Sadalyk
Sadalyk
▶ SADALYK
Meniň sadalygym şundan ybarat:
Her bir diýlen zada ynanyp ýörün.
Bir ministr salanynda ymarat
Özümiňki ýaly begenip ýörün.
Ýüzüme sylýaryn doganynda Aý,
Uzyn dilimde däl, kalbymda Hudaý.
Büdrämde golumdan tutsa bir gedaý
Monça bolup şoňa söýenip ýörün.
Gaýtargy tamam ýok öwenim üçin,
Deňdirin ýat üçin, doganym üçin.
Bir bendäň göwnüne degenim üçin
Sonra ýyllar boýy uýalyp ýörün.
Baý däldigim üçin çekemok arman,
Eý eziz Allajan, adyňa gurban!
«Ýene!», «Ýene!» diýip harsurup ýörmän
Berlenje döwlete guwanyp ýörün.
Başyna goýbermän arzuw-hyýaly,
Belent derejede pes tutup päli,
Geçen asyrlaryň adamy ýaly
Ynsaba, rysgala daýanyp ýörün.
Şeýle ýörelgämden sowlan pilläm ýok,
Kim «kelläň bar» diýýär, kimem «kelläň ýok»
Sagadyň dili dek ziňkillemäm ýok,
Wagtyndajyk ýatyp, oýanyp ýörün.
Menem adam, perişde däl elbetde
Mümkin, günädenem duramok çetde.
Türkmenistan atly täsin döwletde
Şükür, hormatlanyp, aýalyp ýörün.
* * *
Emenip ertire, eýerip Wagta
Ýaşap ýördügiňçe düşünýäň pugta:
Elbetde, adamlaň barysy
bagta
Gözün dikmek üçin ýaradylypdyr.
Näçe geň bolsa-da bu aýan hemmä:
Bagt diýilýän bagly pul bilen teňňä,
Puluň bolsa hörpi ýokary iňňän:
Öňe çykmak üçin ýaradylypdyr.
Ynsanyň häsiýeti, ýaşaýşyň täri
Üýtgänok adamzat döräli bäri.
Bir bende özüne öý dikse,
biri
Şony ýykmak üçin ýaradylypdyr.
Pelek nijeleri gark edip ünjä,
Oňa derek eşret eçilýär ençä.
Kim doýýança ýaşap, kimem ýalança
Birje bakmak üçin ýaradylypdyr.
Möjek eder mydam möjekligini,
Goýun bolsa galar goýunlygyna.
Dünýä
dünýäň çyn däl, oýunlygyna
Ünsi çekmek üçin ýaradylypdyr.
* * *
Adam pakyra deňlik,
Aňa-düşünjä çuňluk,
Ýalan aglana ýumruk,
Çyn aglana çöje ber.
Arzuw-entek ykbal däl,
Ekipjik iý, ekmän däl.
Doka hödür hökman däl,
Aşyň bolsa aja ber.
Ellerime hereket,
Ýüregime kanagat,
Bu Zemine bereket
Asmana-da damja ber.
Sabyr bolmaz söýgide,
Agram bolmaz öwgide.
Garyndaşsyz ýigide
Iň bolmanda baja ber.
At berip ozal atla,
Zadam berilýär zatla.
Baýrak berseň gaýratla
Birin Ogultäje ber.
▶ PORTRET
…Dik depede Asman, aşakda-da Ýer,
Arasynda bir perişde ýüzüp ýör.
Bir görseňem derwüşlere goşulyp
Uç-gyraňsyz beýewanda gezip ýör.
Bolşy geň galdyrýar gören adamy
Pygamerbermi ýa ýönekeý adammy?
Al-asmandan inen ýagşyzadamy —
Meger boljak ahwalaty syzyp ýör.
Deminde «ah», ädiminde hatar bar,
Gör, jahanda näçe bela-beter bar.
Eýsem ony nämäň yşgy göterýär,
Nädip beýle jepalara dözüp ýör.
Gör nämeler perwaz urýar başynda
Kämilligiň nurun gördüm keşbinde
Bir baksaňam söwer ýaryň yşgynda
Däli porhan bolup daglar gazyp ýör.
Bir görseň keramat, bir görseň sada,
Aňk boldum gözüme görünýän zada.
Bir seretsem bu ganatly pyýada
Magtymguly bolup goşgy ýazyp ýör. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.