| |

Ýaradanyñ huzurynda

Ýaradanyñ huzurynda Berdinazar HUDAÝNAZAROW

▶ ÝARADANYŇ HUZURYNDA

Kän bolmazdy adyň agzap bilýänler,
Pyşyrdyda ýatlanardyň her daýym.
Indi Sensiz, gürrüňem ýok, gepem ýok,
Diýilýänler çyn bolsun-da,
Hudaýym.

Iki söz aýdylsa biri “Alla jan”,
Üç sözi agzasak, biri “Ylahym”.
Bu sözleriň nireräkden çykýanyn,
Özüň aňjak bolaweri, Allahym.

Nämäni eşitsek, şony gaýtalap,
Toba-tagsyr, Ikatýoga döndik biz.
Bolmaz bizde saldarlamak –
seljermek,
Sebäbi, öz kellämizden dyndyk dyndyk biz.

Galplyk bilen halys öwrenşip
barýan,
Bu ýagdaýa çydasam men çydaýyn,
Bizden hiç bir zady geň-taň görme-de,
Sen bir hüşgär bolaweri, Hudaýym!

Özüň görüp duransyň-la: az däldir –
Alla diýen beýik ada duwlanýan.
Men şolary görsem edil ýenjilýän
Çaga ýaly çabalanýan-towlanýan.

Dillerimiz dem salymda süýjedi,
Ýöne welin dile galmady ynam.
Öte geçýän bolsam müň bir tobam
bar,
Jandurmazlyk edip aýdaýýan menem.

Eý Hudaýym, eý Keremli Biribar,
Adyň bardyr öz atamyň adynda.
“Sen Hudaýa ynanýarmyň” diýişip,
Ony gyssap duranlary ýadymda.

Ine bu gün şol gyssaýan kişiler,
Adyň agzamaga utananoklar.
Ine şeýdip gözlerimiň öňünde,
Taňryly bolup ýör taňrysy ýoklar…

Bu bolýan zatlara uwnup-çydaman,
Hum ýaly çişipdir amanat kelläm.
Men seni gabanýan bihudalardan,
Adyňa döneýin, eý beýik Allam!

* * *

Ýanar çölde surnugan
Ýalňyz bend-ä höwür ber.
Köräp-öçügsäp duran
Ýüreklere howur ber.

Guba düýä — giňişlik,
Daýhana ir-iýmişlik,
Gulagyma dynçlyk,
Bedew ata şöwür ber.

Ýalbarýaryn Suwhana —
Garaşyk et suwsana.
Içi gysan ynsana
Bir dem gümür-ýamyr ber.

Aýlar, ýyllar aýlana,
Gyz eçilsin oglana,
Söýen bilen söýlene
Süýji jepa-jebir ber.

Adam bary elesläp
Barýar nebsini gyssap
Eger bar bolsa — ynsap,
Ýok bolsa-da, sabyr ber.

Berlip goşga-gazala
Entek-entek ýazara,
Bendäň Berdinazara
Ýene az kem ömür ber.

* * *

Hemme zatdan öňürti
Sag-amanja baş gerek.
Kiselere pul gerek,
Agyzlara aş gerek.

Nämeler bar alnyňda…
Gowluk bolsun päliňde.
Ömrüň kötel ýolunda
Wepaly ýoldaş gerek.

Bitin bersin ykbaly,
Hasap etmen mysgaly.
Kelle ýa-ha dos-doly
Ýa bütinleý boş gerek.

Asman arlaýar neçün,
Baglar gülleýär neçün.
Ýazy ýaz etmek üçin
Gyş ýerinde gyş gerek.

Ýaň salyplar ýürege
Şondan çyksyn dabara.
Göwün ganatlanara
Ynam gerek-yş gerek.

Kalbym juda gurak däl.
Maksadym hars urmak däl.
Maňa kän zat gerek däl —
Bagt diýlenje guş gerek. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи