|

Sähra bilen söhbet

Sähra bilen söhbet

SÄHRA BILEN SÖHBET

Ýene gujagyña salama geldim,
Öpeýin gülleriñ çöküp dyzyma.
Tanadyñmy sähram jigerbendiñi?
Men yşkyñda saýrap ýören gyzyñ-a.

Özümem ýeke däl, Hudaýa şükür,
Özgeripmi, birmahalky gül keşbim?
Asyl meniñ bütün durkum, barlygym,
Balalarmyñ yşgy hem seniñ yşgyñ.

Men deý, kän garaşýar olar hem ýaza,
Señ mahmal bürenjek pursadyña-da.
Sen ýaly giñligi guýasym gelýär,
Eziz balalarmyñ gursagyna-da.

Guýsam göwünlerne gülleriñ görkün,
Agraslyk hem seniñki deý, parasat.
Owlakly jerene meñzän zürýadyñ,
Belki, gopmaz ýüreginde harasat.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle