|

Şertler

Şertler Berdinazar HUDAÝNAZAROW

▶ ŞERTLER

Sen maňa düşünmek isleýän bolsaň,
Onda ilki öz-özüňi derňäp gör,
Özüňden özgäni görmän geçme-de,
Il üçinem bir salymjak eňräp gör.

Maňa düşünjegiň çynlakaý bolsa,
Agraldyber egniňdäki ýüküňi.
Käte-käte garşy gidip özüňe,
Özgä uzat öz iýmeli hakyňy.

Almagam-a ýaman närse däl welin,
Bermegiňde lezzeti bar, ynanaý.
Bu dünýäde täsin zatlar bolýandyr,
Bir gezejik bereniňe begenäý.

Sen maňa düşünmek isleýän bolsaň,
Gara-ha gara diý, aga-da ak diý.
Ikisiniň ýerin çalşyr diýseler,
Meniň bir ýüzüm bar ikisi ýok diý.

Ýeňil günde guwdurama, hekgerme,
Agyr günde egin gysma, müzzerme.
Ejize-de, asgyna-da ýüz beräý, —
Bir özüňden ökdelere ýüz berme.

Beýge galdygyňça pes tut päliňi,
Aýlaw-hile nämä gerek — çaga bol.
Duşman duşmandygny gizläp duranok,
Heran-haçan dostsumakdan ägä bol.

Aldamag-a aýp zadam görlenok,
Dönüklik etseler — şony aýp gör.
Özüňi oda ur diýmäýin welin,
Gerek bolar, mahal-mahal köýüp gör.

Hawa, maňa düşünjegiň çyn bolsa,
Ynsabyňy barja zatdan gymmat gör.
Gözel ýerler kändir welin dünýäde,
Göbek ganyň daman ýerin jennet gör.

Şu şertleri berjaý edip biläýseň,
Maňa az-kem düşünmegiň mümkündir.
Görşüň ýaly, juda geň-taň adam men,
Hawa, men tetellä düşünmek kyndyr. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи