Gelinlik
Gelinlik
Başyndan geçirdiň bir kem otuzy
Ýoldaşlaryň ata boldy bireýýäm.
Sen bolsa şol gyzy – şol ajap gyzy,
Soňsuz söýgi bilen henizem söýýäň
Seniň gelinligiň üýtgeşik bir zat,
Meňzemeýär bu görünýän gyzlara.
Gözellikde ýeke özi taý gelýär,
Aşyk-magşuklara – selbinýazlara.
Alym bilen alym ýaly gepleşýär,
Alym diýýär kesesinden syn eden.
Şahyr bilen şahyr ýaly gepleşýär,
Şahyr diýýär kesesinden syn eden.
Käte seniň bilen pikir alyşýar,
Atomdan, kosmosdan, medisinadan.
Saňa akyl berýär, saňa öwredýär,
Okuwda, durmuşda, garaz, her işde.
Asyl oňa gyz diýmegem dürüs däl,
Gökden inen perişde-le, perişde…
Ýöne bir azajyk kemter ýeri bar:
Entek şol gelinlik inenok dünýä.
Haçan injegini bilenok hiç kim,
Belki, inen bolsa, ony kim bilýä.
Belki, aramyzda ýaşap ýörendir,
Söýýändir, duýýandyr, göreşýändir ol.
Seniň oňa gezişiň dek garaşyp,
Seniň söz gatarňa garaşýandyr ol.
(1966)
Halyl KULYÝEW Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.