|

Sen kime gerek

Sen kime gerek SEN KIME GEREK

Ynsan bolup doguldyñmy, ynsan bol,
Ony başarmasañ, sen kime gerek.
Adam bolmak näme bilýärmisiñiz,
Gursagyñda urmak, ynsaply ýürek.

Agysyny aglamasañ il-güniñ,
Señ üçin aglajak tapylmaz meger.
Kötekleme, taýaklama ejizi,
Taýagyñ bir ujy özüñe deger.

Başyn sypa, ýeñiýoluk ýetimiñ,
Bilmez sen, başyñda ne günler barmyş.
Bu gün başy gökde, dokuzy düzüw,
Ahmal, erte döwüm çörege zarmyş.

Ömrüñi ölçeme ýyllary bilen,
Bimany ömürler gury höwesdir.
Segsen ýyl sergezdan ömür sürenden,
Adam bolup ýarsyn ýaşanyñ besdir.

Peseldip milletiñ zenan-enesin,
Heleý diýip hetjiklänleñ halynyñ.
Käte göz ýetirýäñ, asyl erkek däl,
Hatda, heleýçe-de bolmaýanlygyn.

Adam bolmak bagly däldir synaña,
Aýalmyñ,erkekmiñ parhy nä munda.
Namysyñ, abraýyñ, adyñ bolmasa,
Erkegem ekeniñ nyrhy nä munda.

Töweregiñ pesin gözläp selpeseñ,
Peselersiñ, bahañ gara köpükdir.
Günäler içinde kirlemejek bol,
Ozal hem dünýäniñ kiri ýetikdir.

Başarsañ öz kalbyñ kirin-kimrini,
Soñra töweregñi biraz ýuwjak bol.
Soñky demde gözleriñi ömürlik,
Geçeniñe arman etmän ýumjak bol.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle