| |

Kabul eýle

Kabul eýle KABUL EÝLE

Kabul eýle

Kalbymda kök urup, şinesin ýaran,
Aýdaýyn syrlarym diñlesene ýar.
Saña bolan yşkym etse diwana,
Meniñ bu halymy geñleme sen ýar.

Duýañokmy, ýa diýmadyk bolýañmy,
Öz janymdan eziz görüp söýýänim.
Gözlerime bakyp, bagryña basyp,
Aýdaýsañ söýgüñi aýnar diýýämiñ.

Ýok aýnaman, seniñ aýtjak sözlerim,
Ömürboýy garaşýanym ahyry.
Sen aýtmasañ aýtma, barýan ýanyña,
Diñle sen, ugruñda ýanan şahyry.

Emma, syrym açyp, seniñ ýanyñdan,
Gaýda bilmen,yza tarap öwrülip.
Ynan sözlerime, şübhelenme ýar,
Kabul eýle, öz ýanyñda ömürlik.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи