|

Şol dälmi?!

Şol dälmi?! ŞOL DÄLMI?!

Şol dälmi?!

Bu dünýäñ goýnunda barlygym üçin,
Enem-atam huzurynda baş egdim,
Olañ razylygny gazanmak üçin,
Göwnümde gör, nije düwünçek düwdüm.

"Goşalamak üçin özgäñ bagtyny,
Gyz enäñ törüni boşadar"-diýip.
Pata berip,atardylar ak ýola,
"Indi kyblañ-käbäñ goşadyr"-diýip.

Ýene göwne düwdüm, şol mähremleriñ,
Razylygny gazanmaly ýürekden.
"Gelnim, razy"- diýip, gözün ýumanda,
Diýdim: "Käbäm, wah, entekler gerek sen".

Alla gereklese çäresi bolmaz,
Meñem bir gün ýumulmaly gözlerim.
Şonda razy bolup başym sypasa,
Gözi ýaşly, yzda galan dözmezim.

Ynjalyp giderin dünýäñ goýnundan,
Asyl meniñ ähli ünjim şol dälmi!?
Ýakynlarmyñ razylygy meñ üçin,
Allañ huzuruna barýan ýol dälmi?!

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle