|

Rowaýat

Rowaýat Berdinazar HUDAÝNAZAROW

▶ ROWAÝAT

Öň zamanda bir patyşa oňuşman
Baş Wezirin salanmyşyn zyndana.
Ol kişi diňe bir wezirem däl-de,
Bolupdyr ýurdunda iň uly Dana.

Ýöne welin sähel salym geçensoň
Baş Wezir Patyşa gerek bolupdyr.
Adam ýollapdyrlar onuň yzyndan
Emma çakylyk biderek bolupdyr.

Elbetde düşnükli, zyndan behişt däl,
Bolmaýar ol ýerde hezzetdir hözir.
Serediň, şonda-da yzyna gitmän
Zyndanda galypdyr buýsançly Wezir.

Ony nädip dolamaly yzyna?
Şa oýa batypdyr, pikir edipdir.
Şol mahalam çokgasakal kethuda
Göz ýaşardyp «kikir-kikir» edipdir.

Aňka-taňka bolan patyşa garap
Öňünde üç gezek egip başyny,
Diýipdir: «Sowalyň jogabyn tapdym,
Ýöne Siz geňlemäň meniň bolşumy.

Ýanyna dört sany samsyk iberiň,
Goý bir jaýda bolsun olar bileje»..
Hem-de öz-özüne erk edip bilmän
Çokgasakal gülenmişin çalaja.

Ine indi göz öňüne getiriň:
Dört diwar, dört samsyk birem pähimdar.
Dörtler aýak aldygyna gürleýär,
Gepiň ne-hä duzy, ne-de maňzy bar.

Bu ýagdaýa çydamadyk baş wezir
Köşge dolanmaga boýun bolupdyr.

Diýýäler bu wakaň gahrymanlary
Myralydyr Soltansöýün bolupdyr.

▶ ROWAÝAT

Haýwanlar içinde kim bolsa uly
Ýylbaşy bolmaly diýlipdir weli-
Bardygyn bildirip sygyr molapdyr.
Ýöne eýýäm onuň şahyna çykan
Syçan sypanjyrap murtun towlapdyr.

Il içinde gezip ýören gürrüň bu.
Bilemok bu waka haçan bolupdyr.
Ýöne garaz hile bilen, al bilen
Ýylbaşy ýeserje syçan bolupdyr. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи