Yhlas bilen arasynda ykbalyñ
Yhlas bilen arasynda ykbalyñ
Soñky döwür kän ýüzlenip pelege,
Kän oýlandym ömrüñ parhy barada.
Dogan-dostlarymyñ,
tanyşlarymyñ,
Özüme kesgitlän nyrhy barada.
Bir ýanynda ykbal, bir ýanda yhlas,
Ynha, ömrüñ terezisi galgap dur.
Pelek atly dükançynyñ elinde,
Ykbal rüstem gelip, yhlas aglap dur.
Juwanlykda aglasa-da yhlasym,
Ykbal berdi yhlasyma ençe zat.
Yhlas bilen arasynda ykbalyñ,
Çekeleşip, örñäp gitdim gunçalap.
Gunçalarma söýgi bilen bakamda,
Has artyk düşündim ömrüñ parhyna.
Ýöne welin yhlasymdan çen tutup,
Dostlarymyñ maña kesen nyrhy nä?
Aýdyp bilmen ony anyk, kesgitli,
Meniñ baham bilmen niçik teññedir.
Ykbalyñ atyny yhlas çapmasa,
Belki ömür guýa gaçan iññedir.
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular