|

Goja göwni

Goja göwni Dañatar GALPAKOW

Goja göwni

                    «…gowşapdyr gojanyň saly…»
                              Atajan Annaberdi

Adam bolup ýaşap ýöris dünýäde,
Çekip ýöris azabynam, derdinem.
Kaýyl gaýgy-gama, ähli bir zada,
Kerweniň ýüki dek dolýar gerdenem.

Şonda-da pişämiz ýaşamak bilen,
Dünýäniň mährinden doýup bilemzok.
Ömür geçip barýar lagşamak bilen,
Emma welin muňa  ünsem beremzok.

Özümize uly -kiçi diýemzok,
Göwün bolsa bir kiçijek çaga deý.
Ene-ata bolanmyzam duýamzok,
Bolup ýörüs çagamyza aga deý.

Geçip barýaň seýilgähiň deňinden,
Ýüz-gözümiz ýaş ýigit dek gülüp dur.
Juwan gyzlar geçip barýar öňüňden,
Kelläň göçüp söz gatasyň gelip dur.

Utanda  ur onsoň  kelläňi daşa,
Öýdüp ýör ol, şo-ol ýigitlik döwrümiz.
Golaýlanam bolsa gartaşan ýaşa,
Soňky pursatdygyn duýmaz göwnümiz.

Garrylyk ýer aldy iki eginden,
Bu babatda pikir ýokdur seriňde.
Aýrylasyň gelmez aýnaň öňünden,
Depäňde saçyň ýok, darak eliňde.

Eýe bolduk agtyk söýme bagtyna,
Serimizde weli ýaşlyk döwrümiz.
«Ata» -diýip  ýüzlenende agtyga
Gatyrganyp, gaty görýär göwnümiz.

2013 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи