Ýylmanmadyk beýitler
Ýylmanmadyk beýitler
▶ ÝYLMANMADYK BEÝITLER
Kem-kemden daralyp barýar örüler..
Janyňy saklap dur derman-däriler,
Hakydaňa gelýär allanireler —
Ýatlamaga zat bar yza garasaň.
Ýaşamak her näçe bolsa-da gowy.
Garrylyk diýlen zat adama ýagy.
Baş ýaýkaýaň
uzadaňda aýagy
«Şokurt, şokurt» edýän dyza garasaň.
Näçe ýokuş degse-de bu mertebä,
Ejizlemek bolmaz: erkek-erkeg-ä..
Soň bilemok.
Şükür ýöne enteg-ä
Damarlar dartylýar gyza garasaň..
Tebigat biz bilen oýnaýar oýun.
Maňlaýy sypalan ýaş çaga deýin
Ýene-de guwdurap başlaýar göwün
Sowuk gyş sowlansoň ýaza garasaň.
Seýran edip ata-babaň ýurduna,
Çoýunyp otyrkaň ojar oduna,
Ömür!
Ömür!
Ömür düşýär ýadyňa
Küle dönüp barýan köze garasaň.
Wagt hiç zady bir ýerinde durzanok.
Gynanjym bar, nalyşym ýok, nalam ýok.
Ýetmiş ýaşyň ýedi ýylça görnenok
Durmuş atly şahandaza garasaň
* * *
Biribarym, ýanar tomsuň
Gapdalynda gyş beripsiň.
Säherlerde saýramaga
Bilbil atly guş beripsiň.
Üşänleri güneşledip,
Aglanlary gülüşdirip,
Pasly pasla ulaşdyryp
Kä gar, kä ýagyş beripsiň.
Kän sataşdym geze-geze,
Bir adamda iki ýüze.
Doýmaz-dolmaz öýlermize
Halal-haram goş beripsiň.
Geňtaňlyk kän bu dünýäde.
Haýran galýan şeýle zada:
Bu gursaklar garypka-da
Göwünleri hoş beripsiň.
Ýetişemzok ulalmaga,
Adam pakyr mydam çaga.
Öz-özüňi aldamaga
Bir hamhyýal baş beripsiň.
Körär uçgun, gowşar beden,
Tamaň ýokdur-gelmez giden.
Arman, arman, bu owadan
Dünýäň soňun boş beripsiň. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.