|

Ejeme hat

Ejeme hat EJEME HAT

Didäme siňdirip didäň nuruny,
«Sag aman bar» diýip salaňsoň ýola,
Ak pataňda ýitirmedim ugrumy,
Dilegleriň ýetirendir wysala.

Meň üçin tiz geçer talyp ýyllarym,
Bilýärin, seň üçin ömre barabar.
Diýersiň elmydam: «Neneň günleriň,
Ýat ýerlerde habardarrak bolawer».

Eje, töweregim däl maňa del il,
Ynjydanok howpam abanyp, meni.
Sen gama batmaga edinme delil,
Deň-duş gyzlarymdan gabanyp meni.

Düşünýärin, kalbyň tapanok karar,
Gursagyňda aladalar gör, nije.
Ynan, men öňkümden ulaldym biraz,
Bu ýylam doldurdym ýene bir müçe.

Çagadyryn seniň gözüňde häli,
Gama batma hemme saglyk, salamat.
Ak pataňy alyp, düşülen ýoly,
Men hemişe hasaplaýan keramat.

© Dañatar GALPAKOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи