Türkmen tomsy
Türkmen tomsy
Gazetler gygyrýar: Amerikada
Yssy tas 40 gradusa ýetenmiş.
Nähili geñ waka!
Gurak meýdanlar
Endireşip, salgym atyp ýatanmyş.
Ynanýan — şeýledir
Ýöne men häzir
Başga bir ýagdaýa çekmekçi ünsi:
Kyrky däl-de, alkymlady ellini
Türkmeniñ yssysy, türkmeniñ tomsy.
Dogry, yssy — öz mähriban yssymyz,
Ýöne özünkinem sylanok, arman.
Öwürýär adamlañ enter-pelegin
Gündiz gönendirmän, gije ýatyrman.
Gawunyñ pazyly, tuduñ ýapragy
Göz öñünde gowrulyp dur, çürşüp dur.
Garagumda çägä gömen ýumurtgañ
Dem salymda otsuz-zatsyz bişip dur.
Howa eräp, gyzyl howa öwrülip
Tolkunlaýar ýakynda hem uzakda.
…Gazetlermiz bolsa bu hakda däl-de,
Ýazýar Amerikañ yssysy hakda.
Berdinazar HUDAÝNAZAROW.
«Sowet edebiýaty» žurnaly, 1989. Goşgular