|

Sadaka

Sadaka Berdinazar HUDAÝNAZAROW

▶ SADAKA

Kim çagakam adym tutup enaýy
Birdem öz egninde göteren bolsa,
Ýa-da üwräp ýatan sallançagymy
Täsin bir erteki otaran bolsa
Alla ýalkasyn!

Dümewlän çaglarym ejem pakyryň
Hoş sözbilen göwnün awlan bendäni,
Eger ejem pakyr süýtsiz galanda
Kim maňa uzadan bolsa emmäni-
Alla ýalkasyn!

Aýagyma tiken çümüp aglamda
Kim başymy sypap diňdiren bolsa,
Kişä kesek atmak günädir diýip
Kim çaga beýnime siňdiren bolsa-
Alla ýalkasyn!

Zalym 37 ýetim goýanda,
Kim meniň halyma gynanan bolsa,
Töhmetiň pidasy kakam pakyry
Kim halas etmäge synanan bolsa-
Alla ýalkasyn!

Bir jady duýgumy oýnap duransoň
Öňünde baş egip, epemde dyzy,
Ak gül ýaly näzik elleri bilen
Şarpyk çalyp, soňam näz eden gyzy
Alla ýalkasyn!

…Ondan bäri diňe Zamana däl-de,
Seretseň, adamam üýtgän ekeni.
Hawa, maýmyn bolup gaşymda oýnap,
Soň ýanyndan ýylan bolup çakany
Alla ýalkasyn!

Sebäbi, ol meniň gözümi açdy.
Men aldanyp adamlary tanadym.
Şeýdip kem-kem bu ýalança düşündim,
Şeýdip kem-kem kämilleşdi senedim.

Gowular gutarsa-dünýä gutarar,
Dirikäler saklaň olaň sarpasyn.
Durmuşyň tagamny gaçyrman gelýän
Ajap adamlary
Alla ýalkasyn!

* * *

Eý-how, bu ýalançyň oýny näteňet,
Geçen ömrüň göýä düýş bolup galdy.
Ataly-eneli bolandygyňa
Ynanmagyň özem iş bolup galdy.

Bu niçik ahwalat, bu niçik oýun-
Düşünýärsiň, ýöne bolaňok boýun
Ýap-ýaňy ýatakda mäleýän goýun
Gör ahyr, gapyda läş bolup galdy.

Akyl ýetir, geçme beýle çig bolup,
Ýaşa, adam, bäş gün keýpi çag bolup.
Edil ýaňja gün gogupdy çog bolup,
Seret oňa, eýýäm çäş bolup galdy.

Şol bir alada bar başynda hemmäň:
Gün-güzeran diýip atýarys hallan.
Sen näneňsi närse,
Sen näme heňňam?
Alty dogan bardy bäş bolup galdy.

Hany maýsa bolup çogýan ýylaklar…
Hany mele suwdan püre-pür kaklar.
Towşanyňka döndi arslan ýürekler,
Ak çägeler gara daş bolup galdy.

Heý, serhetiň-çägiň bolmazmy sabyr,
Rysgal çäkli boldy rysgallar agyr.
Görülen görgüdir çekilen jebir
Bakyň, bagrymyzda baş bolup galdy.

Ötdi bahar paslym, jahyllyk ýetdi,
Ýitdi, gumda goýan yzlarym ýitdi.
Takdyr diýlen närse kejine tutdy,
Perişde peslere duş bolup galdy.

Gün aýlara, aý ýyllara ulaşdy.
Guýular gömüldi, obalar göçdi.
Kerwen-kerwen bolup nesiller geçdi
Düýnki syrlar bu gün paş bolup galdy.

Söýýän men, elbetde durmuşy söýýän.
Arman, görüp durus, garrady eýýam.
Bizem düýn çagadyk, gojaldyk eýýäm,
Diňe ak säherler ýaş bolup galdy.

▶ KESELHANADA EDILEN ÝAZGY

Ejizi göremde elinden çekdim,
Gözýaşlyny görsem durup bilmedim.
Günleriň bir güni özüm ýykyldym,
Ýykyldym-erimden turup bilmedim.

Sebäbini biljek bolup nädeýin —
Bu dünýniň nämesi kän — derdi kän,
— Edýäniň ýagşylyk, Eýsem nämüçin
Alla saňa bu emgegi berdikän?

Gara çyny bilen şeý diýýär biri,
Bar güýjümi jemläp ýylgyrýan çala.
Men mydama lezzet alýan otursam
Ýöntemräk pikirli adamlar bile.

Ertesi gün başujymda oturyp
Bir ýaşuly adam göwünlik berdi: —
— Şeýle, inim — biler bolsaň Biribar
Halan bendesine berýändir derdi.

Her gelen ýeňletjek bolýar ýüküňi,
Men bu ýerde gyşyk gürlän görmedim.
Jepasy kän bu ýalançyň ýüzünde
Ýyly sözden güýçli derman görmedim.

* * *

Dünýä, seni söýýärin men,
Ýaşap ýörün ine-gana.
Ýöne seniň oýnuň deň däl,
Sen bir ýana, men bir ýana.

Hanha iki adam gelýär,
Biri nadan, biri dana.
Dana kişä ýüz bereňok
Nadana-da diýýäň «jana».

Menem muny ýokuş görýän —
Aň düşünjäm diýseň köne.
A sen bolsa öňe gitdiň,
Sen bir ýana, men bir ýana.

Belki, mamla däldirin men,
Ynjykdyryn çenden aşa.
Dogry gepli boljak bolup,
Ýetdim ine ýetmiş ýaşa.

Gara görsem gara diýýän,
Agy görsem ak diýýärin.
Bar zada-ha bar diýýärin,
Ýok zada-da ýok diýýärin.

Sen başyňy ýaýkaýarsyň,
Bu bolşumy alman sana.
Ine şeýdip gidip barýas,
Sen bir ýana, men bir ýana.

Jedelleşsek sen ýeňersiň,
Seň ýanyňda men kimmişim?
Özüm ýeke, ömrüm çäkli,
Amanat bu ýalňyz başym.

Gujagynda ýaşap ýörün,
Ne öýke bar, ne-de kine.
Diňe görüp durşuň ýaly
Sen bir ýana, men bir ýana. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle