Ýuwaş okeanyñ säheri
Ýuwaş okeanyñ säheri
▶ ÝUWAŞ OKEANYÑ SÄHERI
Depämde ~ suw bilen reñkdeş asman bar,
Aýagmyñ astynda ~ Ýuwaş okean.
Ak teplohod öten agşamdan bäri
Çaýkanýar düýbünde äpet okarañ.
Agzy ak köpükli suwa çümdürip,
Garañkyny kem-kem eretdi säher.
Günçykar tarapda göründi göze
Baýyrlañ gerşine gonan ak şäher.
Güýzüñ gijesini gylla ýarpylap
Ýañy uka giden çagy Moskwa,
Ussuriniñ tagtasynyñ üstünde
Dañ atyp, bu ýerde ýagtyldy howa.
Bu suw ~ ümmülmez bir iş meýdançasy,
Bu ýerde iş güni başlanýar suwda.
Äpet umman öz adyna mynasyp,
Haýbatly hem görer göze asuda.
Emma bize diñe görmegi däl-de,
Eýsem duýmagy-da öwretdi eýýam.
Gyzgyn dünýämiziñ galagoplugyn
Bu suwuñ üstünde has ýiti duýýan.
Sorup durun süzme ýaly säheri.
Hem içimden goşgy edip okaýan:
«Asmanyñ mydama arassa bolsun,
Özüñem ýuwaş bol Ýuwaş okean!»
Nahodka-Wladiwostok,
2.X.1981. Goşgular