|

Watan saña

Watan saña WATAN SAÑA

Dillerime sena boljak,
Hem arkama pena boljak.

Aglanymda diñdirjegim,
Mañlaý derim siñdirjegim.

Topragym sen, arkadagym,
Saña bagly ýürek bagym.

Dertlerime melhem bolan,
Giñ kalbyma ylham beren.

Iñ eziz zat Watan eken,
Çünki,sende ýatan eken.

Erkinlik diýp, çekip ahy,
Şehit öten atam ruhy.

Bu gün erkin bagtym üçin,
Hem Garaşsyz tagtym üçin.

Gerip saña kükregini,
Gorap gysym topragyñy.

Şehit öten atam saña,
Hem bergidar Watan saña.

Saklap Watan hatyrasyn,
Haklap atam hatyrasyn.

Gorajagma ýokdur güman,
Dursañ bolýar, Watan aman.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи