|

Ykbala ýüzlenme

Ykbala ýüzlenme YKBALA ÝÜZLENME

Ykbala ýüzlenme

Ykbal, menem saña birje ýüzlenip,
Şähribossan kimin aýdaýyn arzym.
Göräýmäne arz etmäge sebäp ýok,
Kem zadym ýok ýa-da, ullakan karzym.

Alla şükür, ogul-gyzym ýerinde,
Ýetişip gelýärler, akylly-başly.
Arkamda dag ýaly, atam penakär,
Togap etýän enem, otyr ak saçly.

Ýanýoldaş, maşgala, birkemsiz durmuş,
Maña näme gerek bulardan başga.
Diýýänsiñ ykbalym, başyñy ýaýkap,
Bermäge zadym ýok, dur indi daşda.

Şonda-da, näme üçin ynjalygym ýok,
Dünýä gelenime bergili ýaly.
Käte bolsa, dünýä sygman urunýan,
Aklyndan azaşan akmak, bir däli.

Durmuşyñ däl, ýa-da ýaryñ aşygy,
Men dälisi, bu şygrystan bossanyñ.
Diýýän, el çekeýin, däli kesbimden,
Ykbal berip durka, ýürek islänim.

Emma gaçýan, kowup ýetýär yzymdan,
Ykbal ýa-da, bulam seniñ oýnuñmy.
Beren bagtyñ ýany bilen ýamalyk,
Maña şygry jeza diýip goýduñmy.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи