|

Şol kenara

Şol kenara ŞOL KENARA

Şol kenara

Nämälim gussalar inýär,
Salym kyrky küreklände.
Oýa batýan, sen Hak eýäñ,
Niçik barjak gereklände.

Salym golaýlaýan ýaly,
Şol kenara, bakylyga.
Meñ bolsa barasym gelýär,
Şondan gelen çakylyga.

Günäleriñ ýükün egsip,
Bir arassa iman bilen.
Emma, munda ýaşap ýörün,
Gaflatda deý, güman bilen.

Golaýlaşma, şol kenara.
Salym,ömrüñ derdeseri.
Hak ýolunda gümanlaryñ
Syraýyn men perdesini.

Hak eýämiñ dergähine,
Iman bilen bara bilsem.
Razy salym,şol kenarda,
Ýüzme rahat duruber sen.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle