|

Ynsap

Ynsap YNSAP


Üç bolup üç ýerden gižželediler,
Üstünden güldüler, aýpladylar.
Diýmesiz zatlary diýip çykdylar,
Ýekeje ýyl söz aýtmadylar.

Ol bolsa bilişi ýaly, meselem ~
Özüniñ erkeg-u aýaldygyny,
Bilýärdi öz ynsabynyñ öñünde
Akdygyny hem-de halaldygyny.

Ol adam başga bir adamy däl-de,
Özüniñ ynsabyn edinip Tañry,
Şol Tañra-da boýun synyp, gol berip,
Geçmändi ynsabyñ çäginden añry.

«Seni görip» diýdiler, ol adam bolsa
Çep gursagyn tutup sag eli bilen,
Kasam içip ynsabynyñ adyndan
Diýdi «men beýle däl, diýýäñiz ýalan!»

Ýöne bu kasama ynanmadylar,
Bu kasamy almadylar hasaba.
Onsoñ assa-assa ol bendäñ özem
Sala salmasyny goýdy ynsaba.

Ynsap welin tutup keçjallygyna,
Ýüregine sanjyldy durdy çiş bolup,
Yzyndan galmady kölgesi ýaly,
Ýatyrka ýanyna bardy düýş bolup.

Ol ýaka tutuşdy ynsaby bilen,
Ýeñsesinden itdi, dalaplar çykdy.
Ynsap bolaa tutdy hötjetligine
Ejizledi bende ~ aglaplar çykdy.

Ýoldaşlary ýene geçip daşyna
Diýdiler «şu kagyz şar gara gerek?»
«Gara diýäý!» diýip ýalbardy hyýal,
«Ýok, diýmersiñ!» diýip seslendi ýürek.

Onuñ öz gözüniñ bardygy üçin
Ýene ýekirdiler, ýekelediler.
Diläp bilmeseler, üýrüp galdylar,
Çeýnäp bilmeseler, çekelediler.

Käte «bolýar» diýip, käte «ýok!» diýip,
Käte utandyryp, derledip, gyssap,
Etjegin etdirmän, gününe goýman,
Oña azap baryn görkezdi ynsap.

Onuñ bilen gepleşmäni goýdular,
Alynmady onun beren salamy.
— Ýeri, indi nädip ýaşamaly men? ~
Diýip öz-özüne saldy salany.

Onuñ gulagyna goýup agzyny
Pyşyrdady kimdir biri şol wagt.
«Salamy aljagam kändir alnyñda,
Öñküje ýoluñdan ýöräber, ýigit!

Pesler hiç özünden beýgi halamaz
Bu bir indi görülmeli zat däldir.
Ýoldaşyñ duşmandyr. Ýöne, şükür et ~
Üç adamjyk entek adamzat däldir».

Ýene diýdi: «Doglanyñda saña-da
«Ynsaplysy bolsun!» diýendir il-gün.
Olam berlen bolsa, näme kemiñ bar,
Beýdip alnan zady ýüzüñe sylgyn.

Ýoldaşyñda ýokka sendäki bar zat
Gün görmegiñ güzap bolmagam mümkin.
Ýöne il-gün saña ynsap diländir
Megerem, gerek zat bolany üçin.

Pyşyrdy bir eýýäm ýatanam bolsa,
Ol adam diñşirgäp durdy kän wagt.
Soñ başyny belent tutup birdenkä,
Gadam urdy: «Çyn gep! ~ Ýöräber,
ýigit!»

* * *

Boljak bolýas özümizden asylly,
Boljak bolýas özümizden goçagrak.
Boljak bolýas özümizden owadan
Boljak bolýas özümizden alçagrak.

Boljak bolýas özümizden pähimdar,
Boljak bolýas özümizden akylly.
Boljak bolýas özümizden merdana
Boljak bolýas özümizden ýakymly.

Boljak bolýas özümizden arassa,
Boljak bolýas özümizden sypaýy.
Boljak bolýas özümizden mylaýym,
Bigänekäk boljak bolýas wepaly.
Oñşukly görünjek bolýas oñuşman,
Özüñe meñzemek kyn zat oguşýan.

Şeýle borly gadym eýýämden bäri
Äl bu edähediñ berkdigini!
Pes beýik görünjek bolýar özünden
Beýik güjeñlänok beýikligini.
Gaýtam özün gizlemäge çalyşýar,
Özüñe meñzemek kyn zat oguşýan.

* * *
Gerşini gar basan daga garamda
Sermest bolup geljek ýazy duýýaryn.
Gyraw baglan şahalara seredip,
Olary pyntyklan ýaly duýýaryn.

Daşarda bökjekläp ýören gyzjagaz
Buýsançly bir melek bolup görünýär.
Ýabyñ gyrasynda sanjylan nahal
Owadan ak derek bolup görünýär.

Ýoldan geçip barýar çala bir serhoş,
Men bolsa içgiden tutýaryn berhiz.
Ýöne başga kişiñ betbagtlygyndan
Lezzet alan wagtym bolmandy hergiz.

Aklyna aýlanar serhoş pyýada,
Düşüner bu işiñ telekdigine.
Ynanýan ~ adamy düzetmek üçin
Oña ynanmagyñ gerekdigine.

Kyrkçillede ýakynlaşýan ýaly duý,
Tüp yssyda alnyñdaky güýze bak.
…Umyt seni elli ýaşa ýetirdi,
Berdinazar! Indi käte yza bak!

Gara saçlaryny sypan gyzlary
Göz öñüne getir ýekänme-ýekän.
Şol bagtly çaglary başdan geçiren
Adam asla berin garraýarmykan?

Garrylygy ýada salmañ nämedir
Kalbyñ bahar bilen ümleşip durkan?
On sekiz ýaşdaky garagollygy
Şinden ogrygynça gaýtalap ýörkäñ?!

Surat: Pablo Pikasso / «Ýadaw serhoş aýal», 1902 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи