Ýaşasyn ownamaýanlar !
Ýaşasyn ownamaýanlar !
▶ÝAŞASYN OWNAMAÝANLAR!
Ownaýanlar hakda ýazypdym ozal,
Ýaşasyn hiç haçan ownamaýanlar.
Aýnaýanlar hakda agzapdym ozal,
Ýaşasyn durmuşda aýnamaýanlar.
Gowy boljak bolup bolmaň gözgyny,
Kemsiz tanap goýuň iki ýüzlini.
Kyn bolsa-da goldaň dogry sözlini,
Ýaşawersin ýalan sözlemeýänler.
Antdyr kasam duzdan — çörekden çyksyn,
Ajy gözýaş paýrap garakdan çyksyn.
Diýilýän zat diňe ýürekden çyksyn,
Ýaşasyn göz üçin saýramaýanlar,
Ýigrenmese ilat, geňlemese halk,
Möwjäp barýar iň bir gelşiksiz gylyk.
Para-da bir ozboluşly ogrulyk.
Goý ýaşasyn para emlemeýänler.
Geňlemäň kemmagal karza baranda,
Del kişi salama — parza baranda.
Bir bende diwana arza baranda
Ýaşasyn ýüzini sallamaýanlar.
Günä bilen sogap meňzeşip barýar,
Halal bilen haram deňleşip barýar.
Ýaramaz endikler ornaşyp barýar
Ýaşasyn ýalany oňlamaýanlar. Goşgular