Ýetmişiñ bosagasynda ýazylan goşgy
Ýetmişiñ bosagasynda ýazylan goşgy
▶ ÝETMIŞIŇ BOSAGASYNDA ÝAZYLAN GOŞGY
Geljege göz dikip barsa-da adam,
Geçeniň tiz-tizden düşüp dur ýada.
Menzilleri sökdüň paýu-pyýada,
Indi elden beýle-beýle iş gelmez.
Ýaşlyk çagyň meňzese-de ýalana,
Göwnüň gider geljege däl — ozala.
Sataşarsyň ýene müň bir gözele
Ýöne welin başky söýgiň duş gelmez.
Dilgir bolma , bir salymjyk ýaşansyň,
Ak alkymdan, al ýaňakdan ogşansyň…
Bagtyň çüwse, belki, ýüz hem ýaşarsyň,
Ýeser ýeri, şo-ol ýigrimi ýaş gelmez.
Bihudalyk etme: çapma zyýana,
Guwdurap meňzejek bolma juwana.
Arrygyň gynama, mundan buýana,
Akyl gelse geler, ýöne huş gelmez.
Ýürekler suwludy her ýerde ýörsek,
Göwün ganatlydy otursak-tursak.
Däli-porhan bolup kükräpdiň, gursak,
Indi saňa onuň ýaly joş gelmez.
Bu günlere ýeteniňe kaýyl bol,
Müzzerme-de, gaýratly bol, gaýym bol.
Bu — pelekdir, urgulara taýyn bol,
Ikindiň bolupdyr, gaýdyp çäş gelmez.
Häli-häzir gulak barka eşdewer,
Solar gözüň ýagyn iýer keşdeler.
Ahyr bir gün guraýandyr çeşmeler —
Aglajak bolarsyň — gözden ýaş gelmez.
Entek öz ykbalyn özi ýazan ýok,
Uçýan kän-de, Ýerden örkün üzen ýok.
Aý, ýyllardan öňe düşüp ozan ýok,
Katumyt bol: dördüň dolman, bäş gelmez. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.