| |

Siññin söýgi

Siññin söýgi SIŇŇIN SÖÝGI

Göze-başa düşmediler hiç-haçan,
Siňňindiler, ýiti gyzyl däldiler.
Ömür boýy bir-birine wepadar
Aşyk bolup, magşuk bolup galdylar.

Arzuwlary hasyl boldy esasan,
Ogullary boldy, gyzlary boldy.
Elbetde olaryň durmuşynda-da
Gyňyr gyşy boldy, ýazlary boldy.

Uzynly gün gepleşmänem oňdular —
Bolgusyz zat üçin sözler azaşdy.
Ýöne boluşlary öýkeläne däl,
Bir-birinden utanýana meňzeşdi.

Soň-soňlaram gyzarardy ýüzleri
Aşa agyr geçen şol güni ýatlap.

…Bir günüň içinde dünýäden ötdi
Ikisem ýetmişden aňyrrak ätläp.

Olaram özümiz ýaly adamdy
Özgelerden ala-böle däldiler.
Täsin ýeri
söýgiň nemedigine
Il içinde mysal bolup galdylar.

* * *

Men bir dana bilen gürrüňdeş boldum.
Dost hakynda boldy başky sowalym.
Dana muňa geňirgenip, özümden
Dostuňyzam barmy? — diýip sorady.

Geňräk görenmi aňyp ýüzümden
Diýdi: eziz myhman, bagyşlaň meni,

Siz maňa geň-taň bir sowal berdiňiz,
Sowala göräräk gaýtardym jogap
Şindi şindem çyn dost tapýan bolsaňyz,
Onda tüýs bagtyňyz çüwene meňzeş.

Ýa şeýledir, ýa-da diýseň mönesiň,
Ikisiniň birden biri bolmaly.
Sebäp çyn dost bu dünýäde adama
Berilýän bar bagtyň ýary bolmaly.

Oturdym bir sellem dodagy dişläp,
Bir haýukdan soňra özüme geldim.
Oňa derek şindem hamhyýallykda
Öz özümi aldap ýörenim bildim.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle