|

Туркмен

Туркмен ТУРКМЕН

Печалюсь, историю вспомнив твою:
Как много джигитов погибло в бою!
Но честь не перепугана в отчем краю-
Не мог ты врагам покорить, туркмен.

Стреляли в тебя и травили враги,
Беда , словно коршун , смыкала круги .
Но есть у тебя Гёроглы и Фраги,
Будь вечно свободен, как птица, туркмен.

Себя, отстояв, презирающий страх,
Ты держишь кетмень,  а не саблю руках.
Печали и беды развеяны в прах,
Душа твоя к миру стремится, туркмен.

С тобою сроднились и конь, и дутар,
И гордость – Аллахом ниспосланный дар,
Ты прожил века, но душою – не стар.
Легко твоя песня струится, туркмен.

Тебе благонравье и мудрость даны,
Стремленье и мысли вовеки вольны,
Ты помнишь заветы седой старины-
Для друга нет в сердце границы, туркмен.

Аллаяр ЧУРИЕВ. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи

|

Türkmen

Türkmen TÜRKMEN
Türkmen

Seýle diýen eken bir syýahatçy:
“Türkmenleriň eý gördügi myhmandyr.
…Dört dogan bar bolsa eger bir öýde,
Garamaýak bolmaz – dördüsem handyr”.

Men bu baha bilen ylalaşýaryn.
Han däl türkmeniň hem han göwni
bardyr.
Kel toklydan başga zady bolmadyk
Kişem özün her kesçeräk görýändir.

Myhman barsa şol kişiniň öýüne
Ýalňyz tokly söwüş üçin soýulýar.
Bilemok, şundan soň öý eýesine
Han diýilmän başga name diýilýär?

Bir türkmeniň tarypyny edýärler,
Işleýän ekeni assnsiýada.
Bir menzillik ýola günüň gününe
Obasyndan gatnar eken pyýada.

Ertirki gelşine ikindä çenli
Bil ýazman işläpdir şol daýaw ýükçi.
Iş günün tamamlan mahaly bolsa
Bilýänsiňiz hakyn alýar günlükçi.

Bu kişiniň kimligini tanarsyň,
Gulak goýsaň hekaýatyň yzyna.
Ýaňky ýükçi obasyna gaýdanda
Iki paýtun tutýar eken özüne.

Birinde telpegi, birinde özi,
Goşa paýtun düşýär ine daş köçä.
Şeýdip barýan geň adamy synlamak
Lezzet berer eken uludan kiçä.

El bulaýar haýran galan synçylar,
Atlaram saz edýär boýny düwmeli.
Ýeri, indi şol türkmene Han diýmän,
Aýdyň, eýsem başga name diýmeli.

* * *

Bu ýagty jahana gelen bäbekler,
Aý geçer, ýyl geçer, keşbine geler.
Başyn oňa-muňa ursa-da adam,
Ir-u-giç özüniň kesbine geler.

Bardyr ykbalyňam gyşydyr ýazy,
Az bolguçdyr öz gününden razy.
Bagty gözläp ýörme, o närsäň özi
Bagty çüwen kişiň üstüne geler.

Gündiz edip işlese-de gijesin,
Rysgala baglydyr içjek-iýjegiň,
Jandarlar içinde kämil diýjegiň –
Adam
adamynyň kastyna geler.

Gara garyn doly bolsa ýaman däl,
Baýlyk-bada diýen gepem ýalan däl.
Adam ogly diňe çörek bilen däl,
Ynam-iman bilen rysgyna geler.

Adam namart bolar, naýynsap bolar –
Ahyr öňe düşjek ak ynsap bolar,
Sözünde durmazlyk juda aýp bolar,
Gezek şol gadymy messebe geler.

Hamhyýallyk etme çeninden aşa,
Ýöne arzuwly bol, umytly ýaşa.
Gün güýçliňki bolup durmaz hemişe
Döwürler dolanyp
asgyna geler.

Bäş günlük ömrüňde oýnatma seriň,
Bir ýerde goýmazlar, çalşyrlar orun.
Gohly-galmagally, jepaly ýeriň
Üstünde ýaşanlar astyna geler.

Alaç ýokdur, agyr degse-de näler,
Deňleşer ahyry gedalar, şalar.
Bu ýerde hars uran harsydünýäler
Iň soňy şol ýerde essine geler…

* * *

Bir ýylyň içinde diňe bir ýaz däl.
Jöwza tomus-da bar garly gyş-da bar,
Duýmankaň duş gelýän ahwalat az däl,
Näbiljek ne gowga gara başda bar.

Ýüzüň-gözüň ýylgyryp dur, gülüp dur,
Gujaklasyň, ogşaýasyň gelip dur,
Emma meniň ýürejigim bilip dur –
Bela-beter daşda däl-de, içde bar.

Salgyma çaparmyş çöllerde suwsan,
Bizi heläk edýär, gör, näçe nogsan,
Kellesi pikirden püre-pür ynsan,
Akyl sende,
Ganat welin guşda bar.

Her kimde bir gylyk, her zatda hasap,
Dünýäde hiç bir zat döränok aňsat,
Halyçyň kalbynda gopýar harasat –
Halysynda haýran edýän keşde bar.

Bir ömür bar, oňa on müň zat gerek,
Heňňam agyr, ynsan göwni şat gerek,
Ýüregimde ýanyp duran ot gerek,
Öçügsi şem hatda kalby boşda bar.

* * *

Eý-how bu ýalançyň oýny näteňet,
Geçen ömrüň göýä düýş bolup galdy.
Ataly-eneli bolanlygyňa
Ynanmagyň özem iş bolup galdy.

Bu niçik ahwalat, bu niçik oýun –
Düşünýärsiň, ýöne bolaňok boýun. Goşgular
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи