Ýollaryñ bar
Ýollaryñ bar

Diñlesem taryhyñ ýañyn,
Kerwen geçen ýollaryñ bar.
Şu güniñde, geçmişiñde,
Şan-şöhratly illeriñ bar.
Nazar salsam geçmişiñe,
Mert pederleñ ýolun yzlap.
Buýsañçdan doludyr başym,
Gutarma ýok, waspyñ sözläp.
Tirsegine galdy belki,
Türkmen ruhy, jana gelip.
Geçmişiñden ylham alyp,
Joş Watan, heýjana gelip.
Birmahalky ýitip giden,
Ýodalaryñ, kerwen geçen,
Öwürip ýör, ak ýollara,
Arkadagym, hakdan içen.
Arkadagym şu güne hem,
Eýe çykyp geçmişime.
Ynam bilen alyp barýar,
Ak ýollardan, geljegime. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.