| |

Ýazygym ne?

Ýazygym ne? ÝAZYGYM NE?

Salgym deýin gaça-gaça,
Bagt menden tazyganda.
Bagtlylaryñ arasynda,
Günäm näme, ýazygym ne?

Bolmasam-da ýazykly men,
Günälermi gözlediler.
Ýaradanyñ synagynda,
Hoş sözleri dözmediler.

Bagt kimsä gujak açdy,
Öñ garaşyp duran ýaly.
Bagt köprüsin, bagtyñ ýolun,
Käşgä özi guran ýaly.

Emma olar bagtly güni,
Hak peşgeşin duýdylarmy.
Ýaradana togap edip,
«Ýüz müñ şükür»-diýdilermi.

Sabyr bilen kanagatdan,
Gutarmajak azykly men.
Şükür bilen oýanýarkam,
Aýdyñ niçik ýazykly men!?

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle