Ýönekeý hakykat
Ýönekeý hakykat
▶ ÝÖNEKEÝ HAKYKAT
Bu eýýamda saňa beýik diýmezler
Dagyň depesine çykanyň bilen.
Ynanyň şahyram bolup bolanok
Diňe bir edebi lakamyň bilen.
Görgä goýup ýörmän ýakyn-ýadyňy,
Özüňjik tap öz ýitiren zadyňy,
Il-gün bermez saňa pälwan adyny
Özüňden ejizi ýykanyň bilen.
Dag däl-dä – bolmasa, dag göňresem bar,
Bagşy däl-dä – ýogsam ýetik sesem bar,
Bolasy ýok senden Mahmyt Esembaý,
Guwdurap bihuda bökeniň bilen.
Ullakan däl zady ulaldyp bolmaz,
Aýdan-günden bölüp ýyl edip bolmaz,
Il-günüň göwresin ýyladyp bolmaz
Ýol üstünde tezek ýakanyň bilen.
Daş depäňe gaçar ýokaryp atsaň,
Yzyňa göz aýla, öňe-de gitseň,
Kerwenbaşy bolmaz ahyr her kesden
Boýnuna näçe jaň dakanyň bilen.
Bir agsagyn ile bildirmez süri,
Çopan çaşy bolsa – şol ýaman ýeri,
Şunça yhlas edip dökseňem deri –
Depizde zat bitmez ekeniň bilen. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.