|

Utulýandyr yşkyñ howalasynda…

Utulýandyr yşkyñ howalasynda… UTULÝANDYR YŞKYÑ HOWALASYNDA…

Utulýandyr yşkyñ howalasynda...

Utulýandyr yşkyň howalasynda,
Tekepbirligini mertebe saýan.
Öz nuruny saçyp asman gatynda,
Daň atansoň gider delminen Aýam.

Düşün, çägi bardyr sabyr-takadyň,
Pelek saňa duran ýaly hamana.
Seni ir altyda turzan sagadyň
Soň ýedide gygyrjagy gümana.

Düşünemok nämä garaşýanyňy,
Wagt bize eýgertmeýär, durmaz ol.
Gijigeňsoň gül açan ýaşlygmyzy,
Äkider — gökde galgadyp durnalar.

Hiç bir zady düzetmeýär puşmanyň,
Sakgalam ezmezmiş soňky «neme-de»!
Ýa-da isläp arzuwymyň paşmanyn,
Zyňjakmy bar yhlasymy sebede ?!

Hany sözlesene, ak diý, gara diý,
Jogapsyz soraga kalbym oňmaýar.
Duýgularmy ezýetleriň sarady,
Haýyş, meniň bu derdimi soňla ýar.

Kelam agyz ýagşy sözüň dünýäme
Hem söýgüme ölmez-ýitmez bakylyk.
Näzijek kalbyňa ok deý girmäge,
Ýeterlikdir!
Maňa birje çakylyk. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи