Ýazaýyn men, bu ýazanym az bolar
Ýazaýyn men, bu ýazanym az bolar
Pikirleri duýgy bilen gorjalap,
Duýgularmyň pikir berip hersine.
Durmuş derýasynyň düýbün dörjeläp,
Ýüzýän ýaly bolsam-da il tersine.
Ýüregim gürsüldäp»Ýaz!»diýip,urýar,
Diýýär:»Ak kagyza duýgulaň düşe».
Diň salsaň gursagyň seslenip durýar,
Meňzäp,kindiwanja ikatýok guşa.
Aglan wagtym bagrym oýkap topragma,
Üşän wagtym asmanymy ýapyndym.
İne şeýdip agram berip kükregme,
Bar toplanym,iki setir tapyndym.
Az görüp ýazýaryn,ýazýan ýene men,
Ýüreklerde ýakyp umyt şemini.
Goşgulamda timarlaýan ine men,
Bu dünýäniň dogabitdi kemini.
Gyzylgül Annagylyjowa