|

Soñlanmajak düýş

Soñlanmajak düýş SOÑLANMAJAK DÜÝŞ

Iñ ýakyn, iñ oñat hemşeri ýaly,
Söýjegimiz tä iñ soñky güne çen.
Gelende garşylap juda göwünjeñ,
Gitse oña garaşýansyñ ýene sen.

Argyn bedenmizi seýisläp ýören,
Süýji uky iñ söýdügmiz pişedir.
Agşam ýatyp, irden saba-säherde,
Oýanmagmyz meger Allañ işidir.

Biz hemişe uka gitýäs her daýym,
Oýanmaklyk üçin ýene salamat.
Emma, baky ukyñ geljegi hakda,
Ýetik dälmi? Bu kiçijik alamat.

Şonda soñlanmajak ajaýyp düýşde,
Galmak isleýänsiñ, ol hemmä aýan.
Ony baky uka gitmezden ozal,
«Pursat» atly guşuñ uçmaka gazan.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle