Ýürekler köşeşip…
Ýürekler köşeşip…
Ýürekler köşeşip, goýalşar aklyň,
Saýgarar gidersiň agy-garany.
Kim bolsaňam ile jar bolar aslyň,
Oglanlyk gol bulap açar arany.
Säwlikleriň üçin,
Hatalaň üçin
Hem köýen arzuwlaň hakynda oýlap,
Bir minutlyk ýalňyş eden bolsaň düýn,
Bu gün ökünersiň hepdeläp, aýlap…
Sypynyp günleriň hysyrdysyndan,
Obaňa ylgarsyň, sorarsyň ahwal.
Henizem çagalyk daş däldir senden,
Ýagdyrarsyň sowal üstüne sowal.
— Sag-salamat gezip ýörmüsiň, eje,
Bu nä sus görünýäň,
Ýüzleriň asyk,
Öňler eýläk-beýläk çykaýmaň bardy,
Näme beýle köp oturýaň goş basyp?
Hysyrdap ýörmäň bardy baryndan,
Hany meň şu ýylky gawun, kak paýym?
Şähere gideli,
Garran çagyňda
Başymyza jyga edip saklaýyn.
Öňki görşüň ýaly gatbar-gat jaý däl,
Täze howlymyz bar salkyn saýaly.
Agtyklaryň bilen ýumşak maşynda
Gezim edersiň,
Günümiz bar şa ýaly,
Agtyklaň getirer nahar-çaýyňy.
Olar sargyt edip galdylar kän-kän,
Hemme zatdan goýupdyrlar paýyňy,
Hany maňa jogap ber-dä mähriban…
Emma ejeň ýokdur jogap berere,
Şonda garap görseň çykyp bir çete,
Bu uly dünýäniň ortarasynda
Öz hesretiň bilen duransyň ýeke.
Dostlar kän bolsa-da dadyňa ýetjek
Ýene iň soňunda özüňsiň çekjek.
(1977)
Halyl KULYÝEW Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.