Uçmadym guşlar deýin
Uçmadym guşlar deýin

Ganat ýaýyp asmanda,
Uçmadym guşlar deýin.
Şükür ýeriñ ýüzünde,
Ýitmedim düýşler deýin.
Beýikler gökden garap,
Diýdi:»Wah-wah» halyma.
Pesler diýdi, ejizläp,
«Pelek neneñ zalym-a».
Ne peýda bar asmanda,
Peşmek ýaly gaýmadan.
Şoñ üçinem özümi,
Ýerde ejiz saýmadym.
Peselmän hem eselmän,
Münüp ömür salyma.
Kaýyl bolup Rebbimiñ,
Peşgeş beren halyna.
Ýüzüp ýörin gulaçlap,
Tañryñ beren bagtyny.
Kaýyllyk gurdy meniñ,
Köñlümde şa tagtyny.
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular