändigini, özüni düşünilýändigini duýup rahatlanýar».
____________________
Erkek adam haýsydyr bir durmuş meselesine çözüw gözleýän wagty meselesiniň kanagatlandyryjy netijesini görýänçä, başga meseleleri düýpgöter ýadyndan çykarýar. Emma zenanlar haýsydyr bir durmuş meselesine çözüw tapmaga synanyşanlarynda, olaryň beýnisinde diňe bir özüniň däl, eýsem, dost-ýarlarynyň-da durmuş meseleleri ýadyna düşüp, zenany öňküden bäş beter howsalalandyrýar. Netijede, marslylaryň we weneralylaryň meselä çözüw tapyş wagtynyň dowamlylygy biri-biriniňkiden düýpgöter tapawutlanýar. Weneralylar bar ünsüni ýekeje meselä gönükdirip bilmeýäni üçin, uzak wagtlap netijä gelip, karar tapyp bilmän kösenýärler. Olaryň rahatlanyp, karar tapyp bilmegine ýardam etjek ýekeje zat — öz başyna düşen dertleri ýüregine ýakyn ynsana beýan eýlemegi. Zenanlar diňe bir şu günki däl, öňki meseleleri hem gürrüň bermese, göwnüni giňedip ýa rahatlandyryp bilmeýärler.
MARSLYLARYŇ
ZENANLARYŇ DERDINI
DILE GETIRMEGINE GARAÝŞY
Köpümiziň durmuşymyzda şaýat bolşumyz ýaly, erkekler zenanlaryň derdini dile getirmesini halamaýarlar. Çünki zenanlaryň derdinmelerini, durmuş meselelerinden zeýrenmesini erkekler durmuşdan närazylyk hökmünde kabul edýärler. Erkekleriň pikiriçe, zenanlaryň durmuşyndan zeýrenmesi — ýanýoldaşyndan zeýrenmesi. Sebäbi şol durmuşy zenanlara ýanýoldaşlary bagyş edýär. Şeýle pikirleri serinde sämedýän erkekler zenanlaryň gürläp ýeňleýändiginden, diňlenilýändigini duýmak isleýändiginden bihabar.
Kähalatlarda käbir zenanlar hiç kimiň hiç zat edip bilmejek zatlary hakynda-da gereginden has köpräk gaýtalaýarlar. Bu bolsa olaryň ýanýoldaşlaryny lejikdirýän gylyk. Meselem:
• «Men işde gaty kän zat edýän. Meniň munça başagaýlyklarym tölenýän aýlygyma degenok. Bu işden çykmagam islämok. Öýde oturmagam meni ýadadýar».
• «Meniň söýgüli daýzam Luiziň ýyl geçdigisaýyn derdi agyrlaşýar. Derdini dep edip bilmeýän daýzama nebsim agyrýar. Onuň haly örän agyr».
• «Öýümiz giň hem bolsa, o diýen göze gelüwli däl».
• «Eý-waý-eý, ýylyň gurakdygyny! Ýagyş haçan ýagarka?!».
Şu zeýilli sözleri öň kän aýdanam bolsa, ýene-de gaýtalap, zenan içki duýgusyny paýlaşýar. Şular ýaly gürrüňlerini diňleýäniňem baş atyp ýa bir zatlar diýip, özi bilen deň hörpden goparyna garaşýan zenan, munuň ýanýoldaşynyň gaharlanmagyna sebäp boljakdygyndan bihabar.
Mundan başga-da, zenanlar köplenç, ownuk-uşak, gerekl-u-gereksiz, derekl-u-dereksiz başdangeçirmeleriniň baryny lükgeligine ýanýoldaşyna gürrüň beregen. Emma maşgalanyň iň agyr keşigini çekýän erkek adamyň kellesiniň hysyrdyly oý-pikirleri şeýle-de ýeterlik bolansoň, marslylar käte öz zenanlaryna gatyrgananlaryny özleri-de duýman galýar. Şeýle ýagdaýda hökmany bilinmeli zat:
____________________
«Erkekler haýsydyr bir wakanyň iň esasy nokadyny bilmek isleýär.
Zenanlaryň bolsa başdangeçirmesini dolulygyna gürrüň beresi gelýär.
Bu ýagdaýdan baş alyp çykmagyň ýekeje ýoly bar:
Zenanlar iň soňunda aýtjagyny başynda aýdyp, wakanyň iň esasy nokadyny bilmek isleýän ýanýoldaşyny kanagatlandyrmaly.
Erkeklerem iň esasy nokadyny bilenlerinden soň kanagatlanyp, galan ownuk wakalary diňlemäge-de sabyr etmegi başarmaly».
____________________
MARSLYLAR WE WENERALYLAR
NÄDIP RAHATLANDYLAR?
Marslylar-a weneralylary diňlemegi we olary goldamagy öwrendiler. Weneralylar bolsa gowagyna giren marslylara wagtlaýynça azar bermeli däldigini bildiler. Şeýlelikde, olar bir-birlerini sylap ýaşap başladylar. Ikitaraplaýyn sylanyşyk bolsa, olaryň rahat durmuşda ýaşamagynyň özeni boldy.
(Dowamy bar).
Iňlis dilinden terjime eden Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Bilimi dolandyrmak taýýarlygy ugry boýunça magistratura maksatnamasynyň magistranty
