Tamdyra nan ýapýan zenan
Tamdyra nan ýapýan zenan

…Asmanda dargady al-ýaşyl tüsse.
Gün reñkli howra öwrüldi ýalyn.
Çep el bilen tutup gyzgyn mañlaýyn,
Tamdyra nan ýapyp başlaýar gelin.
Günsypat, melewşe, tegelek nandan
Dolup barýar gyzan tamdyryñ böwri.
Ýaş gelin suw sepýär sag eli bilen,
Az-kem ýatsyn diýip tamdyryñ howry.
Nan ýapylsa-ýarym işiñ bitdigi
Gelin örboýuna dikeldi indi.
Gün gökden sallanyp düşdi daglara,
Nan ýapylýan wagty ~ gyzar ikindi!
Tegelek sekiz nan lowurdap barha,
Tamdyryñ böwründe gün bolup dogýar.
Çep elini sagrysyna söýgetläp,
Ýaş gelin tamdyra ýene baş egýär.
Tamdyryñ üstüne egilýär göwre.
Ýazylýar, düýrügýär ýaý ýaly gerden.
Berekediñ bagtyñ baş alamaty ~
Gyrmyzy nan çykýar gyzgyn tamdyrdan!
Berdinazar HUDAÝNAZAROW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.