|

Biçäre

Biçäre Biçäre

Gadym eýýam…
Baý soranmyş molladan:
-Men saňa ýüz tutýan, kyblaýy älem.
Hany senem bir sorap gör Alladan:
Mende bir aýal bar,
Ol saňa mälim,
Muny iki edip bolmazmy, tagsyr?
Serpaýyň taýyndyr,
Getirler ertir.

Molla uzyn sakgalyny sypalap,
Sakgaldaşna jogap berýär şo bada:
-Onki süňňe onki aýal almaly,
Şeýle görkezme bar biziň hudada.

Baýyň bolsa ýok ekeni bir eli,
Allanyň emri-dä…
Etjek ne çäre.
On bir aýal bilen neneň ýaşarka,
Bu dünýäde şumbagt eken biçäre.

(1976)

* * *

DEGIŞME

(Edebi parodiýa)

Wysalyňa ýetýänçäm,
Jemalyňdan doýmaryn.
Kino, teatr diýip,
Öz ugruňa goýmaryn.

Bu dünýäde näýbaş sen,
Hem görk, hemem görmekde.
Wysalyňa ýetýänçä,
Aýlanaryn turnikde.

Bahar pasly çykanda,
Kömelekler bolaryn.
Wysalyňa ýetýänçäm,
Kebelekler bolaryn.

Dörederin aýdymny,
Çalaryn men sazynam.
Wysalyňa ýetemsoň,
Görüberýäs yzynam…

* * *

Azaryna däl

Bahar siller bat alsa-da,
Azaryna däl.
Tokaýlary ot alsa-da,
Azaryna däl.
Ýagşy bilen ýamany garyşdyrsaňam,
Azaryna däl.
It uruşdyrsaňam…
Azaryna däl.
Ne-hä bir aglaýar,
Ne-de bir gülýär,
Diňe özi
Ölmese bolýar.

Halyl KULYÝEW Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи