|

Üýrüşlik

Üýrüşlik Berdinazar HUDAÝNAZAROW

▶ ÜÝRÜŞLIK

Obaň ortasynda giň meýdançada
Men käte görýärin şo-ol tanyş oýny.
Güjük taza bakan düw-düw dyzaýar,
Garsa garpyşmaga ysanok bogny.

Tazy bolsa düşünenok hiç zada,
Ol güjügiň urýan azmyna haýran.
«Men näme ýamanlyk etdimkäm oňa»
Diýýän ýaly diňşirgenip dur haýwan.

Bu ýagdaýa düşünmäni üçin-de
Diňe dymmak bilen berýär gaýtawul.
Bir gün güjük oňa pete-pet gelip
Hyňrandy, diýýän dek: «Ýolumdan sowul!»

Gulaklaryn gerdi pukara tazy,
Sebäbi ýol-a giň, olam kiçijik.
Şonda-da sowulyp ýol berdi oňa
(Tazy üçin däldi bu bir kiçilik)

Tazy-tazy, zat iýýäne meňzeş däl,
Garny gasygyna ýelmeşip durdy.
Güjük bolsa… wepadardy özüne:
Hem-ä ýognaýardy, hemem üýrýärdi.

Onuň bu bolşuny tazy janawer
Tazy göwni bilen görýärdi gaty.
Gözi bilen gepleýärdi: «Jan dogan,
Menem ýat däl, özüňizden ahbeti».

Güjük welin, edip güjükligini,
Dyzaý-dyzaý,
ýene boýnun düýrüp dur.

Bu gün görsem —
degnasyna degilen
Toba, toba…
Aw tazysam…
üýrüp dur. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle