Ýatlama sahypasy
Ýatlama sahypasy
▶ ÝATLAMA SAHYPASY
 Köpi görüp bu günlere ýeteňde 
 Ýatlamanyň aýratyn bir orny bar. 
 …Gara başda on bäş ýaşyň ýelgini, 
 Aýakda-da Aýazhanyň çarygy bar.
 Saňa synag Allaň beren her güni. 
 Tutjak zat ýok oglanlygyň ornuny. 
 Gapdalyňda Amyderýaň sergini, 
 Töwerekde ýanar tomsuň howry bar.
 Agalar söweşýär içinde oduň, 
 Sen demi dürseýäň astynda tuduň. 
 Arzuw, arzuw — ine iň bir bol zadyň, 
 Onuň bolsa ne erni, ne garny bar.
 Döwür «Haýda!» diýýär dyzyň epdirmän, 
 Söýgi gözün gypýar, ýöne öpdürmän.. 
 Açlyk seni yzarlap ýör sypdyrman 
 Gaçaýsaňam sag elinde dürbi bar.
 Nana derek barmagyňy dişlärsiň, 
 Ýogsam kolhozçysyň — uly işgärsiň. 
 Gije-gündiz öler ýaly işlärsiň 
 Ýöne welin algy ýokda, bergi bar.
 Egniň-ä mätäçdir bitin halada, 
 Kelläň gulakjyna, kisäň manada. 
 Gögele başyňda äpet alada, 
 Maňlaýyňda görülmeli görgi bar.
 Böwet kän bolsa-da barýan ýoluňda 
 Gowulyk bar niýetiňde-päliňde. 
 Bir bazar palçysy diýdi: 
 «alnyňda 
 Bagtyýar kişiniň uzak ömri bar»..
 Gyş geldimi, dolan köne dolagy, 
 Ak gar örter tutly Gyzylaýagy. 
 Şükür, daňylgy däl wagtyň aýagy 
 Aýlanyp dur, 
 bu pelegiň çarhy bar. 		 	  Goşgular
