|

Ýene-de söýgi hakda

Ýene-de söýgi hakda ÝENE-DE SÖÝGI HAKDA

Ýene-de söýgi hakda

Söýgi hakda öňem ýazdym kän gezek,
Ýene ýazjak. Öňkülerim az ýaly.
Bir gyz ýüregime gurupdyr duzak,
Söýüp ýörün… bar pasyllar ýaz ýaly.

Ýöne diýýän gyzym şeýle bir ynjyk,
Käte ýakyp, gowrup barýar köz ýaly.
Uzyn kirpiklerni ýüregme sanjyp,
Käte gahar edýär, käte näz ýaly.

Bir görse-ä içgin äbede-jüýje,
Duşuşýasam, aralarmyz saz ýaly.
Käte bar umydym çykaryp puja,
Ýüzün sowýar, gyz ýüregi buz ýaly.

Aşyk ýigdiň haly neneň diýseler,
Käte çille ýaly, käte ýaz ýaly.
…Ýöne şu ýagdaýda ýüz ýyl goýsalar,
Göwnüme bolmasa, ýene az ýaly…

(1961)

Halyl Kulyýew. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle