Ýazgydyñmy?
Ýazgydyñmy?
Agram berip dar gursaga,
Gussalañ gaýnap dursa-da,
Öz syryñy açmazlygyñ,
Görip görseñ gaçmazlygyñ,
Gün-günden çökse-de, gerden,
Ajy sözleñ ejirinden,
Öz-özüñe lukman bolup,
Bejerdiñmi ähli derdiñ?
Bejerip öz kalbyñ derdin,
Döwük ganatyñ seýikläp,
Sarç bedew deý, sarç erkiñi,
Özge däl, özüñ seýisläp,
Göýä, Symrug guşy ýaly,
Gözläp mydam ýagşy päli,
Nurana kalplara gonmak,
Soñra ony gursagyñda,
Ýygşyran gaharyñ bilen,
Döreden mähiriñ bilen,
Çoýmak üçin.
Bu gün ýanyp, erte sönmek,
Öñ ýazylan ýazgydyñmy?
Ýa-da seniñ ömrüñ üçin,
Ýaşap ýören döwrüñ üçin,
Saýlap alan çözgüdiñmi?
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular