Ulugyz
Ulugyz

(Gazak şahyry Kadyr Myrzalyýewden)
Ýaşlyk ölse, yzgarly
Ýalňyzlykdan ölýändir.
Ýaşy ýeten gyzlaryň
Ýar bolasy gelýändir.
Ýaşlyk çagyň – ýel güni
Şuwlaýan bir gök tokaý.
Ýara ýetseň ol güni
Perzent ýoluna bakar!
Eger ýörülse diri,
Arzuw-arzuwa ýazar.
Bu arzuwlaň hiç biri,
Hasyl bolman dur häzir.
Açma, garaş – idäne.
Duş gelene ýüregňi
Ýaş çaýmawer didäňe.
Oň üçin nur deregne,
Ynha, seniňem bagtyň,
Ýigit bolup ýylgyrar.
Onsoň hoş geçer wagtyň,
Depäň ýeter ýyldyza!
Ýöne, ähli jübütleň,
Däldir ömri gül ýaly.
Aglap ýör kän ýigitler,
Kä gyz gülse gün ýaly!
Söze uýmany başar,
Bolar maňza damany.
Adam hatarna goşar,
Ýagşy gyzlar ýamany.
Ýanýoldaş däl böwrüne
Sanjy alar kä ýigitler.
Ýerganata öwrüler,
Şeýdip algyr bürgütler!
Ýigitlerde bir ýetmez –
Gyz synlarlar gyradan.
Akylyna seretmez,
Alkymyna sereder!
Bilseň ähli jübütleň,
Däldir ömri gül ýaly.
Kim aglaýar bulut deý,
Kimse gülse gün ýaly.
Kim bilýär bu durmuşda,
Näme düşerin bijä?!
Owadan totyguşlar
Dönüp gitdi kel jüýjä.
Ýeter-ýetmez aýlyga
Bagtly bagtyn baglap ýör.
Äre barman
Baýlyga
Baran gyzlar aglap ýör.
Gözellerde bir ýetmez –
Ýigit saýlar gyradan.
Akylyna seretmez
Altynyna sereder!
Başyň bogup, hasratdan
Doldurýançaň gursagyn
Aladaň ýok hiç zatdan,
Oňad-a şu pursadyň!
Goý, oň üçin ýaglygyň
Öl bolmasyn, çowy gyz.
Uýat bolar, aglama,
Ýarsyz galmaz gowy gyz!
Halyl KULYÝEW Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.