|

Ýyldan ogrynça

Ýyldan ogrynça ÝYLDAN OGRYNÇA

Ýyldan ogrynça

Gülüm duşuşmaga söz berdi maňa,
Duýdurman gel diýdi. Geldim ogrynça.
Çalaja tolgunyp, garaşdym oňa
Bilbile duýdurman, gülden ogrynça.

Dolan aý ýalbyrap, asmana galdy,
Kümüş şöhlesini her ýana salddy,
Gülüm gyzyl geýnip, gujagma doldy,
Sypadym zülpüni ýelden ogrynça.

Çal bulutlar pytrap, syryldy perde,
Bahar ýeli oýun gurdy bir ýerde,
Menem gül içinde – çolaja ýerde,
Öpdüm söýgülimi ilden ogrynça.

Bagt bilen balkyldap ýarymyň gözi,
Bagyň güli ýaly görk berdi ýüzi,
…Ýok, garradyp bilmez ýyllar hem bizi,
Ýaşaýas ýar bilen ýyldan ogrynça.

Halyl KULYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи